Sada
24.08.2020 09:23
Çagyryldym, bardym seniň toýuňa
Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy
Gutlamaly boldum deň-duşlaň bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi.

Bokurdakda bir uly daş doňup dur
Bir söz diýsem eräp ýaş bolup damar
Emma gutlanymda syr bildirmändim.
Gözlerimden aňdy dostlaryň seniň.

Senem otyrsyň maňa seredip
Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyň
Onsoň sen maňa ýyldyz göz dälde,
Ýyldyrym göz bilen talaň salarsyň.

Ýylgyrdym, geçmişi unudyp biraz
Hem özüm ýitirip tolgundym aşa
Gara gözleriňe göni seredip
Diýdim,
Gelniň bilen bagtly ýaşa!

Dört sözde gutlagmyň baryn jemledim
Bu sözüm goldady töwerek daşym
Ýok, men aglamadym söýgümizi ýatlap
Ýöne seň gözüňde göründi ýaşyň!

11
107
MaysaJaparowa
2 Sentýabr 2020
Tuweleme ??? hic hili sozum yok men ...sada
Doctor
25 Awgust 2020
Sada salam!!
Sada
24 Awgust 2020
Doctor, salam!

Hemmäňiz Gowymy?
Myhman Myhman
24 Awgust 2020
bu goşgyny bilýän
Selbiniyaz
24 Awgust 2020
Sada,ok????
Sada
24 Awgust 2020
Selbiniyaz, hawa radiodan alypdym.
shirin_04
24 Awgust 2020
Govy gosgy???
guli_
24 Awgust 2020
????
Doctor
24 Awgust 2020
gaty gowy goşgy sada mlds???
Selbiniyaz
24 Awgust 2020
Bir eserden alnan gosgy bolmaly su bir yerde esdipdim. Ya radioda Dine soygi hakynda sonda esitdimmikam. Oza govy gosgy???❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.