Akwarium balyklarynyñ idegi
Öý haýwanlaryna ideg etmek peýdaly işleriň biri hasaplanýar. Şeýle hem bu iş adamda jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär. Balyklara ideg etmek bolsa bularyň iň rahatlandyryjysy bolsa gerek. Dürli reňkli owadan balyklaryň suwuň ýüzünde sazlaşykly ýüzýän hereketlerini synlamak, gör, nähili ýakymly. Beýleki öý haýwanlary ýaly balyklara ideg etmek hem ünsi we jogapkärçiligi talap edýär. Biziň üçin ýönekeý bolan sähelçe ýalňyşlyk olaryň näzik bedenine howp salyp biler. Balyklara dogry ideg etmegiň usullary barada birnäçe maglumaty size ýetirýäris:
Ideg etjek balyklaryňyzy ünsli saýlaň!
Akwarium balyklarynyň birnäçesini sanap geçeliň: beta («Beta splendens»); ýapon balygy («Karassius Auratus») we sary şagyzy («Labidochromis Kaerulus»).
Soňra saýlap alan balygyňyza görä akwarium alyň! Soňra bolsa olar üçin iň amatly otagy saýlap almaly. Ýagtylygyň otagyň ähli ýerine deň ýaýramalydygyny unutmaň!
Iýmitiň mukdaryny dogry hasaplaň!
Iýmitiň mukdary ideg edýän balyklaryňyza görä üýtgäp bilýär. Şonuň üçin hem haýsy wagtda, näçe mukdarda iýmit bermelidigi barada hasabat ýörediň! Her günde beriljek iýmitiň mukdary balyklaryň saglygy üçin örän ähmiýetlidir.
Suwuň hiline üns beriň!
Akwariumdaky suwuň hili içilýän agyz suwunyň hilinden pes bolmaly däldir. Şeýle hem akwariumdaky suw, azyndan, hepde-de bir gezek çalşylmalydyr.
Birahat etmäň!
Akwariuma bir zatlar oklamak ýa-da eliňi salmak balyklary gorkuzyp hem-de birahat edip biler. Olaryň rahatlygyny bozmazlyga çalşyň!