Sahet
20.12.2019 09:15
Hekaýat

    Gadym zamanda bir ýaşuly çopana Hydyr ata duşupdyr. Çopan yhlasynyň ýerine düşeni üçin begenjinden gözlerine ýaş aýlapdyr, sebäbi ol otuz-kyrk ýyllap bakýan dowarlaryna çybyk çalmandyr, sesini gataldyp sögmändir, gününe gargamandyr.
     Hydyr ata:
- Çopan, yhlasyň ýerine gowuşdy, beýik Allatagala seni ezizledi.
  Ynha menden näme dileseň, üç dilegiň biter – diýipdir.
  Goja çopan näme diýjegini bilmeýär:
- Hydyr atam, men bir çopan adama, bütin ömrüme buýrulanyny  etdim. Maňa bu dünýäniň zady gerek däl, ynha ýöne ogullarym bar, aýalym bar, geňeşip göreýin – diýýär.

  Çopan öýüne gelip, bolan ahwalaty beýan edýär. Uzyn gije üç ogly, aýaly, gelinleri urýar maslahaty. Her kime bir zat gerek. Ahyry olar:
- Kaka, mal yzynda entäp, çöl-beýewanda ýaşap, mala öwrülip  gitdik. Allanyň al, gulum!” diýen güni alaly. Her ogluňa şäheriň ortarasyndan şanyň köşgünden zyýada köşk, her ogluňa bir hum tylla tylla dile. Ejem ikiňiz bolsa, näme dileseňiz, özüňiz diläberiň – diýipdirler.
   Ertesi çopan malynyň ýanyna gelýär.
    Hydyr ata oňa duşup:
- Çopan, näme dileseň diläber, men taýyn – diýýär.
  Çopan:
- Hydyr atam, maňa Allagalanyň şu beren rysgal-döwleti aňryýany bilen bolýar! Meniň etjek dilegim ýok – diýipdir.
- Ogullaryň näme?
- Ogullarym näme dilejek bolsa, han-ha mal, yzyna düşsün! Eger Allatagala olardan razy bolsa, özleri saňa duşarlar, şonda näme dileseler diläbersinler!

      Nakyl

Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär.
Kanagata – bereket.
9
638
Shatlyk95
20 Dekabr 2019
????????
M.B.N
20 Dekabr 2019
Gaty gowy ??
Мусульманка
20 Dekabr 2019
HYDYR ATA dusmak nahili bagt ?
Serfar
20 Dekabr 2019
Sol Hydyr atadan sorap gor diysen diymesen asly Marylydyr sol sorap gor hany.????????
babamyrat
20 Dekabr 2019
??????
Myhman Myhman
20 Dekabr 2019
???????

Gaty gowy
Селби
20 Dekabr 2019
???

Her kim basharanok beyle ishleri ???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.