Dünýäniň iň uly 10 kitaphanasy
Medeni mirasyň, medeniýetiň, geçmişiň ýadygärligi hökmünde görülýän kitaphanalar dünýäde iň köp ünsi çekýän ýerleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ýazgylar, arhiwler, eserler sanly ulgama geçirilýän hem bolsa, kitaphanalar ýurtlaryň taryhyny, medeniýetini, baý mirasyny, ylym-bilim derejesini görkezýän, kesgitleýän iň esasy ojaklaryň biri hökmünde görülýär. Şol bir wagtyň özünde, döwletleriň iň esasy medeniýet ojaklary hem-de syýahatçylyk ýerleriniň biri hasaplanýan kitaphanalar diňe bir gorlaryndaky gymmatly eserler, kitaplar bilen tapawutlanman, binagärlik aýratynlyklary babatda-da halk köpçüligini özüne çekýär. Dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň sanawynda ABŞ-dyr Russiýadan 2, Angliýadan, Kanadadan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Hytaýdan hem-de Ispaniýadan 1 kitaphana bar.
ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy
Kitap we kitap tekçeleriniň sany babatda dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanýan ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy (Library of Congress) 1800-nji ýylda ýurduň Kongresi tarapyndan bina edilýär. Häzirki wagtda bu kitaphanada 164 million eser bolup, şolaryň 38 milliony kitap, 70 milliony golýazma, 3,6 milliony ses ýazgy, 14 milliony fotosurat, 5,5 milliony karta hem-de 8,1 milliony saz notasydyr. Bulardan başga-da, kitaphanada entek doly ulgama salynmadyk ýene-de 122 million eseriň bardygy bellenilýär. Bu kitaphanada her günde ortaça 14 müň täze eser kabul edilip, azda-kände ýer ýetmezçiligine-de sebäp bolýar. Şol nukdaýnazardan, Merilend hem-de Wirjiniýa ştatlarynda kitaphananyň goşmaça binalary guruldy we bu ýerde-de ençeme eserler aýawly saklanylýar. Kongres kitaphanasy şu sebäplerden dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanýar.
Britan kitaphanasy
Dünýäniň iň uly ikinji kitaphanasy – Britan kitaphanasy (The British Library) 150 milliondan gowrak eseri özünde jemleýär. 1753-nji ýylda Britan muzeýiniň şahamçasy hökmünde gurlan bu desga 1792-nji ýylda ýörite çykarylan kanun esasynda kitaphana öwrülýär. Bu kitaphanada golýazmalar, kartalar, gazet-žurnallaryň nusgalary, çyzgylar, saz notalary, ses ýazgylary, irki ýyllarda berlen patentler hem-de 8 million sany hat markasy bar. Kitaphananyň iň gymmatly eserleriniň hatarynda dünýäde ilkinji çap edilen diýlip hasaplanýan “Diamond Sutra” kitaby bilen Leonardo Da Winçiniň ýandepderçesi-de bar.
Kanadanyň Milli kitaphanasy we arhiwi
54 million eseri bolan Kanadanyň Milli kitaphanasy we arhiwi (Library and Archives Canada) 1872-nji ýylda döredilýär. Ottawa şäherinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň uly 3-nji kitaphanasydyr. Ady dürli ýyllarda üýtgedilen kitaphana 2004-nji ýylda ýurduň arhiw edarasy bilen birleşdirilýär. Bu kitaphana “Häzirki we geljekki nesiller üçin Kanadanyň resminamalar mirasynyň aýawly saklanmagy” diýen şygar bilen okyjylara hyzmat edýär.
Nýu-Ýork halk kitaphanasy
ABŞ-nyň iň uly 2-nji, dünýäniň iň uly 4-nji kitaphanasy hasaplanýan Nýu-Ýork halk kitaphanasy (New York Public Library) 1911-nji ýylda gurulýar. Bu kitaphananyň arhiwinde 50 milliondan gowrak eser bolup, desga DVD we CD-leriň köplügi bilen hem aýratyn ünsi çekýär. Binagärlik babatda hem şäheriň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu kitaphana ýylda ortaça 18 million jahankeşde gelýär. Kitaphananyň binagärlik aýratynlyklarynyň biri onuň petiginiň beýikligi bolup, ol 16 metre barabardyr. Binanyň diwarlary dürli-dürli kartinalar bilen bezelendir.
Russiýanyň Döwlet kitaphanasy
Russiýanyň Döwlet arhiwi diýen derejä hem eýe bolan Moskwadaky Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda (Russian State Library) 43 million sany eser bar. Rus dilinden daşgary-da 247 dilde eseri bolan kitaphana 1862-nji ýylda döredilýär. Bu kitaphananyň gorunda ýörite kartalar, aýdym-saz we ses ýazgylary, az sanly nusgasy bolan ylmy işler hem-de makalalar bar.
Russiýanyň Milli kitaphanasy
Sankt-Peterburg şäherindäki Russiýanyň Milli kitaphanasynda (National Library of Russia) 36 milliondan gowrak eser bar. Russiýanyň Döwlet kitaphanasyndan soň, ýurtda 2-nji uly kitaphana bolan bu kaşaň bina 1795-nji ýylda Ýekaterina II döwründe gurulýar. Bu kitaphananyň döredilmegine 1794-nji ýylda Polşanyň paýtagty Warşawada Zaluskiý tarapyndan gurlan Ýewropadaky ilkinji halk kitaphanasy esasy sebäp bolýar. Bu kitaphanada Ýewropa dillerinde 420 müň eser aýawly saklanylýar.
Ýaponiýanyň Milli Mejlis kitaphanasy
1948-nji ýylda gurlan Ýaponiýanyň Milli Mejlis kitaphanasynyň (National Diet Library) arhiwinde 41 milliondan gowrak eser saklanylýar. Aslynda bu kitaphana 1890-njy ýylda döredilen Ýapon imperatorlyk mejlisine degişli 2 kitaphananyň hem-de 1872-nji ýylda gurlan imperatorlyk kitaphanasynyň birleşdirilmeginden soň, peýda bolýar. Binagärlik babatda tapawutlanýan desganyň girişinde ýapon we grek dillerinde “Hakykat erkinlige eltýär” diýen setirler ýazylgy.
Fransiýanyň Milli kitaphanasy
40 million eseri özünde jemleýän Fransiýanyň Milli kitaphanasy (French National Library) sanawda 7-nji orny eýeleýär. Parižde ýerleşýän bu kitaphanada Orta asyrlara degişli golýazmalaryň ençemesi bar. Kitaphana bu babatda dünýäde öňdeligi eýeleýär. Olaryň arasynda romanlar, diwanlar, Gündogar edebiýatyna degişli ýazgylar, dini ýazgylar, Paskal, Didero, Apollinar, Prust, Kolett we Sartre ýaly edebiýatçylaryň, taryhy şahsyýetleriň golýazmalary, ýandepderçeleri bar. 1461-nji ýylda düýbi tutulan kitaphana gadymy grek taryhyna degişli golýazmalar babatda hem islendik adamyň ýüz tutýan ýerleriniň ilkinjisi hökmünde uly meşhurlyga eýedir.
Hytaýyň Milli kitaphanasy
115 dilde 35 milliondan gowrak eseriň saklanýan ýeri bolan Hytaýyň Milli kitaphanasy (The National Library of China) 1909-1912-nji ýyllarda Pekinde gurulýar. Owadanlygy bilen tapawutlanýan kitaphana her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy gelip görýär. Soňky ýyllarda kitaphanada eserler sanly ulgama geçirilýär. Sanly ulgama geçirilen eserleriň göwrümi häzirlikçe 1323 terebaýta ýetýär.
Ispaniýanyň Milli kitaphanasy
Paýtagt Madridde ýerleşýän Ispaniýanyň Milli kitaphanasy (Biblioteca Nacional de Espana) 1712-nji ýylda gurulýar. 33 million töweregi eser saklanylýan kitaphananyň sanly ulgamdaky okyjylarynyň sany ýylsaýyn artýar. Eserleriň agramly bölegi ispan dilinde bolup, bu kitaphanada aýratynam Latyn Amerikanyň görnükli wekilleriniň golýazmalary, kitaplary, eserleri bar.