Relax
15.06.2024 09:58

Gurbanlyk hakynda bilmeli zatlarymyz: Onuň şertleri we sogaplary

Mukaddes dinimizdäki iň uly we iň eziz iki baýramdan biri Gurban baýramydyr. Şu mübärek baýramymyz hem ýakynlaşyp gelýär. Hemme ýurtdaşlarymyza mübärek bolsun! Allatagala bütin dünýäni, aýratyn hem eziz Watanymyzy we halkymyzy öz penasynda aman saklasyn. Ömrümize, rysgymyza, durmuşymyza bereketler bersin!

Ämin!


Mälim bolşy ýaly Hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 16-17-18 günlerini ýurdumyzda Gurban baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda we şol günleri iş güni däl diýip permana gol çekdi.


Nesip bolsa, iýun aýynyň 16-da, (hepdäniň dynç güni) ir sagat 06:30-da Aşgabat şäheriniň ähli metjitlerinde Baýram namazy okaljakdyr. Welaýatlarda wagt üýtgäp biler, ony her kimiň özi golaý metjidinden sorap bilerler.


Gurban baýramynda amala aşyrylýan iň uly amallarymyzdan biri gurbanlyk soýuşdyr. Ýagny, mümkinçiligi bar, maly nisab mukdaryna ýeten musulman tarapyndan Allatagalanyň razylygy üçin bir janlyny gurbanlyk bermekdir.


Gurbanlyk kimlere wajyp

Gurbanlygyň boýnuňa wajyp bolmagy üçin 4 şertiň tapylmagy gerek.


1. Musulman bolmagy: Çünki gurbanlyk Allatagala ýakyn edýän, onuň razylygyny gazandyrýan ybadat bolup, gaýry dinli bu zatlardan mahrumdyr.


2. a) Azat bolmagy. Çünki gulyň öz şahsy mülki bolmaýar. (Häzirki biziň döwrümizde gulçulyk ýok)

b) Akyly ýerinde bolmagy (däli, mežnun bolmazlygy)


3. Şahsy mülkiniň nisab mukdaryna ýetmegi.


4. Mukym bolmak (Ýaşaýan ýerinde bolmagy). Sapardaky adamyň boýnuna gurbanlyk wajyp däl.


Gurbanlyk kylyş amaly, ybadaty hijri ýyl hasabynyň 2-nji ýylynda, milady ýyl hasabynyň 624-nji ýylynda peýda bolýar.


Gurbanlygyň wagty - 3 gündir. Gurban baýramy güni daň atanyndan, iň soňky üçinji güni gün ýaşýança dowam edýär. Ýöne, şu ýerde üns berilmeli esasy meselämiz gurbanlyk soýuljak malyň Baýram namazy okalyp bolunandan soňra damagy çalynmalydyr. Ondan öň bolsa dürs bolýan däldir. Ondan öň damak çalynsa gurbanlyk däl-de, sadaka ornunda hasap edilýändir. Şu tarapyna ünsliräk boluň!


Nähili haýwanlar gurbanlyga ýaramly hasap edilýär?

Gurbanlyga soýuljak haýwan eger goýun, geçi bolsa, iň azyndan bir ýaş, mal bolsa, iň azyndan iki ýaş, düýe bolsa iň azyndan 5 ýaş bolmagy gerek. Käbir ýagdaýlarda goýun ýa-da geçi 6 aýlyk bolsada, emma göwresi 1 ýaşly goýuna çalym edýän uly bolsa, daýow bolsa 6 aýlyk geçiniň ýa-da goýunyň gurbanlyk soýulmagy rugsatdyr. Ady agzalan haýwanlaryň urkaçysy hem erkegi hem gurbanlyga ýaraýandyr.

Mundan başga haýwanlaryň: towuk, horaz, indyuk, düýeguş ýa-da aw haýwanlary bolan keýik, towşan gurbanlyk hasabyna ötýän däldir.


Pygamberimizden (sallallahu aleyhi we sellem) şeýle hadys rowaýat edilýär: "Şu dört hilli haýwan gurbanlyga ýaramaýar: gözüniň körlügi bildirip duran (aýyply) haýwan, aç-açan syrkaw (näsag) haýwan, aç-açan maýyp bolan (kemli) haýwan we aýak üstünde duryp bilmez derejede inçe, hor haýwan".

(Ymam Tirmizi rowaýat edýär)


Rowaýatdan görnüşi ýaly gurbanlyk soýuljak haýwan aýyp-nogsandan päk bolmagy zerur: Gurbanlyk soýuljak malyň gulagy, guýrugy ýa-da gözüniň bir böleginden köpürägi ýok bolsa soýmak dogry däldir. Kesel, maýyp, öter hor, soýuljak ýerine çenli öz aýagy bilen ýöräp baryp bilmez derejede bolsa gurbanlyga ýaramsyzdyr.


Gurbanlygyň iň gowusy gurban kesýän adamyň özüniň soýmagydyr. Eger özi soýup bilmese başga adama soýdursa hem bolar. Ýöne soýulýan mahalynda özi ýanynda durmagy mustahabdyr (sogaby uludyr).

Janly soýulanda (damagy çalynanda) "Bismillah Allahu ekber" diýmeklik sünnete mahsus soýuş hasaplanýar. Emma "Bismillah Allahu ekber, bu planyň adyndan gurbanlyk" diýmeklik mekruhdyr (günädir).


Indi bolsa gurbanlyk soýulan malyň eti hakynda duryp geçeliň. Gurbanlyk malyň etini sünnete görä 3-e bölmek dürs hasaplanýar: 1 bölegini paýlamak (ýetim-ýesirlere, mätäçlere), 1 bölegini öz içeri maşgalaň, garyndaşlaň, goňşy-golamyň bilen iýmek, 1 bölegini özüňde alyp galmak. Emma tutuşlygyna paýlanyňda-da ýa-da maşgalaň uly bolsa tutuşlygyna öz öýüňde goýanyňda-da zyýany ýok. Ýöne, sünnete görä maslahat berilýäni 3-e bölmek gowy görülýän amallardandyr. Gurbanlykdan esasy maksat: halal gazanjymyzdan gurban kesmeklik (gan akdyrmaklyk) bolup durýar. Gurbanlygyň derisini birine sadaka bermek ýa-da satyp pulyny sadaka bermek dogry hasaplanýar.


Dinimiz soýuljak haýwany gynamazlyga buýurýar. Şu babatda sünnete görä soýuljak pyçagyň kesgir, ýiti bolmagy aýdylýar. Pyçagy malyň gözüniň öňünde çarhlamazlyk buýrulýar. Bir haýwanyň öňünde beýleki haýwanyň damagy çalynmagyna rugsat berilmeýär.



Gurbanlygyň sogaby örän uludyr. Ozaly bilen bu amal takwalygyň, dinimiziň buýruklaryna boýun synmagyň belgisidir. Gurbanlyk kylyş bendäni Allatagala, onuň rahmet-magfyretine, bereketine ýakyn edýär. Şonuň ýaly hem, gurbanlyk arkaly adamlaryň arasynda mähir-muhabbet, rehim-şepagat köpelýär, garyplaryň göwni göterilýär.


Allatagala barçamyzy gurbanlyk bermeklige ýetirsin, gurbanlyk berýänleriň gurbanlygyny kabul eýläp, sogabyny, derejesini aňryýany bilen Allanyň özi bersin!

Ämin!


©Dark_Wolf

37
266
Islam_Atayew
16 Iýun 2024
@UÇURYM 🛫, ustinlik
perijik
16 Iýun 2024
Amin hemme doganlarymyzyñ Gurbanlyklary kabul bolsun Allajan soñky ÿyllarda hem ãhlimize şu aÿlara ÿetmek nesip etsin 🤲🏽
perijik
16 Iýun 2024
👍👍👍
soyg
15 Iýun 2024
Amin Kabul bolsun hemmamizinki
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Iýun 2024
@Islam_Atayew, bolmaga niyetima bar gullukdan galyp boljaga.
Islam_Atayew
15 Iýun 2024
@UÇURYM 🛫, Talyp boldunmy dos
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Iýun 2024
Salam relax mn nikimi "Talyp" dp uytgedp berayda.
sadajaaa_
15 Iýun 2024
Ämin hemmämiziňki bile bolsun Allajan kabul bolsun!❤️
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Iýun 2024
Hemmanizinem yetip gelen Mukadess Gurban bayramynyz mübarek bolsun.
kimsen
15 Iýun 2024
Amin. sagbol gowja dilegleri ucin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.