Diýmediñä kän garaşdym sözlerňe
Syrly bakyp sen söýýäňmi diýýärsiň
Çuňdan garap umman ýaly gözlerme
Meniň söýgim nirelerden görýärsiň?!
Ýogsa aýan etdimmikäm söýgimi
Pursat tapsaň maňa seriň salýarsyň
Ýok men duýdurmadym saňa duýgymy
Şonuň üçin ýüregimi dilýärsiň
Aýan etmesemde köp zady gizläp
Uzakdan ýüregmiň sesin bilýärsiň
Aýtjak sözlerimi sen ilki sözläp
Meni çykalgasyz gala salýarsyň
Niçe gözlerime ýylgyryp bakyp
Uçgunly kalbymy özüň ýakýarsyň
Duýgy tarlaryma ýuwaşja kakyp
Men gijä galamok sen eglenýärsiň!