Relax
03.08.2024 16:28


Düýş näme?! Bu sowala adamzat pikirlenip başlan döwründen bäri jogap gözleýän bolsa gerek. Ylymda düýş hakynda dürli çaklamalar edilse-de, düýş näme?! diýen sowala anyk bir jogap ýok. Şonuň üçin düýşüň nämedigi barada ylymda edilen çaklamalary mysal getirip, okyjylary güýmäp oturmaýyn. Din boýunça düýşe nähili garalýar?! Bu sowala hem anyk jogap bermek gaty çetin. Ýöne dini ulamalaryň adamzadyň gören düýşüni ýorandygy inkär edip bolmajak hakykat. Özem düýş pygamber ýorgudy bolsun diýlip ýorlupdyr. Dini ulamalaryň düýş hakynda aýdan pikirlerini öwrenip, olaryň düýşi iki topara bölendigini aýtsa bolar. Birinji, hemme adamzada mahsus bolan ýatanyňda görülýän adaty hakyky düýşler. Ikinji, ruhy ahwalat. Ilki bilen hemme adamlaryň görýän adaty düýşi barada söhbete geçmezden owal, pygamberleriň, ulama adamlaryň, özüni kämilleşdiren ynsanlaryň görýän ruhy ahwalaty barada gysgaça durup geçsek, düýşüň nämedigine gowy düşünip bolar diýip pikir edýärin. Kämillige ýeten adamlaryň başyndan geçirýän geň-taňsy wakasyny ruhy ahwalat diýlip atlandyryylýandygyny mäneli Berdinazar ahun (1990-njy ýylyň başlaryna aradan çykan bu ýaşuly 1937-nji ýylda agyr süteme sezewar bolandygy üçin, özüniň ahundygyny gizlin saklapdyr). Hojanazar ogly bize gürrüň berdi.

Ukudaky adamyň ruhy ahwalaty görmegi hemme ynsanlara mahsus bolmandyr. Ruhy ahwalaty görýän ynsanyň aň kämildigine ýetmegi hökmany şert bolupdyr. Asla ruhy ahwalata kesgitleme bermek gaty kyn. Biziň düşünşiimizçe, ruhy ahwalaty görýän kämillige ýeten ynsan edil huşundaky ýaly düýşünde hem hereketlerine erk edýär. Türkmen okyjysyna düşnükli bolar ýaly, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragydan mysal alaýyn. Milli şahyrymyz Magtymgulynyň “Turgul diýdiler”, “Bir nan getirdi”, “Uçdum ýaranlar”, “Boldum girýana”, “Oýan diýdiler”, “Ýar bizem sary” ýaly ona golaý şygry şahyryň gören ruhy ahwalatynyň beýanydyr. Şahyryň “Turgul diýdiler” şygrynda gören ruhy ahwalatyna gysgaça syn etsek, ruhy ahwalatyň nämedigine aň ýetirmäge mümkinçilik bolar diýip umyt edýärin. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda beýan edilen wakanyň köýünde bolup geçendigini tekrarlap, turanda agzyndan ak köpük saçandygyny tassyklaýar:

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,

Serine ne köýler gelip geçipdir,

Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,

“Oglan, Alla ýaryň, bargyl” diýdiler.


Bu goşgy şeýle başlanýar:


Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,

Bir dört atly gelip: «Turgul» diýdiler.

«Habarmyz bar saňa pursat jaýynda,

Şol ýerde ärler bar, görgül» diýdiler.


Soňra şol dört atlyny görüp, Magtymgulynyň kalby joşa gelip, başyna gowga inýär, ine, bir ýerdenem iki diwana gelip, Magtymgulyny duran ýerinden alyp gidýär, bu ýerde Magtymguly diwana sözüni däli manysynda ulananok, umuman, tä giçki orta asyra çenli Hudaýyň yşkynda hem gözleginde bolup, sözüň doly manysynda şu dünýäniň lezzetinden, hatda ogul-gyzyndan geçen adama diwana diýipdirler, ýöne bu diwana sözünde hiç bir erbet many ýokdur. Magtymguly:


Şol iki diwana tutdy golumdan,

Alyban gitdiler duran ýerimden,

Bir yşarat boldy şol wagt ýanymdan:

«Saýramda boluban durgul!» diýdiler.


diýip, özüniň şol atlylar bilen Saýrama gelşini beýan edýär. Magtymgulynyň bu ruhy ahwalaty görmeginiň maksady özüniň şahyrçylyk zehininiň hakdan berlendigini subut etmekdir. Şonuň üçin akyldar Muhammet pygamberiň baştutanlygynda geçen agyr mejlise Saýramda gatnaşyp, olardan ak pata alýar. Beýik akyldar ylhamynyň hakdan berlendigini subut etmek üçin hak ylhamyna eýe bolan adamlaryň mejlisinden şygrynda ak pata alandygyny esaslandyrýar. Magtymgula ak pata bermegi Muhammet pygamberiň özi şägirtlerine tabşyrýar. Muhammet pygamber Magtymgula ilki hak ylhamy bilen näme maksat tutan bolsa bermegi egindeşlerine tabşyrýar:


Resulalla aýdy: «Ýa, Şahymerdan,

Eý-ä, Eslim hoja, ýa, Baba Selman,

Abu Bekr Syddyk, ýa, Omar, Osman,

Bu guluň maksadyn bergil!» diýdiler.


Eslim, Baba Selman buýurdy merde,

Pyýalany tutup, saldylar derde,

Gitdi akyl-huşum, ýatdym şol ýerde,

«Arşda-ferşde ne bar, görgül!» diýdiler.

Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna,

Nazarym tokundy Arşyň kemerne,

«Jebrut äleminde Jelil syryna –

Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler


Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,

Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler.


diýip, Muhammet pygamberiň ak pata bermeginde älem-jahana akyl ýetirmek paýhasyna eýe bolýar. Has dogrusy, şahyr “Turgul diýdiler” goşgusynda şol döwürdäki halk ynanjyna görä, hakdan ylham alan şahyrdygyny subut edýär. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynda özüniň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny il-gününe ykrar etdirýär. Şahyryň “Bir nan getirdi” şygry şu bent bilen başlanýar:


Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi

Keremi joş eýläp, bir nan getirdi,

Sag elinde gülgün bada şeraby,

Sol elinde täze birýan getirdi.


Türkmende nan rysgal-döwletiň gönezligi hasaplanýar. Diýmek, Magtymguly Nagyşbendä nan getirtmek bilen rysgal-döwletiniň onuň sopuçylyk ýoluna baglanandygyny beýan edipdir. Emma şahyr şygyrlarynda Nagyşbendiniň sopuçylyk ýolyna oňyn garaýşyny beýan edenem bolsa, Magtymguly Hak ylhamyndan gözbaş alýan şahyrçylyga ak pata alandygyny şygyrlarynda beýan edipdir. Şahyr “Boldum girýana” şygrynda Hydyrdan, Isadan, Alydan hümmet isländigini, emma olar bilen baglanyşykly garaşmadyk ruhy ahwalatynyň bolup geçendigini beýan edýär. Wakanyň soňunda Magtymguly olardan isleg-myradynyň hasyl bolmagy üçin ak pata alýar:


Diýdiler: «Üç kişi bolduk ussadyň,

Daýym dessan bolar älemde adyň,

Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...»,

Bu syry akmak açar, ýa bir diwana.


Görnüşi ýaly, Pyragy adynyň “älemde dessan boljakdygyny” Hydryň, Isanyň, Alynyň adyndan beýan edýär. Şol döwrüň türkmen jemgyýetçilik aňyna görä, Pyragy adynyň “älemde dessan boljagyny” özüniň aýdanyndan mukaddes şahslaryň aýtmagynyň has ynandyryjy boljagyna oňat düşünipdir.

Hydyr, Isa, Aly Magtymgulynyň ussady bolýar. Bilnişi ýaly, Hydryň, Isanyň, Alynyň sopuçylyk taglymaty bilen hiç bir baglanyşygy ýok. Hydyr, Isa-pygamber. Gündogarda Hydyr baky ýaşaýşa eýe bolan pygamber hasaplanýar. Özem ol çöl-beýewanlarda, dagda-düzde adamlary suwsuzlykdan gandyryp, ölümden halas edýär. Isa pygamberem adamlara halasgär bolup gelen hem diri gaýyp bolan pygamber, Magtymgulynyň ussady bolan Hydyr, Isa pygamberem baky ýaşaýşyň simwoly. Aly bolsa ylmyň eýesi bolan şahs. Magtymguly adamlara halasgär, baky ýaşaýşa (Hydyr, Isa), ylma (Aly) eýe bolan üç ärden ak pata alýar. Magtymgulynyň ruhy ahwalatynda özüniň şahyrçylyk zehininiň Hakdandygyny subut edipdir. Şol sebäpli Magtymguly “Gökleň” diýen şygrynda “Sözi agzyma Hak salar” diýip, özüniň gören ruhy ahwalatlarynda ýazyşy ýaly, Hakdan içen şahyrdygyny beýan edýär. Ruhy ahwalaty görüp, özüniň Hakdan içen şahyrdygyny subut etmek däbi Gündogarda gaty ýoň bolupdyr. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Hafyz, Sagdy ýaly şahyrlaryňam şahyrçylyk zehinini ykrar etdirmek üçin gören ruhy ahwalatlaryny çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary bar. Ol şygyrlary mysal getirsek, makalamyz has uly bolar. Şeýlelikde, ruhy ahwalat kämillige ýeten ynsanlaryň ukudaky ýagdaýynda hem özüne akyl-huşy bilen erk edip bilmegidir.

Günbatar ýurtlarynda-da kämillige ýeten adamlaryň ruhy ahwalaty başyndan geçirendigi hakynda anyk maglumatlar bar. XIX asyrda ýaşan, dünýä belli rus şahyry Nikolaý Çernyşewskiý kähalat gündiziň günortanam özünden giden ýaly bolup ýatýar eken. Turubam haýsydyr bir eserini ýazýar ekeni ýa öňki ýazan eserini dowam etdiripdir. Nikolaý Çernyşewskiniň döwürdeşi bolan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskide hem edil şeýle ýagdaý gaýtalanýar eken. Nikolaý Çernyşewskem, Fýodor Dostoýewskem ruhy ahwalaty başyndan geçirende agzyndan ak köpük saçyp, olaryň towlanyp, togalanýan halatlaram az bolmaýar ekeni. Elbetde, bu şahyrlaryň bu ýagdaýyny gören garyndaşlary, dost-ýarlary olardan biynjalyk bolupdyrlar. Emma olar özleriniň bu ýagdaýyndan ünjä galmazlygy ýakynlaryna tabşyrýar ekenler hem şol pursatda nähili hereket edýänem bolsalar özlerini oýarmazlygy çyny bilen haýyş edýär ekenler. Bir gezek Nikol

Magtymguly ilki bilen hak ylhamy boýunça ylma eýe bolup, “Arşda-ferşde” näme bar bolsa ylmy taýdan akyl ýetirmek ylhamyna eýe bolýar. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusyny” bolmanda ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlarynda, döredijiliginiň kämilleşen döwründe ýazypdyr. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda tassyklamagyna görä:

Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna,

Nazarym tokundy Arşyň kemerne,

«Jebrut äleminde Jelil syryna –

Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler


Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,

Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler.


diýip, Muhammet pygamberiň ak pata bermeginde älem-jahana akyl ýetirmek paýhasyna eýe bolýar. Has dogrusy, şahyr “Turgul diýdiler” goşgusynda şol döwürdäki halk ynanjyna görä, hakdan ylham alan şahyrdygyny subut edýär. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynda özüniň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny il-gününe ykrar etdirýär. Şahyryň “Bir nan getirdi” şygry şu bent bilen başlanýar:


Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi

Keremi joş eýläp, bir nan getirdi,

Sag elinde gülgün bada şeraby,

Sol elinde täze birýan getirdi.


Türkmende nan rysgal-döwletiň gönezligi hasaplanýar. Diýmek, Magtymguly Nagyşbendä nan getirtmek bilen rysgal-döwletiniň onuň sopuçylyk ýoluna baglanandygyny beýan edipdir. Emma şahyr şygyrlarynda Nagyşbendiniň sopuçylyk ýolyna oňyn garaýşyny beýan edenem bolsa, Magtymguly Hak ylhamyndan gözbaş alýan şahyrçylyga ak pata alandygyny şygyrlarynda beýan edipdir. Şahyr “Boldum girýana” şygrynda Hydyrdan, Isadan, Alydan hümmet isländigini, emma olar bilen baglanyşykly garaşmadyk ruhy ahwalatynyň bolup geçendigini beýan edýär. Wakanyň soňunda Magtymguly olardan isleg-myradynyň hasyl bolmagy üçin ak pata alýar:


Diýdiler: «Üç kişi bolduk ussadyň,

Daýym dessan bolar älemde adyň,

Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...»,

Bu syry akmak açar, ýa bir diwana.


Görnüşi ýaly, Pyragy adynyň “älemde dessan boljakdygyny” Hydryň, Isanyň, Alynyň adyndan beýan edýär. Şol döwrüň türkmen jemgyýetçilik aňyna görä, Pyragy adynyň “älemde dessan boljagyny” özüniň aýdanyndan mukaddes şahslaryň aýtmagynyň has ynandyryjy boljagyna oňat düşünipdir.

Hydyr, Isa, Aly Magtymgulynyň ussady bolýar. Bilnişi ýaly, Hydryň, Isanyň, Alynyň sopuçylyk taglymaty bilen hiç bir baglanyşygy ýok. Hydyr, Isa-pygamber. Gündogarda Hydyr baky ýaşaýşa eýe bolan pygamber hasaplanýar. Özem ol çöl-beýewanlarda, dagda-düzde adamlary suwsuzlykdan gandyryp, ölümden halas edýär. Isa pygamberem adamlara halasgär bolup gelen hem diri gaýyp bolan pygamber, Magtymgulynyň ussady bolan Hydyr, Isa pygamberem baky ýaşaýşyň simwoly. Aly bolsa ylmyň eýesi bolan şahs. Magtymguly adamlara halasgär, baky ýaşaýşa (Hydyr, Isa), ylma (Aly) eýe bolan üç ärden ak pata alýar. Magtymgulynyň ruhy ahwalatynda özüniň şahyrçylyk zehininiň Hakdandygyny subut edipdir. Şol sebäpli Magtymguly “Gökleň” diýen şygrynda “Sözi agzyma Hak salar” diýip, özüniň gören ruhy ahwalatlarynda ýazyşy ýaly, Hakdan içen şahyrdygyny beýan edýär. Ruhy ahwalaty görüp, özüniň Hakdan içen şahyrdygyny subut etmek däbi Gündogarda gaty ýoň bolupdyr. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Hafyz, Sagdy ýaly şahyrlaryňam şahyrçylyk zehinini ykrar etdirmek üçin gören ruhy ahwalatlaryny çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary bar. Ol şygyrlary mysal getirsek, makalamyz has uly bolar. Şeýlelikde, ruhy ahwalat kämillige ýeten ynsanlaryň ukudaky ýagdaýynda hem özüne akyl-huşy bilen erk edip bilmegidir.

Günbatar ýurtlarynda-da kämillige ýeten adamlaryň ruhy ahwalaty başyndan geçirendigi hakynda anyk maglumatlar bar. XIX asyrda ýaşan, dünýä belli rus şahyry Nikolaý Çernyşewskiý kähalat gündiziň günortanam özünden giden ýaly bolup ýatýar eken. Turubam haýsydyr bir eserini ýazýar ekeni ýa öňki ýazan eserini dowam etdiripdir. Nikolaý Çernyşewskiniň döwürdeşi bolan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskide hem edil şeýle ýagdaý gaýtalanýar eken. Nikolaý Çernyşewskem, Fýodor Dostoýewskem ruhy ahwalaty başyndan geçirende agzyndan ak köpük saçyp, olaryň towlanyp, togalanýan halatlaram az bolmaýar ekeni. Elbetde, bu şahyrlaryň bu ýagdaýyny gören garyndaşlary, dost-ýarlary olardan biynjalyk bolupdyrlar. Emma olar özleriniň bu ýagdaýyndan ünjä galmazlygy ýakynlaryna tabşyrýar ekenler hem şol pursatda nähili hereket edýänem bolsalar özlerini oýarmazlygy çyny bilen haýyş edýär ekenler. Bir gezek Nikolaý Çernyşewskiý doganoglan aýal dogany Lenanyň (Pylinin) “Nikolaý, biz neneň biynjalyk bolmaly, sen agzyňdan ak köpük saçyp, harlap towlanyp, büküşip ýatyrsyň” diýen sowalyna ol täsin şu jogaby beripdir: “Men nähili hereket edýänimi bilemmok, ýöne biynjalyk bolmaň. Men şonda alýan ruhy lezzetimi dünýäni elime berselerem almaryn. Şonuň üçin meni hergiz oýaraýmaň. Siz meni alýan lezzetimden kesip, meniň bedbagtlygyma sebäp bolmagyňyz hem mümkin”.

Hatda Muhammet pygamberiň Gurhanyň süreleriniň köpüsini ruhy ahwalaty ýagdaýynda alandygy hakynda maglumatlar bar. Muhammet pygamberem şeýle pursatda özüni oýarmazlygy haýyş edipdir. Ruhy ahwalat baradaky söhbetimizi uzaldybam bilerdik. Ruhy ahwalaty başyndan geçirýän adamlara garaguş agyryly diýlen ýaly töhmetleriň atylan pursatlaram bolupdyr. Ýöne ol adamlaryň ruhy taýdan gaty sagdyn bolup, diňe kämil şahsyýet bolup bilendikleri üçin, ruhy ahwalaty başyndan geçirendilerini aýtmak gerek. Ruhy ahwalat hakyndaky söhbetimizi jemläp, anyk şeýle netijäni aýtmak bolar. Ruhy ahwalat kämillige ýeten adamlaryň huşdaky pikirlerini düýşde dowam etdirip, anyk, oňyn netije alyp bilmegidir. Kämil adamlaryň başyndan geçirýan ruhy ahwalaty adaty adamlaryň görýän düýşüniň bir görnüşidir diýmäge doly esas bar. Ruhy ahwalaty nähili ýagdaýda görülýändigini, ol pursatda maglumatyň nireden alynýandygyny ylym heniz-ä çözmekden ejiz gelýär. Nesip bolsa, indiki makalamyz düýş hem düýş ýorgudy hakynda bolar.


17
102
Relax
27.06.2024 21:09


Iki ýüzli adamlar bir milliarddanam köpdür, menem şolaň biri. Ikiýüzli bolanda olaryň biri ýasama, biri original. Doglanyňda berlen ýüz. Durmuş bizi doňuzdan beter hyrsyz we arsyz edip taşlaýar, soňam gapdaldan birnäçe ýüz edinäýmesek başga alaç goýmaýar. Men öýde bir dürli, daşary çyksam başga. Daşarda ýörkäm gaty şadyýan, öýde ýaman serýozny adam. Kämahal tersine öýde ala-ýaz, köçä çyksam ýüzümden ýeňsäm gowy. Şu zatlaryň baryna öýdäki günäkär. Ýok, onuň günäsi ýok. Günä biziň biri-birimizi söýmeýänimizde. Ýalňyşypdyrys-da. Ýaşlyk ýalňyşylýan döwür eken. Ýaşlykda ýalňyşsaňam bütin ömür büdrär ýörer ekeniň. Onsaň gaýgyly aýdym aýdyp ýören ýaly men. Şükür bagşydaky ýaly: Ýaşlykdan ýakdyň meni diýip deklomasiýa aýdýan mahalymam bolýar käte.

Aý, aslynda-ha näşükür bolar ýaly günüm ýok-laý. Hususy kärhanam işläp dur, girdejimem güzerany gülala-güllük diýer derejede dolaýar, Alla şükür. Onsaň gapdaldan ýaşajyk gyz-gelinler gözüňe ilip başlaýar. Şol bolmasa durmuşyň duzy hem ýok. Golaýda duşuşyp ugran melegim hem durmuşyma duz guýup dur, hudaýa şükür. By nähili başlady diýsene, öýdäki çişikgülüm maňa geleli gününden halal ýaşaýar, bäş wagt namazly biçäre. Maňa-da «elli çermekden-belli çermek» düşünjesini öwretjek bolup kän kösendi. Onuň ol diýýäni meniň üçin Mandelanyň effekti ýaly bir zat-how, wapşe kelle alanok. Men bolsa golaýda tapynan melegim ýaly melekleri hiç wagt gapdalymdan geçirmedim. Başartsada başartmasada yzlarynda ylgaýan. Degse bäş, degmese ýigrimbäş diýýän, hahaha. Ýöne bu melegim, hä aýdynça onuň asyl ady hem Melek. Birinji gezek dagy ikiçäk galanymyzda çolaşyp-çyrmaşyp ýatyrkak gözleýän zadymy tapyp bilmän garader bolup sermenip ýörşüme «Melek diýdiň welin hakykatdanam melek bolaýma – diýip, ajy gülüp, hynçgyrdymam.- Hiç zat tapyp bilemoga».

Aý bolýa-da, ýaşap ýörün. Hepde-de iki gün ýanynda, şowuna düşse gijeläbem barýan. Şol wagt dagy meň boluberşimi, ýadyma düşse ýylgyryýan sebäpsiz ýöne. Irden pişik ýaly dylym-dylym edip, çagalarymy baga eltip gaýdan, soňam öýe gerek ýarak zatlary alyşdyrýan. Şu işleri oglanlara tabşyrsamam ylgap edýärler, ýok meň özüm edýän liçna.

Şeýdip Melegimiň ýanyna arkaýyn baryp bilýän. Melegimem melek. Ilki günler ýadyma düşýär. Oňa sataşan wagtlarym ýadyma düşýär. Onuň özi bir hekaýat.


Ak sakgaly peşeneli ýüzüne gelşip duran perişde sypat ýaşuly. Kabinetime gelip aýak basan dessine:

Salawmaleýkim- diýip, laňňa ýerimden turup, gol uzadypdyryn,- Geliň ýaşuly, geçiň şu ýere!

Ýaşuly elindäki telpegini gapdaldaky diwanyň üstüne oklap goýberdi-de, özi gapdalyma geçip ornaşdy:

- Sylap jan, gowumy oglum, sag-gurgunja gezip ýörmüň? Iş-güýçler düp-düzgün barýarmy?!

Onuň nurana ýüzüne seredi, hoşgylaw sözlerine aňk bolup otyryn, hemem:

- Alla şükür, Alla şükür, Gowy hemmesi ýaşuly jan – diýýän. – Öz ýagdaýlaryňyzam gowumy, garrylyk bilen tendarmysyňyz?

- Aý bizlerbir mydar ederis – diýip, perişde ýaly moýsepit goja ýylgyryp kürsä arka berip gaýyşýar. –Sizler gowy ýören bolsaňyz, hemmesi ýerbe-ýer bolar.

Onuň arkaýyn oturşy birhili ýaranok maňa. Ýogsa maňa howp salýan zat ýok. Ýöne ony teý tanap bilemok. Birhili gaýnatama hem meňzäp gidýär. Garry gaýnatam, öýdäkiniň atasy şunuň ýaly görmegeý adamdy.

Bir görsem ol ýaşuly öwüt berip otyr. Meni tanaýan bolmaly, men tanamasamam. Diňläp otyryn menem, gipnozlanan ýaly:

«Erkek kişi her bir işde halal bolmalydyr, erkegiň ady erk diýen sözden dörändir. Erkek özüne errk edip bilýän bolmaly oglum. «Haramylyk goç ýigidi har eder» diýip bir sözem bardyr. Her gün iş-güýjüňi bolandan soň, öýüňe dolanmaly, ojagyňa aýlanmaly. Şonda işleriňem oňuna boluberer.»

Içimden: «Işime näme bolupdyr? Hudaýa şükür-eý, hemme zat ýüzünugruna bitip barýar. Soňky alty aýda dagy girdejimi görse, Hydyr atanyň gözi gyzar».

Goja içimdäkini okan ýaly:

Haram harsydan gaçarak dur, bende görýän däldir diýme, barymyzy ýaradan ulug Zat görüp durandyr.


Soňky iki aýyň içinde günüme göz degen ýaly boldy-aý walla. Ýaňky yrjal ýaly goja gelip gidensoň işimiň işi gaýtdy. Eddil düýäniň üstünde it ýaran ýaly bolaýdy. Resminamalarda bir ýalňyşlyk gidip, tas türmä basypdylar. Kärhanamy ýapmaly boldy, özümem karz-kowala batyp galdym. Ýagdaýym gowy bolmasa-da, «Ölme-hä Görogly ölme, ölýänçäň özüňden galma» diýip, özüme teselli beren bolup ýörün. Bir gowsy ulagymy satmaly bolmady. Soňky bergilere öýdäkiniň altynlaryny geçirdim. Käte geçen durmuş bilen häzirki ýagdaýlar kellämde stykowka edenok. Durmuş gazet ýüzündäki krossword däl-dä, bir gözüni dogry çözüp bilmeseň, gapdala oklap goýberer ýaly. Be-e, özi şu meň durmuşymmy diýýän. Öýe gelsem öýde çagalar gözüme jyn bolup görünýär, aýalyma seretsem myrryhym atlanýar. Kisämde sanalgyja manatlar. Gapdaldan tapylýan melekler ýatdan çykdy, dogrusy olar meni tananoklar indi. Telefonlarynda hem blok edilen meň nomurym.

Gije garabasdy erbet. Gün ýaşyp barýarka kabinetimde otyryn, garşymda hem şol ýaşuly. Iki adam bolup bir gizlin iş etseň, üçünji biri gaýypdan seredip durandyr. Gaçyp, gitjek ýeriň ýokdur diýýä, özem ýöne ýylgyrýar, ýylgyryp durşundan gorkup oýandym.

Soň oýlanyp oturdym kän, tä daň atýança gözüme uky gelmedi.şondan soň karara geläýdim öýdýän, toba etmeli diýdim. Halys alla toba etdim. Ak toba, gara toba. Şertim şahyma etme ýok.

Ertir irden turup metjide gitmeli diýdim. Obanyň toý-ýasyna işjeň gatnaşybam başladym. Aýal maşgala görsem aýagyna-da seredemok, göwsüne hem garamok, kelläni aşak edýän, ýüzümi beýleräk sowýan. Aýal-gyz diýeniň hakyt şeýtan bolarmyş, ýok, şeýtan aýal-gyzyň üsti bilen erkegi ýoldan urýarmyş. Erkegem aýal-gyz bilen zyna edýärmiş, netijede ikisinem ýoldan urýar.


Umuman, işlerim ugrugyp barýar bir şekilli. Menem kellejigi tahýaly, mömin-musulman bolup ýörün. Obanyň toý-tomgy mensiz geçmeýär. Baş beýemçi men toý-sadaka ýas tapawudy ýok. Indi aýat-kuranam öwrenen bolýan, sakgal goýberäýsemmi ýa diýip hem oýlanýan. Sylap molla diýerler derrew. Öz ýanymdan ýylgyrdym: kelte tokga sypatym bilen Bally molla diýäýmeseler.

Hemme zat gowy garaz. Öýdäki hem gözüme yssy basýar indi, çagalaram mähriban. Işlerem ugrugyberjek ýaly indi biraz.

Gülala-güllük günleriň birinde şähere ugradym. Iş ýerime gatnaýan birsyhly başyndan başlajak bolýan. Bir wagt daşary ýurtdan gelen harytlary gözden geçirýän, ammardakylary rewizýa edýän öz ýanymdan, haýsam bolsa hasap çykaýmaly. Garaz gatnap ýörün öý bilen iş arada. Biraz gowlaşýan ýaly işler, ugrugaýjak ýaly göwnüme bolmasa.

Ertir säher bilen şähere barýan, keýpimem gowy. Ertir namazynam okadym nesip etdiginden. Obadan çykan ýerimde ýaşajyk maşgala, ak guw ýaly goluny sähel galdyrýar. Ulagy nädip saklapdyryn bilemok. Ol gelip, ulagyma oturandan soň özüme geldim. Şolarada onuň ulaga münmänkä «Şähere barýaňyzmy» diýip sorap duranynam bilýän. Men bolsa, köne keseli gozgan deý doňup galan bolsam nätjek. Gelni barmaly ýerine eltdim. Uzadan puluny yzyna gaýtardym. Akja gollaryny yzyna çekip, ýolkireý üçin çykaran puluny gülberine saldy.

Soň uzakly gün ol gelin kellämden çykmady. Gaty owadanam däl, ýöne bir jeren gözleri janyňy alyp barýar. Hem maşyndan düşüp, öýüne tarap gidip barýarka seýkin başyşy, oho-how. Men birhili ýolumy urduryp barýanmy?!

Bir hepde geçdi göni. Owadan gelni her gün obadan şähere äkidýän. Işigaýdany düýäniň üstünde it ýarar diýýär. Şol düýäniň üstündäki adamy ýaryp bilýän it ýa-ha guduz bolmaly, ýa-da gaty sportsmen. Garaz şu bisähet gün gelin meni öýüne çagyrdy:

- Şunça günden bäri bir köpük alman şähere gatnadýaňyz, öýe girip duz dadyp soň gidiberiň- diýip, boýnuny burdy gelin. – Men sizi keýp edip kofe içeli diýip çagyramok, duz dadyň diýdim, saçagymyň hormaty üçin.

Duzdan uly bolup bolmaýa, girdim içeri. Gül pürkülen ýaly howly, müşk ysly otaglar, agzym dagy açyldy. Bar ýeri farfor, gymmat bahaly zatlardan doly. Gelin gurgun görünýär diýip, samsyklaç ýylgyrdym. Ýöne derrew duz dadyp ugradym:

-Sag bol dogan, nanyňa-duzuňa bereket bersin, goşuňyz abadan – diýip, turdum gaýtdym eglenmän.

Ulagyma münüp ugradym, emma yzyma birki ýola garadym, şol ýerde bir zadym galan ýaly. Ýüregiňmi diýjek bolýansyň, ýok şol ýerde bir ýüzüm galan ýaly, hahaha. Howwa hemmeler ýaly menem ikiýüzli ahyr. Ýaňyjada duz dadyň diýip öýüne çagyran gelniň ýanynda esasy ýüzümi ulanmadym. Esasy ýüzüm nähili, bilýäňizmi? Bilýäňiz. Şol gelin bilen ediberjek işlerim bar-a, ana şol meniň hakyky ýüzüm.

Bu günem gelni obanyň gyrasyndan alyp, şähere ugradym. Şu gün gaty dar köýnegini geýipdir, sepinen atyram janyňy alyp barýar. Ulagyň salonynda oturan ýerinden maňa seredýänini birki gezek gördüm. Ulagyň arkany görkezýän aýnasynda gözlerimiz gabatlaşdy. Ýa Rebbi, Ýa Rebbi, Ýa Rebbi özüň awraý berewer. Gelin öýüniň gapdaljygynda ulagymdan düşdü-de gitmän duruberdi. Men içimden «Näme maşynyma müneni üçin men tölemelimikäm» diýip, geň galdym, ýüzüne seretdim. Ýüzüne seretsem ýyljyraklap kellejigi bilen «ýör» diýýär şeýtan gelin:

-Kofe içip gidiň, birje bulgur. Türkden gelen kahwamyz bar - diýip, ýene diljagazyny aýnadadanam bolýar.

Ahyr bolmady, gapymy özi açyp, elimden tutup idirdikletdi göni. Kofäniň goňrasdan ýakymly ysy özüme getirdi. Diňe ol hem däl, gelin bu gün has ýakynlaşdy maňa. Gujagyma giräýjek bolýar. Dyzlarymy ýassanyp otyr. Menem toba eden adam. Häzir gaty erbet ýalňyşjagymy bili-ip durun-da. Sebäbi şu ugurda kän ýalňyşyp gördüm. Eden tobamy bozmaýyn diýip, gelin bilen egri oturyp dogry gepleşeýin diýdim. Maksadyny soradym, biraz oňaýsyz. Gelin ýerinden turdy, tolgundy, ýene aşak oturdy:

-Bilýäňizmi, sizi gowy gördüm. Gaty salyhatly görmegeý adam ekeniňiz. Size aşyk boldum, çynym bilen söýdüm sizi. Ýöne pikir etmäň bir bozuk haýrana sataşdym diýip, ýa siziň maşgalaňyzy bozmagam islämok.

Men «düşünemok saňa onda» diýen manyda gözlerimi mölerdip seretdim oňa. Ol bolsa aşak bakyp sözüni dowam etdi:

-Men sizi adam hökmünde gowy gördüm, erkek hökmünde sizden perzent isleýän. Siziň ýaly mert ynsandan zürýadym bolsa, ýaşan ömrüm bimany geçmez.

Hekaýamyň iň gyzykly ýeri geldi şu wagt. Menem ýaman aldym-berdimli pursatlarda. Top derwezäniň edil agzynda, topçularam gyjyr-myjyr. Içki ýagdaýymda şü. Ýüzümi ýerden galdyryp gelne seretdim, gelin aşak bakyp otyr gaşymda. Indi onuň islegini bitirmek är işi, erkeklikden saýylýar. Her kime berilýän şansam däl bagt aslynda.

-Menem sizi gaty gowy gördüm.- diýip, ýoňsuz ýuwdunyp söze başladym. - Siziň ýaly owadan, akylly, süýji dilli, hoşgylaw maşgala Allanyň gudraty bilen döräýen bir keramat.

Men şu ýerde sägindim, sebabi ýene şol baýaky peşeneli ýaşuly ýadymyň bir çetinde agaran gür gaşlaryny galdyryp, gözlerini güldürip dur. Birhili boldum-aý, derrew ses tonumam üýtgedi öýdýän:

-Size gerek bolsa ömrümi bagyş ederdim. Ýöne isleýän zadyňyz meniň üçin Kap dagy ýaly agyr zat. Eger çyndanam meň ýaly ogluňyzyň bolmagyny isleýän bolsaňyz ýeke-täk bir ýol bar.

Gelin umytly gözlerini dikanlap seretdi, men ýene sözümi dowam etdirdim:

- Siz meniň kyýamatlyk ejem boluň! Men siziň kyýamatlyk ogluňyz...

Men sözümi soňlap bilmedim, gelin zöwwe ýerinden turup, beýleki otaga tarap gyssanmaç gidip galdy. Bir salymdan aglaýan sesi eşidildi. Men gitjegimem bilmän, galjagymam bilmän, iki jan awara bolup otyryn.

Ýöne birhili tobamy bozmanym üçin içim erbet dyrmalanyp agyrýar, ýöne gelniň haýyşyny bitirmänim üçin indi işim oňup gitjek ýaly. Şol wagt içimden näme diýýän diýsene, häzirlikçe bir işim oňubersin, soň göreris. Özem gözöňüme baýaky goja gelýär, şol garry gaýnatama meňzeş, arkaýyn gepleýän goja. Şol meň garry gaýnatama ýöne ýerden meňzänok-da.

Soňra iş ýerime gelip, öz eden işime syn berip oturdym. Bi eden priýomym bir zaman Baýram hanyň ogly Abdyrahmanyň eden işi. Bir ýerde okapdym. Megerem Prem Çandyň romanynda bolaýmasa şu epizod. Aý garaz menem ullandym durmuşda. Hany, indi ertirden synlap başlaly, işler biraz ýöreşiberer. Ertir belki şol ýaşuly halymdan habar alyp gider. Meň ýüzümde entegem toba maskasy bar.


kitapcy

Sylapberdi MUHAMOW.

32
276
Relax
23.06.2024 22:12
Dünýä ýurtlary we olaryň paýtagtlary (Bilip goýan ýagşy) (Gyzykly maglumatlar)

Abhaziýa - Suhum
Albaniýa - Tirana
Alžir – Alžir
Amerikanyň Birleşen Ştatlary - Waşington
Andorra – Andorra la welýa
Angola – Luanda
Antigua - Gwatemala
Argentina – Buenos Aýres
Awstraliýa - Kanberra
Awstriýa - Wena
Azarbaýjan - Baku
Bagam adalary – Nasso
Bahreýn – Manama
Bangladeş – Dakka
Barbados - Bridjtaun
Birleşen Arap Emirlikleri – Abu Dabi
Beýik Britaniýa – London
Belarussiýa – Minsk
Belgiýa – Brýussel
Beliz - Belmolan

.
Benin – Benin siti
Butan - Thimphu
Boliwiýa - Sukre
Bosniýa we Gersegowina – Saraýewo
Braziliýa - Braziliýa
Bruneý – Bandar Seri-Begawan.
Bolgariýa - Sofiýa
Burkina Faso - Yаgadugu
Burundi - Bujumbara
Çad – Njamena
Çehiýa - Praga
Çili - Santýago
Daniýa - Kopengagen
Demirgazyk Mariana Adalary – Susupe
Dominika - Rozo
Dominikan Respublikasy - Santo – Domingo
Demirgazyk Koreýa - Phenýan
Ermenistan – Ýerewan
Ekwador - Kito
Ekwatorial Gwineýa - Malabo
Eritreýa - Asmera
Estoniýa - Tallin
Efiopiýa - Addis Abeba
Eýran - Tähran
Hytaý – Pekin
Horwatiýa - Zagreb
Hindistan - Deli (Täze Deli)
Kamboja - Pnompen
Kamerun - Ýaunde
Kanada - Ottawa
Kabo-Werde – Praýa
Katar - Doha.
Kaýman Adalary - Joržtaun
Kolumbiýa Bogota
Komi - Syktywkar
Komor Adalary - Moroni
Kongo (Brazzawil)- Brazzawil
Kongo (Kinşasa) – Kinşasa
Kosta-Rika – San Hose
Kot-d’Iwuar — Ýamusukro
Keniýa - Naýrobi
Kiribati - Bairiki
Kuweýt - El Kuweýt (Kuweýt Siti)
Kuba - Gawana
Kipr - Nikosiýa
Jibuti - Jibuti
Fiji - Suwa
Filippinler - Manila
Finlýandiýa - Helsinki
Fransiýa - Pariž
Gabon - Librewil
Gambiýa - Banžul
Gruziýa - Tbilisi
Germaniýa – Berlin
Gana – Akra
Gazagystan - Astana
Gyrgyzystan - Bişkek
Gresiýa - Afiny
Grenada — Sent Jorjes
Günorta Koreýa – Seul
Günorta Afrika Respublikasy - Pretoriýa
Gwatemala - Gwatemala
Gwineýa - Konakri
Gwineýa-Bisau - Bisau
Gaiti - Port o prens
Gonduras - Tegusigalpa
Wengriýa - Budapeşt
Islandiýa - Reýkýawik
Indoneziýa - Jakarta
Irlandiýa - Dublin
Italiýa – Rim
Ispaniýa - Madrid
Iordaniýa - Amman
Laos - Wýentýan
Latwiýa - Riga
Liwan - Beýrut
Lesoto - Maseru
Liberiýa - Monrowiýa
Liwiýa - Tripoli
Lihtenşteý - Wadus
Litwa - Wilnýus
Lýuksemburg - Lýuksemburg
Makedoniýa - Skopýe
Madagaskar - Antananariwu
Malawi - Lilongwe
Malaýziýa – Kuala Lumpur
Mali - Bamako
Malta - Waletta
Marşal Adalary - Majuro
Mawritaniýa - Nuakşot
Mawrikiý – Port Lui
Meksika - Mehiko
Mikroneziýanyň Fedaratiw Ştatlary - Kolonna
Moldowiýa - Kişinýew
Monako - Monako
Mongoliýa - Ulan Bator
Marokko - Rabat
Mozambik – Maputu
Müsür - Kair
Mýanma - Naypido
Namibiýa - Windhuk
Nepal - Katmandu
Niderlandiýa - Amsterdam
Niger - Niameý
Nigeriýa - Lagos
Norwegiýa - Oslo
Nikaragua - Managua
Pakistan - Yslamabad
Palau - Koror
Panama - Panama
Papua-Täze Gwineýa - Port-Morsbi
Paragwaý - Asunson
Peru - Lima
Polşa - Warşawa
Portugaliýa - Lissabon
Rumyniýa - Buharest
Russiýa – Moskwa
Ruanda - Kigali
Sent-Kits we Newis - Baster
Sent-Lýusiýa - Kastri
Sent-Winsent we Grenadin - Kingstaun
Samoa - Apia
San-Tome we Prinsipi - San – Tome we Prinsipi
Saud Arabystany - Er-Riýad
Senegal - Dakar
Serbiýa - Belgrad
Seýşel Adalary - Wiktoriýa
Siriýa - Damask
Singapur - Singapur
Slowakiýa - Bratislawa
Sloweniýa - Lýublýana
Solomon Adalary - Honiara
Somali - Mogadişo
Sudan - Hartum
Surinam - Paramaribo
Swazilend - Mbabane
Şri-Lanka - Şri-Jawaýardenapura-Kotte
Şwesiýa - Stokgolm
Şweýsariýa - Bern
Täjigistan - Duşanbe
Täze Zelandiýa - Wellington
Tanzaniýa - Dodoma
Togo - Lome
Tonga - Nukualofa
Trinidad we Tobago – Port-of-Speýn
Türkiýe - Ankara
Türkmenistan - Aşgabat
Tuwalu - Fongafale
Uganda - Kampala
Ukraina - Kiýew
Urugwaý - Montewideo
Oman – Maskat
Owganystan - Kabul
Özbegistan - Taşkent
Wanuatu - Wila (Port Wila)
Wenesuela - Karakas
Wýetnam - Hanoý
Yrak - Bagdat
Ýamaýka - Kingston
Ýaponiýa - Tokio
Ýemen - Sana
Zambiýa - Lusaka
Zimbabwe – Harare
32
232
Relax
22.06.2024 13:16

Erkekler aslynda gyzlar ýaly çylşyrymlydyr. Olar hakynda düşünişmek aňsat diýilsede ýenede has kyn taraplary bar. Gyzlary diňleseň oglanlara düşünmek kyn. Oglanlary diňleseň hem gyzlara akyl ýetirip bolonok. Men hem oturdym we erkekler hakynda geň maglumatlary sizler bilen paýlaşmagy makul bildim.


1 – Çilim çekmek

Çilim çekmek erkeklerde çaganyň önelgesine zyýan ýetirýär. Mundan başgada çilimiň saglyga zyýany gaty uludur.


2 – Derlemek


Oglanlaryň bedeni gyzlaryň bedenine garanyňda 2 esse köp derleýär.


3 – Söýgüli bilen ýöremek

el-tutusyp-yoremek-erkekler

Söýgüli bilen ýöremek

Oglanlar ýanynda söýgülisi bar wagty adaty ýöreýşinden 7% ýuwaş ýöreýär.


4 – Gollywud kinolary

Gollywudda düşürilýän kinolaryň 74 göteriminde baş rolda erkek oýunçylar oýnapdyr.


5 – Garmonlar

gowreli-gelin-erkekler

Garmonlar

Haýran galaýmaly fakt. Aýalynyň göwreli wagty garmonlarynyň üýtgeýşi ýaly adamsynyň hem garmonlarynda üýtgeşme bolýar ekeni.


6 – Göwüs rak keseli

Aslynda göwüs rak keseli aýal maşgalalarda has köp gabat gelýär. Erkek adamlarda seýrek duş gelýär. Muňa garamazdan ABŞ-de her ýyl 450 adam göwüs rak keseli zerarly aradan çykýar ekeni.


7 – Göz gyrpmak

goz-gyrpmak-erkekler

Göz gyrpmak

Gyzlar 1 minutda 19 gezek göz gyrpýar, oglanlar bolsa 11 gezek.


8 – Gyzlara seretmek

Adaty bir oglan ömrüniň 1 ýylyny gyzlara seretmek üçin sarp edýär.


9 – Keller

Kel oglanlar saçly oglanlara garanyňda 2-3 sm uzyn we güýçli görünýärler.


10 – Dyzyňda kompýuter ullanmak

kompyuter-ullanmak-erkekler

Gyzan kompýuteri dyzyňda goýup ullanmak önelgä zeper ýetirip gysyr edýänligi ylmy taýdan subt edilendir.


11 – Ökjeli köwüş geýmek

okjeli-kowus-geymek-erkekler

Ökjeli köwüş

Ökjeli köwüşler ilki 1600-nji ýyllarda erkekler tarapyndan geýilmäge başlanypdyr. Soňraky döwürlerde aýal maşgalalar hem olara meňzemek üçin ökjeli geýip başlapdyrlar.


12 – Öýlenmek

Oglanlaryň 96% – iň durmuşdaky maksady öýlenmek bolup durýar.


13 – Öz özüňi heläklemek

ozunu-helaklemek-erkekler

Öz özüňi heläklemek

Erkek adamlar aýal maşgalalara görä 3-4 esse köp öz özüni heläkleýärler.


14 – Sakgal syrmak

Oglanlar ömrüniň 6 aýyny sakgal almaga sarp edýärler.


15 – Söýýän diýmek

soyyan-diymek-erkekler

Söýýän diýmek

Geçirilen barlaglaryň netijesine görä ilki “Seni söýýän” diýen tarap köplenç erkeklerdir.


16 – Ýalan sözlemek

Erkekler günde ortaça 6 gezek, gyzlar bolsa 3 gezek ýalan sözleýär ekeni.


17 – Ýyldyrym çakmagy

yyldyrym-carpmagy-erkekler

Ýyldyrym

Ýyldyrym, gyzlara garanyňda oglanlara 5 esse köp urýandyr.

52
694
Relax
17.06.2024 07:04

Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar


Aýbibi öňküdenem has gözelleşýärdi, işleri hem şowuna düşüp barýardy. Muny özi ilden öň duýdy we buýsanjynyň çägi ýitdi. Özüniň gözelliginden özi lezzet alyp ganyp bilmedi. Aýbibi adamlar bilen gatnaşygynda uly tejribe toplaýardy, aýratyn hem erkekler bilen sözleşmekde ummasyz inçe syrlary açyp başlapdy. Şoňa görä Aýbibä erkekleriň ünsi kän düşýärdi. Munuň bolsa zenan üstünliginiň baş şertidigine işdeş aýallaryň käbiri beletdi, şoňa görä Aýbibä görübilmezçiligini gizläp bilmeýärdiler. Aýbibi şu ýagdaýy hem gözden salmaýardy. Ol erkekler bilen pynhan söhbetlerde şuny aýal syrlarynyň biri hökmünde aýdýardy. «Siziňki hezillik-le. Umuman hem durmuşda erkek adam bolup ýaşamak ýeňil. Erkekler birbirege aýallar ýaly göriplik edip duranoklar. Aýallar welin... goýaýgyn ýöne, özünden sähel beýikdigini duýdugy, edil gözünde oky bolsa atjakdyr. Rowaýatmy, nämemi, gürrüň berýäler: öňem iki jora şlýapa magazininde şlýapa satyn aljak bolup her gün gelip, ilki biri geýip, soň beýleki geýip «Gelişýämi-de, gelişýämi?» boluşýamyşlar. Şonda olar gelişýän bolsa gelşenok, gelişmeýän bolsa-da gelişýä diýýämişler. Ana, aýallar şeýle-dä».

Ýa-da ýene bir rowaýaty gürrüň berýärdi: «Bir adada diňe aýallar ýaşaýamyş. Olar ada baran erkegi şobada daşlap öldüräýýämişler. Ahyry, bir ýeser erkek ada baryp-barmankadan: «Kim gelşiksiz bolsa şo daş zyňsyn» diýip aldygyna gygyryberipdir. Ýaňky erkegi nädendirler öýdýäň? Oňa ýekeje daşam atmandyrlar».

Aýbibi bu rowaýatlary şeýle bir näzli owaz bilen gürrüň berýärdi welin, diňläp oturan kişi meýmiräp, Aýbibiniň mylaýym keşbini gözleri bilen ýuwdaýjak bolýardy. Adamlaryň şeýle teşneligini ogryn synlap, Aýbibi özüniň zenan bolup doglanyna, şeýle lezzet alybilşine buýsanýardy. Ol şeýle rowaýatlary aýtmak bilen dünýädäki ähli zenanlaryň syryny açandyryn öýdýärdi hem-de munuň deregine erkek syrlaryny bilmäge dyzaýardy. Aýallarda bilip-bilmez ýaly kän syr ýok, ähli syr erkekde hasap edýärdi. Aýbibi erkekleri synlap, guwanyp, doýup bilmeýärdi, her bir erkegi edil çaganyň göze oýunjagy yhlasly oýnaýşy ýaly, oýnasy gelýärdi. Onsoň Aýbibä duşan adamlar kähalatda özüniň adamlygyny hem unudar derejä baryp ýetýärdiler, köp-köp wakalary, kabinet syrlaryny açýardylar, aýal-erkek gatnaşygyna degişli şorta sözleri aýdýardylar. Bu şorta sözleriň köpüsini öň eşidenem bolsa, Aýbibi, ilkinji gezek eşidýän ýaly, jykyrdap gülýärdi.

Aýbibi şeýle halatlarda erkegiň öňünde öz gadryny gaçyrman saklamagy başarýardy, garşylyk görkezen bolýady hem-de garşysynda oturan adam özüniň ilkinji we iň soňky duşuşýan adamy ýaly ýagdaý döretmäge ökdeläpdi. Ol özi hakda köp oýlanýardy hem-de iliň gözi düşjek ýerde erkek bilen bile durmaýardy, oňa derek kabinetde agzy haýal ereýän süýjülije rahat oturyşyna, telefonda bir sagatlap eljireşmegi kem görmeýärdi. Ýöne Aýbibi bilen şeýle elejireşmek üçin her bir duş gelen adam hukuk gazanybilmeýärdi, kim bilen gatnaşyk açmalydygyny Aýbibiniň özi ýalňyşsyz kesgitleýärdi.

Ýöne soňky günler bir ýigit bu düzgünleriň baryny basgylap, Aýbibiden özge hiç kime üns bermän, hiç hili utanja-uýada orun goýman, ertir-agşam Aýbibini öýleriniň ýanynda, işe gelende-gidende garşylap-ugratjak bolup, bile ýöräsi gelip, gepleşesi gelip, günde on-on bäş gezek jaň edip başlady. O ýigide Mahmyt diýýärdiler, Aşgabatdaky söwda guramalarynyň biriniň başlygydy. Aýbibi bilen tanyşlygy hem gündizki seansdaky kinoda ýanaşyk oturmakdan başlandy. Kinodan çykanda Mahmyt: «Goňşy gurgunmysyňyz? Ýörüň biz bilen gideliň, öýňüze eltäýeris» diýip, gaty salykatly ýüzlendi. Aýbibi muňa bada-bat ynandy-da Mahmydyň gulluk maşynyna mündi.

Şondan bäri hem Aýbibi oňa garşy bolýardy, Mahmydam barha yhlasly ýapyşýardy. Bir gezek dagy Aýbibi telefonda: «Sen meni unut, meni garşylama-da, ugratma-da. Meň bile işiň bolmasyn! Garyndaşlarym, işdeşlerim görse näme diýer?! Sen meni masgara edýäň» diýip gatyrgandy, şonda-da Mahmyt Aýbibiden el üzmedi. Eger Aýbibi maşyna münmän gidiberse, onda maşyn hem ýol bilen deňine tigirlenip gelýärdi. Bir gün 8-nji mart baramynyň öň ýany Mahmyt jaň edip bäş minutlyk daş çykmagy haýyş etdi. «Işim kän». «Gaýrat etsene, bäş minutda näme iş bitirilýär?» «Çynymy aýtsam, sen ýürege düşýäň». «Aýbibi, men senden diňe ýagşylyga garaşýan. Mende-de diňe ýagşy niýet baryny bildiresim gelýär. Sen maňa ters düşünme». Aýbibi belleşilen ýere göwünli-göwünsiz gelende Mahmyt maşyndan böküp çykdy-da zat dolangy kagyzy, aňyrsy görünýän şykyrdawuk kagyza dolangy bir çogmak güli Aýbibä uzadyp: «Baýramyň gutly bolsun, Bagtyýar bol» diýip sagbollaşdy. Şondan soň ep-esli günläp Mahmytdan habar bolmady. Soň bir gün ol jaň etdi, onuň owazynda damagy dolan adamyň gamgyn äheňi mese-mälim duýulýardy. «Aýbibi, bagyşla, men saňa diňe ýagşylyk edesim gelýär. Zyýany ýok, meni göresiň gelmese, görme, görüşjegem bolma. Ýöne, ynha, meniň boş maşynym bar, ertirine işe getirsin, agşamlyk islän ýeriňe alyp gitsin, gündizine-de haçan münesiň gelse şofýora aýdaý, maşyn diňe saňa hyzmat etsin. Men şuny ak ýürekden aýdýan, ynanaý. Onsoňam özüňe, ýa özgelere bir zat gerek bolsa, meniň bilen gepleşmeseň, çekinme-de şopuryma aýdaý. Gepiň gysgasy, men seniň gözüňe görnüp özümi ýigrendirmäýin, seniňem keýpiňi bozmaýyn. Kämahal jaň edip saglygyňy soraryn, maňa başga zat gerek däl». Aýbibi «Maňa-da zat gerekligi ýok» diýdi. Gürrüň şonuň bilen gutardy. Ýöne Mahmydyň şol äheňi Aýbibide birgeňsi ynjy döredip ugrady. Ertir-agşam özüne garaşýan maşyny görende, oňa münmän, deňinden tekepbir ýöräp geçip gidende her gezek şol ynjy artdy gitdi. Öz erkiniň tersine, Aýbibiniň Mahmyda nebsi agyryp başlady. Ahyry, ol bir gün işe gaýdanda öýleriniň beýle ýanynda garaşyp duran maşynyň deňinden geçip gidip bilmän, maşyna mündi. Irkilip oturan şofýor begençli bakdy... «Sizi işiňize elteýinmi ýa başga barjak ýeriňiz barmy?» «Işe barýadym». Işe ýakyn gelenlerinde şofýor ýene ýakymly dillendi. «Garaşaýynmy ýa gaýdybereýinmi?» «Gaýdyberiň». «Haçan geleýin». «Meniň üçin azara galmaň». Şofýor öňi-soňy iş wagty tamamlanmazdan öňünçä gelip uzak garaşdy. Ýöne Aýbibi, näme üçindir, görünmedi.

Soň bir gezek Aýbibi ýene maşyna mündi we düşjek bolanda «Mahmyda salam aýdyň» diýip düşüp gitdi.

Şofýor bu sözi eşidip Mahmyda buşlamaga eňdi.

- Mahmyt, ol-a, ahyry, saňa salam iberdi.

- Aý, ýog-a? Näme diýdi? Ýöne «Salam aýt» diýdimi? Meni oýnajak bolmaň, çynyňy aýt.

- Çynym, men-ä begenjime göni ýanyňa gaýdyberdim.

Mahmyt kreslodan düşüp, stoluň aňry çetinde duran şofýoryň ýanyna bardy, onuň gaýyş kurtkasynyň bilgeşlin galdyrylan ýakasyny sag eli bilen düzedip durşuna ýuwaş sözledi.

- Onda nädeli diýsene?

- hä.

- Häzir sklada bar-da düýnki italýan köwüşleriň her reňkinden birini yzky oturgyja taşla. Indiki gezek münse görer. Aýagyna bolýanyny alsyn. Ýöne ýörite edilenini biläýmesin, bir sözjagaz taparsyňda. Umuman, gowy gyz-laý. Onsoňam-how, aňryma geçirýänçäm maşyna gyzyl-çyzyl mündüräýme. O gaty gabanjaň görünýä.

- Ýok-la, o zatlary bilýän-le.

- Bilseň, gidiber. Neme-läý, bir howlyny bir ýol bilen görkezip bolmazmyka? Ýa gerek dämi?

- Howly aldy diýäýerin.

- Aldy diýenden, düşünýämiň, görkezseň gowy-da. Aýal diýlen görmese ynanmaýa. Şo howlynyň lowurdap durşuny goräýse-hä. Aý, özüň bir alajyny tapjak bol!

Gijara Aýbibi işden kellesi agyryp çykdy, ol indi endigine görä Mahmydyň maşynynyň garaşýan ýerine bakyp goýberdi. Garaşýar. Bardy-da maşynyň yzky gapysyny açyp mündi, şonda ol şu gün edarada aýallaryň agyz süýjüdip gürrüňini eden köwüşlerini gözi bilen gördi-de saklanyp bilmedi.

- Waý, bi köwüşleriň enaýyjadygyny!

- Göwnüňize ýarasa alaýyň.

- Ýok-la. Birine niýetlenen zady alyp bolmaz.

- Hiç kime-de niýetlenenok. Ýaňy sklada bardym-da, goňşy-golamlar köwüş diýip ýörensoň maşyna ataýdym. Alyň, alyň, sklad dolup ýatyr.

- Şujagaz ülje reňkli gowuja eken. Bolmasa, men soň alaryn, birhili-dä.

- Çekinmeseňiz-le. Nätdiňiz-ä muny, köwüşdir-dä.

Aýbibi aýagyna laýyk gelýän ülje reňkli köwüşi özüne ýakyn çekip goýdy. Gapjygyny açyp «Näçe tölemeli?» diýdi. Entek bahasy belli däl. Onsoňam bary-ýogy geregiňiz bir köwüş bolsa, baha diýip durmak aýyp bolar. Siz hiç zady pikir etmäň-de, joraňyza-da alyň. Häzir şu köwüşler modada». «Onda soň bahasyny aýdarsyňyz-da». «Hökman däl-le. Ýöne siz gaty gyssanmaýan bolsaňyz, ýol ugruna bäş minut saklanyp geçmek işim bardy. Maşynyň yzyndaky ýeşşigi howluda goýup geçmeli». «Bolýa, bolýa. Näme menden soraýaňyz?! Maşyn özüňiziňki ahyryn».

Şofýor baglyk hem imisala köçeleriň birinde bir howlynyň deňinde maşyny saklady. Böküp çykyp, maşynyň yzyndan bir ýaşigi göterip baryp gulpuny açyp howla girip gitdi. Yzy bilen öwrülip geldi-de, Aýbibiniň oturan tarapyndaky gapyny açyp: «Geliň täze howly görkezeýin» diýdi. Aýbibi ikirjiňlendi. «Çekinmäň, howluda Mahmyt ýok» diýip, şofýor ýakymly ýylgyrdy.

Aýbibi howlyny, birkemsiz gurlan jaýlary geňirgenip synlady.

- Mahmyt täze satyn aldy.

- Näçä aldy?

- Puluny soramaweriň, howlular gaty gymmatlady. Ýöne muň ýaly gowy howly Aşgabatda seýrekdir.

- Tutarlar diýip gorkmaýarmy?

Şofýor ýylgyrdy.

- Tutulybermek bolarmy? Gowşak kişiler tutulýa. Bölüşmän, diňe özi iýýänleri tutýalar. Mahmyt o zatlara ökde ýigit. Onsoňam ol gaty okumyş, kanuny gowy bilýä. Oglanlygam gül ýaly, hiç kimiň garşysyna gitmeýä, şoňa görä onda duşman-da ýok, gaýta hemmeler «Mahmyt» diýişip gowy görýärler.

- A siz maňa ynanýaňyzmy? Birden men Mahmydy ýamanlaýsam?

- Bi mümkin däl. Birinjiden-ä, siz hiç kime ýamanlyk etmersiňiz, sebäbi ýüregiňiziň päkligi görnüp dur, onsoňam, bardy-geldi sizi muňa mejbur edäýenlerinde-de Mahmytda müň çykalga bar, müň dosty bar.

Mahmyt bilen şafýoryň bu öwrümleri Aýbibiniň göwnünden turdy.

- Görýän welin, siz Mahmyda şofýorlykdan başga-da aýrylmaz dost öýdýän.

- Biz Mahmyt bilen hiç mahal dostluk hakda gürrüň eden däldiris, ýöne bizi bir-birekden aýyrmak, öwünmäýin welin, diňe Ezraýyla başartmagy mümkin.

Bu sözleriň aýdylyş äheňi hem Aýbibä ýarady.

- Şo gowy-da.

Şofýor şo gezek Aýbibini pugta synlap, Aýbibiniň ähli hereketlerini, aýdan sözlerini Mahmyda jikme-jik aýdyp berdi. Şondan soň Mahmyt az-kem ynjaldy, ýöne öňi-soňy seresaplygy unutmady.

Ara uzak wagt düşmänkä, Mahmyt Aýbibi bilen telefonda arkaýyn gürleşip başlady. Aýbibi indi göwünjeň sözleşýärdi, sesindäki ýat adam bilen sözleşýän ýaly äheň ýitip gitdi, hat-da ulag gerek bolsa ýa gyt haryt islese, özi hem jaň edip başlady. Aýbibi Mahmydyň bu gün bolmasa-da ertir söz aýtjagyny, şoňa hyýal edýänini, Mahmydyň bu erjelliginden onuň ýöne bir keýp üçin däl-de, ondan has aňyrrakdaky niýetiniň bardygyny – öýlenmekçidigini jyn ýaly duýýardy. Şonda näme jogap berjegini oýlanýardy.

62
764
Relax
15.06.2024 22:01

Salam kim bar yok ýetip gelen baýramlañyz gutly bolsun berjek gurbanlygyñyz kabul bolsun...

46
672
Relax
15.06.2024 09:58

Gurbanlyk hakynda bilmeli zatlarymyz: Onuň şertleri we sogaplary

Mukaddes dinimizdäki iň uly we iň eziz iki baýramdan biri Gurban baýramydyr. Şu mübärek baýramymyz hem ýakynlaşyp gelýär. Hemme ýurtdaşlarymyza mübärek bolsun! Allatagala bütin dünýäni, aýratyn hem eziz Watanymyzy we halkymyzy öz penasynda aman saklasyn. Ömrümize, rysgymyza, durmuşymyza bereketler bersin!

Ämin!


Mälim bolşy ýaly Hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 16-17-18 günlerini ýurdumyzda Gurban baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda we şol günleri iş güni däl diýip permana gol çekdi.


Nesip bolsa, iýun aýynyň 16-da, (hepdäniň dynç güni) ir sagat 06:30-da Aşgabat şäheriniň ähli metjitlerinde Baýram namazy okaljakdyr. Welaýatlarda wagt üýtgäp biler, ony her kimiň özi golaý metjidinden sorap bilerler.


Gurban baýramynda amala aşyrylýan iň uly amallarymyzdan biri gurbanlyk soýuşdyr. Ýagny, mümkinçiligi bar, maly nisab mukdaryna ýeten musulman tarapyndan Allatagalanyň razylygy üçin bir janlyny gurbanlyk bermekdir.


Gurbanlyk kimlere wajyp

Gurbanlygyň boýnuňa wajyp bolmagy üçin 4 şertiň tapylmagy gerek.


1. Musulman bolmagy: Çünki gurbanlyk Allatagala ýakyn edýän, onuň razylygyny gazandyrýan ybadat bolup, gaýry dinli bu zatlardan mahrumdyr.


2. a) Azat bolmagy. Çünki gulyň öz şahsy mülki bolmaýar. (Häzirki biziň döwrümizde gulçulyk ýok)

b) Akyly ýerinde bolmagy (däli, mežnun bolmazlygy)


3. Şahsy mülkiniň nisab mukdaryna ýetmegi.


4. Mukym bolmak (Ýaşaýan ýerinde bolmagy). Sapardaky adamyň boýnuna gurbanlyk wajyp däl.


Gurbanlyk kylyş amaly, ybadaty hijri ýyl hasabynyň 2-nji ýylynda, milady ýyl hasabynyň 624-nji ýylynda peýda bolýar.


Gurbanlygyň wagty - 3 gündir. Gurban baýramy güni daň atanyndan, iň soňky üçinji güni gün ýaşýança dowam edýär. Ýöne, şu ýerde üns berilmeli esasy meselämiz gurbanlyk soýuljak malyň Baýram namazy okalyp bolunandan soňra damagy çalynmalydyr. Ondan öň bolsa dürs bolýan däldir. Ondan öň damak çalynsa gurbanlyk däl-de, sadaka ornunda hasap edilýändir. Şu tarapyna ünsliräk boluň!


Nähili haýwanlar gurbanlyga ýaramly hasap edilýär?

Gurbanlyga soýuljak haýwan eger goýun, geçi bolsa, iň azyndan bir ýaş, mal bolsa, iň azyndan iki ýaş, düýe bolsa iň azyndan 5 ýaş bolmagy gerek. Käbir ýagdaýlarda goýun ýa-da geçi 6 aýlyk bolsada, emma göwresi 1 ýaşly goýuna çalym edýän uly bolsa, daýow bolsa 6 aýlyk geçiniň ýa-da goýunyň gurbanlyk soýulmagy rugsatdyr. Ady agzalan haýwanlaryň urkaçysy hem erkegi hem gurbanlyga ýaraýandyr.

Mundan başga haýwanlaryň: towuk, horaz, indyuk, düýeguş ýa-da aw haýwanlary bolan keýik, towşan gurbanlyk hasabyna ötýän däldir.


Pygamberimizden (sallallahu aleyhi we sellem) şeýle hadys rowaýat edilýär: "Şu dört hilli haýwan gurbanlyga ýaramaýar: gözüniň körlügi bildirip duran (aýyply) haýwan, aç-açan syrkaw (näsag) haýwan, aç-açan maýyp bolan (kemli) haýwan we aýak üstünde duryp bilmez derejede inçe, hor haýwan".

(Ymam Tirmizi rowaýat edýär)


Rowaýatdan görnüşi ýaly gurbanlyk soýuljak haýwan aýyp-nogsandan päk bolmagy zerur: Gurbanlyk soýuljak malyň gulagy, guýrugy ýa-da gözüniň bir böleginden köpürägi ýok bolsa soýmak dogry däldir. Kesel, maýyp, öter hor, soýuljak ýerine çenli öz aýagy bilen ýöräp baryp bilmez derejede bolsa gurbanlyga ýaramsyzdyr.


Gurbanlygyň iň gowusy gurban kesýän adamyň özüniň soýmagydyr. Eger özi soýup bilmese başga adama soýdursa hem bolar. Ýöne soýulýan mahalynda özi ýanynda durmagy mustahabdyr (sogaby uludyr).

Janly soýulanda (damagy çalynanda) "Bismillah Allahu ekber" diýmeklik sünnete mahsus soýuş hasaplanýar. Emma "Bismillah Allahu ekber, bu planyň adyndan gurbanlyk" diýmeklik mekruhdyr (günädir).


Indi bolsa gurbanlyk soýulan malyň eti hakynda duryp geçeliň. Gurbanlyk malyň etini sünnete görä 3-e bölmek dürs hasaplanýar: 1 bölegini paýlamak (ýetim-ýesirlere, mätäçlere), 1 bölegini öz içeri maşgalaň, garyndaşlaň, goňşy-golamyň bilen iýmek, 1 bölegini özüňde alyp galmak. Emma tutuşlygyna paýlanyňda-da ýa-da maşgalaň uly bolsa tutuşlygyna öz öýüňde goýanyňda-da zyýany ýok. Ýöne, sünnete görä maslahat berilýäni 3-e bölmek gowy görülýän amallardandyr. Gurbanlykdan esasy maksat: halal gazanjymyzdan gurban kesmeklik (gan akdyrmaklyk) bolup durýar. Gurbanlygyň derisini birine sadaka bermek ýa-da satyp pulyny sadaka bermek dogry hasaplanýar.


Dinimiz soýuljak haýwany gynamazlyga buýurýar. Şu babatda sünnete görä soýuljak pyçagyň kesgir, ýiti bolmagy aýdylýar. Pyçagy malyň gözüniň öňünde çarhlamazlyk buýrulýar. Bir haýwanyň öňünde beýleki haýwanyň damagy çalynmagyna rugsat berilmeýär.



Gurbanlygyň sogaby örän uludyr. Ozaly bilen bu amal takwalygyň, dinimiziň buýruklaryna boýun synmagyň belgisidir. Gurbanlyk kylyş bendäni Allatagala, onuň rahmet-magfyretine, bereketine ýakyn edýär. Şonuň ýaly hem, gurbanlyk arkaly adamlaryň arasynda mähir-muhabbet, rehim-şepagat köpelýär, garyplaryň göwni göterilýär.


Allatagala barçamyzy gurbanlyk bermeklige ýetirsin, gurbanlyk berýänleriň gurbanlygyny kabul eýläp, sogabyny, derejesini aňryýany bilen Allanyň özi bersin!

Ämin!


©Dark_Wolf

37
266
Relax
09.06.2024 22:29

Salam kimbar kimyok


name tazelik name kemcilik aydyp otyryn

36
651
Relax
08.06.2024 09:22

Haýyr ýeňýärmi ýa şer?



SSSR zamanynda Myraly hakyndaky rowaýatlar synpy nukdaýnazardan öwrenildi. Şeýle-de bolsa, halk Myraly hem Soltansöýün barasyndaky rowaýatlardan belli bir derejede habarlydy. Biziň garaýşymyzça, Myraly hakyndaky rowaýatlaryň, şorta sözleriň, nakyllaryň halk içinde ýaşamagynyň düýp sebäbi halkymyz olardan ruhlanypdyr. Olar hakyndaky käbir rowaýatlar ata-babalarymyzyň düýp häsiýetini (mentalitetini) kemala getirmäge esas bolupdyr. Mysal üçin, olar barasyndaky “Haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär“ diýen rowaýat halkymyzyň häsiýetinde haýyr we şer diýen düşünjäniň emele gelmegine esas bolupdyr. Biz pikirimizi subut etmek we şu çaka çenli bu rowaýatyň ýurdumyzda, asla hiç ýerde çap bolmandygyny göz öňünde tutup, ol rowaýaty doly mysal almagy makul bildik. Rowaýatyň mazmuny şeýle:

Soltansöýün Baýgara bir gezek köşgündäki edebi çekişmede: “Durmuşda haýyr ýeňýärmi ýa şer“ diýen sowaly orta atypdyr. Bu sowala köşk emeldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň hersi özüçe jogap berip, biri şer ýeňýär diýse, beýleki biri haýryň ýeňýändigini subut etmäge çalşypdyr. Bu sowal garaşylmadyk çekişmäni döredipdir.Ýöne sowalyna delilli jogap tapmadyk Soltansöýün Baýgara dawa goşulman oturan Alyşir Nowaýynyň pikirini sorapdyr welin, Nowaýy: “Patyşahym, Siziň bu sowalyyňyza şu rowaýat bilen jogap bereýin“ diýip, ol rowaýaty aýtmaga başlapdyr. Edil ýaňam uly gowur bolup oturan adamlaryň sesine suw sepilen ýaly bolup, hemme oturanlar “gulaga“ öwrülipdir:

“Gadym zamanda Haýyr bilen Şer biri-birine garşy üznüksiz uruş yglan edipdirler. Bularyň jeňinden adamlar bizar bolansoň, ahyry olar ýaraşyk baglaşypdyr. Özleriniň ýaraşyk baglaşmagy bilen adamlaryň sapaly durmuşda ýaşaýandygyny görmek üçin Haýyr bilen Şer bilelikde jahana gezelenç etmegi ýüreklerine düwüp ýola düşüpdirler. Dünýäni seýil edip barýan Haýyr bilen Şer günde üç gezek düşläp, çaý-suw içip, owkat iýip, dem-dynç alypdyrlar, ýöne olaryň hersi öz azyk–owkatyny iýýär ekeni. Ahyry Haýyr şeýle dillenipdir

– Şer dost, ikimiz ýaraşdyk, adamlaryň biziň ýaraşygymyz sebäpli, bagtly ýaşaýşyny gözümiz bilen göreli diýip, dünýäni aýlanyp ýörüs, emma biz henizem biri-birimize ynanmaýan ýaly herimiz öz zadymyzdan iýýäris. Gel, biz hakyky dost bolup, zadymyzy orta goýaly, agzybirlikde saçagymyzam bir bolsun.

Şer oňa:

–Dost, men seň aýdýanyňa goşulýan, ýöne ortak zat mydama dawa döredýär, şuny goýbolsun edeli. Juda bolmasa, herimiz her gezekki iýjegimizi saçaga goýaly, saçakdaky iýmitimizi seňki-meňki diýmän iýäýeli“ diýip jogap beripdir.

Emma Şeriň aýdanlary bilen ylalaşman Haýyr:

–Dost, onda ilki meniň azyklarymy iýeli, soňra seňkini iýeris, bu ýerde seňki-meňki bolmaz diýipdir.

Emma Şer haýryň soňky teklibine hiç zat diýmän dymypdyr. Şondan soň jahankeşdelik edip barýan Haýyr bilen Şer indiki gezek düşlänlerinde Haýyr azygyny orta goýup, ol Şeriň owkatyny çykarmagyna ýol bermändir. Ýol uzak, ahyry Haýryň iýmiti tamamlanyp baýapdyr. Indiki düşlänlerinde Şer saçagyny ýazyp, ýeke ozi iýmäge başlap, Haýra barmysyňam diýmändir. Emma Haýyr soňky döwüm çöregini paýlaşyp iýensoň, Şeriň bolşuna ünsem bermän, el-ýüzüni ýuwansoň, onuň saçagynyň başyna geçip, çörege elini uzadypdyr welin, Şer ýoknasyz gülküsini edip:

– Haýyr dost, saňa edep öwretmedilermi?! Her bir ýazylan saçagyň başyna çeçmeli däl ahyry. Hödür edilse, bile nahar iýmeli, kesekiniň saçagyna ondan galan ýagdaýda el uzatmaly däl -diýipdir.

Şeriň bu sözlerine aňka-taňka bolan Haýyr:

Şer dost, men seniň kesekiniň saçagyna hödürsiz el uzatmaly däl diýýäniň bilen doly ylalaşýaryn. Ýöne biz biri-birimize keseki däl ahyry, onsoňam men iň soňky döwüm çöregimi seň bilen paýlaşdym. Ilki meniň azygymy, soňra seňkini bile iýeris diýip şeýle etdim. Indi meň azygym baýady (gutardy), hödür etmek gezegi saňa ýetdi diýipdir.

Ýöne Şer Haýryň hörpünden gopman, oňa şeýle diýipdir:

– Haýyr dost, men iýmejegem bolsam, maňa azygyňdan iýdirdiň, emma men azygyň gutarsa, özümkiden iýdirerin diýip boýun alan däldirin. Maňa hödür edip iýdiren zadyňy diliňe alyp, sen gaty ugursyz ekeniň. Emma men seň bilen deň bolmaýyn, eglişik edeýin. Şertim şeýle: her gezek bir synaňy berseň, men seni doýraryn.

Gürrüň uzak, gepiň gysgasy, açlyk ýaman, her gezek ajygyp surnuganda Haýyr ölmejek bolup, Şere bir synasyny berip doýupdyr. Haýyr elini-aýagyny, gözüni-ýüzüni aldyryp, tokga et bolup galansoň, Şer ony arkasyna almaga mejbur bolupdyr. Ahyry bularyň ýoly patyşasy ýogalan bir ýurduň üstünden düşüpdir. Ol ýurduň adamlary patyşasy ýogalsa, bagt guşuny uçuryp, şol guş kimiň depesine gonsa, şony parh goýmazdan, patyşa saýlapdyrlar.

Adamlar bagt guşuny üç gezek uçuranda-da, guş her sapar tokga et bolan Haýryň depesine gonupdyr. Adamlar ikirjiňlemän, Haýry maýypdygyna garamazdan, ony patyşa göteripdirler. Haýyr patyşa bolandan soňra, Şeriň ýamanlygyna ýagşylyk bilen jogap edip, ony bir weziri belläpdir. Haýyr ýurdy gaty adalatly dolandyrypdyr. Ýone synalaryny aldyran Haýyr bir ýyldan ýogalypdyr welin, bu ýurduň adamlary ýygnanyp, şeýle karar edipdirler: Haýyr patyşalygynyň gysgajyk döwründe ýurtda adalaty dabaralandyrdy. Adalatly patyşamyzy arkasyna alyp, Şer getirdi, Şeriň özem bir wezirimiz. Şonuň üçin şu gezek bagt guşuny uçurmak däbinden el çekip, Haýryň adalatyny dowam etdirjek Şeri patyşa saýlalyň. Bagt guşuny uçuryp patyşa saýlanlarymyzyň içinde hem halka hunaba bereni az bolmady. Şer bolsa Haýyr patyşamyzyň dosty hem yzyny dowam etdiriji bolar. Şeýdibem bu ýurduň adamlary ilkinji gezek bagt guşuny uçurmak däbinden el çekip, maslahatlaşyp Şeri patyşa saýlapdyrlar. Bu däp soňra Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Garaz, şondan bärem Gündogarda: Äem-jahan şeriň şalygy diýen tymsal döräpdir. Ýöne bu ýerde haýran galmaly bir ýagdaý bar, çünki Şer jahan şalygyny öz niýeti-päli bilen däl-de, Haýryň arassa kalbyna duwlanyp, dolandyrýar eken.

Adamlaryň özara maslahatlaşyp, şa saýlamak däbi emele gelensoň, ynsanlara patyşa saýlap beriji bagt guşy adamlardan öýkeläp uçup gidipdir. Adamlar öz ykbalyny bagt guşundan alyp, öz akyl-paýhaslaryna bagladylar. Indi il-güne bagt guşunyň geregem ýok. Ynsan özüne gerekmejek zat bilen asla gyzyklanmaýar. Şol sebäplem häzir bagt guşunyň nirededigini bilýänem ýok.

Bu tymsalyň netijesi bolsa şeýle; Il-gün jöwher akyl-paýhasyny işledip, maslahatlaşyp iş tutsa, dünýäde haýyr işi dabaralanar, şere orun bolmaz. Her kim öz akylyna gulluk edip, jöwher akyl-paýhasa, il-gün maslahatyna orun bolmasa jahanda şer ýeňer, haýryň nämedigini halk ýatdan çykarar. Dünýäde haýyr işi dabaralansa-da, şer ýeňse-de, adamzat akyl-paýhasynyň netijesidigini unutmak bolmaz. Has dogrusy, dünýäde haýryň ýa şeriň ýeňmegi adamzadyň akyl-paýhasyna bagly” diýip, akyldar rowaýatyny tamamlapdyr.

Alyşir Nowaýy bu tymsally rowaýatyny tamamlan dessine, Soltansöýün Baýgara “Men haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär diýip beren sowalyma ýene-de Emir Alyşirden gaty akylly jogap tapdym. Adamlar biz jöwher akyl-paýhasymyz bilen dünýäde haýyr işini dabaralandyryp, geljekki nesillerimize bu dünýäni miras goýalyň. Nesillerimiz bizden nusga alsynlar, bize buýsansynlar.“ diýipdir, şondan soň haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär diýlen sowalyň çekişmesem, oturanlaryň hemmesiniň ylalaşmagynda tamamlanypdyr.

Bu rowaýatda jemgyýetde haýryň ýa şeriň ýeňmegi adamzadyň öz akyl-paýhasyna baglydygy nygtalypdyr. Waka rowaýatda aýdylyşy ýaly, bolup geçmedigem bolsa, haýyr we şer hakyndaky tymsalyň Alyşir Nowaýynyň galamyna degişlidigine şübhelenmese bolar, çünki mäneli Şerip baýlarda onlarça köne golýazma kitaplar bar ekeni. Şol golýazma kitaplaryň biriniň içinde Alyşir Nowaýynyň "Haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär“ rowaýatynyň ýerleşdirilendigini, hut şol golýazma kitapdan özüniň okandygyny enem Aksoltan Amannazar gyzy bize gürrüň beripdi. Ýöne Şerip baýyň ogly Geldi Işanguly Sowet hökümetinden gorkup, şol golýazmalary Mäne baba mawzoleýiniň günbatar gapdalynda 500-600 metr daşlykda 3-4 metr çuňlukda çukur gazyp, takmynan, 1930-31-nji ýyllarda gömüpdir. Üýtgedip gurmak zamanynda 1988-nji ýylyň maýynda gömülen golýazmalar gözlenip, ol ýerler çak bilen dörülende, az sanly gaty zaýalanan ýazgysy öçen kagyz sahypalary çykarylan eken. Alyşir Nowaýynyň bu gymmatly golýazma kitaby häzire çenli ele salnanok.

“Haýyr ýeňýärmi ýa şer“ diýen rowaýat jemgyýetde halkymyzyň haýyr we şer düşünjesiniň kemala gelmegine hamyrmaýa bolup hyzmat edipdir. Bu rowaýaty çuňňur yzarlanyňda, Alyşir Nowaýynyň adamzat jemgyýetiniň geljekde ýolbaşçylaryny özleriniň akyl-paýhasyna laýyklykda saýlajakdygyna akyl ýetirendigine yşarat edýär. Halkymyzyň kalbynda bu rowaýatyň üsti bilen adamzat akyl-paýhasynyň jemgyýetde adalaty dabaralandyrjakdygyna bolan ynam döräpdir.


Iýun, 2011 ý.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW.

kitapcy

23
50
Relax
07.06.2024 18:52

Her gün köçelerde, metrolarda, marketlerde, ýanymyzda bolan müñlerçe, millionlarça adam... Näme üçin nirädir bir ýerlere haýdaşyp barýarlar, nämüçin hemişe ellerindäki telefona dümtünip barýarlar?

Kim bu adamlar? Nähili ýaşaýarlar?

Gowy adamlarmy ýa erbetmi?

Ogrumy, jümrimi, ugursyzmy, utgasyzmy?

Durmuşdaky esasy matlaplary näme?

Maña meñzeýärlermi ýa-da men olara meñzeýärinmi?


* * *


Her gün millionlarça adamyñ arasynda gezip ýörkäm käte aklyma şu soraglar gelýär.

Köçede köpçüligiñ arasyndakam... Ýa-da metroda. Ýa-da uçarda. Ýa bolmasa supermarketde. Liftde...


* * *


Meselem, "Istiklal" prospektinden ýa-da "Taksim" meýdanyndan geçende. Hemmeler durman surata düşýär. Belli bir bölegi öz-özüni surata alanda özünden göwnühoş: Selfi şadyýanlygy bu!

Bular ýaly "möhüm" surata düşüşlikler wagty olaryñ arasyndan geçmek gelşiksiz. Hiç kimiñ "arasyna düşesim" gelenok. Emma olaryñ yzy gutarmasa näme. Biri gidýär, başga biri gelýär. Ýörär ýaly däl.

Sypaýyçylyk edeniñ bilen bolaýanok...


* * *


Adamlar nämüçun beýle köp surata düşýär? Munça selfi nämä gerekkä?

Ýüzlerçe, müñlerçe gezek surata düşýänler öwrülip şol "ajaýyp pursatlaryna" seredýärlermikä beri? Seredende näçe gezek seredýär?

Bu işe beýle özüñi aldyrmagyñ añyrsynda "taryhda galma" höwesi barmyka ýa?

"Şol pursat" şol fotosurat bilen saklanýar. Wagt durýar, pylan-pysmydan...

Wee... Eee?..


Nämüçin el telefonynda surata beýle köp düşülýär? Akylly telefonlar muny mugtuna edýär diýipmi?

Käşgä tölegli bolsady. Meselem her surata bir lira. Girdejisi-de köçede entäp ýören eýesiz itlere bagyşlansa. Eýýäm gorsanyp oturanlaryñyzyñ bardygyny bilýärin. Käbirleriñiz gowy görýärsiñiz, käbirleriñiz "hoşniýetlilik edýärsiñiz", käbirleriñiz gorkýarsyñyz we ýigrenýärsiñiz.

Umuman hemmäñiz diýen ýaly itleriñ ýanyndan geçende olardan has gymmatlydygyñyza ynanýansyñyz. Men däl.


* * *


Adamlar ýene-de bu telefonlarda köp gürleşýär. Köplenç (garşydaş tarapy ýanyñyzda görmezligiñ belli bir derejede aşyp bolmaýan ynamsyzlygy bilen) belent ses bilen.

Birem käte gürleşýän adamlara "kiseden görünmejek" hereketler edilýär. Eller, gollar gürleşmäniñ akymyna görä hereketlenip bilýär. Sen arasyndan geçjek bolup ýörkäñ gözüñe barmak girerinden gorkýañ. Ýöne ol muny duýýanam däldi. Çünki gürrüñ has wajyp, özi has wajyp, barmak has wajyp...

Käte-de öz sesinden başy aýlanyp hemmelere ýöriteläp "göni efirde" çykyş edýänler bar. Aýratynam ýapyk ýerlerde. Meselem, awtobuslarda, restoranlarda, marketlerde çekip-çydar ýaly däl.

Isleseñ, islemeseñ diñlemeli bolýarsyñ: "Men şuny şeýtdim", "men şeýle diýdim", "men şeýle tankyt etdim", "men agzynyñ paýyny berdim"... Baý-baý, sen kim ekeniñ-ow, aga, uýa!..


* * *


Uçardaky epizodlar hem çekip-çydar ýaly däl. Uçulmanka we gonulandan soñ hemişe şol bir aýdylýan sözler:

"Bolýa, uçup barýas indi. Hoş onda".

"Uçup barýas, aeroportyñ gonuş zolagynyñ ýarsyny geçdik".

"Uçar howalandy, telefonyñyzy öçüriñ diýýärler..."

"Şumat gonduk, uçarda men şumat".

"Ýok, heniz düşmedim, uçar gondy, men düşemok".

"Şumat howa menziline golaýlaşyp barýas. On minutdan çykaryn".



Ýüzler, mimikalar dürli-dürli. Kimsi şadyýan görünýär, kimsi gamgyn, kimsi gaharly...

Hemmesi-de bir zadyñ pikirinde. Haýsy pikir has agdyklyk edýärkä eýse:

Synlama-görme pikirimi, bir mümkinçilik döräp topa girsem tamasy bilen gezýänimi?

"Näme bolupdyr? Maşynyny degripmi? Hökman añyrdaky günäkärdir!"

"Arada mende-de şeýle boldy. Gyra sowdum-da, tutdum ýakasyndan..."

"Aslyñ nireden? Içindenmi?"


* * *


Edil häzir şu ýerden geçip barýan adamlaryñ näçesi ganhorka? Näçesi ahlak taýdan bozuk? Näçesi ogry? Näçesi jümri? Näçesi para aldy? Ýa-da berdi?

Näçesi ýalançy diýip biljek däl. Hemmesi-de ýalançydyr. Ýöne näçe ýygylykda we haýsy ýalanlary sözländigikleri dürli-dürlidir.

Kim has ussatlyk bilen ýalan toslap bilýär? Ýa-da töhmet atyp? Şugulçylyk edip biljegi näçe?

Ýallaklap oñarjagy? Aý, ýok, onam soramaýyn. Hemmesem oñarýandyr, bilýän.


* * *


Kim bu töweregimizdäki adamlar? Nirden gelip nirä barýarlar? Nämüçin beýle gyssanýarlar? Barýan ýerleri şeýle wajypmyka?

Ýa bir zatlardan gaçyp barýarlarmyka?

Kim bular? Hakykatdanam ýaşap ýören adamlarmy? Ýa bolmasa diñe sahnada görnüp, rollaryny oýnap geçip gidýärlermi?


Hakan AKSAÝ.

kitapcy

44
335