Relax
12.11.2023 12:45

Öz ses ýazgymyz näme üçin başgaça eşidilýär?



Ses howada basyş tolkunlaryny emele getirip ýaýraýar. Gulagymyza gelýän ses tolkunlary onuň içine girip, içki gulakdaky öýjükler tarapyndan kabul edilýär. Bu öýjükler ses tolkunlaryny beýnä ugradýar. Üns beren bolsaňyz, islendik enjam arkaly alnan ses ýazgymyzyň öz sesimize meňzemeýändigini görensiňiz. Sebäbi, biz öz sesimizi iki görnüşde kabul edýäris. BIrinjisi, geplänimizde emele gelen ses tolkunlary beýleki sesler ýaly howada ýaýrap gulagymyza gelýär. Ikinjisi, ses tolkunlaryny emele getirýän ses damarlary yrgyldanynda, bu yrgyldylar boýnumyzdaky we kellämizdäki süňkler tarapyndan beýnä iberilýär. Gulagymyza daşarydan gelýän ses bilen, özümiz geplänimizde, ses damarlary arkaly beýnä barýan yrgyldylaryň ýygylygy tapawutly bolýar. Ýagny öz sesimizi hem içerden, hem daşardan bir wagtda eşidýäris. Ýazgy edilen sesde bedenimiziň içinden gelen sesi däl-de, diňe howadan gelýän sesi eşidýäris. Şol sebäpli ikisi başgaça bolýar. Daşardan gelýän sesi eşitmezlik üçin gulagymyzy ýapyp geplemeli.


Ses diňe gaty zatlara degeninde ýaňlanýar. Daglarda kert gaýalaryň belli bir derejede uzaklygynda gygyrylanda, biraz wagtdan ses ýaňlanyp özümize eşidilýär.

Ses tolkunlary gaty, suwuk we gaz halyndaky maddalardan geçip bilýär. Emma howasyz boşlukdan geçmeýär.

Sesiň tizligi sekuntda 330 metre barabar. Emma bu görkeziji howanyň temperaturasyna görä az-kem üýtgeýär.

Ses şöhleden million essä barabar ýuwaş hereket edýär. Şol sebäpli gök gümmürdisiniň sesini ýyldyrym çakanyndan gysga wagt soňra eşidýäris.

Sesiň tizliginden gaty gidýän uçarlar bar.

Gämilerde golaý zatlary anyklamak üçin sesiň ýaňlanmak hadysasyndan peýdalanylýar. Uzaklyk ses tolkunlarynyň iberilmegi we onuň haýsydyr bir zada degip yzyna gelmegi bilen ölçenýär.

43
252
vekil_city
17 Noýabr 2023
Ýetirip dur, gowy post👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.