S_guvanjova
25.04.2021 19:12
Sõýgim puç boldy.
Durmushda garashmayan zatlaryn gozun achyp yumunchan bolup gechyar. Kawagtlar ozuni sheyle bir yeke duyyan, kawagtlar bolsa senden bagtly ynsan yok yaly dunyade, gysgajyk durmushymy size beyan edeyin 95 yylda doguldym orta mekdebi tamamlanymdan son, arzuwym Turkmenistanda okamakdy, yone nesibamde yok ekeni, sheydip dashary yurda okuwa gaytdym, elbetde menin enem atam meni sheyle gabanyadylar shonun ucin meni oz garyndash oglanym bn okuva ugratdylar.

Sheydip ozbashdak durmusha gadam basdym, goraymage hemme zat ansat yalydy yone yekelikde yashamak, ejen kakansyz doganyn jigini gorman yashamak mana diysen agyr degdi. Ilki bashda kosendim dil bilmanimden son gaty kosendim, ahyry owrenship gitdim. Kichidim 16 yashymda dashary yurtda yeke okamak agyr degyadi, kosenyadim, maslahatlara matachdim, yone indi men yanymda maslahat berer yaly ne ejem bady nede kakam, sheydip, gyzlar bilen yashap alshyp gitdim, men aralarynda ing kichisidim shonun un olar meni jigleri yaly gorerduler. Shu wagt yaly yadymda kop zat owretdiler.

Men internedede baranymdan son girip bashladym, elbetde oydakiler bn yazyshyp gurleshmek uchindi, yone dine oydakiler bolmady, internet dostlarym kopelip bashlady. Kabirleri soz aydan bolyady, menem gulkum gelyadi men nire bu zatlar nire dp gulyadim. Sonra duydansyz yerden bir oglan peyda boldy, olam bizin yurdumyzda bashga shaherde okayady, ol uly kursdy shon un ol mana ilki jigsi yaly garayady, sonra bilemok nadip dostlashanymyzy, ol yigit kop zat owretdi ugrum bank barada bolan son mesele kopberilyadi olam komek etyadi, sheydip biri birimize ysnyshyp gidenimize 6 ayyn bolanyny duymandyrsam, bir gun ol mana soz aytdy, men name diyjegimi bilemokdum, soyushmek islamokdum,ozumde soyushsen abrayyn peselya diyen duygym bady, yone menem ony govy goryadim . Sheydip ilki jogapsyz goydum son tomus kanikulynda oye gitdim. Oydakileri gorenime diysen begendim, ejeme aytmak isledim ol oglan barada, yone men aytmakam ejem mana basga zat aytdy: ”Gyzym biz senin bagtly bolanyny isleyas, senem bilyansin bizde dine ozinkilere berilyanini kakan bn maslahatlashdyk seni garyndash oglanymyza beraysek natyar “diydi.

Asyl gorup otyrsam meni ugradanlarynda menin kakam bn on kakasy gurleship ugradypdyr, donup galdym, men garshydym men 17 yashymda men okasym gelya entek durmush gurmak islamok diydim, ejem shonda bizi razy etjek bolsan shondan bashga barmarsyn kakan sozunem yykmarsyn diydi naman name bolyanyny dushunman men dine okajak diyyadim, kashga oz soyen yigdime derek komek eden bolsady, daje meni soramanada gelenokdy, kawagt goryadim kosenyan gunlerim garyndashym dal joralarym dostum komek edyardi,ejeme dushundirmek isledim hemme zady yone ejem yarawsyzdy ony agladasym gynandyrasym gelenokdy , sheydip okuv bashlady okuva gaytdym ol oglana bolshy yaly aytdym olam men indiki kanikulda ejemi ugratjak diydi, sheydip yenede bir yyl gechdi, oye gidesim gelyardi yone gorkyardym barsam toy edayseler naderin dp sheydip ahyr sony oye gaytdym, Diyshim yaly bardym wn toy sahedem bellenipdir, Hemme zat gozum achyp yumuncham bolan yalydy ejeme aytdym kakama yalbardym.

Bizi razy etjek bolsan bararsyn diydiler. Ol oglanam kop yalbardy yor gideli diyip, mende iki yol galypdy. Birinjisi garyndashymyza barmak, ikinjisi ol oglan bn gachmak, men basharmadym men birinji yoly sayladym, mende bashga alajam yokdy, men nadip meni iydiren geydiren mashgalamyn ustunden atlayin nadip olaryn sozuni yykayyn sheydip ikinji kurskam yany 18 yashamda toyum boldy, Menin adym onki yaly ……… dp tutulanokdy indi gelinejedim. Hawa toy etdim kem zadym yok hudaya shukur, yone kawagt ilkinji soygum yadyma dushende gozumden yashlaryn nadip akanyny duyman galyan. Biz bagtly! Adamym bilenem onshup yashap yorun. Garashmayan zadyn bolup dur, muna manlay diyiler.

Her kime oz soyguli yaryna yetmeklerini arzuv etyan!!!
7
267
S_guvanjova
24.04.2021 11:47
Ýylan dersini çalşyp otyrka göreji kör bolýar.
Dünýäde iň uzyn at 1478 harpdan durýar.
Akwariumdaky balyklaryň huşy bary-ýogy 10 sekunt ýatlap bilýär.
Asminoklaryň 3 sany ýüregi bardyr.
Haýwanlaryň içinde diňe doňuzlar güne ýanyp bilýärler.
Bir ýylda 31636000 sekunt bar.
Leonardo da Winçi Mono Lizaň dodagyny 12 ýylyň dowamynda çekipdir.
Russiýa öz meýdanynda 12 sany deňiz bolan ýeke-täk ýurt.
Adamyň saçy we dyrnagy ölenden soň hem belli bir wagta çenli ösýär.
8
217
S_guvanjova
23.04.2021 20:46
Iš durmušynda peýdaly boljak 7 endik
Iş durmuşynyň dowamynda ähli başarnyklary öwrenendigiňi pikir etmek iň uly ýalňyşlyklaryň biri. Öz-özüňi kämilleşdirip, häzirki ýagdaýyňdan has köp başarnyk gazanmagyň ýoly yzygiderli öwrenmekden geçýär.

“Quartz” internet neşiriniň ýazyjysy Dr. Trawis Bradberry yzygiderli öwrenmegiňize ýardam berjek, şeýle hem iş dünýäsinde peýdaly boljak d
ýedi endigi maslahat berýär.

1.Duýgy bilen bagly zehin (EQ)

EQ derejesi ýokary adam özüniň we başgalaryň duýgularyna düşünmäge we olary seljermäge ukyply bolýar. Öz endiklerini we beýlekiler bilen gatnaşyklaryny şu ukyba görä sazlaýar.

Adatça, EQ derejesi ýokary bolan adamlar derejesi peslere garanyňda ýyllyk 29 müň dollar köp gazanýar. EQ derejesini ýokarlandyrmak diňe bir bank hasaplaryňyzyň galňamagyna däl, eýsem bagtly we stressden uzak durmuş ýaşamagyňyza kömek eder.

2.Wagty dogry ulanmak

Wagty peýdaly we dogry ulanmaga böwet bolýan zatlaryň iň esasysy “gyssagly işleriň zulumy”. Haçan-da adam olaryň garşysynda durup bilmedik ýagdaýynda, ep-esli wagtyny sarp etse-de önjeýli işläp bilmeýär. Iş wagty gutaranynda peýdaly zatlary etmedigiňize näçe gezek göz ýetirdiňiz?! Wagty dogry ulanmagy öwrenmek soňky güýjüňde işlemegiňe kömek edýär.

3.Diňlemek

Köplenç diňleýändigimizi pikir edýäris, aslynda söz nobaty gelende aýtjak zadymyzy meýilleşdirýäris. Hakyky diňlemek diňe gürleýän adamyň näme diýýänine üns bermekdir. Diňlemek ýagdaýy aýdylan sözüň garşysyna bir zat diýmek däl-de, eýsem düşünmek bilen baglydyr. Başgaça aýdanymyzda, gulaklarymyzy hem gözlerimiz bilen deň derejede açyk saklamasak oýundan çykarylyp bileris.

4.“Ýok” diýmegi başarmak

“Ýok” sözi güýçli söz bolup, ony aýtmakdan çekinmeli däldir. Eger “ýok” diýmegiň wagty gelen bolsa “Başaryp bilmäýmesem” ýa-da “Ynamym ýok” ýaly söz düzümlerini ulanmaň. Täze tekliplere we haýyşlara “ýok” diýmek, öňküleriň derejesini ýokarlandyrar we olary üstünlikli tamamlamagyňa getirer. “Ýok” diýmegi öwrenen wagtyň özüňi gereksiz zulumlardan azat edersiň, şeýle hem wagtyňy we energiýaňy has peýdaly zatlara sarp edersiň

5.Kömek soramak

Liderleriň iň halamaýan zady utanjyndan ýa-da derejesini peseltmekden çekinip, sorag sorap bilmän ýalňyş işleri ýerine ýetirýän işgärlerdir. Kömege mätäçdigiňe göz ýetiren wagtyň ähli “batyrgaýlygyňy” bir ýere jemle we kömek sora. Berlen kömege görä hereket etmegi öwrenmek gymmatly başarnyklaryň biridir.

6.Ukyňy ýerlikli almak

Ýeterlik uky almadyk mahalyň beýindäki toki proteinler pikir ediş başarnygyňa zeper ýetirip başlaýar. Muňa kaffeýiniň islendik mukdary hem täsir etmez. Bu ýagdaý meseleleri çözmekdäki başarnygyňy haýalladýar, döredijiligi öldürýär we duýgurlygyňy artdyrýar. Ýeterlik uklamagy öwrenmek adaty şertlerde kyn ýagdaý, emma ertirki gün üçin uly peýdasy bar.

7.Dymmagy öwrenmek

Özüniň mamladygyny subut etmek admynyň tebigatynda bar bolsa-da täsiri az. “Gyzgalaňly” gürrüňdeşligiň dowamynda barlagdan geçmedik duýgularyň sözlere dökülmegi özüňe we gatnaşyklaryňa zeper ýetirip biler. Haçan-da öz duýgularyňy okap, olara jogap tapan wagtyň gürrüňdeşligi has akylly ýol bilen dowam etmäge ýa-da ýeri gelende ýeriňde durmaga mümkinçilik döreýär. Gysgaça, gerekli ýerinde diliňi dişlemeli.
9
120
S_guvanjova
22.04.2021 12:35
Güýcli adam Çydar.
Ejiz adam Arz eder.
Erbet adan Tõhmet atar.
Dogrucyl adam Sabr eder❤.
12
74
S_guvanjova
22.04.2021 01:28
22.04.2021ý.
♈Oven
Ýuregine "Dur"diymez,"Sen sõý....ajysyny ozim cekerin diýer".
♉Teles
Boš adamlar bilen bile bolanyndan,yeke galmagyny govy gõrýãr.
♊Bliznesy
Yigrenjini gazanmak ucin oran in uly bir ussatlyk gerekdir.Hemme kišiniñ hem elinden gelmez.
♋Rak
Raklar kûýsan vagty oran dartgynly bolyarlar.Olar bilen šol vagty hic hili gurlešmegiñ peydasy yok.
♌Lev
Berjek soragyny dogry edip berip bilmesen,ondan ters jogap alarsyn.
♍Deva
Yalan gahrymanlyklar edip ony hayran galdyrmak mumkin dal.
♎Vesy
Mumkin bolsa hich kim onun govylygyny dušunmesin,kim 'Dusunyan"diyse ona zyyan yetirdigidir.
♏Skarpion
Skarpionlar soygusini hem yigrenjini gizlap bilmez.Ikisini hem onun gozlerinden okamak mumkin.
♐Streles
Kavagt garšysyndaky adama gunasinin yoklugyny gorkezmek ucin tiz uytgap bilyarler.
♑Kozerok
Lider bolmak kozeroklaryn ganynda bardyr.we ondan keyp alyarlar.
♒Vodoley
Eger kellesi bozulan bolsa,ony dine šol adamyn ozi duzeldip biler.
♓Ryby
Oña name etseniz edin,yone hic hacan olara gyzmañ.
3
122
S_guvanjova
21.04.2021 00:45
Kim günãkãr? Dovamy
Süriniň eýesi hem yzygiderli gelýän arz-şikaýatlardan halys irip, ahyrynda bir gün derisini tabşyrmaly gezegi gelen öküzlerden birini tutýar-da: “Siz meni täjiriň öňünde şeýle bir utandyrdyňyz!” diýip käýemäge başlaýar. Şonda öküz hem: “Bu işde biz öküzleriň hiç hili günämiz ýok. Öňler biziň derimiz örän berk bolarmyşyn. Men bar durkum bilen öz eýäme girdejili bolmaga çalyşsam-da derimi galyňlaşdyrmaga, berkleşdirmäge elimden hiç zat geliberenok. Soňky wagtlar arpa diýip öňüme goýulýanyň ýarysy toprak, samanyň deregine-de çüýrän oty berýäňiz! Ot-iýmimiz şeýleräk bolsa derimizem şoňa göräräk bolýar-da!” diýip öküz hem gowy ot-iým berilmeýändigi üçin öz eýesinden nalap, nägile bolupdyr. Öküziň eýesi bolsa: “Dogry aýdýaň, aslynda günä mende-de däl. Meniň arpa, saman satyn alýan täjirim hem-ä olaryň bahasyny ýokarlandyrdy, hemem onuň içine birnäçe bolar-bolgusyz zatlary goşýar.” diýip, täjiri günäkärläpdir we ähli bolýan zatlaryň sebäbini aýdyňlaşdyrmak üçin ot-iým täjiriniň ýanyna gelipdir.

Netije-de, täjir hem bu bolan-bitenleriň esasy sebäplerini seljeripdir. Ençe pikirlenip, çykaran netijeleriniň esasynda täjir oglunyň iki aýda bir aýakgap zaýalamagynyň sebäbine ine şonda düşünip galypdyr.

Ýeňil gazanjyň nä derejede netijelenýändigine bu durmuş sapagyndan soňra göz ýetiren täjir “Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda” diýen pähime eýerip, şol günden soň işine akýüreklilik bilen ýapyşyp, halal işlemegi ýüregine düwüp, arassa hem-de ýokary hildäki arpadyr samanlary satmaga başlapdyr.

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW.
9
172
S_guvanjova
21.04.2021 00:43
Kim günãkãr?
Gadym wagtlarda bir ýurtda arpa, mekgejöwen we saman söwdasyny edýän baý täjir bolupdyr. Ol baý bolsa-da puly gereksiz sowmagyň deregine örän tygşytly adam bolupdyr. Günleriň birinde aýaly oňa: “Oglumyzyň aýakgaby köneldi. Täze aýakgap almak gerek!” diýip duýdurypdyr. Baý adam aýalyna gaharlanypdyr: “Bu nähili beýle bolýar-aý? Ejem maňa iki-üç ýylda bir jüp aýakgap alyp berende-de kakamyň gahary gelerdi. Biziň döwrümizde bir aýakgap alsaň bäş on ýyl geýip bolardy. Adamlarda-da hiç ynsap galmandyr, satýan zatlarynyň hili gaty pes. Şonuň üçin hem häzir biziň oglumyz iki aýda bir aýakgap zaýalaýar. Sen hem bu zatlara hiç seredibereňok.” diýip, igenmäge başlan badyna aýaly-da: “Günä mende däl-ä, aýakgaby zaýalaýan men däl ähbetin!” diýip gaharyny oglundan çykarypdyr. “Sen nähili çaga… kakaň ikimiz aýakgabymyzy iň az iki-üç ýyl dagy geýerdik. Deregi häzirki döwrüň çagalary nähilaý? Heý-de her bir-iki aýdan bir täze aýakgap almak bolarmy?” Ogly-da bu igenje: “Wah, ejejan günä mende däl ahyryn. Sizem bilýäňiz-ä öňler men bir aýakgabymy bir ýyllap dagy geýip gördüm, häzir hemme zat şeýleräk, tiz zaýalanýar. Muňa esasan hem satyjylar günäkär, satýan aýakgaplaryny iki aýdan köp geýer ýaly edenoklar-a.”

Şu ahwalatdan soňra ejeli ogul hemişe aýakgap satyn alýan ýerlerine, ýagny satyjynyň dükanyna gelip satýan aýakgaplarynyň hiliniň pesdigini aýdyp, nägilelik bildiripdirler. Şonda satyjy: “Aslynda muňa menem doly günäkär däl. Onsoňam nägilelik bildirýän diňe siz däl-ä, hemme-de şeýle. Asyl aýakgaplaryň hiliniň pes bolmagyna ony tikýänler (öndürijiler) günäkär” diýýär.

Gün-günden azalmasa köpelýän müşderileriň arz-şikaýatlaryndan, üstüne gelýänlerden has iren satyjynyň hem sabyr käsesi dolýar-da ol hem aýakgap tikilýän ussahananyň ýoluny tutýar we näme üçin aýakgabyny berkden berk tikmeýändikleriniň sebäbini soraýar. Onda tikinçi: “Bu işde meniň hiç hili günäm ýok. Men aýakgabyny tikmek üçin gerekli bolan harajatlarymy kemeltmesemem soňky wagtlarda üpjün edijilerden gelýän deriniň hili o diýen gowy däl. Häzirki deriçileriň satýan derileri zaýalanan, durnuksyz we örän pes hilde” diýip düşündirýär we ol hem öz gezeginde haýal etmän deri bilen üpjün edýän täjiriniň ýanyna gidýär. Ondan näme üçin durnuksyz, çüýrük deri satýandygyny soraýar. Deri täjiri hem derini satyn alan ýerini, onsoň olar hem öz gezeginde derini tabşyrýan süriniň eýesini günäkärleýär. Süriniň eýesi bolsa: “Men size öküziň derisini satýan. Asyl deriniň özi gowy bolmasa men günäkär däl ahyryn. Bar günä öküzde!” diýip jogap berýär.
Dovamy bar.
7
83
S_guvanjova
S_guvanjova
20.04.2021 04:47
Kim näçe wagt agyz bekleýãr? Agyz beklemegiň wagty Günüň dogýan we ýaşýan wagtyna görä kesgitlenýär. Ýer ýüzünde günüň uzynlygy ekwatora ýakyn ýurtlarda gysga, demirgazyk polýusa golaýlaşdygyça
S_guvanjova
S_guvanjova
20.04.2021 04:32
Mirket atly bu haývanyñ boýy 30sm.Söýýänini başga taýpa bilen görse gynanyp ölýär.
S_guvanjova
S_guvanjova
19.04.2021 21:29
Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar. Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr. Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr. Bary-ýogy 1 gram altyndan