Relax
24.02.2024 10:04

Täze ýyl gijesinden has haýyrly bolan Berat gijesi

Musulman aý-gün hasabyndan meret (şaban) aýynyň ön dördünji gününi on bäşinji gününe baglaýan gijä «berat gijesi» diýilýär. Ol bu ýyl fewral aýynyň 24-den 25-ne geçilýän gijä gabat gelýär.


«Berat» sözüniň manysy (aslynda «beraet» sözüniň gysgaldylan görnüşi) bergiden, hassalykdan, günälerden, jezadan we umuman ýakymsyz, ýaramsyz zatlardan gutulmagy, halas bolmagy aňladýar. Birnäçe halklarda berat gijesini «seç gijesi», «seçim gijesi», «ýazgyt gijesi» ýaly hem atlandyrýarlar. «Miftah al-jenan» atly kitapda getirilýän rowaýatlara görä, öňümizdäki bir ýylda boljak wakalaryň ýazgysy hut şu gijede Lewhul-mahfuzdan (dünýäniň owalyndan ahyryna çenli bolan-boljak zatlaryň beýany ýazylan kitap) zemin asmanyna getirilermiş. Bir ýyllyk ýazgydy alyp gelýän perişdeler topbak-topbak ullakan ak bulutlaryň üstünde oturyp, sahypalary agdaryşdyryp, indiki ýylyň şu gününe çenli boljak wakalary birek-birege buşlarmyşyn diýilýär. «Buşluk, bu ýyl Pylanyň bagty açylýan ekeni. Pylanylar ogul öýerýär, gyz çykarýar. Pylanylar täze jaýa göçýär. Işleri ugrukýar. Täze gazanç çeşmesi peýda bolýar. Toý edýärler. Pylanylar täze ulag edinýär. Pylany talyp bolýar...» diýen ýaly başga-da birnäçe hoş habarlary aýdyp, birek-biregi begendirmäge çalşarmyşynlar. Dogrusy, kitapda getirilýän rowaýat mundan has uzyn. «Berat» sözi türkmen dilinde «Meret» ýaly ulanylýar. Çünki, «b» hem-de «m» harplarynyň ýa-da sesleriniň ornuny çalşyp gelmegi oguz-türkmen dillerine mahsus ýagdaý. Meselem, käbir türki dillerde «men» sözi «ben», «melewşe» sözi «benewşe» we ş.m. ýaly ulanylýar. Aslynda, şu aýda Berat gijesiniň — Meret gijesiniň bardygy üçin bu aýa Meret aýy diýilýär. Aslynda aýyň dogry ady — Şaban. Meret aýynyň on dördünji-on bäşinji gijesi beýleki musulman halklarynda bolşy ýaly türkmenlerde hem aýratyn uly ähmiýet berilýän gijeleriň biridir. Bu gije öňümizdäki bir ýylda bolmagyny isleýän zatlarymyzy Haktagaladan diläp, dynuwsyz dileg-dogalara berilmek has gowy görülýär. Halk arasyndaky rowaýatlarda hem bu giňden beýan edilýär. Türkmen halk döredijiliginde «Merediň on dördüne, Gyzlar kakar läläni» diýilýän gije hem şu gijedir. Bu mübärek gijede ýaş gyzlar ýagşy zatlary zybana getirip, ykballary üçin bagt diläp, owaza salyp, hiňlenip, onuň üstüni hem zikir sözleri — läleler bilen ýetiripdirler. Dleg-dogalaryň öňünde we ahyrynda Biribara zikir-sena hem-de Pygamberimize alkyş-salawat aýdylmagy dileg-dogalaryň has çalt kabul boljakdygyna ýorulýar.

Berat gijesi Kurany-kerimiň Lewhul-mahfuzdan dünýä asmanyna inen gijesidir. Bu gijä «magfiret gijesi» hem diýlipdir. Çünki bu gijede Allatagalanyň örän köp kişiniň günäsini geçjegi Pygamberimiz tarapyndan habar berlipdir. Pygamber alaýhyssalam bu gijäni ybadat edip geçiripdir.

Berat gijesi iman, ybadat we pikir-düşünjeler nukdaýnazaryndan täzelenmek, geçmişimizi gözden geçirip, ýalňyşlyklarymyza ökünmek, toba etmek, günälerden päklenip, durmuşymyza täze sahypadan dowam etmek, geljegimizi meýilleşdirmek, arzuwlarymyzy, umytlarymyzy täzelemek üçin ajaýyp pursatdyr. Bu gije mynasybetli böwrümize diňşirgenmek — ruhumyzyň sesine gulak asmak, günälerimize toba etmek, ähli musulmanlar we adamzat üçin Biribardan ýagşy zatlary dileg etmek gowy görülýär. Beýik Perwerdigär bu gije rysgal we saglyk-şypa gapylaryny giňden açarmyş. Arzuw-umytlara, dileg-dogalara berilmek babatda bu gije Täze ýyl gijesinden müň esse ähmiýetli bir gijedir.

Muhammet pygamberiň Berat gijesi barada şeýle diýendigi aýdylýar: «Şabanyň 15-nji gijesini (ýagny, 14-den 15-ne geçilýän gijäni) ybadat we gündizine agyz beklemek bilen geçiriň. Sebäbi Gudraty güýçli Allatagala şu gije dünýäniň asmanyna rehim-şepagatyny görkezýär hem-de: «Toba edýänler bar bolsa, tobasyny kabul edeýin. Rysgal isleýänler bar bolsa, rysgalyny bereýin. Saglyk isleýänler bar bolsa, saglyk bereýin. Başga näme islegleri bar bolsa, olary hem bereýin» diýýär.

Pygamberimiz bu nygmaty beren Allatagala bolan şükür etmek borjuny ýerine ýetirmek üçin bu gijäni uklaman geçirýär ekeni, merhumlar we diriler üçin doga edip, olaryň günäleriniň geçilmegini dileýär ekeni.




Berat gijesine mahsus bir namaz we ybadat ýokdur. Käbir çeşmelerde her iki rekegatdan soňra iki egniňe salam bermek bilen, 10, 50, 100 rekegat namazlaryň okalýandygy aýdylýar. Esasy zat, bu mübärek gijäniň ähmiýetine düşünip, Kurany-kerim okap, özümize hem-de özgelere iman, saglyk, agzybirlik, abraý, rysgal-bereket, şowlulyk ýaly gowy zatlary dileg edip geçirilmeli gijedir. Bu gijäniň gündizinde we gijesinde kömege mätäçlere ýardam-enaýat etmek, sadaka bermek iňňän sogaply amallaryň biridir.


Berat gijesinde etjek ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Hak dergahynda kabul bolsun!

103
1 055
Relax
21.02.2024 11:17
Häzirki wagtda “Wi-Fi” arkaly internetden peýdalanýanlaryň sany günsaýyn artýar we käte olarda “ ‘Wi-Fi’ internet haýal işlände näme etmeli?” diýen sorag döreýär.



Eger “Wi-Fi” internet haýal işlese:



1. Ilkinji bilen, hemmä mälim bolan usul, “Wi-Fi” routeriňizi öçürip, täzeden ýakyp görüň (перезагрузка).


2. Siziň “Wi-Fi” internetiňizi sizden başga kim ulanýandygyny anyklaň. Belki, köp adam ulanýan bolmagy ahmal we netijede internet haýal işläp biler. Ulanyjylaryň sanyny “Wi-Fi” routeriň sazlamalar sahypasynda görmek bolar.


3. “Wi-Fi” internetiňiziň tizligini barlap görüň. Tizlik hakykatdan hem pesmi ýa-da dälmi anyklamagyňyz maksada laýyk bolar. 


4. “Wi-Fi” routeriňiziň sazlamalaryny gözden geçirip görüň. Esasan hem tizlik we tor bilen bagly sazlamalaryna göz aýlaň.


5. Internete girýän enjamyňyzdaky (kompýuter, telefon, planşet we ş.m.) artykmaç programmalary wagtlaýyn öçürip görüň. Meselem: açyk duran awtomatiki usulda täzelenýän programmalar (автообновления).



6. Kompýuter ýa-da telefonyňyzyň wagtlaýyn ýadyny (RAM) arassalap görüň. Käte wagtlaýyn ýat dolan ýagdaýynda ähli programmalar haýal işläp başlaýar.5. Internete girýän enjamyňyzdaky (kompýuter, telefon, planşet we ş.m.) artykmaç programmalary wagtlaýyn öçürip görüň. Meselem: açyk duran awtomatiki usulda täzelenýän programmalar (автообновления).


7 Internete girýän web brauzerleriňizi üýtgedip görüň. Käbir web brauzerler örän haýal işleýär, käbirleri bolsa internetiň tizligine görä optimizirlenen görnüşde işleýär.



8. “Wi-Fi” routeriňize ISP-den gelýän kabeliň talaba laýyk işjeňligini (“Ethernet”, ADSL kabeller) barlap görüň.10. Käbir diwarlary galyň jaýlarda, “Wi-Fi” router, signallaryny ähli otaglara ýetirip bilenok. Şunuň ýaly ýagdaýlarda antennasy köpräk bolan has güýçliräk router satyn alynmaklyk maslahat berilýär.11. “Wi-Fi” routeriňizi ýerde ýa-da bir zadyň arkasynda goýmaň. Ony ýokarrakda goýmaklyk maslahat berilýär.



9. “Wi-Fi” internetiň tizligi barada şol ISP-iň (ISP – “eng. Internet Service Provider”, Internet hyzmatyny beriji edara) müşderisi bolan, ýagny siziň ISP-iňiz bilen bir bolan, şol bir ISP-iň internetini ulanýan dostuňyzdan ýa-da tanşyňyzdan hem sorap görüň. Eger olarda gowy işläp, sizde haýal işleýän bolsa, diýmek bu – siziň içki meseläňiz.


10. Iň soňky usul bolsa, ISP operatoryňyza jaň edip görüň. Operator hem size kömek eder we degişli maslahatlary berer.
47
306
Relax
20.02.2024 08:59

Öýlerdäki “Wi-Fi” inerneti keseki adamlardan nädip goramaly?


Häzirki wagtda internet ulanyjylary günsaýyn artýar we internet köp öýlerde bar diýsek ýalňyşmarys. Ulanyjylaryň köpüsi öýlerindäki interneti “Wi-Fi” routeriň üsti bilen simsiz görnüşde ulanýarlar.Soňky wagtlarda ““Wi-Fi”-ni döwmek, goňşyň internetini ulanmak, goňşyň “Wi-Fi”-niň açarsözüni bilmek, “meniň “Wi-Fi”-mi biri hä ulanýar”” ýaly sözler meşhur bolup başlady.Eýsem, “Wi-Fi” internetimizi keseki adamlardan nädip goramaly? Ýokarda belleýşim ýaly, “Wi-Fi” internet toruny “Wi-Fi” routeri paýlaýar, diýmek, biz, ilkinji nobatda “Wi-Fi” routeriň goragyny üpjün etmelidiris.“Wi-Fi” routeriň goragyny üpjün etmek boýunça esasy maslahatlar:1. “Wi-Fi” toruňyzyň adyny üýtgediň (SSID);


Adatça “Wi-Fi” torunyň adynda “Wi-Fi” routeriň öndüriji kompaniýasynyň ady we onuň modeli durýar. Mysal üçin TP-LINK, D-LINK....Bu bolsa bet niýetli adamlara routeriňiziň modelini anyklamaga aňsatlyk bilen ýol açýar. Şol sebäpden, “Wi-Fi” toruňyzyň adaty adyny başga bir ada üýtgetmek maksada laýyk bolar.

Internete baglanýan “Wi-Fi” toruňyz açarsöz bilen goragly bolmaly, eger “Wi-Fi” toruňyz açarsözsüz bolsa, onda onuň tutýan çägindäki ähli ulanyjylar oňa aňsatlyk bilen baglanyp bilerler. “111111”, “123456” ýaly ýönekeý açarsözleriň goýulmagy maslahat berilmeýär. Açarsöz hem harplardan (şol sanda baş harp), hem sanlardan ybarat bolup, onuň uzynlygy 6 simwoldan uly bolmagy maslahat berilýär.


3. Goragyň görnüşi (Encryption);


“Wi-Fi” tora açarsöz goýlanda, onuň gorag görnüşi hem saýlanylýar. Bu ýerdäki gorag - açarsözi şifrleýär. Şifrlemeleriň her dürli görnüşi bar, olar barada aýratyn internetde okap bilersiňiz. Esasy maksat – açarsözüň açyk bolmazlygy, şifrlenen bolmagy we şifrlemäniň güýçli görnüşi saýlanylmagy.4. “Wi-Fi” routeriňizi ulanmaýan wagtlaryňyz öçürip goýuň;


Öýüňizde uzak wagtlap bolmadyk wagtlaryňyz “Wi-Fi” routeriňizi öçürip goýsaňyz, hiç kim siziň toruňyzdan peýdalanyp bilmez we bu howpsuz bolar.5. “Wi-Fi” routeriňizdäki DHCP serwer tarapyndan diňe özüňize zerur bolan mukdarda IP salgylarynyň paýlanylmagyny üpjün ediň;


“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynyň içinde DHCP serwer diýen menýusy bar. DHCP – “Wi-Fi” toruna baglanan kompýuter we enjamlara IP salgylaryny paýlaýar (meselem: 192.168.1.110). DHCP serwer diýen menýuda paýlanylýan IP salgylarynyň mukdaryny özüňize görä sazlap bilersiňiz.Meselem, paýlanylýan başlangyç IP salgysy 192.168.1.100, soňky IP salgysy 192.168.1.200 bolsa, DHCP kompýuter we enjamlara 192.168.1.100-192.168.1.200 aralygynda IP salgylaryny paýlar. Netijede 100 sany IP salgysy paýlanar. Şol iki aralykda diňe özüňize zerur bolan mukdarda enjamlar üçin IP salgylarynyň paýlanylmagyny üpjün edip bilersiňiz.Meselem, öýüňizde “Wi-Fi” internet toruna 1 kompýuter we 3 sany telefon baglanýan bolsa, onda başlangyç IP salgysyny 192.168.110, soňky IP salgysyny 192.168.1.113 diýip sazlap bilersiňiz, netijede DHCP size 192.168.1.110, 192.168.1.111, 192.168.1.112 we 192.168.1.113 IP salgylaryny paýlar. Bu usul, diňe özüňize zerur mukdarda IP salgysyny paýlamaga ýardam eder we artykmaç IP salgysyny paýlamaz.Ýokardaky mysaldaky ýaly, öýüňizde 1 kompýuter we 3 sany telefon “Wi-Fi” toruna baglanan bolsa, onda başga biri we başga kompýuter ýa-da enjam siziň toruňyza baglanyp bilmez, sebäbi DHCP serweri eýýäm ýaňky 4 sany IP salgysyny siziň öz enjamlaryňyza paýlar. Eger 4 enjamdan biri baglanan däl bolsa, onda 1 IP salgysy boşaýar we indiki baglanjak enjama paýlanylýar.6. DHCP serwerinde IP salgylary rezerwirlemek;


“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynyň içinde DHCP serwer diýen menýusynda IP salgylary rezerwirlemek diýen bölümi bar. Ol bölümiň esasy maksady – kompýuter we enjamlara olaryň MAC salgylaryna göra belli bir, hemişelik IP salgysyny paýlamak. Meselem, öýde 3 sany enjam “Wi-Fi” toruna baglanýan bolsa, olaryň ählisiniň MAC salgysyny şu bölüme goşup, şol MAC salgysyna diňe hemişelik belli bir IP salgysynyň paýlanylmagyny üpjün edip bolýar. MAC salgysy – kompýuter we aragatnaşyk enjamlaryň her biriniň ýeke-täk, gaýtalanmaýan, zawod tarapyndan goýlan belgisi. Mysal hökmünde, telefonyň MAC salgysy EC:10:7B:0B:XX:XX bolsa, onda EC:10:7B:0B:XX:XX MAC salgyly telefona hemişe 192.168.1.111 IP salgysynyň paýlanylmagyny üpjün edip bolýar. Munuň amatly tarapy – toruňyza islendik adam baglanyp bilmez, diňe rugsat berlen MAC salgylaryna IP salgylar paýlanar we netijede diňe olar siziň toruňyza baglanyp bilerler.


Ýeri gelende aýtsak, islendik enjamyň ýeke-täk, gaýtalanmaýan MAC salgysy bolup bilýär. Ol salgy hiç bir enjamda gaýtalanmaýar. Şol sebäpli hem “Wi-Fi” toruna baglanmasyny enjamyň MAC usuly bilen filtrläp bileris.


“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynda MAC filtrleme diýen bölümi bar. Bu bölümiň esasy maksady – “Wi-Fi” toruna diňe rugsat berlen MAC salgylarynyň baglanylmagy. Islendik kompýuter ýa-da enjam baglanman, diňe şol bölümde görkezilen MAC salgyly enjamlar baglanyp bilýärler.8. “Wi-Fi” routeriňiziň sazlamalar sahypasynyň administrator ulanyjysynyň adyny we açarsözüni üýtgediň;


“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynyň ulanyjy ady we açarsözi köplenç “admin/admin” bolýar, muny köp kişi bilýär. Sazlamalar sahypasynyň ulanyjy adyny we açarsözüni üýtgetmek onuň goragyny has hem güýçlendirer.




9. “Wi-Fi” toruňyzy gizlin ediň;


Köp “Wi-Fi” routerlerde paýlanylýan tory gizläp bolýar. Meselem, telefondan “Wi-Fi” torlar gözlenilende şol toruň ady çykmaz ýaly edip bolýar, ol tora baglanmak üçin bolsa, ulanyjynyň ony eli bilen goşmaly bolýar. Bu “Wi-Fi” tory goramagyň iň ygtybarly görnüşi diýsek ýalňyşmarys. “Wi-Fi” toruň hiç bir telefonda görünmezligi üçin, sazlamalar sahypasyndaky “Broadcast network” diýen ýazgynyň gapdalyndaky belligi aýyrmaly.


10. “Wi-Fi” routeriňiziň programma üpjünçiligini täzeläp duruň.Bu bölüm esasan hem kompýuter hünärmenlerine degişli. Her bir routeriň programma üpjünçiligi bolýar, gaty wajyp bolmasa-da, olary kämahal täzeläp durmak maslahat berilýär. Routeriň programma üpjünçiligi diňe ynamdar çeşmelerden alynmaly, bu maslahat kompýuter hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilse maksada laýyk bolar.Bellik:


“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasyna girmek üçin öndüriji kompaniýasy tarapyndan ulanyjy ady we açarsözi adatça “admin/admin” goýulýar, baglanylýan sahypasyna bolsa “192.168.1.1” (192.168.0.1) IP salgysy berilýär. Bular barada maglumaty goşmaça, routeriň ýanynda çykýan ulanyş düzgüni kitapçasynda-da tapyp bolar.

57
541
Relax
Relax
14.02.2024 21:30
#Walentin 14 fewral taryhy Rowaýata görä, Walentina Gadymy Rim imperiýasynda ýaşap geçen takyk ylymlar bilen gyzyklanan, lukman ruhany bolupdyr. Onun ýaşan döwüri KlawdiýII hökümdarlyk eden döwrüne
Relax
07.02.2024 20:57
Tanyşlyk saýty

Bir görmegeý oglan bar eken, ol okapdyr, gowy işe giripdir, baýapdyr, maşyn edinipdir, iki gatly jaý edinipdir. Ýöne ol 28 ýaşapapdyr, henizem özüne öýlenip, bagt gurmak üçin gyz tapynmandyr. Onuň işleri gaty kän bolany üçin, wagty hem bolmandyr eken. Ol internede girip, tanyşlyk saýtyndan gözlemegi ýüregine düwýär. Ol anketa doldurmaga başlaýar. Ol anketa dolduranynda, özi barada hemme zady aýtmazlygy ýüregine düwýär. Sebäbi ol gyzlaryň, onuň bilen puly üçin ýa-da maşyn, jaýy, görmegeýligi üçin tanyşanlaryny islemeýärdir. Ol özüne gowy gyz tapynasy gelýärdi. Ol anketasynda:

– Ady: .............................Ýeňiş
– Familiýasy: ..................Myradow
– Ýyly: ............................1996
– Maşgala ýagdaýy: ........Sallah
– Ýaşaýyş jaýy: ..............Wremýanka
– Ulag: ............................Maskwijim bar
– Işleýän ýeri: .................Zawotda garawul
– Ýüz keşbi: ....................Ýüzüm gara, düwürtiklerim bar
– Boýy: ...........................1.62
– Kilesi: ..........................49
– Aýlyk Haky: ................800 m. aýyna
– Özi barada: ..................Men sada oglan, şadyýan, adalatly, hakykatçyl, içemok, çekemok, erbet adamlar bilen gatnaşamok, sungaty söýýän, kitap okaýan, Mosarty, Bethoweny halaýan we ş.m.

– diýip, goýýar. Ol registrasiýa edeninden soň, gyzlaryň hemmesiniň şahsyna “salam” diýip ýazýar. Ýöne hijisindenem jogap gelmeýär. Ertesi güni ol ýene-de “barlap göreýin, belki hijisine hatym baran däldir” – diýip, hemmesiniň şahsyna ýene-de “salam” diýip ýazýar. Ýöne hemmesindenem “Plany sizi gara sanawa saldy” – diýip, habar gelýär.

ווווווווווווווווווווווווו

Gowy ýaşlar

Üç talyp öz aralarynda gürrüň edýärler. Jemal gürrüňe başlap:
– Men hijem sögünip gürleşýänleri, göwne degýänleri halamok, elbetde kän adam sögünýärem, göwnede degýärler bu döwürde. Ýöne, özüm sögünmänimden soň, göwne degip gürleşmänimden soň, edepsizlik hasaplaýan. Olar gowy adamlar däl meň üçin-ä – diýipdir. Onuň bilen Aýsona razylaşyp:
– Hawa, menem halamok şolar ýalylary. Soňam, köp adamlar indi biri-birlerinem sylanoklar. Birinden bir zat sorasaňam, haýyş etseňem ýüzüňi alyp goýberýärler – diýipdir. Onuň bilenem üçinji gyz Bägül razylaşyp:
– Hawa. Bu döwüriň adamlary şeýle boldy. Üstesine-de biri-birleriniň gepini edýärler indi. Hiç zat etmeseňem ile gürrüň bolsa bolýar. “Oň bilen söýüşdi, buň bilen görüşdi, plan etdi” diýip durlar – diýipdir. Soň olar öýli-öýlerine dargaýarlar. Jemal öýüne ýöräp barýarka eline jaň gelýär. Ol telefony alyp:
– Alo.
– Salam Jemal. Bu men, Aýnabat. Geçen aýdaky alan ýakaň puluny soramak üçin jaň etdimlaý.
– Hä, bu senmi?! Salam. Entäk stipendiýamy alamok, bererin alamsoň.
– Agyz! Bir hepdeden soň berjek diýipdiň-ä sen! Almaly däl-dä bermejek bolsaň!
– Ölüp barýaňla gy bir kirli ýaka diýip! Bererin diýdimmi, bererin-dä tobo!
– Aldamaly däl ekeniň alan wagtyň!
– Ýok bolsana gy! Alanyma ökündirdiňle!
– Menem saňa satanyma ökünýän.
– Gürlemesenaý, gummul, urrodina! Bu kirliligiňden ýaňa ärem alanok seni! – diýip, telefonyny öçürýär.
Şol wagyt, Aýsona-da awtobusa münýär öýlerine barmak üçin. Ol awtobusda boş ýer tapyp oturýar. Indiki duralgada awtobus dolýar we hamyla gelin girip, Aýsonaň ýanynda durýar. Aýsona bolsa, gulagy nauşnikli, özem imoda hat ýazyşyp, daş töweregine-de üns bermän otyrdy. Soň oňa bir ýaşuly:
– Gyzym – diýip, egninden kakýar. Aýsona:
– How ýaşuly, näme gerek?! – diýip, gödek jogap berýär. Ol ýaşulam:
– Gyzym, şu göwreli aýala ýer beräýseň diýýän.
– Menden başga adam tapylmadymy näme?! Hana, yzda birtopaý ýaş oglanlar otyr-a! Diýäý şolara! – diýip, gaharlanypdyr.
Şol wagyt hem, Bägül taksi tutupdyr öýlerine barmak üçin. Ol ulaga müneninden soň eline jaň gelýär. Ol telefony alyp:
– Mekanjan, ezizim, gowumy sen?!
– Hawa gülüm, sen nähili?
– Menem gowy.
– Gülüm! Şu gün seni kafe çagyrmakçy bolup jaň etdim. Agşam sagat ýedilere taýyn bolgunyň!
– Bor ezizim! Haýsy kafe gidýäs?
– Aýtjak däl, goý sýurpriz bolsun. Agşam jaň ederin onda.
– Bolýa.
– Poka onda.
– Poka – diýip, telefonyny goýanyndan soň, oňa ýene jaň gelýär. Ol telefony alyp:
– Kerimjan, alo.
– Bägüljigim, salam.
– Salam aşkim, gowumy ýagdaýlaň?!
– Örän gowy. Agşam berkarara aýlanalyňmy?
– Ýok aşkim, gaty görme, bu gün hiç ýerede gidip bilmerin. Işlerim kän, ekzamenada taýýarlyk görmeli.
– Bolýa, hiçlaý. Soň bir gün aýlanarysda onda!
– Ýa nesip.
– Okuwyňda gowumy hemme zat?
– Hawa, gowylaý. Şu Aýjerenden ýadaýanlaý soňky döwür. Şeýle bir gepjiň baryp ýatany özem.
– Hä, näme diýýär beýle?!
– Adamlaň gybatyndan başga zat bilenok. Özem gara matja Nepes bilen söýüşýärlaý. Geregem şollaý şoňa. Maňa dagy “dar köýnek geýip, oglanlara görünmäge utanaňokmy söýgüliň barka” diýen bolýar. Men näme, oglanlara görünmek üçin geýinýänmi?! Özüm üçin geýinýän-ä.
– Üns bermesene gowsy. Görip bolany üçin şeýdýändir.
– Bolýa Kerimjan, soň habarlaşaýarys onda, öýe ýetdim.
– Bolýa, sagaman otur onda!
– Bolýa, poka – diýip, telefonyny goýdy.
42
516
Relax
28.01.2024 19:10

Bernard Şou hikmetlerinden...


Eger öwrenmegi islemeseň, durmuş saňa hiç zat öwretmeýär.


***


Adamlaryň 2% göterimi - oýlanýar, 3% göterimi - oýlanýan diýip oýlaýar. Galan 95% göterimi oýlananyndan ölenini gowy görýär.


***


Çagalaryny dogry terbiýelemek üçin ata-eneler perzentlerine asyl bolşy ýaly görünmegi gerek.


***


Jemgyýete optimistler hem, pessimistler hem goşant goşdular. Optimist samalýoty oýlap tapan bolsa, pessimist paraşýudy oýlap tapdy.


***


Şarpygyňa jogap bermedik adamdan gork: ol seni hiç haçan bagyşlamaýar, bagyşlamak üçin özüne özi rugsat bermeýär.


***


Ideal erkek - öz aýalyny ideal diýip hasaplaýan erkekdir.


***


Erkek bilen aýalyň terbiýelilik derejesi, aralarynda jenjel turan wagty belli bolýar.


***


Adamyň ýurt we adamzat üçin edip biljek iň uly hyzmaty - çagalaryny terbiýelemegidir.


***


Imansyz adamlar häzirki jemgyýetde ahlaksyz we pula mätäç aýaldan hem howplyrakdyr.


***


Duýgular adamy pikirlenmäge mejbur edýär, ýöne, pikirler hiç haçan duýmana mejbur edip bilmeýär.

64
747
Relax
25.01.2024 21:02




Sarez köli Täjigistanda,Pamir daglarynyň arasynda deňiz derejesinden 3 255 metr beýiklikde ýerleşýär Köl 1911-nji ýylda ýüz beren ýertitremede Bartaň derýasynyň akymy tebigy bent bilen ýapylmagy netijesinde peýda boldy.Şondan bäri onuň çuňlugy 505 metre ýetdi Seraz seýsmik zonada ýerleşip,onuň töwereginde ýygy-ýygydan ýertitremeler bolup durýar Ine,şu ýagdaý, uzak ýyllardan bäri alymlary alada goýýar.

2023-nji ýylyň 23-nji fewral güni Täjigistanda birnäçe ýirtitremeler bolup geçdi Ýertitremäniň episentri Dagly Badahşan awtonom welaýatynyň Murgab etrap merkezinden 67 kilometr günbatarda,Seraz kölünden 30 kilometr gündogarda ýerleşendigi aýdyldy.

Şol güni öýläne çenli ýer ýene birnäçe gezek yrandy Bellige alynan magnitudalar 4,5-5 bala deñ boldy Ýüze çykan ýertitremeler Seraza ýakyn ýerde ýerleşmegi köpçüligi alada goýdy.

Emma Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar býurosynyň metbugat kätibi Umida Ýusufiý, alada galamaga hiç hili easyn ýokdugyny aýtdy.

"Sarez kölünde gözegçilik we öňünden duýduruş sistemasy normada işleýär Üýtgeşmeler bellige alynmady Köle suwuň gelmegi we onuň akymy adatdakysy ýaly boldy" diýýär ol.

Belent daglaryň arasynda ýerleşen Sarez kölüniň töwereginde ýygy-ýygydan ýertitremeler bolup durýar Käbir alymlar ony "Ukudaky aždarha" diýip atlandyrýarlar.

2020-nji ýylyň 6-njy noýabr güni Britaniýanyň Daily Mail neşiri Täjigistandaky Sarez köli baradaky makalasyny çap etdi Onda bu köl "Ýuwaşlyk bilen herekete geçýän tebigy bomba" diýilip atlandyryldy Mundan başga,Sarez köli bilen bagly heläkçilik, taryhdaky iň erbet tebigy apat bolmagy mümkindigi aýdylýar.

Makalada ýazylmagyna görä,Merkezi Aziýa ýurtlary diňe bir baý tebigaty bilen däl,belki tebigy ýagdaýda peýda bolan bir näçe howply ýerleri bilenem tapwutlanyp durýar.

"Täjigistanyň çäginde Pamir daglarynda ýerleşen Sarez köli diňe bir ýurt üçin däl,beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary üçinem uly howpdyr Opurlmak netijesinde tebigy bent bilen gurşalan köl tebigy täsinlik bolmagy bilen bilelikde,ýuwaşlyk bilen herekete geçýän bomba meňzeýär. Eger Sarezde heläkçilik ýüz berip,suwy joşsa,taryhdaky iň erbet tebigy heläkçilik ýüze çykmagy mümkin Millionlap tonna suw,çagyl we beýleki çökündiler Bartaň,Panj we Amyderýaň ugry bilen akyp,ähtimal Aral deňzine çenli baryp ýeter Heläkçilik netijesinde Merkezi Aziýada millionlap gektar ýerler,şunlukda,Täjigistan,Owganystan
,Özbegistan,Türkmenistan we Gazagystanda köpläp ilatly ýerleri suw basmagy mümkin" diýip ýazýar neşir,BMG tarapyndan dürli ýyllarda berilen maglumatlara esaslanyp.

Makalada Merkezi Aziýa ýurtlary,BMG we dünýä banky tarapyndan Sarez köli bilen bagly ýagdaýlar seresaplykyk bilen gözegçilikde saklaýandygy ýazylan.

SAREZ KÖLI BARADA MAGULMATLAR.

Sarez köli-Täjigistanda ýerleşýän Dagly Badahşan awtonom welaýatynyň çäginde ýerleşen dag köli Ol dag jynslarynyň opurulmagy netijesinde tebigy görnüşde peýda bolan köl hasaplanýar.

Kölüň:
Deňiz derejesinden beýikligi-3255 metr;
Uzynlygu-70-75 kilometr;
Ini ortaça-3,3 kilometr;
Iň çuň ýeri-505 metr;
Ortaça çuňlugy-185 metr;
Meýdany-15 755 m²;
Köl suwunyň umumy göwrümi-17 km³.

KÖLÜŇ PEÝDA BOLMAGY.

1911-nji ýylyň 3-nji mart güni Dagly Badahşandaky Aksuw derýasynyň gollaryndan biri bolan Bartaň derýasy akyp geçýän dere güýçli ýertitreme sebäpli opurulýarijede derýanyň ýoly ýapylyp,tebigy bent emele gelýär.

Şondan soň Bartaň derýasynyň suwy derede ýygnanmaga başlaýar.1925-nji ýyla çenli kölüň suwy her ýyly 9 metre çenli göterilipdir.1925-1938-nji ýyllar aralygynda 1,2 metre,ondan hazire çenli 0,2 metrden göterilýär.

1938-nji ýylda kölüň çuňlugy 480 metre ýetipdir Häzir bu görkeziji 505 metre ýetdi.

SAREZ KÖLI BARADA EDILÝÄN ALADALAR.

1999-njy ýylda BMG Sarez köli babatynda öz barlaglarynyñ netijrlerini yglan etdi Onda köl barada umumy maglumatlardan daşary,kölde ýüz berip biläýjek heläkçiligiň takmyny zyýany barada-da ýazyldy.

2000-nji ýylda Dünýä banky gözegçiligi astynda halkara proýekt öz işine başlady Köle döwrebap monitoriň we duýduruş sistemalary ornaşdyryldy Şondan bäri köldäki ýagdaý yzgiderli gözegçilikde saklanylýar.

Köldäki tebigy bende duýduryş signallaryny ibeýärn aparatlar ýerleşdirildi Bu ýerde nobatçylyk edýän operatorlar 24 sagat dowamynda gözegçilik punkutlarynda oturup,suwdaky üýtgeşmeleri we beýleki parametrlerini ölçäp durýarlar Suw derejesinde düýpli üýtgeşmeler ýüze çykanda,olar gyssagly duýduryş berýärler.

Internet maglumatlary esasynda.
10
874
Relax
17.01.2024 14:48

Awtor okyjylara semremegiň zyýanlydygy barada ýazýar. Diňe on adamdan biri semremegiň zyýanlydygyna düşünýär. Galan okyjylar ondan başga many tapýar. Haýran galaýmaly.


Adamlaryň 85 prosenti adamlaryň 85 prosentiniň ýaman adamlardygy barada gürrüň edýär.


Eger size täze işgär gelen bolsa, olam akmak bolsa, onuň bilen gowy gatnaşykda boluň. Sebäbi ol siziň geljekde başlygyňyz bolmagy ahmal.


Şu döwüriň abraýly hasaplanýan adamlarynyň arasyna garyşasyňyz gelýän bolsa, sizem şol adamlar ýaly pomidoryň gürläp bilýandigine ynanyp görüň.


Eger siz ylym öwredýän kitaplary kän okan bolsaňyz, diýmek sizem köpçülikleýin jedellerde utulýan adamlaryň biri bolýansyňyz.


Biri bir adama hakykaty düşündirip durka “akyl satma” diýýän bolsa, ol “maňa hakykat gerek däl” diýen ýaly meň üçin. Sebäbi, käbir adamlar üçin hakykat gaty ajy bolup görünýär. Olar ony bilmezlik üçin diňe ýalany hakykat diýip kabul edýär.


Käbirleriniň edýän gürrüňi: “ol adam düýnem içip ýördi, bu gün bolsa molla bolupdyr.” Şol adamlara men: “ol adam eden ýalňyşyna düşünip, toba gelip, soňam dogry ýoly saýlapdyr. A sen näme etdiň?!” diýesim gelýär.


Bir adamyň özüni kämilleşdirýändigini gördüm. Ol özüni kämilleşdirdigiçe adamlar oňa garşy şonça-da töhmet atýardylar.


Akmak döreden zadyny öwüň diýip görkezýär, akylly bolsa kemçiligini aýdyň diýip görkezýär.


Wasýa Bangladeşiň nirede ýerleşýändigini sorady. Onuň dosty Pawel öz pikirini aýtdy ýerleşýän ýeri barada. Kursdaşy Andreý bolsa kitaby açyp kartada görkezdi ýerleşýän ýerini. Wasýa dosty Paweliň pikirini dogry diýip goldady. Şu ýagdaýlara men hijem düşünip bilemok.


Men bir adamyň erbetdigini bilmezimden öň, ol özi barada diňe gowy zatlary aýdypdy. Bir adamyň gowudygyny bilmezimden öňem, ol özüniň diňe kemçilikleri barada aýdypdy.

48
718
Relax
12.01.2024 20:48

Durmuşda iň gymmat zat näme?


 Her bir adama şeýle sorag berseň, jogaplar hökman dürli-dürli bolaýmaly. Aýal-gyzlar üçin, köplenç iň gymmat zat çaga we maşgala durmuşy. Erkekler üçin wezipe, pul, hökmürowanlyk we at-abraý bolup biler. Gymmatlyklar her bir adam üçin dürli-dürli bolýar, eýsem gymmatlyklaryň haýsy biri dogry? Mysal üçin, zenan üçin iň gymmat zat pul bolsa, şeýle adam pul gazanmak üçin, öz tenini satmakdan we başga beter zatlardan hem gaýdanok. Ondan beter näme bolup biler diýseňiz? Göwreli aýallaryň öz çagalaryny türkde doguryp, satyp gaýdýanlaryny köp eşdipdim. Puly iň wajyp zada öwüren adamlaryň hereketleri şeýle bolýar, emma gymmatlyklaryň ählisi, diňe bir maddy baýlyk bilen tamamlananok. Maddy däl gymmytlyklar hem az däl, aýdaly iň wajyp zat ylym we bilim diýip hasap edýän adamlar hem bar bolmaly? Dogrymy aýtsam, olaryň durmuşdan nähili awunýanlaryny men bilemok, ýöne ters gymmatlyklar basgançagy bolan islendik adam, hökman durmuşda awunýar. Awunmaz ýaly, durmuşda islendik adam üçin, iň birinji we gymmat zat Hudaý bolmaly. Bu meň sözlerim däl, bu Sergeý Lazerýewiň sapaklary we men şol adam bilen bütinleýin ylalaşýan. Hudaýy öz durmuşynda iň gymmat zat diýip hasap edýän adam üçin, bu durmuşyň hiç bir nogsanlyklary gorkuly däl. Mysal üçin aýdaly, käbir adam üçin iň wajyp zat oň aýaly bolsa, we aýaly oňa biwepalyk etse, ýa-da taşlap gitsen, ýa-da ýogalsa, şeýle adam öz durmuşynyň manysyny ýitirýär, durmuşy sönen ýaly bolýar, ýaşasy gelenok, ykbaldan we Hudaýdan nägile bolýar. Sebäbi durmuşynda iň wajyp zadyny ýitirdi. Eger adam üçin iň wajyp zat ilki bilen Hudaý bolsa, we başga (gymmatlyklar) zatlar 2-nji we 3-nji ýerde bolsa, şeýle adam durmuşda ähli zadyny ýitirsede, hiç haçan ruhdan düşenok. Iň esasy gymmatlyk ýerinde dur dämi? Galan zat Ondan wajyp bolup bilemez. Şu ýerde Beýik Ýaradyjyň hem, ýagdaýa görä bir gowy häsýeti bar. Haýsy adam öz gymmatlyklar basgançagynda, Hudaýdan ýokary başga bir zady goýsa, şol zady Hudaý ol adamdan alýar. Hudaýdan soň goýulan islendik zady, Hudaý şol adama berýär. Elbetde Hudaý bu zatlary gabanjaňlykdan edenok. Bu zatlary ajy bolsun, süýji bolsun, diňe kyýamat günu öz hasylny bermeli. 


Adam nämäni durmuşda wajyp diýip hasap etse, şol zada adamyň ruhy ýelmeşýär, ýüregi ýelmeşýär, başgaça aýdaňda kalby ýelmeşýär. Mysal üçin dumuşda iň wajyp zat pul diýen pikir bilen, \"ol dünýä\" ugramakdan erbet zat ýok. Her bir adam, durmuşda iň wajyp zat Hudaý diýen pikir bilen iň soňky ýola düşmeli, Hudaýyň hem maksady şol. Şol sebäpden hem, entek şu dünýede, adamlaryň döwülen ruhlaryny Hudaý bejerýär we dogry gymmatlyklary ýüregine guýýar. Eger durmuşda iň wajyp zat, öz söýen gyzyň bilen durmuş gurmak bolsa, owadan gyzlara ýeňil aşyk bolýan bolsaň. Sen hökman bir jelep gyza öýlenýäň we durmuşyň soňuna çenli, gyz diýen zatdan çetde durar ýaly bolýaň. Bu çäreler seň ýüregiň gyz diýen zada ýapyşmaz ýaly amala aşyrylýar. Biziň maňlaýmyzda nämeleriň ýazylandygy belli däl, gelejek bizden ýapyk. Her bir adam öz durmuşyndaky islendik zady, häziriň özinde tabşyrmaga taýyn bolmaly. Ertir biz näme ýitirmeli boljagymyz belli däl, köpler pulyny ýitirýär, ene atasyny, wezipesini, jan saglygyny, öz çagalaryny ýitirinäýler hem bar. Hudaý bizden nämäni alsa, biziň içki dünýämizde hiç bir zat sarsmaly däl. 


Ýokarda aýdylşy ýaly, baýlyklaryň ählisi maddy däl. Mysal üçin ýaňy ýakynda bir tanş aýal, öz janyna kast etdi we 4 çagany ýetim goýup gitdi. Wagtyň geçmegi bilen ol aýala, oň ýoldaşy azar berýändigini bilindi. Aýalyň ýoldaşy, ony urýan eken, aç saklaýan eken, garaz köseýän eken. Ýöne nähili agyr günde ýaşasada, ol aýal hiç kime öz derdini aýdyp bilmän, iň soňundan öz janyna kast etmeli bolýar. Eýsem bu ýagdaýa nähili düşünmeli? Edil şu wagt men öz aýalymy urup urmakam ejelerine gitjegini bilýän, sebäbi meň aýalym üçin iň wajyp zat oň ýanýoldaşy (men) däl. Öz janyna kast eden aýal üçin bolsa, iň wajyp zat maşgala durmuşy, öz ýoldaşy bolmaly? Özem wajyplyk boýunça Hudaýdan hem öňe geçen bolmaly. 



Eger adam haýsy bir zady, öz durmuşynyň manysyna öwürse, şol zat (Hudaý tarapyn) adamyň göwnüne degip başlaýar, adam şol zatdan geçer ýaly derejede. Ýöne bejergi kömek etmese, şeýle adam janyny tabşyrmaly bolýar, sebäbi adamyň ruhy gün günden ters düşünje bilen hapalanýar. Uzak ýaşap hapa ýürek bilen Hudaýyň ýanyna baranyňdan, az ýaşap arassa ýürek bilek Hudaýyň ýanyna baranyň gowy.


Öz ene-atasy üçin durmuşyň manysyna öwrlen çaga, hökman doňuz bolup ýetişýär, ene ataň ýüregi ondan sowar ýaly. \"Pristiž\" diýen zady durmuşyň manysyna öwren adamlar, neşekeşe öwrülýärler, il içinde abraýdan düşer ýaly. Garaz ters gymmatlyklar basgançagy bilen bagly mysallar diýseň kän. Hudaýyň aýdyşy ýaly: Ol dünýäni soran adama, ol dünýänem bererin, şu dünýänem bererin. Diňe şu dünýäni soran adama, şu dünýänem bermerin, ol dünýänem bermerin.



Rahman Zulfikarow

54
638
Relax
08.01.2024 17:01

Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar!


Mümkin, sizi hic wagt gana suwsan ýyrtyjy kowalan däldir, şonuň ücinem howp salýan ölüm duýgusyny başdan geciren dälsiňiz. Emma her birimiziň yzymyzdan mundanam has elhenc ýyrtyjynyň dyngysyz kowup gelýändigine ynanmalysyňyz. Ol - günä we onuň ücin beriljek jezadyr. Günäniň seni tapmagy - bu edil Hudaýyň bardygy ýaly jedelsizdir. Günä özüni jenaýatcy ýaly alyp barýar. Ol hic hili görnüşde-de gizlenip bilýän däldir. Günäniň öz bedeniňden tapylmagyna düşünmek ücin aýratyn subutnamalar talap edilmese gerek. Adam näme ekse, şony hem orar. Meselem, alkogol icgilerini ulanmak bagyr we ic kesellerini döredip, organizmiň dürli kesellere garşy durma ukybyny peseldýär. Jyns ahlaksyzlygy hökmany suratda weneriki kesellere getirýär. Hatda gahar-gazaply, merhemetsiz iňňirdili ýagdaý aşgazanyň bozulmagyna getirýär.

GÜNÄŇ ÜCIN TÖLEMEKDEN GACMAGA EDILEN SYNANYŞYK BIDEREKLIKDIR!


Günä diňe bir bedende hereket etmän, ol ynsan barlygynyň bir böleginde hem saklanýar. Meselem, humarly oýunlara ýykgyn edýän adamlarda erbet häsiýetler döräp başlaýar. Olar gaharjaň, talabediji, ulumsy, aldawlyk ýollary bilen hemişe birinji bolmagy halaýarlar.


Ýaradanymyz her bir adamda Hudaýyň odunyň ucgunyny ýakdy. Bu ucgunyň ady - wyždandyr. Onuň wezipesi ýagşy işlere ymtylyp, dogry ýola gönükdirmekdir. Adam günä edende, wyždan ony paş edýär, duýduryş signallaryny berýär. Emma adamlarda onuň sesine garaýyş dürli-dürli bolýar. Birileri gulak asýar, başga birleri bolsa gazaplanýar.


Günäniň üstünden edilen höküm birbada berjaý edilmeýär. Käwagt berilmeli jeza örän uzaga cekýär. Mundan peýdalanyp, şeýtan adamy azdyrýar, onuň günäsini hic kim hic wagt bilmejekdigi hakda aýdýar. Şeýlelikde, ol nobatdaky öz pidasyny tabyn edýär. Elbetde, durmuşda hemme günäleriň üsti acylýan däldir. Adamyň eden käbir jenaýatlary bu ýeriň üstünde höküm edilmez. Emma beýle diýildigi, günäniň hic hacan tapylmajagyny we jezalandyrylmajagyny aňlatmaýar. Mümkin günä seniň ýüzüňde görner, häsiýetiňde ýüze cykar, hic bolmanda seniň cagalaryňda peýda bolar. Jeza seniň yzyňdan ýeter, mümkin soňurak, öleniňden soň tapylar!


"GÜNÄ ETMEK GADAGAN!" goý, bu biziň şygarymyz bolsun! Goý, bu biziň wyždanymyza almaz bilen oýulyp ýazylsyn! Goý, bu ýaşaýan öýüňde, işleýän edaraňda, meşgullanýan ussahanaňda ýaňlanyp dursun!

48
435