Relax
08.06.2024 09:22

Haýyr ýeňýärmi ýa şer?



SSSR zamanynda Myraly hakyndaky rowaýatlar synpy nukdaýnazardan öwrenildi. Şeýle-de bolsa, halk Myraly hem Soltansöýün barasyndaky rowaýatlardan belli bir derejede habarlydy. Biziň garaýşymyzça, Myraly hakyndaky rowaýatlaryň, şorta sözleriň, nakyllaryň halk içinde ýaşamagynyň düýp sebäbi halkymyz olardan ruhlanypdyr. Olar hakyndaky käbir rowaýatlar ata-babalarymyzyň düýp häsiýetini (mentalitetini) kemala getirmäge esas bolupdyr. Mysal üçin, olar barasyndaky “Haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär“ diýen rowaýat halkymyzyň häsiýetinde haýyr we şer diýen düşünjäniň emele gelmegine esas bolupdyr. Biz pikirimizi subut etmek we şu çaka çenli bu rowaýatyň ýurdumyzda, asla hiç ýerde çap bolmandygyny göz öňünde tutup, ol rowaýaty doly mysal almagy makul bildik. Rowaýatyň mazmuny şeýle:

Soltansöýün Baýgara bir gezek köşgündäki edebi çekişmede: “Durmuşda haýyr ýeňýärmi ýa şer“ diýen sowaly orta atypdyr. Bu sowala köşk emeldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň hersi özüçe jogap berip, biri şer ýeňýär diýse, beýleki biri haýryň ýeňýändigini subut etmäge çalşypdyr. Bu sowal garaşylmadyk çekişmäni döredipdir.Ýöne sowalyna delilli jogap tapmadyk Soltansöýün Baýgara dawa goşulman oturan Alyşir Nowaýynyň pikirini sorapdyr welin, Nowaýy: “Patyşahym, Siziň bu sowalyyňyza şu rowaýat bilen jogap bereýin“ diýip, ol rowaýaty aýtmaga başlapdyr. Edil ýaňam uly gowur bolup oturan adamlaryň sesine suw sepilen ýaly bolup, hemme oturanlar “gulaga“ öwrülipdir:

“Gadym zamanda Haýyr bilen Şer biri-birine garşy üznüksiz uruş yglan edipdirler. Bularyň jeňinden adamlar bizar bolansoň, ahyry olar ýaraşyk baglaşypdyr. Özleriniň ýaraşyk baglaşmagy bilen adamlaryň sapaly durmuşda ýaşaýandygyny görmek üçin Haýyr bilen Şer bilelikde jahana gezelenç etmegi ýüreklerine düwüp ýola düşüpdirler. Dünýäni seýil edip barýan Haýyr bilen Şer günde üç gezek düşläp, çaý-suw içip, owkat iýip, dem-dynç alypdyrlar, ýöne olaryň hersi öz azyk–owkatyny iýýär ekeni. Ahyry Haýyr şeýle dillenipdir

– Şer dost, ikimiz ýaraşdyk, adamlaryň biziň ýaraşygymyz sebäpli, bagtly ýaşaýşyny gözümiz bilen göreli diýip, dünýäni aýlanyp ýörüs, emma biz henizem biri-birimize ynanmaýan ýaly herimiz öz zadymyzdan iýýäris. Gel, biz hakyky dost bolup, zadymyzy orta goýaly, agzybirlikde saçagymyzam bir bolsun.

Şer oňa:

–Dost, men seň aýdýanyňa goşulýan, ýöne ortak zat mydama dawa döredýär, şuny goýbolsun edeli. Juda bolmasa, herimiz her gezekki iýjegimizi saçaga goýaly, saçakdaky iýmitimizi seňki-meňki diýmän iýäýeli“ diýip jogap beripdir.

Emma Şeriň aýdanlary bilen ylalaşman Haýyr:

–Dost, onda ilki meniň azyklarymy iýeli, soňra seňkini iýeris, bu ýerde seňki-meňki bolmaz diýipdir.

Emma Şer haýryň soňky teklibine hiç zat diýmän dymypdyr. Şondan soň jahankeşdelik edip barýan Haýyr bilen Şer indiki gezek düşlänlerinde Haýyr azygyny orta goýup, ol Şeriň owkatyny çykarmagyna ýol bermändir. Ýol uzak, ahyry Haýryň iýmiti tamamlanyp baýapdyr. Indiki düşlänlerinde Şer saçagyny ýazyp, ýeke ozi iýmäge başlap, Haýra barmysyňam diýmändir. Emma Haýyr soňky döwüm çöregini paýlaşyp iýensoň, Şeriň bolşuna ünsem bermän, el-ýüzüni ýuwansoň, onuň saçagynyň başyna geçip, çörege elini uzadypdyr welin, Şer ýoknasyz gülküsini edip:

– Haýyr dost, saňa edep öwretmedilermi?! Her bir ýazylan saçagyň başyna çeçmeli däl ahyry. Hödür edilse, bile nahar iýmeli, kesekiniň saçagyna ondan galan ýagdaýda el uzatmaly däl -diýipdir.

Şeriň bu sözlerine aňka-taňka bolan Haýyr:

Şer dost, men seniň kesekiniň saçagyna hödürsiz el uzatmaly däl diýýäniň bilen doly ylalaşýaryn. Ýöne biz biri-birimize keseki däl ahyry, onsoňam men iň soňky döwüm çöregimi seň bilen paýlaşdym. Ilki meniň azygymy, soňra seňkini bile iýeris diýip şeýle etdim. Indi meň azygym baýady (gutardy), hödür etmek gezegi saňa ýetdi diýipdir.

Ýöne Şer Haýryň hörpünden gopman, oňa şeýle diýipdir:

– Haýyr dost, men iýmejegem bolsam, maňa azygyňdan iýdirdiň, emma men azygyň gutarsa, özümkiden iýdirerin diýip boýun alan däldirin. Maňa hödür edip iýdiren zadyňy diliňe alyp, sen gaty ugursyz ekeniň. Emma men seň bilen deň bolmaýyn, eglişik edeýin. Şertim şeýle: her gezek bir synaňy berseň, men seni doýraryn.

Gürrüň uzak, gepiň gysgasy, açlyk ýaman, her gezek ajygyp surnuganda Haýyr ölmejek bolup, Şere bir synasyny berip doýupdyr. Haýyr elini-aýagyny, gözüni-ýüzüni aldyryp, tokga et bolup galansoň, Şer ony arkasyna almaga mejbur bolupdyr. Ahyry bularyň ýoly patyşasy ýogalan bir ýurduň üstünden düşüpdir. Ol ýurduň adamlary patyşasy ýogalsa, bagt guşuny uçuryp, şol guş kimiň depesine gonsa, şony parh goýmazdan, patyşa saýlapdyrlar.

Adamlar bagt guşuny üç gezek uçuranda-da, guş her sapar tokga et bolan Haýryň depesine gonupdyr. Adamlar ikirjiňlemän, Haýry maýypdygyna garamazdan, ony patyşa göteripdirler. Haýyr patyşa bolandan soňra, Şeriň ýamanlygyna ýagşylyk bilen jogap edip, ony bir weziri belläpdir. Haýyr ýurdy gaty adalatly dolandyrypdyr. Ýone synalaryny aldyran Haýyr bir ýyldan ýogalypdyr welin, bu ýurduň adamlary ýygnanyp, şeýle karar edipdirler: Haýyr patyşalygynyň gysgajyk döwründe ýurtda adalaty dabaralandyrdy. Adalatly patyşamyzy arkasyna alyp, Şer getirdi, Şeriň özem bir wezirimiz. Şonuň üçin şu gezek bagt guşuny uçurmak däbinden el çekip, Haýryň adalatyny dowam etdirjek Şeri patyşa saýlalyň. Bagt guşuny uçuryp patyşa saýlanlarymyzyň içinde hem halka hunaba bereni az bolmady. Şer bolsa Haýyr patyşamyzyň dosty hem yzyny dowam etdiriji bolar. Şeýdibem bu ýurduň adamlary ilkinji gezek bagt guşuny uçurmak däbinden el çekip, maslahatlaşyp Şeri patyşa saýlapdyrlar. Bu däp soňra Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Garaz, şondan bärem Gündogarda: Äem-jahan şeriň şalygy diýen tymsal döräpdir. Ýöne bu ýerde haýran galmaly bir ýagdaý bar, çünki Şer jahan şalygyny öz niýeti-päli bilen däl-de, Haýryň arassa kalbyna duwlanyp, dolandyrýar eken.

Adamlaryň özara maslahatlaşyp, şa saýlamak däbi emele gelensoň, ynsanlara patyşa saýlap beriji bagt guşy adamlardan öýkeläp uçup gidipdir. Adamlar öz ykbalyny bagt guşundan alyp, öz akyl-paýhaslaryna bagladylar. Indi il-güne bagt guşunyň geregem ýok. Ynsan özüne gerekmejek zat bilen asla gyzyklanmaýar. Şol sebäplem häzir bagt guşunyň nirededigini bilýänem ýok.

Bu tymsalyň netijesi bolsa şeýle; Il-gün jöwher akyl-paýhasyny işledip, maslahatlaşyp iş tutsa, dünýäde haýyr işi dabaralanar, şere orun bolmaz. Her kim öz akylyna gulluk edip, jöwher akyl-paýhasa, il-gün maslahatyna orun bolmasa jahanda şer ýeňer, haýryň nämedigini halk ýatdan çykarar. Dünýäde haýyr işi dabaralansa-da, şer ýeňse-de, adamzat akyl-paýhasynyň netijesidigini unutmak bolmaz. Has dogrusy, dünýäde haýryň ýa şeriň ýeňmegi adamzadyň akyl-paýhasyna bagly” diýip, akyldar rowaýatyny tamamlapdyr.

Alyşir Nowaýy bu tymsally rowaýatyny tamamlan dessine, Soltansöýün Baýgara “Men haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär diýip beren sowalyma ýene-de Emir Alyşirden gaty akylly jogap tapdym. Adamlar biz jöwher akyl-paýhasymyz bilen dünýäde haýyr işini dabaralandyryp, geljekki nesillerimize bu dünýäni miras goýalyň. Nesillerimiz bizden nusga alsynlar, bize buýsansynlar.“ diýipdir, şondan soň haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär diýlen sowalyň çekişmesem, oturanlaryň hemmesiniň ylalaşmagynda tamamlanypdyr.

Bu rowaýatda jemgyýetde haýryň ýa şeriň ýeňmegi adamzadyň öz akyl-paýhasyna baglydygy nygtalypdyr. Waka rowaýatda aýdylyşy ýaly, bolup geçmedigem bolsa, haýyr we şer hakyndaky tymsalyň Alyşir Nowaýynyň galamyna degişlidigine şübhelenmese bolar, çünki mäneli Şerip baýlarda onlarça köne golýazma kitaplar bar ekeni. Şol golýazma kitaplaryň biriniň içinde Alyşir Nowaýynyň "Haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär“ rowaýatynyň ýerleşdirilendigini, hut şol golýazma kitapdan özüniň okandygyny enem Aksoltan Amannazar gyzy bize gürrüň beripdi. Ýöne Şerip baýyň ogly Geldi Işanguly Sowet hökümetinden gorkup, şol golýazmalary Mäne baba mawzoleýiniň günbatar gapdalynda 500-600 metr daşlykda 3-4 metr çuňlukda çukur gazyp, takmynan, 1930-31-nji ýyllarda gömüpdir. Üýtgedip gurmak zamanynda 1988-nji ýylyň maýynda gömülen golýazmalar gözlenip, ol ýerler çak bilen dörülende, az sanly gaty zaýalanan ýazgysy öçen kagyz sahypalary çykarylan eken. Alyşir Nowaýynyň bu gymmatly golýazma kitaby häzire çenli ele salnanok.

“Haýyr ýeňýärmi ýa şer“ diýen rowaýat jemgyýetde halkymyzyň haýyr we şer düşünjesiniň kemala gelmegine hamyrmaýa bolup hyzmat edipdir. Bu rowaýaty çuňňur yzarlanyňda, Alyşir Nowaýynyň adamzat jemgyýetiniň geljekde ýolbaşçylaryny özleriniň akyl-paýhasyna laýyklykda saýlajakdygyna akyl ýetirendigine yşarat edýär. Halkymyzyň kalbynda bu rowaýatyň üsti bilen adamzat akyl-paýhasynyň jemgyýetde adalaty dabaralandyrjakdygyna bolan ynam döräpdir.


Iýun, 2011 ý.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW.

kitapcy

23
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.