Sada
Sada
13.12.2020 12:59
Sen bilýäňä bu söýgüniň oýnuny İliň agzynda gybat azmy sözlener?! Ýyllar alyp gitse gyzlyk döwrümi Şonda gözlem gözleriňden gizlener!!!
Sada
12.12.2020 14:37
Bagtlylygyňy hiç kim bilmesin. Bilseler badak atjaklar gurşap alar daşyňy, bagtyňa buýsanýanlar däl!
8
193
Sada
Sada
29.11.2020 00:29
Diýmediñä kän garaşdym sözlerňe Syrly bakyp sen söýýäňmi diýýärsiň Çuňdan garap umman ýaly gözlerme Meniň söýgim nirelerden görýärsiň?! Ýogsa aýan etdimmikäm söýgimi Pursat tapsaň maňa seriň
Sada
28.11.2020 18:01
Ykbalyň berenini al, talap edenini ber. Ol barybir senden aljagyny alar.
4
136
Sada
26.11.2020 06:17
Geçen günleriň geçip gidenine dâl, şol günlerde galan aýdylmadyk sözler we bitirilmedik haýyştlar üçin ökünýär ynsan ?
7
163
Sada
19.09.2020 21:20
l loved you and raised you once
l loved you so much this world has expanded
l was furious at my sleeplessness
Now l understand my place of life!
2
209
Sada
12.09.2020 18:14
Bir işi başarmasaňda başararyn diýen umytda bol,çünki umyt seni şol başarnyga iru-giç alyp gider.
8
156
Sada
06.09.2020 22:07
Sözlemek isledim kän pursat deňäp,
Her gezek ýitirdim aýtjak sözlerim.
Ähli pursatlarym men seni diňläp,
İndi azaşypdyryn nirde ýollarym?

Sungatyma salmak üçin syratyň
Kän çyzdym, kän pozdum hem kän garadym
Gara girdap eken salan gözleriň
Çykar meni, hany görkez ýollarym?!

Ýalňyz men has ejiz gelýän dünýäde
Ýitirýän her gezek ýörän yzlarym
Söýgi çaýylypdyr sada ýüregme
Salgy ber, nirede, gitjek ýollarym?!

Salmajakdym seni asla ýüregme,
Ejiz gelýär señ mähriňe gaýratym
Agyr bolýar çökerip dur dyzyma
Çek mähriňi geçeýin men ýollarym!!!

Şol ýitirip tapylmadyk sözlerim
Öňem duýdurmandym, indem aňmarsyň
Elimi uzadyp ýoljak güllerim
Goý, ganatsyn, tapaýyn men ýollarym!!!
4
250
Sada
24.08.2020 09:23
Çagyryldym, bardym seniň toýuňa
Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy
Gutlamaly boldum deň-duşlaň bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi.

Bokurdakda bir uly daş doňup dur
Bir söz diýsem eräp ýaş bolup damar
Emma gutlanymda syr bildirmändim.
Gözlerimden aňdy dostlaryň seniň.

Senem otyrsyň maňa seredip
Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyň
Onsoň sen maňa ýyldyz göz dälde,
Ýyldyrym göz bilen talaň salarsyň.

Ýylgyrdym, geçmişi unudyp biraz
Hem özüm ýitirip tolgundym aşa
Gara gözleriňe göni seredip
Diýdim,
Gelniň bilen bagtly ýaşa!

Dört sözde gutlagmyň baryn jemledim
Bu sözüm goldady töwerek daşym
Ýok, men aglamadym söýgümizi ýatlap
Ýöne seň gözüňde göründi ýaşyň!

11
107
Sada
23.08.2020 10:09
Kimdir biri arkaňdan gepiňi edýän bolsa,
Bilginiň sen ondan bir ädim öňdesiň?
8
305