Kim näçe wagt agyz bekleýãr?
Agyz beklemegiň wagty Günüň dogýan we ýaşýan wagtyna görä kesgitlenýär. Ýer ýüzünde günüň uzynlygy ekwatora ýakyn ýurtlarda gysga, demirgazyk polýusa golaýlaşdygyça uzalýar. Günorta polýusa tarap gidildigiçe bolsa, gün gysgalýar. Eýsem, ýaşaýan ýerine görä, adamlar näçeräk wagt agyz bekleýärler. Norwegiýanyň paýtagty Oslodaky ýaşaýan musulman 18 sagat 10 minut agyz beklemeli bolýar. Ilaty bir milliondan geçýän iň günortadaky şäher hasaplanýan Awstraliýanyň Melburn şäherinde ýaşaýanlaryň agzy 12 sagat 8 minut töweregi bekli bolýar. Berlinliler 17 sagat 10 minut, londonlylar 17 sagat 3 minut oraza tutýar. Ýewropanyň has gündogaryndaky Parižde 15 sagat 41 minut oraza tutulýar. Ekwatora ýakyn bolan Mekgede 14 sagat 11 minut, Ýeriň günorta ýarym şaryndaky Kuala Lumpurda 13 sagat 32 minut agyz beklenýär. Ilaty 100 müňden geçýän iň demirgazykdaky şäher bolan Russiýanyň Norilsk şäherinde ýaşaýanlar 22 sagat 20 minut töweregi agyz beklemeli bolýar. Demirgazyk polýusa gaty golaý bolan bu ýerde gije örän gysga, 3 sagat çemesi bolýar. Dünýäniň iň günortasyndaky şäher kabul edilýän Argentinanyň Uşuaýada ýaşaýanlar 10 sagat 36 minut agyz bekleýärler.