Relax
17.11.2023 16:37

Uçarlar nädip bulut döredýär?


Käwagt ýokary seredenimizde al-asmanda yzynda bulutdan ýol ýasap barýan uçarlara gözümiz düşýär. Eýsem, ol nädip peýda bolýarka?! Eger uçaryň hereketlendirijisinden çykýan tüsse bulut döredýän bolsa, onda näme üçin hemme uçardan tüsse çykmaýarka?!

Ilki buludyň nädip emele gelýändigini öwreneliň! Buludyň döremegi üçin howanyň Ýer ýüzünden bugarýan suwy özüne siňdirip bilmejek derejede sowuk we pes basyşly bolmagy zerur. Şeýle hem buludy emele getirjek suw damjalarynyň howada saklanyp bilmegi üçin tozan bölejikleri gerek.

Uçarlaryň motorlary öň tarapyndan howany çekip, ýakanyndan soňra yzyndaky inçe tüsseçykardan basyş bilen çykarýar. Motoryň sorup alan howasynyň düzümindäki bug has dykyzlaşyp, daşaryk pürkülýär. Ýokarda howa sowuk bolansoň, hereketlendirijiden çykan bug bada-bat doňýar. Muňa “sublimasiýa” hem diýilýär. Ýagny, bug haldaky suwuň suwuk hala geçmezden gaty hala öwrülmegi, doňup, buz bolmagy.

Ýer ýüzünde ýokary gyzgynlykda we basyşda bugarýan suwy howa bada-bat özüne çekýär. Beýiklik artdygysaýyn howanyň ýylylygy hem-de basyşy düşýär we howa bugy öz içine çekip bilmejek derejä ýetýär. Emma buludyň döremegi üçin 3-nji şert hem zerur – tozan bölejikleri. Uçaryň ýerden 10 müň metr belentlikden barýan ýerinde howa örän arassa bolup, ol ýerde buludyň emele gelmegi üçin gerek bolan tozan bolmaýar. Bu ýerde tozan bölejikleriniň deregine tüsseçykardan çykýan ýangyç tozgajyklary bar. Şol sebäpli buludyň emele gelmegi üçin ähli şertler taýýar bolýar we uçaryň yzynda inçe bulut peýda bolýar. Emeli ýagdaýda dörän bu buludyň tebigy bulutdan tapawudy ýok.

Aslynda, uçarlar aşakdan barýarka hem hereketlendirijisinden bug çykýar. Emma sowuk howa, basyş, çyglylygyň mukdary, ýeliň ugry ýaly tebigy şertler doly emele gelmändigi üçin bulut bolmaýar. Belli bir belentlikden barýan uçaryň yzyndan buludyň peýda bolmagyna uçaryň ululygynyň ýa-da görnüşiniň hiç hili täsiri ýokdur.

40
196
okayjy
22 Noýabr 2023
@atakulyyewa_humay, Salam. Bah geñ eken onda 🤔.
atakulyyewa_humay
22 Noýabr 2023
@okayjy, goz onune getir, her 1000 m yokary galamyzda 6°C peselip gityarda
atakulyyewa_humay
22 Noýabr 2023
@okayjy, her gatda temperatura uytgeyar. Hemmesinde bir bolmayar
okayjy
17 Noýabr 2023
Ýokarda howa näçe gradus sowuk bolýaka ?🤔
my_angel
17 Noýabr 2023
@237i, yerin aşagynda uçmara dagam
vekil_city
17 Noýabr 2023
Gowy maglumat, ýene ýetirip dur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.