S_guvanjova
13.04.2021 18:16
Iki sany dost çölüň içinde syýahat etmäge çykýarlar.Syýahatyň dowamynda dostlar öz arasynda jedelleşip başlaýarlar we biri beýlekisiniň ýaňagyna şarpyk çalýar.Gyzma dostunyň bu hereketi ýüregini ynjytsa-da,şarpyk çalnan dosty hiç zat gürlemän ýolda gumuň ýüzüne şeýle sözleri ýazýar:"Şu gün iň gowy dostum,maňa şarpyk çaldy".
Olar öňlerinden köl çykýança ýöreýärler.Uzak ýoluň argynlygy,bar güýçlerini alansoň,dostlar bu ýerde biraz düşläp,duwa düşmegi ýüreklerine düwýärler.Ýolbaýy gürleşmän gelen,dostlaryň öýkelisi öň suwda ýüzüp görmedigne garamazdan,köle çümýär.Birden-kä onuň dostunyň kömek sorap,galgaýan ellere gözi düşüp,haýal etmän dostuny halas edýär.Dosty özüne gelensoň,daşyň ýüzüne şeýle diýip ýazýar:"Şu gün meniň dostum halas etdi".
Dostlar ýene syýahatyny dowam edýärler.Ýolda şarpyk çalan we halas eden öz dostundan:
-Seniň ýüregiňi ynjydanymy,gumuň ýüzüne,suwdan halas edenimi bolsa daşa ýazdyň.Näme üçin?
Bu sowala dosty şeýle jogap berýär:
-Haçan-da kimdir biri ýüregmizi ynjytsa bahym ýadymyzdan çykarmaly.Şonuň üçin gumuň ýüzüne ýazdym.Goý,ony şemal özi bilen alyp gitsin.Ýagşylyklary bolsa daşa ýazsak şemal hem kär etmez.
8
82
S_guvanjova
13 Aprel 2021
IDEALLIDER,OgulgúlNazarova_,safia,Gulnar_03,🤗🤗🤗🤗❤❤❤
guli_
13 Aprel 2021
Önem okapdym gowy tymsal👍🤗
safia
13 Aprel 2021
Dogry👍👍👍👍
OgulgúlNazarova_
13 Aprel 2021
👏👏👏👍👍👍
ideallider
13 Aprel 2021
Gowy tymsal😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.