S_guvanjova
21.04.2021 00:45
Kim günãkãr? Dovamy
Süriniň eýesi hem yzygiderli gelýän arz-şikaýatlardan halys irip, ahyrynda bir gün derisini tabşyrmaly gezegi gelen öküzlerden birini tutýar-da: “Siz meni täjiriň öňünde şeýle bir utandyrdyňyz!” diýip käýemäge başlaýar. Şonda öküz hem: “Bu işde biz öküzleriň hiç hili günämiz ýok. Öňler biziň derimiz örän berk bolarmyşyn. Men bar durkum bilen öz eýäme girdejili bolmaga çalyşsam-da derimi galyňlaşdyrmaga, berkleşdirmäge elimden hiç zat geliberenok. Soňky wagtlar arpa diýip öňüme goýulýanyň ýarysy toprak, samanyň deregine-de çüýrän oty berýäňiz! Ot-iýmimiz şeýleräk bolsa derimizem şoňa göräräk bolýar-da!” diýip öküz hem gowy ot-iým berilmeýändigi üçin öz eýesinden nalap, nägile bolupdyr. Öküziň eýesi bolsa: “Dogry aýdýaň, aslynda günä mende-de däl. Meniň arpa, saman satyn alýan täjirim hem-ä olaryň bahasyny ýokarlandyrdy, hemem onuň içine birnäçe bolar-bolgusyz zatlary goşýar.” diýip, täjiri günäkärläpdir we ähli bolýan zatlaryň sebäbini aýdyňlaşdyrmak üçin ot-iým täjiriniň ýanyna gelipdir.

Netije-de, täjir hem bu bolan-bitenleriň esasy sebäplerini seljeripdir. Ençe pikirlenip, çykaran netijeleriniň esasynda täjir oglunyň iki aýda bir aýakgap zaýalamagynyň sebäbine ine şonda düşünip galypdyr.

Ýeňil gazanjyň nä derejede netijelenýändigine bu durmuş sapagyndan soňra göz ýetiren täjir “Zeleliň ýaryndan gaýtmak peýda” diýen pähime eýerip, şol günden soň işine akýüreklilik bilen ýapyşyp, halal işlemegi ýüregine düwüp, arassa hem-de ýokary hildäki arpadyr samanlary satmaga başlapdyr.

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW.
9
172
Nazzydade
21 Aprel 2021
Belañ korigi bizdedir yagny ozimizde name eksek sonam orarys.

Gaty gowy hekaya 👍
guli_
21 Aprel 2021
👍👍👍
M.M
21 Aprel 2021
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.