Relax
22.06.2024 13:16

Erkekler aslynda gyzlar ýaly çylşyrymlydyr. Olar hakynda düşünişmek aňsat diýilsede ýenede has kyn taraplary bar. Gyzlary diňleseň oglanlara düşünmek kyn. Oglanlary diňleseň hem gyzlara akyl ýetirip bolonok. Men hem oturdym we erkekler hakynda geň maglumatlary sizler bilen paýlaşmagy makul bildim.


1 – Çilim çekmek

Çilim çekmek erkeklerde çaganyň önelgesine zyýan ýetirýär. Mundan başgada çilimiň saglyga zyýany gaty uludur.


2 – Derlemek


Oglanlaryň bedeni gyzlaryň bedenine garanyňda 2 esse köp derleýär.


3 – Söýgüli bilen ýöremek

el-tutusyp-yoremek-erkekler

Söýgüli bilen ýöremek

Oglanlar ýanynda söýgülisi bar wagty adaty ýöreýşinden 7% ýuwaş ýöreýär.


4 – Gollywud kinolary

Gollywudda düşürilýän kinolaryň 74 göteriminde baş rolda erkek oýunçylar oýnapdyr.


5 – Garmonlar

gowreli-gelin-erkekler

Garmonlar

Haýran galaýmaly fakt. Aýalynyň göwreli wagty garmonlarynyň üýtgeýşi ýaly adamsynyň hem garmonlarynda üýtgeşme bolýar ekeni.


6 – Göwüs rak keseli

Aslynda göwüs rak keseli aýal maşgalalarda has köp gabat gelýär. Erkek adamlarda seýrek duş gelýär. Muňa garamazdan ABŞ-de her ýyl 450 adam göwüs rak keseli zerarly aradan çykýar ekeni.


7 – Göz gyrpmak

goz-gyrpmak-erkekler

Göz gyrpmak

Gyzlar 1 minutda 19 gezek göz gyrpýar, oglanlar bolsa 11 gezek.


8 – Gyzlara seretmek

Adaty bir oglan ömrüniň 1 ýylyny gyzlara seretmek üçin sarp edýär.


9 – Keller

Kel oglanlar saçly oglanlara garanyňda 2-3 sm uzyn we güýçli görünýärler.


10 – Dyzyňda kompýuter ullanmak

kompyuter-ullanmak-erkekler

Gyzan kompýuteri dyzyňda goýup ullanmak önelgä zeper ýetirip gysyr edýänligi ylmy taýdan subt edilendir.


11 – Ökjeli köwüş geýmek

okjeli-kowus-geymek-erkekler

Ökjeli köwüş

Ökjeli köwüşler ilki 1600-nji ýyllarda erkekler tarapyndan geýilmäge başlanypdyr. Soňraky döwürlerde aýal maşgalalar hem olara meňzemek üçin ökjeli geýip başlapdyrlar.


12 – Öýlenmek

Oglanlaryň 96% – iň durmuşdaky maksady öýlenmek bolup durýar.


13 – Öz özüňi heläklemek

ozunu-helaklemek-erkekler

Öz özüňi heläklemek

Erkek adamlar aýal maşgalalara görä 3-4 esse köp öz özüni heläkleýärler.


14 – Sakgal syrmak

Oglanlar ömrüniň 6 aýyny sakgal almaga sarp edýärler.


15 – Söýýän diýmek

soyyan-diymek-erkekler

Söýýän diýmek

Geçirilen barlaglaryň netijesine görä ilki “Seni söýýän” diýen tarap köplenç erkeklerdir.


16 – Ýalan sözlemek

Erkekler günde ortaça 6 gezek, gyzlar bolsa 3 gezek ýalan sözleýär ekeni.


17 – Ýyldyrym çakmagy

yyldyrym-carpmagy-erkekler

Ýyldyrym

Ýyldyrym, gyzlara garanyňda oglanlara 5 esse köp urýandyr.

52
692
Relax
28 Iýun 2024
@nabat_, Salam duzedildi
nabat_
28 Iýun 2024
salam meniñ dun agşamky we yanky sonky goyan postlaryma like basyp bolanok gorup berayiñ hayyş
Relax
27 Iýun 2024
@milaya_mm, hasabynda kemcilik yok
Relax
27 Iýun 2024
@milaya_mm, spama dusendir hasabyndan girip cykyp gorsin
Relax
27 Iýun 2024
@milaya_mm, aýdyñ?
Relax
27 Iýun 2024
@Serwi, dogryy)
Relax
27 Iýun 2024
@Serwi, sawoll sawoll)) arasynda menden beter yitip gityan sen))
Relax
27 Iýun 2024
@Serwi, gowy ozin gowmy
Relax
27 Iýun 2024
@Serwi, Salam
olia
23 Iýun 2024
12.😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.