Relax
21.11.2023 11:55
Dünýäniň iň gymmat internetine eýe döwletler (şükür et Ahmet!)

1. Norveç: 81.54 USD
2. İzlanda: 63.84 USD
3. Avustralya: 63.4 USD
4. İsviçre: 58.41 USD
5. İrlanda: 54.28 USD
6. ABD: 51.35 USD
7. Porto Riko: 51.35 USD
8. Danimarka: 49.29 USD
9. Kosta Rika: 48.42 USD
10. Nikaragua: 48.31 USD


Internediň iň arzan ýurtlary
Россия — $5,6 в месяц
Украина — $6,1 в месяц
Румыния — $6,4 в месяц
Вьетнам — $6,7 в месяц
Молдова — $7,7 в месяц
Индия — $8,5 в месяц
Беларусь — $9 в месяц
Казахстан — $9,8 в месяц
Болгария — $10,3 в месяц
Латвия — $10,8 в месяц
37
661
Relax
21.11.2023 00:33

Ynsan bir günde ortaça 25000 gezek dem alýar.

***

Krokodiliň agzyny açan mahaly ulanýan güýji agzyny ýapan wagty ulanýan güýjünden juda azdyr.

***

Balyklar ýatlaryndaky ähli zady on minutdan köp saklap bilmeýärler.

***

Ummanyň iň çuň ýerine barmak Ýeriň hemrasy bolan Aýa gitmekden has kyndyr.

***

Ak aýylar sarp edýän energiýasynyň mukdaryny tygşytlamak üçin art aýaklaryny öň aýaklarynyň galdyrýan yzlaryna basyp ýöreýärler.

***

Dünýäde deňziň, ummanyň iň çuň ýerine baryp bilýän guş imperator pingwinidir. Imperator pingwini öz iýmiti üçin deňizdir ummanyň 255 metre çenli çuňlugyna aralaşyp bilýär. Şol bir wagtyň özünde imperator pingwini suwastynda takmynan 18 minutlap demini alman, saklanyp bilýär.

***

Mikrobiolog Anton wan Leeuwenhoek mikroskopuň kömegi bilen bakteriýalary gören ilkinji alymdyr.

***

Kolibriler (ala ýelekli kiçijik guş) bir sekundyň dowamynda 60 gezek ganat kakýarlar.

***

Bir ewkalipt agajynyň düzüminde (Gara deňziň kenarlarynda ösmäge uýgunlaşan, mirtler maşgalasyndan bolan çalt ösýän Awstraliýa agajy) 3 tonna golaý suw bar.

***

Gurbagalar zäherli mörmöjekleri ýuwdanda, aşgazanlaryny agyzlaryndan çykaryp arassalaýarlar.

43
422
Relax
19.11.2023 09:02

Harby çinler barada



GENERALISSIMUS - (Generalissimus latyn sözünden “iň esasy” diýmekdir) ýokary harby çin.

GENERAL - (Generalius latyn sözünden gelip çykyp ”umumy, esasy” diýmekdir) Ýaragly Güýçlerde ýokary harby çin. Rus goşunlaryna 17-nji asyryň aýaklaryna girizilen. 19-20-nji asyrlarda rus goşunlarynda general-maýor, general-leýtenant, doly(polnyý) general, infanteriýa generaly, kawaleriýa generaly, artilleriýa generaly ýaly general çinleri bolan. General-maýor, general-leýtenant çinleri-de Harby Deňiz Güýçlerinde kontr-admiral we admiral çinleri bilen deňdir.


1940-njy ýylda rus goşunlarynda general-maýor, general-leýtenant, general- polkownik we goşun generaly ýaly general çinleri girizilen.


Ýaragly güýçleriň we beýleki goşunlaryň generallaryna (goşun generalyndan başgalary) şol goşunlaryň atlandyrylyşy goşulyp hem aýdylpdyr. Mysal üçin: awiasiýanyň general-maýory.


POLKOWNIK - bu harby çin rus we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň birnäçesinde bar. Öňki SSSR-de 1935-nji ýyldan bäri ulanylýar. Bu çin harby deňiz güýçlerinde 1-nji derejeli kapitan çini bilen deňdir. Rus goşunlarynda 17-nji asyrdan bäri ulanylýar.


PODPOLKOWNIK - bu harby çin rus we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň birnäçesinde bar. Oňki SSSR-de 1939-nji ýyldan bäri ulanylýar. Bu çin Harby Deňiz Güýçlerinde 2-nji derejeli kapitan çini bilen deňdir. Rus goşunlarynda 17-nji asyrdan bäri ulanylýar.


MAÝOR - (“major” latyn sözünden gelip çykyp uly diýmekligi aňladýar). Öňki SSSR-iň Ýaragly Güçlerinde 1935-nji ýyldan bäri ulanylýar. Bu harby çin birnäçe daşary ýurtlaryň Ýaragly Güýçlerinde hem ulanylýar. Maýor harby çini rus goşunlarynda 1698-1731-nji, 1798-1884-nji ýyllarda hem ulanylypdyr.


KAPITAN - (capitaneus- giçki latyn sözünden) birnäçe döwletleriň goşunlarynda we Harby Deňiz Güýçlerinde ulanylýan harby çin bolup, öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerine 1935-nji ýylda girizilendir.


Harby Deňiz Güýçlerinde 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli kapitan we kapitan-leýtenant Gury ýer we Harby Howa goşunlarynda polkownik, podpolkownik, maýor harby derejelere deňdir.


LEÝTENANT - (lieutenant-fransuz sözünden “orunbasar, ornuny tutýan” manyny berýär) birnäçe döwletleriň Ýaragly Güýçlerinde kiçi ofiserler düzümine degişli harby çindir. Öňki SSSR-de leýtenant we uly leýtenant harby çinleri 1935-nji ýylda girizilen. 1937-nji ýylda kiçi leýtenant harby çini girizilen. Rus Harby Deňiz Güýçlerinde leýtenant harby çini 1701-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli, uly leýtenant harby çini bolsa 1907-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli ulanylypdyr.


STARŞINA - l.Öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerinde rotanyň (batareýanyň) wezipeli harby gullukçysy bolup ol rotanyň esgerleriniň we seržantlarynyň gönüden göni ýolbaşçysy bolup durýar.


2.Seržantlar düzüminiň harby çini hökmünde 1935-nji ýylda girizilen.


SERŽANT - (sergent fransuz sözünden “gulluk etmek” manyda) birnäçe ýurtlaryň Ýaragly Güýçlerinde ulanylýan harby çin bolup, öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerine 1940-njy ýylda girizilen. Kiçi seržant, uly seržant ýaly harby çinler seržant harby çininden gelip çykýar. Rus goşunyna 17- nji asyryň ahyrlarynda girizilip 1798-nji ýyla çenli ulanylypdyr.


MATROS - (matroos - golland sözünden) Harby Deňiz Güýçlerinde harby çin. Öňki SSSR-iň Harby Deňiz Güýçlerine 1946-njy ýylda krasnoflotiles çinine derek girizilen.

59
950
Relax
17.11.2023 16:37

Uçarlar nädip bulut döredýär?


Käwagt ýokary seredenimizde al-asmanda yzynda bulutdan ýol ýasap barýan uçarlara gözümiz düşýär. Eýsem, ol nädip peýda bolýarka?! Eger uçaryň hereketlendirijisinden çykýan tüsse bulut döredýän bolsa, onda näme üçin hemme uçardan tüsse çykmaýarka?!

Ilki buludyň nädip emele gelýändigini öwreneliň! Buludyň döremegi üçin howanyň Ýer ýüzünden bugarýan suwy özüne siňdirip bilmejek derejede sowuk we pes basyşly bolmagy zerur. Şeýle hem buludy emele getirjek suw damjalarynyň howada saklanyp bilmegi üçin tozan bölejikleri gerek.

Uçarlaryň motorlary öň tarapyndan howany çekip, ýakanyndan soňra yzyndaky inçe tüsseçykardan basyş bilen çykarýar. Motoryň sorup alan howasynyň düzümindäki bug has dykyzlaşyp, daşaryk pürkülýär. Ýokarda howa sowuk bolansoň, hereketlendirijiden çykan bug bada-bat doňýar. Muňa “sublimasiýa” hem diýilýär. Ýagny, bug haldaky suwuň suwuk hala geçmezden gaty hala öwrülmegi, doňup, buz bolmagy.

Ýer ýüzünde ýokary gyzgynlykda we basyşda bugarýan suwy howa bada-bat özüne çekýär. Beýiklik artdygysaýyn howanyň ýylylygy hem-de basyşy düşýär we howa bugy öz içine çekip bilmejek derejä ýetýär. Emma buludyň döremegi üçin 3-nji şert hem zerur – tozan bölejikleri. Uçaryň ýerden 10 müň metr belentlikden barýan ýerinde howa örän arassa bolup, ol ýerde buludyň emele gelmegi üçin gerek bolan tozan bolmaýar. Bu ýerde tozan bölejikleriniň deregine tüsseçykardan çykýan ýangyç tozgajyklary bar. Şol sebäpli buludyň emele gelmegi üçin ähli şertler taýýar bolýar we uçaryň yzynda inçe bulut peýda bolýar. Emeli ýagdaýda dörän bu buludyň tebigy bulutdan tapawudy ýok.

Aslynda, uçarlar aşakdan barýarka hem hereketlendirijisinden bug çykýar. Emma sowuk howa, basyş, çyglylygyň mukdary, ýeliň ugry ýaly tebigy şertler doly emele gelmändigi üçin bulut bolmaýar. Belli bir belentlikden barýan uçaryň yzyndan buludyň peýda bolmagyna uçaryň ululygynyň ýa-da görnüşiniň hiç hili täsiri ýokdur.

40
196
Relax
16.11.2023 09:16

Aýyň günleri näme üçin deň däl?


Irki döwürlerde adamlar başdan geçiren esasy wakalaryny köplenç, tebigy hadysalara, pasyllara görä ýadynda saklapdyrlar. Ilkinji senenamalar, adatça, Aýyň hereketine görä düzülipdir. Şol sebäpli her halkda bir ýylyň dowamlylygy deň bolmandyr we pasyllar her ýyl üýtgäpdir. Sebäbi Aý Ýeriň daşyndaky doly aýlawyny 29 gün 12 sagatda tamamlaýar. Bu ýagdaýda bir ýyl 354 gün bolýar. Emma Ýer Günüň daşyndaky aýlawyny 365 gün 6 sagatda tamamlaýar. Şol sebäpli pasyllaryň we aýlaryň ýylyň-ýylyna üýtgemezligi üçin Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan wagtyna görä senenama düzmek zerurlygy ýüze çykýar.

Rimliler miladydan 758 ýyl ozal 10 aýlyk senenamany taýýarlaýar. Bu senenamada has gadymy döwürlerden bäri gije bilen gündiziň deňleşýän wagty hasaplanýan mart aýy ýylyň başlangyjy kabul edilýär. Senenama “martius”, “aprilis”, “maius”, “junius”, “quintilis”, “sixtilis”, “september”, “october”, “november” we “december” aýlaryndan ybaratdy. Aý atlarynyň iýuldan (quintilis) dekabra (december) çenli bolanlary degişlilikde 5, 6, 7, 8, 9 we 10 sanlarynyň latynça aýdylyşydyr. Bu 10 aýlyk senenamada 60 gün artyk galýar. Netijede, galan günlere bolsa, “janarius” (ýanwar) we “februarius” (fewral) atlary berlip, senenama tamamlanýar. Şeýlelikde, ýylyň ilkinji aýy mart, soňky aýy bolsa, fewral hasaplanýar. Birnäçe asyrdan soňra, ýagny miladydan 46 ýyl ozal Rim imperatory Ýuliý Sezar senenamany az-kem üýtgedip, ilkinji 11 aýy 30 we 31 günlük edip kesgitleýär. Ýylyň soňky aýy fewral 29 gün hasap edilýär. Her dört ýyldan fewrala bir gün goşmak (30 gün) däbi girizilýär. Soňra ýylyň ilkinji aýy ýanwar kabul edilýär, emma fewral aýy beýlekilerden tapawutlylykda kemligine galdyrylýar.

Ýuliý Sezar dünýeden ötenden soňra, rimliler “quintilis” aýyna onuň adyny berýärler. Soňky ýyllarda tagta çykan Augustusyň ady “sixtilis” aýyna dakylýar we aslynda 30 günlük aýa fewraldan bir gün alnyp goşulýar. Şondan bäri hem senenama o diýen üýtgeşiklik girizilmeýär.

51
464
Relax
15.11.2023 08:06

Dünýäniň iň uly 10 kitaphanasy


Medeni mirasyň, medeniýetiň, geçmişiň ýadygärligi hökmünde görülýän kitaphanalar dünýäde iň köp ünsi çekýän ýerleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ýazgylar, arhiwler, eserler sanly ulgama geçirilýän hem bolsa, kitaphanalar ýurtlaryň taryhyny, medeniýetini, baý mirasyny, ylym-bilim derejesini görkezýän, kesgitleýän iň esasy ojaklaryň biri hökmünde görülýär. Şol bir wagtyň özünde, döwletleriň iň esasy medeniýet ojaklary hem-de syýahatçylyk ýerleriniň biri hasaplanýan kitaphanalar diňe bir gorlaryndaky gymmatly eserler, kitaplar bilen tapawutlanman, binagärlik aýratynlyklary babatda-da halk köpçüligini özüne çekýär. Dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň sanawynda ABŞ-dyr Russiýadan 2, Angliýadan, Kanadadan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Hytaýdan hem-de Ispaniýadan 1 kitaphana bar.


ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy



Kitap we kitap tekçeleriniň sany babatda dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanýan ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy (Library of Congress) 1800-nji ýylda ýurduň Kongresi tarapyndan bina edilýär. Häzirki wagtda bu kitaphanada 164 million eser bolup, şolaryň 38 milliony kitap, 70 milliony golýazma, 3,6 milliony ses ýazgy, 14 milliony fotosurat, 5,5 milliony karta hem-de 8,1 milliony saz notasydyr. Bulardan başga-da, kitaphanada entek doly ulgama salynmadyk ýene-de 122 million eseriň bardygy bellenilýär. Bu kitaphanada her günde ortaça 14 müň täze eser kabul edilip, azda-kände ýer ýetmezçiligine-de sebäp bolýar. Şol nukdaýnazardan, Merilend hem-de Wirjiniýa ştatlarynda kitaphananyň goşmaça binalary guruldy we bu ýerde-de ençeme eserler aýawly saklanylýar. Kongres kitaphanasy şu sebäplerden dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanýar.


Britan kitaphanasy


Dünýäniň iň uly ikinji kitaphanasy – Britan kitaphanasy (The British Library) 150 milliondan gowrak eseri özünde jemleýär. 1753-nji ýylda Britan muzeýiniň şahamçasy hökmünde gurlan bu desga 1792-nji ýylda ýörite çykarylan kanun esasynda kitaphana öwrülýär. Bu kitaphanada golýazmalar, kartalar, gazet-žurnallaryň nusgalary, çyzgylar, saz notalary, ses ýazgylary, irki ýyllarda berlen patentler hem-de 8 million sany hat markasy bar. Kitaphananyň iň gymmatly eserleriniň hatarynda dünýäde ilkinji çap edilen diýlip hasaplanýan “Diamond Sutra” kitaby bilen Leonardo Da Winçiniň ýandepderçesi-de bar.


Kanadanyň Milli kitaphanasy we arhiwi


54 million eseri bolan Kanadanyň Milli kitaphanasy we arhiwi (Library and Archives Canada) 1872-nji ýylda döredilýär. Ottawa şäherinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň uly 3-nji kitaphanasydyr. Ady dürli ýyllarda üýtgedilen kitaphana 2004-nji ýylda ýurduň arhiw edarasy bilen birleşdirilýär. Bu kitaphana “Häzirki we geljekki nesiller üçin Kanadanyň resminamalar mirasynyň aýawly saklanmagy” diýen şygar bilen okyjylara hyzmat edýär.


Nýu-Ýork halk kitaphanasy


ABŞ-nyň iň uly 2-nji, dünýäniň iň uly 4-nji kitaphanasy hasaplanýan Nýu-Ýork halk kitaphanasy (New York Public Library) 1911-nji ýylda gurulýar. Bu kitaphananyň arhiwinde 50 milliondan gowrak eser bolup, desga DVD we CD-leriň köplügi bilen hem aýratyn ünsi çekýär. Binagärlik babatda hem şäheriň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu kitaphana ýylda ortaça 18 million jahankeşde gelýär. Kitaphananyň binagärlik aýratynlyklarynyň biri onuň petiginiň beýikligi bolup, ol 16 metre barabardyr. Binanyň diwarlary dürli-dürli kartinalar bilen bezelendir.


Russiýanyň Döwlet kitaphanasy


Russiýanyň Döwlet arhiwi diýen derejä hem eýe bolan Moskwadaky Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda (Russian State Library) 43 million sany eser bar. Rus dilinden daşgary-da 247 dilde eseri bolan kitaphana 1862-nji ýylda döredilýär. Bu kitaphananyň gorunda ýörite kartalar, aýdym-saz we ses ýazgylary, az sanly nusgasy bolan ylmy işler hem-de makalalar bar.


Russiýanyň Milli kitaphanasy


Sankt-Peterburg şäherindäki Russiýanyň Milli kitaphanasynda (National Library of Russia) 36 milliondan gowrak eser bar. Russiýanyň Döwlet kitaphanasyndan soň, ýurtda 2-nji uly kitaphana bolan bu kaşaň bina 1795-nji ýylda Ýekaterina II döwründe gurulýar. Bu kitaphananyň döredilmegine 1794-nji ýylda Polşanyň paýtagty Warşawada Zaluskiý tarapyndan gurlan Ýewropadaky ilkinji halk kitaphanasy esasy sebäp bolýar. Bu kitaphanada Ýewropa dillerinde 420 müň eser aýawly saklanylýar.



Ýaponiýanyň Milli Mejlis kitaphanasy


1948-nji ýylda gurlan Ýaponiýanyň Milli Mejlis kitaphanasynyň (National Diet Library) arhiwinde 41 milliondan gowrak eser saklanylýar. Aslynda bu kitaphana 1890-njy ýylda döredilen Ýapon imperatorlyk mejlisine degişli 2 kitaphananyň hem-de 1872-nji ýylda gurlan imperatorlyk kitaphanasynyň birleşdirilmeginden soň, peýda bolýar. Binagärlik babatda tapawutlanýan desganyň girişinde ýapon we grek dillerinde “Hakykat erkinlige eltýär” diýen setirler ýazylgy.


Fransiýanyň Milli kitaphanasy


40 million eseri özünde jemleýän Fransiýanyň Milli kitaphanasy (French National Library) sanawda 7-nji orny eýeleýär. Parižde ýerleşýän bu kitaphanada Orta asyrlara degişli golýazmalaryň ençemesi bar. Kitaphana bu babatda dünýäde öňdeligi eýeleýär. Olaryň arasynda romanlar, diwanlar, Gündogar edebiýatyna degişli ýazgylar, dini ýazgylar, Paskal, Didero, Apollinar, Prust, Kolett we Sartre ýaly edebiýatçylaryň, taryhy şahsyýetleriň golýazmalary, ýandepderçeleri bar. 1461-nji ýylda düýbi tutulan kitaphana gadymy grek taryhyna degişli golýazmalar babatda hem islendik adamyň ýüz tutýan ýerleriniň ilkinjisi hökmünde uly meşhurlyga eýedir.


Hytaýyň Milli kitaphanasy

115 dilde 35 milliondan gowrak eseriň saklanýan ýeri bolan Hytaýyň Milli kitaphanasy (The National Library of China) 1909-1912-nji ýyllarda Pekinde gurulýar. Owadanlygy bilen tapawutlanýan kitaphana her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy gelip görýär. Soňky ýyllarda kitaphanada eserler sanly ulgama geçirilýär. Sanly ulgama geçirilen eserleriň göwrümi häzirlikçe 1323 terebaýta ýetýär.


Ispaniýanyň Milli kitaphanasy

Paýtagt Madridde ýerleşýän Ispaniýanyň Milli kitaphanasy (Biblioteca Nacional de Espana) 1712-nji ýylda gurulýar. 33 million töweregi eser saklanylýan kitaphananyň sanly ulgamdaky okyjylarynyň sany ýylsaýyn artýar. Eserleriň agramly bölegi ispan dilinde bolup, bu kitaphanada aýratynam Latyn Amerikanyň görnükli wekilleriniň golýazmalary, kitaplary, eserleri bar.

10
782
Relax
12.11.2023 12:45

Öz ses ýazgymyz näme üçin başgaça eşidilýär?



Ses howada basyş tolkunlaryny emele getirip ýaýraýar. Gulagymyza gelýän ses tolkunlary onuň içine girip, içki gulakdaky öýjükler tarapyndan kabul edilýär. Bu öýjükler ses tolkunlaryny beýnä ugradýar. Üns beren bolsaňyz, islendik enjam arkaly alnan ses ýazgymyzyň öz sesimize meňzemeýändigini görensiňiz. Sebäbi, biz öz sesimizi iki görnüşde kabul edýäris. BIrinjisi, geplänimizde emele gelen ses tolkunlary beýleki sesler ýaly howada ýaýrap gulagymyza gelýär. Ikinjisi, ses tolkunlaryny emele getirýän ses damarlary yrgyldanynda, bu yrgyldylar boýnumyzdaky we kellämizdäki süňkler tarapyndan beýnä iberilýär. Gulagymyza daşarydan gelýän ses bilen, özümiz geplänimizde, ses damarlary arkaly beýnä barýan yrgyldylaryň ýygylygy tapawutly bolýar. Ýagny öz sesimizi hem içerden, hem daşardan bir wagtda eşidýäris. Ýazgy edilen sesde bedenimiziň içinden gelen sesi däl-de, diňe howadan gelýän sesi eşidýäris. Şol sebäpli ikisi başgaça bolýar. Daşardan gelýän sesi eşitmezlik üçin gulagymyzy ýapyp geplemeli.


Ses diňe gaty zatlara degeninde ýaňlanýar. Daglarda kert gaýalaryň belli bir derejede uzaklygynda gygyrylanda, biraz wagtdan ses ýaňlanyp özümize eşidilýär.

Ses tolkunlary gaty, suwuk we gaz halyndaky maddalardan geçip bilýär. Emma howasyz boşlukdan geçmeýär.

Sesiň tizligi sekuntda 330 metre barabar. Emma bu görkeziji howanyň temperaturasyna görä az-kem üýtgeýär.

Ses şöhleden million essä barabar ýuwaş hereket edýär. Şol sebäpli gök gümmürdisiniň sesini ýyldyrym çakanyndan gysga wagt soňra eşidýäris.

Sesiň tizliginden gaty gidýän uçarlar bar.

Gämilerde golaý zatlary anyklamak üçin sesiň ýaňlanmak hadysasyndan peýdalanylýar. Uzaklyk ses tolkunlarynyň iberilmegi we onuň haýsydyr bir zada degip yzyna gelmegi bilen ölçenýär.

43
252
Relax
11.11.2023 19:55

Işi gutarmagymyzda iñ uly päsgelçilik, şol işe hiç hili başlap bilmeýänligimizdir. Indi şol işe başlap bilmek üçin näme etmeli? ilki bilen biz şol iş barada pikir edip başlanymyzda, beýnimiz awtomatiki ýagdaýda şol işiñ iñ kyn we iñ düşnüksiz ýerine üns berýänligi üçin şol iş bize örän kyn iş bolup görünýär we özümiz bilmezden ýörite şol işi ertä goýmak üçin gereksiz işler bilen meşgullanyp durýarys. Meselem facebookdaky paýlaşylanlary okarys ýa-da kimdir birilerine sms ibereris ýa-da bolmasa birden içimizde aýdym diñlemek islegi dörär ýa-da näme üçindir çaý içesimiz geler we ş.m. Gysgaça aýdanymyzda bir işe başlamak üçin özümizi taýýar duýmaýarys ýa-da şuwagt onuñ üçin gerekli motiwasiýamyzyñ ýokdygyny pikir ederis.

Günler, hepdeler käte bolsa aýlar bir birini kowalar. Emma şol işe başlamak üçin näme üçindir özümizi taýýar duýmarys. Dost ajy aýdar diýilýär. Menem size bir hakykaty aýdaýyn, egerde özüñizi taýýar duýmak ücin garaşsañyz özüñizi hiç wagt taýýar duýmarsyñyz. Başlamak tamamlamagyñ ýarysydyr diýilýär. Hatda meniñ pikirimçe başlamak tamamlamagyñ 100-de 80%-i dir. Çünki bir işe başlanymyzda beýnimizde "Zeigarnik täsiri" diýen täsir başlaýar. Zeigarnik täsiri XX asyrda ýaşan asly Litwiýaly bolan Sowet psihology we psihiatristi Bluma Zeigarnik tarapyndan yüze çykarylýar. Bu täsire görä, ýarty galan işlerimiz tamamlan işlerimize görä çalt ýadymyza düşýär. Muña mysal hökmünde görýän serýallarymyzyñ her bölüminiñ tamamlanýan ýerine üns beriñ. Näme üçindir mydama iñ gyzykly ýerinde bölüm tamamlanar we bu ýarty galmaklygyñ döretýän duýgusy inniki bölüme sabyrsyzlyk bilen garaşmagymyza sebäp bolar we şol bölümiñ tamamlanýan soñy beýnimizde berk ornaşar we şol serýaly sereden kişiler bilen gürrüñdeş bolanymyzda serýalyñ soñyny ýatlar we plan ýerinde tamamlandy inniki bölümde nämeler bolarka diýeris. Diýmek Zeigarnik täsirine görä bir işe başlanymyzda şol işi gutarýançak özümizi birahat duýarys. Sebäbi ony ýadymyzdan çykaryp bilmeýäris. Şol sebäpli şol işi tamamlamak üçin oña has köp üns bereris we gutarýançak şol iş bilen meşgullanarys. Şol täsir sebäpli işi tamamlanymyzdan soñra aslynda şol işiñ onçakly kyn däldigine göz ýetireris. Çünki bir işe başlanymyzda beýnimizde döräp başlaýan Zeigarnik täsiri biziñ şol işe üns bermekligimize we işi ýerine ýetirmek islegimizi artdyrar. Gysgaça aýdanymyzda şol işi biziñ üçin ýeñilleşdirer. Indi bolsa özümizi şol işe başlamaklyk üçin nähili zorlap biljekligimiz hakynda gürrüñ edeliñ. Munuñ ýönekeý usul bar. Olardan käbirleri dünýä tanymal usullar we köp adam üçin täsirli bolýanlygy anyklanyldy. Käbirleri bolsa öz usullarym, şol sebäpli siziñ üçinem täsirli bolarmy ony bilemok, ýöne şonda-da bu usullary aýtmak isledim, barlamaklyk özüñize galypdyr.

Birinji usulyñ ady "5 sekunt" kadasydyr. Bu usul bn için gyzyklansañyz BMG -niñ Siena(nähili ýazylýar ony bilemok) kanalynyñ gurujysy Mel Robbinsiñ "5 sekunt kadasy" atly kitabyndan okap bilersiniz. Men size bu usuly nähili ulanmalydygymyzy aýtmak isleýärin. bu kada aslynda örän ýönekeýdir. Diñe 5-den 0-a çenli sanamaly we 0 diýeniñizde bir işi başlamak üçin ilkinji ädimi ätýärsiñiz. Mesel bir wideony seslendirmek gerek ýöne şony mydama ertire süýşürýärin. Şonda 0 san işe başlamaly diýen karara getirýär we 5,4,3,2,1,0 we mikrafony açýan we diktafony alyp işime başlaýaryn. Bu usulyñ işlemek üçin ylmy tarapdan täsirini bilemok emma ony ulananyñda täsirini görmek bolýar. 0 sany aýtmagymyz bizi işi ýerine ýetirmeklige iterýär. Çaga wagtymyz ylgaw ýaryşynda mydama 1,2,3 diýip başlardyk ýada roketa uçurulanda 10-dan 0-a çenli sanalýar we 0 diýilende roketa atylýar. Bular hem ähtimal şol prinsipe esaslanýandyr. Ýone bu kada görä 1-den 5-e çenli däl-de 5-den 0-a çenli sanamak has effektiwniý bolýar, onuñ sebäbi 5-den soñra gelýän sanlaryñ barlygydyr. Belkide şeýle sanamaklygyñ hiç hili tapawudy ýokdur we diñe şeýle diýilýänligi üçin özümi ynandyranlygym üçin täsiri bardyr. Ýöne men hem 5-den 0-a çenli sanamda has effektiwniý bolýanlygyny bilýärin. Bu kadanyñ ady "5 sekunt" kadasy bolsada hökmän 5 san bolmaly diýilen mejburylyk ýok. Bu 3 hem bolup biler 4 hem. Haýsy sany özüñize ýakyn duýsañyz ýa-da haýsy san bilen işe başlamak isleýän bolsañyz şol san bilen bu usuly ulanyñ.

Ikinji usul bolsa "Iñ ýönekeý ädim" Munda haýsydyr bir işi tamamlamak üçin 3 sany iñ ýönekeý tapgyry ýazmaly şonda iç gysdyryjy işe başlaýanlygyñy pikir etmeýärsiñ we 3 sany ýönekeý tapgyry amala aşyrmaklyga üns berýärsiñ we isleseñ soñunda bu işi durdurmana ýa-da etmezlige özüñe rugsat berip bilersiñ. Hiç kim sizi bu işi tamamlamaklyga zorlap bilmez. Men hemme zat öz elimde diýip öz özüme aýtýaryn. Meselem googleda reklama kompanýasyny goýmaly bolanymda bu işi edesim gelenok we ertire goýýaryn. Şunda 3 sany iñ ýönekeý tapgyry ýazýaryn. Diýeli kompýuterim ýapyk duran bolsa ilkinji tapgyr kompýuteri açmak, ikinji tapgyr google reklam hasabyna girmek, üçünji tapgyr bolsa täze kompanýa döret düwmesine basmak. Diñe bu 3 sany işi etmeli diýip pikir etýärin. Soñra bolsa özüme erkinlik berýärin ýagny bu tapgyra başlanymdan soñra islesem durduryp ýada bu işi hiç hili etmän bilerin.

46
342
Relax
05.11.2023 18:41

Meşhur futbolist Neýmar öz söýgilsi Biancardi'da ilkinji çagasynyñ dogulan güninde gök ýüzü(asmandan) 4.500.000 yewro ýyldyz satyn aldy.

57
2 625
Relax
03.11.2023 07:39

DALL-E 3 OpenAI emeli añynyñ çeken suratlary

 

53
797