Kim günãkãr?
Gadym wagtlarda bir ýurtda arpa, mekgejöwen we saman söwdasyny edýän baý täjir bolupdyr. Ol baý bolsa-da puly gereksiz sowmagyň deregine örän tygşytly adam bolupdyr. Günleriň birinde aýaly oňa: “Oglumyzyň aýakgaby köneldi. Täze aýakgap almak gerek!” diýip duýdurypdyr. Baý adam aýalyna gaharlanypdyr: “Bu nähili beýle bolýar-aý? Ejem maňa iki-üç ýylda bir jüp aýakgap alyp berende-de kakamyň gahary gelerdi. Biziň döwrümizde bir aýakgap alsaň bäş on ýyl geýip bolardy. Adamlarda-da hiç ynsap galmandyr, satýan zatlarynyň hili gaty pes. Şonuň üçin hem häzir biziň oglumyz iki aýda bir aýakgap zaýalaýar. Sen hem bu zatlara hiç seredibereňok.” diýip, igenmäge başlan badyna aýaly-da: “Günä mende däl-ä, aýakgaby zaýalaýan men däl ähbetin!” diýip gaharyny oglundan çykarypdyr. “Sen nähili çaga… kakaň ikimiz aýakgabymyzy iň az iki-üç ýyl dagy geýerdik. Deregi häzirki döwrüň çagalary nähilaý? Heý-de her bir-iki aýdan bir täze aýakgap almak bolarmy?” Ogly-da bu igenje: “Wah, ejejan günä mende däl ahyryn. Sizem bilýäňiz-ä öňler men bir aýakgabymy bir ýyllap dagy geýip gördüm, häzir hemme zat şeýleräk, tiz zaýalanýar. Muňa esasan hem satyjylar günäkär, satýan aýakgaplaryny iki aýdan köp geýer ýaly edenoklar-a.”
Şu ahwalatdan soňra ejeli ogul hemişe aýakgap satyn alýan ýerlerine, ýagny satyjynyň dükanyna gelip satýan aýakgaplarynyň hiliniň pesdigini aýdyp, nägilelik bildiripdirler. Şonda satyjy: “Aslynda muňa menem doly günäkär däl. Onsoňam nägilelik bildirýän diňe siz däl-ä, hemme-de şeýle. Asyl aýakgaplaryň hiliniň pes bolmagyna ony tikýänler (öndürijiler) günäkär” diýýär.
Gün-günden azalmasa köpelýän müşderileriň arz-şikaýatlaryndan, üstüne gelýänlerden has iren satyjynyň hem sabyr käsesi dolýar-da ol hem aýakgap tikilýän ussahananyň ýoluny tutýar we näme üçin aýakgabyny berkden berk tikmeýändikleriniň sebäbini soraýar. Onda tikinçi: “Bu işde meniň hiç hili günäm ýok. Men aýakgabyny tikmek üçin gerekli bolan harajatlarymy kemeltmesemem soňky wagtlarda üpjün edijilerden gelýän deriniň hili o diýen gowy däl. Häzirki deriçileriň satýan derileri zaýalanan, durnuksyz we örän pes hilde” diýip düşündirýär we ol hem öz gezeginde haýal etmän deri bilen üpjün edýän täjiriniň ýanyna gidýär. Ondan näme üçin durnuksyz, çüýrük deri satýandygyny soraýar. Deri täjiri hem derini satyn alan ýerini, onsoň olar hem öz gezeginde derini tabşyrýan süriniň eýesini günäkärleýär. Süriniň eýesi bolsa: “Men size öküziň derisini satýan. Asyl deriniň özi gowy bolmasa men günäkär däl ahyryn. Bar günä öküzde!” diýip jogap berýär.
Dovamy bar.