Sahet
26.12.2019 09:02
Watanymdan bolsam sürgün,
Dogduk ýerden göçen aglar.
Saýrak dilden galsam bir gün,
Ejem aglar, ejem aglar.

Tende derdiň sürse höküm,
Yzasyny çeken aglar.
Emma saňa çümse tiken,
Ejem aglar, ejem aglar.

Ýeňse sizi ýollaň kyny,
Agyr ýoly geçen aglar.
Ýeňen biri, ýeňlen biri,
Emma ýene ejeň aglar,

Wadasyndan dönse ol gyz,
Gözýaşyny içen aglar.
Oglum ýandy diýip, ogryn
Ejem aglar, ejem aglar.

Meni bir gün ýer ýuwudar,
Ýaşa ezilen seçek aglar.
Kyrkymdan soň ýarym unudar,
Ejem aglar,
Ejem aglar.

Kerim Hallyyew
6
339
Селби
26 Dekabr 2019
❤❤❤
babamyrat
26 Dekabr 2019
aglasa ejem aglar galany ýalan aglar
Hatyja 04
26 Dekabr 2019
Su gosgyny gaty gowy goryan???❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.