Relax
07.02.2024 20:57
Tanyşlyk saýty

Bir görmegeý oglan bar eken, ol okapdyr, gowy işe giripdir, baýapdyr, maşyn edinipdir, iki gatly jaý edinipdir. Ýöne ol 28 ýaşapapdyr, henizem özüne öýlenip, bagt gurmak üçin gyz tapynmandyr. Onuň işleri gaty kän bolany üçin, wagty hem bolmandyr eken. Ol internede girip, tanyşlyk saýtyndan gözlemegi ýüregine düwýär. Ol anketa doldurmaga başlaýar. Ol anketa dolduranynda, özi barada hemme zady aýtmazlygy ýüregine düwýär. Sebäbi ol gyzlaryň, onuň bilen puly üçin ýa-da maşyn, jaýy, görmegeýligi üçin tanyşanlaryny islemeýärdir. Ol özüne gowy gyz tapynasy gelýärdi. Ol anketasynda:

– Ady: .............................Ýeňiş
– Familiýasy: ..................Myradow
– Ýyly: ............................1996
– Maşgala ýagdaýy: ........Sallah
– Ýaşaýyş jaýy: ..............Wremýanka
– Ulag: ............................Maskwijim bar
– Işleýän ýeri: .................Zawotda garawul
– Ýüz keşbi: ....................Ýüzüm gara, düwürtiklerim bar
– Boýy: ...........................1.62
– Kilesi: ..........................49
– Aýlyk Haky: ................800 m. aýyna
– Özi barada: ..................Men sada oglan, şadyýan, adalatly, hakykatçyl, içemok, çekemok, erbet adamlar bilen gatnaşamok, sungaty söýýän, kitap okaýan, Mosarty, Bethoweny halaýan we ş.m.

– diýip, goýýar. Ol registrasiýa edeninden soň, gyzlaryň hemmesiniň şahsyna “salam” diýip ýazýar. Ýöne hijisindenem jogap gelmeýär. Ertesi güni ol ýene-de “barlap göreýin, belki hijisine hatym baran däldir” – diýip, hemmesiniň şahsyna ýene-de “salam” diýip ýazýar. Ýöne hemmesindenem “Plany sizi gara sanawa saldy” – diýip, habar gelýär.

ווווווווווווווווווווווווו

Gowy ýaşlar

Üç talyp öz aralarynda gürrüň edýärler. Jemal gürrüňe başlap:
– Men hijem sögünip gürleşýänleri, göwne degýänleri halamok, elbetde kän adam sögünýärem, göwnede degýärler bu döwürde. Ýöne, özüm sögünmänimden soň, göwne degip gürleşmänimden soň, edepsizlik hasaplaýan. Olar gowy adamlar däl meň üçin-ä – diýipdir. Onuň bilen Aýsona razylaşyp:
– Hawa, menem halamok şolar ýalylary. Soňam, köp adamlar indi biri-birlerinem sylanoklar. Birinden bir zat sorasaňam, haýyş etseňem ýüzüňi alyp goýberýärler – diýipdir. Onuň bilenem üçinji gyz Bägül razylaşyp:
– Hawa. Bu döwüriň adamlary şeýle boldy. Üstesine-de biri-birleriniň gepini edýärler indi. Hiç zat etmeseňem ile gürrüň bolsa bolýar. “Oň bilen söýüşdi, buň bilen görüşdi, plan etdi” diýip durlar – diýipdir. Soň olar öýli-öýlerine dargaýarlar. Jemal öýüne ýöräp barýarka eline jaň gelýär. Ol telefony alyp:
– Alo.
– Salam Jemal. Bu men, Aýnabat. Geçen aýdaky alan ýakaň puluny soramak üçin jaň etdimlaý.
– Hä, bu senmi?! Salam. Entäk stipendiýamy alamok, bererin alamsoň.
– Agyz! Bir hepdeden soň berjek diýipdiň-ä sen! Almaly däl-dä bermejek bolsaň!
– Ölüp barýaňla gy bir kirli ýaka diýip! Bererin diýdimmi, bererin-dä tobo!
– Aldamaly däl ekeniň alan wagtyň!
– Ýok bolsana gy! Alanyma ökündirdiňle!
– Menem saňa satanyma ökünýän.
– Gürlemesenaý, gummul, urrodina! Bu kirliligiňden ýaňa ärem alanok seni! – diýip, telefonyny öçürýär.
Şol wagyt, Aýsona-da awtobusa münýär öýlerine barmak üçin. Ol awtobusda boş ýer tapyp oturýar. Indiki duralgada awtobus dolýar we hamyla gelin girip, Aýsonaň ýanynda durýar. Aýsona bolsa, gulagy nauşnikli, özem imoda hat ýazyşyp, daş töweregine-de üns bermän otyrdy. Soň oňa bir ýaşuly:
– Gyzym – diýip, egninden kakýar. Aýsona:
– How ýaşuly, näme gerek?! – diýip, gödek jogap berýär. Ol ýaşulam:
– Gyzym, şu göwreli aýala ýer beräýseň diýýän.
– Menden başga adam tapylmadymy näme?! Hana, yzda birtopaý ýaş oglanlar otyr-a! Diýäý şolara! – diýip, gaharlanypdyr.
Şol wagyt hem, Bägül taksi tutupdyr öýlerine barmak üçin. Ol ulaga müneninden soň eline jaň gelýär. Ol telefony alyp:
– Mekanjan, ezizim, gowumy sen?!
– Hawa gülüm, sen nähili?
– Menem gowy.
– Gülüm! Şu gün seni kafe çagyrmakçy bolup jaň etdim. Agşam sagat ýedilere taýyn bolgunyň!
– Bor ezizim! Haýsy kafe gidýäs?
– Aýtjak däl, goý sýurpriz bolsun. Agşam jaň ederin onda.
– Bolýa.
– Poka onda.
– Poka – diýip, telefonyny goýanyndan soň, oňa ýene jaň gelýär. Ol telefony alyp:
– Kerimjan, alo.
– Bägüljigim, salam.
– Salam aşkim, gowumy ýagdaýlaň?!
– Örän gowy. Agşam berkarara aýlanalyňmy?
– Ýok aşkim, gaty görme, bu gün hiç ýerede gidip bilmerin. Işlerim kän, ekzamenada taýýarlyk görmeli.
– Bolýa, hiçlaý. Soň bir gün aýlanarysda onda!
– Ýa nesip.
– Okuwyňda gowumy hemme zat?
– Hawa, gowylaý. Şu Aýjerenden ýadaýanlaý soňky döwür. Şeýle bir gepjiň baryp ýatany özem.
– Hä, näme diýýär beýle?!
– Adamlaň gybatyndan başga zat bilenok. Özem gara matja Nepes bilen söýüşýärlaý. Geregem şollaý şoňa. Maňa dagy “dar köýnek geýip, oglanlara görünmäge utanaňokmy söýgüliň barka” diýen bolýar. Men näme, oglanlara görünmek üçin geýinýänmi?! Özüm üçin geýinýän-ä.
– Üns bermesene gowsy. Görip bolany üçin şeýdýändir.
– Bolýa Kerimjan, soň habarlaşaýarys onda, öýe ýetdim.
– Bolýa, sagaman otur onda!
– Bolýa, poka – diýip, telefonyny goýdy.
42
516
9504
21 Fewral 2024
hakykam dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.