Relax
17.01.2024 14:48

Awtor okyjylara semremegiň zyýanlydygy barada ýazýar. Diňe on adamdan biri semremegiň zyýanlydygyna düşünýär. Galan okyjylar ondan başga many tapýar. Haýran galaýmaly.


Adamlaryň 85 prosenti adamlaryň 85 prosentiniň ýaman adamlardygy barada gürrüň edýär.


Eger size täze işgär gelen bolsa, olam akmak bolsa, onuň bilen gowy gatnaşykda boluň. Sebäbi ol siziň geljekde başlygyňyz bolmagy ahmal.


Şu döwüriň abraýly hasaplanýan adamlarynyň arasyna garyşasyňyz gelýän bolsa, sizem şol adamlar ýaly pomidoryň gürläp bilýandigine ynanyp görüň.


Eger siz ylym öwredýän kitaplary kän okan bolsaňyz, diýmek sizem köpçülikleýin jedellerde utulýan adamlaryň biri bolýansyňyz.


Biri bir adama hakykaty düşündirip durka “akyl satma” diýýän bolsa, ol “maňa hakykat gerek däl” diýen ýaly meň üçin. Sebäbi, käbir adamlar üçin hakykat gaty ajy bolup görünýär. Olar ony bilmezlik üçin diňe ýalany hakykat diýip kabul edýär.


Käbirleriniň edýän gürrüňi: “ol adam düýnem içip ýördi, bu gün bolsa molla bolupdyr.” Şol adamlara men: “ol adam eden ýalňyşyna düşünip, toba gelip, soňam dogry ýoly saýlapdyr. A sen näme etdiň?!” diýesim gelýär.


Bir adamyň özüni kämilleşdirýändigini gördüm. Ol özüni kämilleşdirdigiçe adamlar oňa garşy şonça-da töhmet atýardylar.


Akmak döreden zadyny öwüň diýip görkezýär, akylly bolsa kemçiligini aýdyň diýip görkezýär.


Wasýa Bangladeşiň nirede ýerleşýändigini sorady. Onuň dosty Pawel öz pikirini aýtdy ýerleşýän ýeri barada. Kursdaşy Andreý bolsa kitaby açyp kartada görkezdi ýerleşýän ýerini. Wasýa dosty Paweliň pikirini dogry diýip goldady. Şu ýagdaýlara men hijem düşünip bilemok.


Men bir adamyň erbetdigini bilmezimden öň, ol özi barada diňe gowy zatlary aýdypdy. Bir adamyň gowudygyny bilmezimden öňem, ol özüniň diňe kemçilikleri barada aýdypdy.

48
718
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.