Sada
06.09.2020 22:07
Sözlemek isledim kän pursat deňäp,
Her gezek ýitirdim aýtjak sözlerim.
Ähli pursatlarym men seni diňläp,
İndi azaşypdyryn nirde ýollarym?

Sungatyma salmak üçin syratyň
Kän çyzdym, kän pozdum hem kän garadym
Gara girdap eken salan gözleriň
Çykar meni, hany görkez ýollarym?!

Ýalňyz men has ejiz gelýän dünýäde
Ýitirýän her gezek ýörän yzlarym
Söýgi çaýylypdyr sada ýüregme
Salgy ber, nirede, gitjek ýollarym?!

Salmajakdym seni asla ýüregme,
Ejiz gelýär señ mähriňe gaýratym
Agyr bolýar çökerip dur dyzyma
Çek mähriňi geçeýin men ýollarym!!!

Şol ýitirip tapylmadyk sözlerim
Öňem duýdurmandym, indem aňmarsyň
Elimi uzadyp ýoljak güllerim
Goý, ganatsyn, tapaýyn men ýollarym!!!
4
250
barlagcy
29 Noýabr 2020
Sada, berekella dowam et gowy
Sada
29 Noýabr 2020
Barlagcy, asylam Eziziwy köp okaýan halypam saýdym ony
barlagcy
29 Noýabr 2020
Sada, bolya tapdym okayan

Gowy.berekella sen Ezizowy kop oka men pikirimi bir soz bilen aydyarkam bu yerde uc sozin geregi name

Yuregi eyeleyan soz duzumleri we menzetmeler bn gosgyny baylasdyr okyja suyjulik we oz durmusyna yakynlyk duysun eserde
Sada
29 Noýabr 2020
İne meniň goşgym
Myhman Myhman
8 Sentýabr 2020
sok sozam dogry gelipdir?
Doctor
7 Sentýabr 2020
geldim
Selbiniyaz
7 Sentýabr 2020
Doctor,hokman garasyan
Doctor
7 Sentýabr 2020
selbiniyaz hazir 10 minutdan gelyan garassan habarlasarys
Selbiniyaz
7 Sentýabr 2020
Doctor,yok intak cykamok sizna
Doctor
7 Sentýabr 2020
selbiniyaz senem cykyanmy ya galjakmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.