Sahet
27.12.2019 08:56
GUSSALY KYSSAJYK /Gabriel Garsiýa Markes
Dynç günleri şeýle bir tukatlanýar, şeýle ýadaýar welin, ol, ahyry bir gyz bilen tanyşmagy
göwnüne düwdi. Gazetleň birine bildiriş berdi: “23-ini dolduran ýigit, boýy 1,72, yaşy deň-
duşrak gyz bilen tanyşmak isleýär. Bir ýetmezi dynç günleri nämä güýmenjegini bilenok”.
Üç gün garaşdy. Şol günleň birinde, özem ýekşenbede, köçäň burçunda janyna kast etmek
üçin üç sagat dikil-gazyk bolup durdy. Ýöne hepdäň ikinji güni, oňa hat geldi. Gyz, ýumşak
häsiýetlidigini, dynç güleri agşamlaryna örän ýüreginiň gysýandygy sebäpli, özüniň şeýle
gylykly adam üçin iň gowy ýoldaş bolup biljegini ýazypdyr. Ol, hatyň eýesiniň tüýs gözleýän
gyzydygyna ynandy.
Salymyny bermän oňa jogap ýazdy. Gyzam oň jogabyny boş goýmady. Bu gezek bukja
suratynam salyp goýberdi. Annada – ýekşenbäň nägehan ýaly, ýeterläp gelýän gününde, olar
hut dynç güni kafeleň birinde görüşmegi wadalaşdylar. Ol sagatlap bezenip-beslenip, iň
gowy eşiklerini geýip, şenbe güni satyn alan žurnalynam eline alyp, belleşilen ýere geldi. Ol,
gyzy suratyndan hem gapa nebsewürlik bilen garap oturşyndan tanady.
Oho!
Gyz ýylgyrdy. Elini ýygnap, ýigit ornaşýança, sarkdyrylyp “haw-waa” – diýdi. Ýigit limonad
sargady. Gyz buzgaýmagyny soňuna çenli iýjegini aýtdy. Ofisiýant uzaklaşansoň, ýigit “Köp
garaşdyňmy” – diýip, sorady.
Ýok-la, bäş minut bolandyr. Şondan köp däl.
Ofisiant sargydy getiren wagty, ýigit, biraz günäkär terzde ýylgyrdy. Howlukman limonad
içip oturşyna gyza nazar aýlady. Gyz çalaja ýylgyrdy-da, ýuwaşja ses bilen kikirdedi: “hi-hi-
hi”. Ýigide bu gülkide bir üýtgeşik tilsim bar ýaly duýuldy. Biraz diňşirgenip oturyp: “Men
saňa žurnal getirdim” – diýdi. Gyz ony alyp, waraklap ugrady. Özem, ýigit heýgenegini
güpbe-çalagadan, diwar sagadyna gözi düşüp, “Beý-bä, eýýäm sagat iki bolaýypdyr” – diýip,
uzaga çeken ümsümligi ürküzýänçä, şol geçirişdirip oturyberdi.
Turdukmy? – Gyz razylyk bildirip baş atdy.
Köçäň ugry bilen, uzak wagtlap dymyşyp gidenlerinden soň, gyz sorady:
Seň hemişede dynç günleri ýüregiň gysýamy?
Hawa-hawa…
Gör-ä. Muň gabat geläýşini. Menem şeýle – Ýigidiň ýylgyranyny görüp, gürrüňini dowam
etdi – Bu gün, bolmanda howa gowy – diýip, ýeserje kikirdisini gaýtalady “hi-hi-hi”. – Tiz-ara
dekabr geler –diýibem, sözüni soňlady.
Sagat dördüň ýarynda, sunça wagt aralygynda bi-birege ýigirmi sözden artyk zat gürlemän
tutduryp baryşlaryna, kinoteatryň deňine ýetdiler. Ýigit “girelimi?” – diýdi. Girdiler. Gyz,
ýigit petekleri alýança gürlemän durdy-da: “Sen yzky hatarda oturmagy halaýaňmy?” – diýip
sorady. Ol halaýanyny aýtdy. Ýöne, film gaty içgysgynçdy, ol bolsa, öňki hataryň kürsüsine
dyzyny diredi-de urdy ukyny. Gyz ilki saklanjak bolup jan etdi, soň on-on bäş gezek pallap,
kürsüsinde ykjam ornaşdy-da ymyzgandy.
5
468
Sahet
26.12.2019 09:02
Watanymdan bolsam sürgün,
Dogduk ýerden göçen aglar.
Saýrak dilden galsam bir gün,
Ejem aglar, ejem aglar.
Tende derdiň sürse höküm,
Yzasyny çeken aglar.
Emma saňa çümse tiken,
Ejem aglar, ejem aglar.
Ýeňse sizi ýollaň kyny,
Agyr ýoly geçen aglar.
Ýeňen biri, ýeňlen biri,
Emma ýene ejeň aglar,
Wadasyndan dönse ol gyz,
Gözýaşyny içen aglar.
Oglum ýandy diýip, ogryn
Ejem aglar, ejem aglar.
Meni bir gün ýer ýuwudar,
Ýaşa ezilen seçek aglar.
Kyrkymdan soň ýarym unudar,
Ejem aglar,
Ejem aglar.
Kerim Hallyyew
6
339
Sahet
20.12.2019 09:15
Hekaýat
Gadym zamanda bir ýaşuly çopana Hydyr ata duşupdyr. Çopan yhlasynyň ýerine düşeni üçin begenjinden gözlerine ýaş aýlapdyr, sebäbi ol otuz-kyrk ýyllap bakýan dowarlaryna çybyk çalmandyr, sesini gataldyp sögmändir, gününe gargamandyr.
Hydyr ata:
- Çopan, yhlasyň ýerine gowuşdy, beýik Allatagala seni ezizledi.
Ynha menden näme dileseň, üç dilegiň biter – diýipdir.
Goja çopan näme diýjegini bilmeýär:
- Hydyr atam, men bir çopan adama, bütin ömrüme buýrulanyny etdim. Maňa bu dünýäniň zady gerek däl, ynha ýöne ogullarym bar, aýalym bar, geňeşip göreýin – diýýär.
Çopan öýüne gelip, bolan ahwalaty beýan edýär. Uzyn gije üç ogly, aýaly, gelinleri urýar maslahaty. Her kime bir zat gerek. Ahyry olar:
- Kaka, mal yzynda entäp, çöl-beýewanda ýaşap, mala öwrülip gitdik. Allanyň al, gulum!” diýen güni alaly. Her ogluňa şäheriň ortarasyndan şanyň köşgünden zyýada köşk, her ogluňa bir hum tylla tylla dile. Ejem ikiňiz bolsa, näme dileseňiz, özüňiz diläberiň – diýipdirler.
Ertesi çopan malynyň ýanyna gelýär.
Hydyr ata oňa duşup:
- Çopan, näme dileseň diläber, men taýyn – diýýär.
Çopan:
- Hydyr atam, maňa Allagalanyň şu beren rysgal-döwleti aňryýany bilen bolýar! Meniň etjek dilegim ýok – diýipdir.
- Ogullaryň näme?
- Ogullarym näme dilejek bolsa, han-ha mal, yzyna düşsün! Eger Allatagala olardan razy bolsa, özleri saňa duşarlar, şonda näme dileseler diläbersinler!
Nakyl
Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär.
Kanagata – bereket.
9
638