S_guvanjova
S_guvanjova
13.04.2021 18:16
Iki sany dost çölüň içinde syýahat etmäge çykýarlar.Syýahatyň dowamynda dostlar öz arasynda jedelleşip başlaýarlar we biri beýlekisiniň ýaňagyna şarpyk çalýar.Gyzma dostunyň bu hereketi ýüregini
S_guvanjova
12.04.2021 21:27
Akwarium balyklarynyñ idegi
Öý haý­wan­la­ry­na ideg et­mek peý­da­ly iş­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem bu iş adam­da jo­gap­kär­çi­lik duý­gu­sy­ny ter­bi­ýe­le­ýär. Ba­lyk­la­ra ideg et­mek bol­sa bu­la­ryň iň ra­hat­lan­dy­ry­jy­sy bol­sa ge­rek. Dür­li reňk­li owa­dan ba­lyk­la­ryň su­wuň ýü­zün­de saz­la­şyk­ly ýüz­ýän he­re­ket­le­ri­ni syn­la­mak, gör, nä­hi­li ýa­kym­ly. Beý­le­ki öý haý­wan­la­ry ýa­ly ba­lyk­la­ra ideg et­mek hem ün­si we jo­gap­kär­çi­li­gi ta­lap ed­ýär. Bi­ziň üçin ýö­ne­keý bo­lan sä­hel­çe ýal­ňyş­lyk ola­ryň nä­zik be­de­ni­ne howp sa­lyp bil­er. Ba­lyk­la­ra dog­ry ideg et­me­­giň usul­la­ry ba­ra­da bir­nä­çe mag­lu­ma­ty si­ze ýe­tir­ýä­ris:
Ideg et­jek ba­lyk­la­ry­ňy­zy üns­li saý­laň!
Ak­wa­ri­um ba­lyk­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni sa­nap ge­çe­liň: be­ta («Be­ta splen­dens»); ýa­pon ba­ly­gy («Ka­ras­si­us Au­ra­tus») we sa­ry şa­gy­zy («La­bi­doch­ro­mis Kae­ru­lus»).
Soň­ra saý­lap alan ba­ly­gy­ňy­za gö­rä ak­wa­riu­m al­y­ň! Soň­ra bol­sa olar üçin iň amat­ly ota­gy saý­lap al­ma­ly. Ýag­ty­ly­gyň ota­gyň äh­li ýer­i­ne deň ýaý­ra­ma­ly­dy­gy­ny unut­maň!
Iý­mi­tiň muk­da­ry­ny dog­ry ha­sap­laň!
Iý­mi­tiň muk­da­ry ideg ed­ýän ba­lyk­la­ry­ňy­za gö­rä üýt­gäp bil­ýär. Şo­nuň üçin hem haý­sy wagt­da, nä­çe muk­dar­da iý­mit ber­me­li­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ýö­re­diň! Her gün­de be­ril­jek iý­mi­tiň muk­da­ry ba­lyk­la­ryň sag­ly­gy üçin örän äh­mi­ýet­li­dir.
Su­wuň hi­li­ne üns be­riň!
Ak­wa­ri­um­da­ky suwuň hili içil­ýän agyz su­wu­nyň hi­lin­den pes bol­ma­ly däl­dir. Şeý­le hem ak­wa­ri­um­da­ky suw, azyn­dan, hep­de-de bir ge­zek çal­şy­l­ma­ly­dyr.
Bi­ra­hat et­mäň!
Ak­wa­riu­ma bir zat­lar ok­la­mak ýa-da eli­ňi sal­mak ba­lyk­la­ry gor­ku­zyp hem-de bi­ra­hat edip bi­ler. Ola­ryň ra­hat­ly­gy­ny boz­maz­ly­ga çal­şyň!
12
132
S_guvanjova
12.04.2021 21:23

Gündelik iý­mit­le­ni­şe üns ber­mek örän mö­hüm­dir. Sag­dyn we de­ňag­ram­ly iý­mit­len­mek bi­len köp ke­sel­iň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny azal­dyp bi­ler­si­ňiz. Ýü­re­ge we ýü­rek da­mar­la­ry­na peý­da­ly iý­mit­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ziň üçin jem­le­dik.

Sa­rym­sak. Da­mar dy­kyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar, gan ba­sy­şy­ny we gan li­pid­le­ri­ni pe­seld­ýär.
Po­mi­dor. Po­mi­do­ra gy­zyl reň­k ber­ýän li­ko­pen ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar we ho­les­te­ri­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bi­şi­ri­len po­mi­dor has peý­da­ly­dyr.
Ys­ma­nak. Ys­ma­nak gan ba­sy­şy­ny kadaly sak­la­ýar, ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär we ýü­rek myş­sa­sy­nyň yzy­gi­der­li iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Al­ma. Al­ma, esa­san, pek­tin dü­zü­mi bi­len ýa­ra­maz ho­les­te­ri­ni ýok et­mek ar­ka­ly ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar.
Zeý­tun ýa­gy. Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­iň öňü­ni al­ýar we ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär. Zeý­tun ýa­gy­ny gün­de 2-3 na­har çem­çe­sin­den köp ka­bul et­mek­ zy­ýan­ly­dyr.
Ba­lyk. Süý­ji we ýü­rek ke­se­li bo­lan adam­la­ra hep­de­de 2 gün ba­lyk iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ba­lyk ýü­rek ur­gu­sy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Ýö­ne ba­ly­gy go­wur­man, bug­lap iý­mek­ peý­da­ly­dyr!
Zaman Gazeti
11
69
S_guvanjova
S_guvanjova
11.04.2021 21:53
Zyýaratlar kabul bolsun hemmamize okuwlara girmek bagtly bolmak miýesser etsin 🙏🙏
S_guvanjova
11.04.2021 21:48
Kiç kimiň göwnüne degme,sözden agyr zat ýokdur, beden köp ýüki galdyrar ýöne göwün her sözi galdyrmaz
10
103
S_guvanjova
10.04.2021 15:32
Mustafa Ceceli Ekin Uzunlar
Õptüm nefesinden🥰🥰🥰
8
75
S_guvanjova
S_guvanjova
10.04.2021 15:32
“Düýn – ta­ryh, er­tir – ge­le­jek, bu gün – sow­gat” Bu jüm­le bi­ze ber­len gymmatly sow­gat­dan peý­da­lan­ma­ly­dy­gy­ny ýat­lad­ýar. Eý­sem, wagt ba­ra­da nä­me­leri bil­ýä­ris?! Ge­liň, bu
S_guvanjova
S_guvanjova
09.04.2021 12:38
Ýarym diýip, ýola çyksam, Ýollar — ärsarynyň gyzy; Jeren gözläp, çöle çyksam, Çöller — ärsarynyň gyzy. Çölüstanda bardyr baýlar, Zyndan boldy maňa jaýlar, Ötüp barýar ýyllar, aýlar, Günler —
S_guvanjova
09.04.2021 01:21
Dokuz aý ýatmyşam enem garnynda,
Göz açyp, dünýäge düşen günlerim;
Dört aýakda gezdim enem elinde,
Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.

Birimde bilmedim ýagşy-ýamany,
Ikimde tanydym ata-enäni,
Üç ýaşymda taňry berdi zybany,
Dört ýaşymda daş atyşan günlerim.

Bäşimi ötürdim bahar-ýaz bilen,
Alty ýaşda kowalaşdym saz bilen,
Ýedi ýaşda işim bolmaz gyz bilen,
Sekizimde dişim düşen günlerim.

Dokuzymda berdim taňry salamy,
Onumda boýnumda hakyň kelamy,
On birimde tutdum döwet-galamy,
Okyp-okyp magny saçan günlerim.

On ikimden gitdim on üç ýaşyma,
On tördümde eser urdy başyma,
On bäşimde gyzlar girdi düýşüme,
On altymda gaýnap joşan günlerim.

Ýigrimimde mestan-mestan gezerdim,
Ýigrim bäşde ganym okun düzerdim,
Otuzymda atlar münüp gezerdim,
Otuz bäşde ters söweşen günlerim.

Kyrkymda goýulyp, käsäm dolmuşam,
Ellimde elime tesbyh almyşam,
Altmyşymda pire mürit bolmuşam,
Pygamber ýaşyny ýaşan günlerim.

Ýetmişimde agyry indi dyzyma,
Segsenimde gubar indi gözüme,
Togsanymda huş galmady özüme,
Akyl-huşdan jyda düşen günlerim.

Ýüz ýaşa ýetirmän, alarlar janyň,
Uzadyp goýarlar, biçerler donuň,
Magtymguly, hemra bolsun imanyň,
Jan jesetden aýra düşen günlerim.
Magtymguly
9
61
S_guvanjova
S_guvanjova
08.04.2021 14:01
Menin bu postum esasan Myhmanlar ucin nãdip registrasiya etmelisini ovretmekci We agza boluñ! Ilki bilen hasap acmak ucin,baš sahypada gyzyl harplar bn "Iceri gir"yazgyny basyñ.Soñra yzly