S_guvanjova
12.04.2021 21:23

Gündelik iý­mit­le­ni­şe üns ber­mek örän mö­hüm­dir. Sag­dyn we de­ňag­ram­ly iý­mit­len­mek bi­len köp ke­sel­iň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny azal­dyp bi­ler­si­ňiz. Ýü­re­ge we ýü­rek da­mar­la­ry­na peý­da­ly iý­mit­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ziň üçin jem­le­dik.

Sa­rym­sak. Da­mar dy­kyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar, gan ba­sy­şy­ny we gan li­pid­le­ri­ni pe­seld­ýär.
Po­mi­dor. Po­mi­do­ra gy­zyl reň­k ber­ýän li­ko­pen ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar we ho­les­te­ri­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bi­şi­ri­len po­mi­dor has peý­da­ly­dyr.
Ys­ma­nak. Ys­ma­nak gan ba­sy­şy­ny kadaly sak­la­ýar, ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär we ýü­rek myş­sa­sy­nyň yzy­gi­der­li iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Al­ma. Al­ma, esa­san, pek­tin dü­zü­mi bi­len ýa­ra­maz ho­les­te­ri­ni ýok et­mek ar­ka­ly ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar.
Zeý­tun ýa­gy. Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­iň öňü­ni al­ýar we ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär. Zeý­tun ýa­gy­ny gün­de 2-3 na­har çem­çe­sin­den köp ka­bul et­mek­ zy­ýan­ly­dyr.
Ba­lyk. Süý­ji we ýü­rek ke­se­li bo­lan adam­la­ra hep­de­de 2 gün ba­lyk iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ba­lyk ýü­rek ur­gu­sy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Ýö­ne ba­ly­gy go­wur­man, bug­lap iý­mek­ peý­da­ly­dyr!
Zaman Gazeti
11
69
S_guvanjova
12 Aprel 2021
GyzyklyMaglumatlar,🤗🤗🤗🤗🤗
guli_
12 Aprel 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.