GUSSALY KYSSAJYK /Gabriel Garsiýa Markes
Dynç günleri şeýle bir tukatlanýar, şeýle ýadaýar welin, ol, ahyry bir gyz bilen tanyşmagy
göwnüne düwdi. Gazetleň birine bildiriş berdi: “23-ini dolduran ýigit, boýy 1,72, yaşy deň-
duşrak gyz bilen tanyşmak isleýär. Bir ýetmezi dynç günleri nämä güýmenjegini bilenok”.
Üç gün garaşdy. Şol günleň birinde, özem ýekşenbede, köçäň burçunda janyna kast etmek
üçin üç sagat dikil-gazyk bolup durdy. Ýöne hepdäň ikinji güni, oňa hat geldi. Gyz, ýumşak
häsiýetlidigini, dynç güleri agşamlaryna örän ýüreginiň gysýandygy sebäpli, özüniň şeýle
gylykly adam üçin iň gowy ýoldaş bolup biljegini ýazypdyr. Ol, hatyň eýesiniň tüýs gözleýän
gyzydygyna ynandy.
Salymyny bermän oňa jogap ýazdy. Gyzam oň jogabyny boş goýmady. Bu gezek bukja
suratynam salyp goýberdi. Annada – ýekşenbäň nägehan ýaly, ýeterläp gelýän gününde, olar
hut dynç güni kafeleň birinde görüşmegi wadalaşdylar. Ol sagatlap bezenip-beslenip, iň
gowy eşiklerini geýip, şenbe güni satyn alan žurnalynam eline alyp, belleşilen ýere geldi. Ol,
gyzy suratyndan hem gapa nebsewürlik bilen garap oturşyndan tanady.
Oho!
Gyz ýylgyrdy. Elini ýygnap, ýigit ornaşýança, sarkdyrylyp “haw-waa” – diýdi. Ýigit limonad
sargady. Gyz buzgaýmagyny soňuna çenli iýjegini aýtdy. Ofisiýant uzaklaşansoň, ýigit “Köp
garaşdyňmy” – diýip, sorady.
Ýok-la, bäş minut bolandyr. Şondan köp däl.
Ofisiant sargydy getiren wagty, ýigit, biraz günäkär terzde ýylgyrdy. Howlukman limonad
içip oturşyna gyza nazar aýlady. Gyz çalaja ýylgyrdy-da, ýuwaşja ses bilen kikirdedi: “hi-hi-
hi”. Ýigide bu gülkide bir üýtgeşik tilsim bar ýaly duýuldy. Biraz diňşirgenip oturyp: “Men
saňa žurnal getirdim” – diýdi. Gyz ony alyp, waraklap ugrady. Özem, ýigit heýgenegini
güpbe-çalagadan, diwar sagadyna gözi düşüp, “Beý-bä, eýýäm sagat iki bolaýypdyr” – diýip,
uzaga çeken ümsümligi ürküzýänçä, şol geçirişdirip oturyberdi.
Turdukmy? – Gyz razylyk bildirip baş atdy.
Köçäň ugry bilen, uzak wagtlap dymyşyp gidenlerinden soň, gyz sorady:
Seň hemişede dynç günleri ýüregiň gysýamy?
Hawa-hawa…
Gör-ä. Muň gabat geläýşini. Menem şeýle – Ýigidiň ýylgyranyny görüp, gürrüňini dowam
etdi – Bu gün, bolmanda howa gowy – diýip, ýeserje kikirdisini gaýtalady “hi-hi-hi”. – Tiz-ara
dekabr geler –diýibem, sözüni soňlady.
Sagat dördüň ýarynda, sunça wagt aralygynda bi-birege ýigirmi sözden artyk zat gürlemän
tutduryp baryşlaryna, kinoteatryň deňine ýetdiler. Ýigit “girelimi?” – diýdi. Girdiler. Gyz,
ýigit petekleri alýança gürlemän durdy-da: “Sen yzky hatarda oturmagy halaýaňmy?” – diýip
sorady. Ol halaýanyny aýtdy. Ýöne, film gaty içgysgynçdy, ol bolsa, öňki hataryň kürsüsine
dyzyny diredi-de urdy ukyny. Gyz ilki saklanjak bolup jan etdi, soň on-on bäş gezek pallap,
kürsüsinde ykjam ornaşdy-da ymyzgandy.