Relax
11.07.2023 09:23
Ters psihologiýa



"Şu kitaby okamagy maslahat beremok" diýip, daşary ýurt edebiýatynyň taryhyndan berýän leksiýalarynda dosent mugallymymyz talyplaryň eserlere bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. 


Ters psihologiýa - islenýän zadyň tersini teklip edip, birine täsir etmek ýa-da ynandyrmak üçin ulanylýan usul. Ters psihologiýada adamlara näme etmelidigi aýdylman, eýsem, näme etmeli däldigi aýdylýar. Muňa adamlaryň özlerini alyp baryşlarynyny dolandyrmagyň ýa-da manipulýasiýanyň bir görnüşi hökmünde garalyp bilner. Muňa stereotipiki meselem hökmünde, "Düwmä basmaň!" ýaly filmlerde we multifilmlerde gabat gelýän ýazgylary getirip bileris.


Adamlar özlerini etjek zatlaryna özleri karar berýän ýaly duýsalar, şony etmek ähtimallygy has ýokary bolýar. 

Ters psihologiýa dürli ýagdaýlarda ulanylýar.

Mysal üçin, ene-atalar "Bu käşirleriň hemmesini iýip bilmersiň" ýaly bir zat aýdyp, çagalaryna gök önümlerini iýdirmek üçin ters psihologiýany ulanyp biler. Çaga ene-atasynyň nädogrydygyny subut etmek üçin käşir iýmek kararyna gelýär.

Marketingde önümi sarp edijilere has özüne çekiji etmek üçin ters psihologiýa ulanylyp bilner.

Şeýle-de bolsa, dogry ulanylmasa ters psihologiýa töwekgelçiliklidir. Bu adam psihologiýasyna, gatnaşyklara zeper ýetirip biljek manipulýasiýa eltmegi mümkin.

Ters psihologiýa başgalara täsir etmek ýa-da ynandyrmak üçin ulanyp boljak güýçli usuldyr. Ýaramaz netijelerden gaça durmak üçin ony ünsli we ahlakly ulanmak möhümdir.

Siz nahili ýagdaýlary mysal getirip bersiňiz? 
27
374
Relax
10.07.2023 21:38
IQ urowen barada kiçiräjik maglumatjyk

IQ (Intelligence quotient) ýa-da “aňtaw paýy” diýmekligi aňladyp, bu adamyň pikirlenmek ukybynynyň ölçeg birligidir. Gysgaça aýdylanda, bu adamyň berlen maglumatlardan ýa-da logikasynyň güýjüne daýanyp soraglar jogap bermegini we çaklamalary döredip biljek ukybyny ölçeýär. IQ testlar adamyň diňe bir pikirleniş ukybyny barlaman eýsem, onuň ýatda saklaýşynyň ukubyny hem ölçemegi hem başarýar. Beýle testler adamlaryň çylşyrymly beýni üçin oýunlar bn ukybyny we öň öwrenilen maglumaty nähili çaltlyk bilen gaýtadan ýatlap biliş ukybyny hem anyklaýar.

Ähli okuwçy onuň aňyna seretmezden öwrenip biler. Emma mekdepler käbir okuwçylar özleriniň aň-düşünje geriminiň darlygy ýa-da onuň diňe belli bir ugurdan ösendigi sebäpli kynçylyk çekýärler. Şeýle ýagdaýlarda, IQ testler okuwçylaryň aňtaw ukybyny anyklamakda mugallymlara üçin goldaw berýär. Häzirki döwürde käbir institutdyr uniwersitetler IQ testleri we şolara meňzeş testleri özlerine gowy okuwçylary saýlamak üçin ulanýarlar. Bu testler okuwçylaryň haýsysy ýolbaşçylyk işine laýyk ýa-da haýsysynyň haýsy ugurdan ökdedigini çaklamakda peýdalydyr.

Biriniň IQ testleriniň jogaplaryny okamak örän gyzyklydyr. Köp adamlaryň aýtmaklaryna görä, aňlylyk bu üstünlikli adamlaryň üstünlikli bolmaklarynyň esasy sebäbidir. Adamyň aňyny öwrenýän alym psihologlar bu aýdylan sözleriň dogry däldigini aýdýarlar. IQ testler adamyň belli bir ugurdan; meselem, ylym, inženerçilik ýa-da sungat ugurlarynda abstrakt pikirlenişini çaklamak mümkindir, emma bu adamyň geljekde üstünlikli boljakdygyny çaklamak diýmek däldir. Üýtgeşik üstünlikler dürli zatlara bagly bolmagy mümkindir we şol zatlara maksada ukgynlylyk, höwes, mkasadyň barada dury oýlanmak ukyby, we mümkinçilik. Ondan başgada amatlylyk hem uly ýer turmagy mümkindir.
23
264
Relax
10.07.2023 10:02
DÜNÝÄNI ÝAGŞYLYK HALAS EDER!..

Sosial mediýada okapdym, hiç ýadymdan çykanok. Okasañyz, size-de ýiti täsir etjekdigine ynanýaryn: "Simit almak üçin nobata durdum. Nobat diýseñ uzyndy. Meniñ öñümde gyzjagazynyñ elinden tutup duran bir adam durdy.
Köýneginiñ iliklerini bogazyna çenli ildiren adamyñ üst-başy arassady, ýöne könedi.
Aýakgaby-da şeýle, tomusky köwşüñ bireýýäm apgyrdy gidipdi...
Çagasy bilen edýän gürrüñlerine gulak salyp durdum welin, görmedigi görde galana meñzeýär...

* * *

Çagajyk zol-zol "Kakajan, ajykdym. Gezek ýetmedimi?" diýip zarynlaýardy...
Gezek ahyryn olara-da ýetdi. Ol bir simit almakçy boldy. Çagajyk nägile boldy:
- Kaka, meñ kökelisindenem iýesim gelýär…
Kakasy "Gepleme!" diýýän ýaly edip, gaşyny gerdi, "Bolmaz!" diýjek boldy.
Ol maýda pullaryny uzadanda biri ýere düşüp, stolyñ aşagyna düşdi. Görgüli dyzyna çöküp, puluny almaga dyrjaşanda, simitçi:
- Goýsana, dostum, hökman däl! - diýdi.
Gyzjagazyñ kakasy naýynjar ses bilen:
- Başga pulumyz ýog-a, ýetmän galdy. Yrza bol! - diýenden, simitçi:
- Gyra geçip oturyñ, gyzgynjagy bişerem welin, özüm äkelerin - diýdi.
Müşderi kemter pul bermekden utanjyna görkezilen ýere geçip oturdy…

* * *

Şol ikiarada menem simidimi alyp, olaryñ golaýyndaky stola geçip oturdym.
Çaý getirtdim, ýanyna zeýtunam getirip berdiler.
Onýança simitçi hem geldi.
Ol tabaklaryñ içinde hemme zatdan goýuşdyran eken. Gyzjagazyñ islän kökelisinden, simit, böreklisinden, garaz, her dürlüsinden tabagyny dolduryp gelipdir.
Çaý hem gelensoñ, simitçi onuñ ýanyna geçip oturdy.
Men durşum bilen göz-gulaga öwrülip, olary synlaýardym. "Görgüsiýaman, näçe ýyllyk işçi, onsoñ bilendir kim dilegçi, kim aç, bilýärem, ýalñyşanogam!" diýip içimden pikir etdim...
Olar özara gürrüñe başlady, gaýta-gaýta çaý içdiler...
Soñra simitçi az-owlak pul çykadyp, onuñ köýneginiñ jübüsine saldy...
- Ertir gel, işiñe başla! - diýdi.
Men öz ýanymdan "Kysmata seretsene!" diýdim. Müşderiniñ pulumy gaçyrdym diýip gynanan ýeri indi onuñ gazanç etjek dükanyna öwrüldi duruberdi!
Ataly-gyz turup gidensoñ, men simitçä golaýlaşyp:
- Başlyk, seni gutlaýaryn - diýdim. - Hiç hili utandyrman ataly-gyzyñ garnyny doýurdyñ. Hiç kime görkezmän jübüsine pul saldyñ. Ýagşylyk şular ýaly edilmeli. Alla razy bolsun, siziñ ýalylaryñ sanyny köpeltsin, nähili gowy adam ekeniñ!
Simitçi:
- Sag bol! - diýdi. - Oña aýdyp durmadym, ýöne ol meniñ başlangyç mekdepde bile okan ýoldaşym! Men ony tanadym, emma ol meni tanamady! Ertir gelensoñ aýdaryn oña muny. Häzir aýtsam, utanyp-ýygrylyp, işe gelmez diýip aýtmadym. Biz orta mekdepde döwlet okuwynda okasak, kakasy ony ýörite kolležde okadýardy. Uçursyz baý maşgalanyñ çagasydy. Hemmämiz oña höwes ederdik. Näme bolupdyr, bilemok? Durmuşda bi, nähilidigiñ esasy zat däl, nähili boljagyñ esasy zat. Hernä içindäki adamkärçiligi ýaşasyn!
Bilýän adamlar nähili bagtly...
Dünýäni içindäki adamkärçiligi ýaşadýan ýagşy adamlar halas eder...

Ugur DÜNDAR.
30
118
Relax
09.07.2023 22:50
ÜSTÜNLIK BARADA

Uly üstünlik bu iň gowy ar alyş.
Soňunda ýalňyzlyk bar hem bolsa, öz ynanýan zadyňyzyň arkasynda durmakdan gorkmaň.
Gowy iş etmegiň ýeke-täk ýoly — edýän işiňi söýmek. Entek ony tapmadyk bolsaň, gözle. Oturma!
Durmuş gysga — ýaşa. Söýgi seýrek — gora. Gahar erbet — taşla. Gorky aýylganç — ýüzlerçe. Ýatlamalar süýji — hormat goý.
Durmuş surata meňzeýär. Owadan bolmagy üçin säwlikler gerek.
Şowsuzlyklar barada alada etme. Tersine synanyşyp görmän, ýitiren pursatlaryň hakda alada et.
Bu gün duýýan agyryňyz, ertirki duýjak güýjüňizdir. Her bir kynçylykda ösüş üçin mümkinçilik bardyr.
Özüňe bolan ynam bu adamda bolup biljek iň ajaýyp özüne çekiji häsiýet.
Bagtly bolmak hemme zadyň kämildigini aňlatmaýar. Kemçilikleri görmezden gelýändigiňizi aňladýar.
Hiç kim bolgusyz, semiz, ýalta ýa-da samsyk bolmagyň meýilnamasyny ýazmady. Haçan-da siziň maksadyňyz ýok wagty şol zatlar bolýar.
Durmuşda bolup biljek iň uly şowsuzlyk, asla synanyşmazlyk ýalňyşlygydyr.
Geçmiş üçin aglama, ol gitdi. Geljek barada alada etme, ol entek gelenok. Häzirki wagtda ýaşa we ony owadanlaşdyr.
Durmuş size hemişe ikinji mümkinçiligi hödürleýär. Ol «ertir» diýlip atlandyrylýar.
17
159
Relax
08.07.2023 19:27
"Ruhy keselleri bejeriş hassahanasynyñ howlusynda çilim çekip otyrdym.
Bilesigelijiligimdenmi nämemi, ol ýere nädip baranymy özümem bilemok.
Daş-töweregime garanjaklap durkam, ýaşy dört onlugy doldurañkyrlan bir adama gözüm kaklyşdy.
Ýüzümi başga tarapa öwrenem bolsam, ol meni synlamaga dowam etdi.
Daşky sypatyna seretseñ-ä, myhmana meñzeýärdi.
Ilki gürleşmäge çekindim, soñra ýüregimi bire baglap, çekinjeñlik bilen ýanyna golaýlaşdym.
Ol şobada “Maña-da çilim bersene!” diýdi.
Az-kem düşündimem, ýöne şonda-da saklanyp bilmän, çilim äberip durkam "Bärde näm işläp ýörsüñiz?" diýip soradym.

* * *

Ol çilimi mäkäm demine dartdy-da, gaýtadan ýüzüme dikanlady.
Şeýle bir siñe seredýärdi welin, gözlerini-de gyrpanokdy. Onuñ ýiti nazaryndan çekinmedim diýsem ýalançy bolaryn.
Sözi uzatman, "Sag bol" diýip arany açjak boldum.
Belki-de, ýalñyş sowal berendirin, belkäm, gynandyrandyryn ýa-da näbileýin, "däli ahwetin bu!.." diýip içimden pikir geçendir...

* * *

Birdenem "A sen nämüçin bärde däl?" diýip gygyrmaga başlady.
Şeýle bir gaty ses bilen gygyrýardy welin, yzyma seretmäge gorkdum.
Ol köşeşjege meñzänokdy.
Ylla jyn uran ýalydy...

* * *

Belkäm kömegim deger diýen pikir bilen, duran ýerimden butnaman, yzyma, oña seretdim.
Bu gezek ol sesini hasam gataldyp, ýañky sözüni gaýtalady:
"- A sen nämüçin bärde däl? Şonça kezzabyñ, şonça wyždansyzyñ, şonça hyýanatyñ arasynda nädip gezibilýäñ? - Ol üns bilen diñleýänimi görüp, sözüne dowam etdi: - Daşarda çagalaryñ urulýan, gülleriñ goparylýan, agaçlaryñ ýakylýan, söýgüleriñ ýandyrylýan, umytlaryñ petige diredilýän reñksiz we ýasama dünýäsi bar.
Öwrenişmäge ýetişip bolmaýan, goh-galmagalyndan ýaña uklap bolmaýan, hapa, öçli, birehim dünýä bar.
Şahsy bähbidi üçin seni çakgy bilen iñ soñky kysymly awtoulagyñ ýüzüni çyzyp giden ýaly çyzyp biljek müñlerçe adam, ganyñy sormak üçin amatly pursatyny peýleýän san-sajaksyz wampir.
Seni ulanyp bolansoñ, kirlän elýaglyk ýaly bir gyra zyñyp goýbermek üçin müñ dürli hasaplary öwrüp-çöwürýän bir süri zalym...
A sen nämüçin bärde däl?
Ol dowzahyñ içinde nädip aklyñdan azaşman bilýäñ?..”

* * *

Depe saçym syh-syh bolup, duran ýerimde doñup galypdyryn.
Şol gün şu pikir kellämden çykmady:
"Dälihanalarda däliler ýatmalymy ýa-da olary däliredenler?.."


Ugur DÜNDAR.
23
112
Relax
08.07.2023 08:17
Biziň durmuşymyz.
Şu zamanyň içinde, ylymda, iýip-içmede herkim biri-birinden owadan geýjek bolýa zamanynda, herkim biri-birinden gowydan-gowy iýjek bolýan zamanynda, ukyny herkim gowy aljak bolýan zamanynda, ylym we hemme zat öňe düşen zamanynda näme üçin dogan-dogandan bizar bolup barýar? Ylym öňe süýşüpdir diýip hemmämiz gürleýäs. Ýöne näme üçin günbe-gün dogan-dogandan aýrylyşyp barýar? Eý ynsanlar! Näme üçin günbe-gün ýüreklerden muhabbet aýrylyp barýar onda? Näme diýip ýüreklerden sabyr aýrylyp barýar? Hemme kişi darykýan bolupdyr. Öýüne girse howsala bolýar. Daşaryk çyksa içerik giresi gelýär. Kimiň gürrüňi şul, elbetde hemmämiziň gürrüňimiz. Her haýsymyzyň durmuşymyzda hökman bir mesele bar. Hany bul ylymyň öňe süýşenligi. Uly adam kyrk ýaşynda, şäheriň, obaň men diýip ýören türkmeniň adamsy ogrynça gelip hork-hork aglaýa we agamjan näme bar, inimjan kakam aýrylaly bäri 15 ýyl bäri doganlam bilen saçagyň başynda oturyşyp bilemok men diýýä. Ynsanlar! Rownakyl-Islamda hezreti Wepaýy yslamyň esasy 7 sany wajybyny aýdýar. Şoň ýedilenjisi:"Biri haýr kylmak zewil-erhamyna" diýýär. Bu näme diýdigi? Bul dogan garyndaşlaň bilen muhabbet bilen gatnaşygy saklamaklyk diýdigir. Ýöne bu zamanda dogan iniden, ini agadan bizar. Muňa näme sebäp bilýäňizmi? Dogrusy özüm hem bilemok. Herkimiň arasyna bir tow düşýä. Kimsine ýer dawwa, kimsi aýalynyň gepi bilen, kimsiniňki miras-tereke. Garaz ar-namysly türkmenlemmizä ýok diýen ýaly. Gürletseňem men pylan hili türkmen, men pylan pysmydan türkmen diýilýä. Ýöne bigadyrlykdan başga hiçbirzadam däl.

Jelal Kary
29
118
Relax
07.07.2023 08:18
Üstünlik üçin 10000 sagat düzgüni.
2 minut alar


Üstünlik we üstünlik gazanmak adamlar üçin hemişe möhüm zatlaryň biridir. Köp adamlar maksat edinen üstünligine ýetmek üçin dürli ýollary barlap görýärler. Üstünlige barýan bu tagallanyň esasy çeşmesi “Nädip üstünlik gazanmaly?” diýen soragdan ybarat.
Adamlar köplenç bu sowalyň jogabyny tejribelerine esaslanyp tapýarlar. Ylham beriji TED gepleşigi bilen meşhurlyk gazanan Malkolm Gladwell üstünlik gazanmak isleýänler üçin "10 müň sagat" düzgünini öňe sürýär.

Malkolm Gladwell esasan bir ugur boýunça hünärmen bolmak üçin jemi 10 müň sagatlap işlemegiň zerurdygyny aýdýar. Başgaça aýdylanda, Gladwelliň pikiriçe, bir mowzuk üçin ýyllar we ep-esli wagt sarp etmän üstünlik gazanyp bolmaz. Bu düzgüne görä, üstünlik gazanmak üçin çalt we gysga ýol ýok. Gladwell, okuw tapgyrynyň her bir adam üçin tapawutlydygyna garamazdan, häzirki wagtda üstünlik gazanan adamlaryň gyzyklanýan mowzugyna azyndan 10 müň sagat sarp edendigini aýtdy.
Malkolm Gladwell pikirini goldamak üçin üstünlik gazanan adamlaryň durmuşyny hem öwrenýär. Munuň üçin, esasanam Bill Geýts bilen Pol Alleniň Microsofty gurmak üçin eden işleriniň hekaýalaryndan ylham alýar. Olar hem öz işlerinde 10000 sagatdan hem köp işläp şular ýaly derejelere ýetendigini belläp geçýär.
Elbetde, islenýän üstünlige ýetmek üçin 10 müň sagat sarp etmek aňsat däl. Bu uzyn ýol we yzygiderli iş talap edýär. Has açyk aýtsak, günde 8 sagadyňyzy ýöriteleşmek isleýän ugruňyza bagyşlasaňyz we hepdede ortaça 5 gün dowam etdirseňiz, ýylda 240 gün iş döwri bar. Bu takmynan 1920 sagat. Şeýlelik bilen öwrenmek, gözlemek we üstünlik gazanmaga ymtylmak durmuş ýörelgesine öwrülýär.
10 müň sagatlyk düzgün haýsy okuw proseslerini öz içine alýar?
Pikir sessiýalaryny guramak.
Wagtyňyzyň bir bölegini köp işlemek ýaly pikirlenmek bilen geçirmek möhümdir. Hususan-da, pikirleniş sessiýalaryny geçirmek aňy arassalamaga we azat etmäge kömek edip biler. 10 müň sagadyň dowamynda pikirlenmegiň güýjüne ynanyp, ownuk maşklar bilen prosesi goldap bilersiňiz.

Tejribä eýe bolmak.
Okamakmy ýa-da tejribe has gowy öwredýärmi diýen mesele uzak wagt bäri jedel edilýär. Okamagyň möhümdigine düşünsek-de, tejribe öwrenmäge-de uly täsir edýär.
Mümkin boldugyça köp kitap okamak.
Bütin dünýäde üstünlik gazananlaryň hemmesi kitaplara uly ähmiýet berýärler. Mysal üçin, Elon Musk Teslanyň baş müdiri bolmanka, günde takmynan 10 sagat okaýandygyny aýdýar. Mundan başga-da Bill Gates 1 ýylda 50 kitap okaýandygyny belläp geçdi.
Diýjek bolýan zadymyz, 10 müň sagatlyk düzgüni goldaýan başga bir faktor, sizi gyzyklandyrýan ugur hakda köp okamakdyr. Mundan başga-da, kitaphanaňyza diňe bir öz ugruňyz bilen çäklenmän, aňyňyzy açjak we başgaça garaýyş berýän kitaplary goşmaly.
Bilimiň ussady bolmak üçin,işlemegiň guly bolmalysyň.
Balzak.
27
272
Relax
06.07.2023 13:54
Kaliýe Jenner we Travis Scotyňñ gyzjagazlary bolan Stormi dùnýanii iñ baý çagajygy.Şuwagtdan onuñ adyna firmalara we ateller gurulýar. Gyzjagazyñ
18 ýaşyna gelende òz şahsy baýlygy 240 milyon bolor diýlip çaklanylýar
29
348
Relax
04.07.2023 23:15
HER ON ADAMDAN ÝEDISI "DUŞENBE SINDROMYNY" BAŞDAN GEÇIRÝÄR

Ýaşlar her täze hepdäniñ başynda gaýgylanmaga başlaýar

Geçirilen bir pikir soralşygyñ netijesi her on adamdan ýedisiniñ täze hepdäniñ başynda dowamly ýagdaýda gaýgylanýar. Ýaşlaryñ arasynda bolsa bu görkeziji barha artýar.
Dört müñden gowrak adamyñ gatnaşan pikir soralşygynyñ netijesi halk köpçüliginiñ 67%-niñ esasan "duşenbe sindromy" diýilýän duýgyny başdan geçirýär.
Bu görkeziji 18-24 ýaş aralygyndakylarda 74%-e çenli ýokarlanýar.
"Duşenbe sindromyny" başdan geçirýänler stressiñ we ynjalyksyzlygyñ iş-güýç aladalaryndan, uky ýetmezçiliginden we ýakynlaşyp gelýän etmeli işleriñ sanawyndan gözbaş alýandygyny aýdýar.
Pikir soralşygy "Better Health – Every Mind Matters" ("Has gowy saglyk – Her añ ähmiýetlidir") atly çäräniñ inisiatory Saglygy berkitme we deñsizlikler ofisi (OHID) üçin geçirildi.
Çäre adamlaryñ ruhy saglygy üçin uly tapawut döredip biljek kiçi zatlary döretmäge çagyrýar.
Bu çagyryş Döwlet Saglygy Goraýyş uprawleniýesiniñ edaralarynyñ ruhy saglygy goraýyş hyzmatlaryna degişli talabyñ düýpli personal ýetmezçiligi sebäpli kanagatlandyrylmaýandygy hakdaky duýduryş bilen bir wagtlarda geldi.
Saglygy Goraýyş ministri Tereza Koffi şeýle diýdi:
- Üns berýän zadym - adamlaryñ mätäçlik duýýan bejergisini almaklaryny üpjün etmek, muña ruhy saglyk hem girýär.
"Every Mind Matters"-iñ guraly siziñ añyñyzy ösdürmegiñ we köpiñiziñ ýekşenbe günleri duýýan ynjalyksyzlygyñyzyñ öñüni almagyñ ajaýyp ýoludyr.
Çäräniñ internet saýty adamlaryñ çaklañja fragmentler arkaly tölegsiz "añ meýilnamasynyñ" döremegini üpjün edýär we ynjalyksyzlygyñ, maddy kynçylyklaryñ, çagalaryñ ruhy näsazlyklarynyñ hötdesinden nädip gelmelidigi hakda bölümleri hödürleýär.
Ýöne millionlarça britaniýaly güzeran kynçylygynyñ ortasynda aýyñ soñuna ýetmek üçin goşmaça işlerde işläp, ýaşlar bosagadaky gyş aýlary iýip-içer ýaly zat almaga pullarynyñ ýetmejegini alada edýär, şonuñ üçinem saglygy goraýyş edaralary hdkümeti döwlet derejesindäki ruhy saglygy goraýyş meýilnamasyna üns bermäge çagyrýar.
Muña goşmaça ýagdaýda pikir soralşygy krizis we gysga hem-de uzak wagtlaýyn maliýe maksatnamalaryna täsir edýänliginden, "Ý nesliniñ" (1981-1996-njy ýyllarda doglanlar) maddy ýagdaýlaryny, üstünde beýleki nesillere garanda has az gözegçilik eýesi duýýandygyny ýüze çykardy.
"NHS Providers"-iñ wagtlaýyn ýerine ýetiriji direktory Saffron Korderi "Every Mind Matters" oñyn garşylanan başlangyç bolsa-da, "edaralaryñ artýan deñsizligiñ adamlaryñ ruhy saglygynyñ üstündäki täsirinden endişelenýändigini" aýtdy.
Korderi "Ruhy saglyga ýaramaz täsirini ýetirýän düýpli we buýr-bulaşyk faktorlaryñam üstünde durup geçmeli bolar" diýdi.
Ruhy saglygy goraýyş hyzmatlary artýan talabyñ garşysynda bar bolan personal we çeşmeler bilen mümkin bolan iñ gowy gözegçiligi üpjün etmek we ýaýratmak üçin ellerinden geleni edýär.
Ruhy saglygyny barlatmak boýunça nobat sanawlarynda bolsa eýýäm 1,8 million adam bar.
Pandemiýanyñam belli bir derejede ýetiren täsiri bilen adamlaryñ zerurlyk duýýan zatlary has agyr we buýr-bulaşyk ýagdaýa geldi, çakdanaşa ýüklenilen hyzmatlaram işçi güýjüniñ düýpli ýetmezçiligine getirdi.
Korderi ýokarlanýan ýaşaýyş gymmatynyj "maddy basyşlaryñ köpelmeginiñ adamlaryñ beden we ruhy taýdan saglygyna zyýan berýändigini" ýatlatdy.
Hökümetiñ wagtyndan ir öñüni alyş işiniñ ähmiýetini goldamagy we düşünmegi-de hoşallyk bilen garşylandy.
Emma ruhy saglygy boýunça hökümetara meýilnamasynyñ ministrler üçin häzirem wawwalylygyna galýandygyny we bu meýilnama ruhy taýdan problemalary bolan adamlara zerurlyk duýanlarynda zerurlyk duýýan derejesinde bejergi berip bilmeli ruhy saglygy goraýyş hyzmatlaryny we hyzmatdaşlaryny goldap, maliýeleşdirip arka durulmalydygyny bilmegimiz gerek.
19
186
Relax
04.07.2023 01:32
ŞEÝTANY AÑK EDEN "HAJYLAR"

Ybraýym pygamber Käbäni gurup bolandan soñ, Allatagala oña: "Indi gygyr. Ähli musurmanlar Käbä togap etmäge gelsinler, Käbe Hudaýyñ öýi boldy" diýen. Ybraýym pygamber: "Eý, Tañrym, men külli musurmany bu ýere nädip çagyraýyn? Olar meniñ sesimi eşitmez ahyryn!" diýen. Onda Allatagala: "Sen gygyryber, men özüm galanyny oñararyn" diýen.
Allatagalanyñ Ybraýym pygamber bilen gepleşenini Jebraýyl perişde bilen Şeýtan hem eşidipdir. Ybraýym pygamber: "Eý, dünýäniñ musulmanlary! Käbe - Beýtulla boldy. Oña togap etmäge geliñ-ow!" diýip, üç mertebe gygyranda Jebraýyl perişde bilen Şeýtanam şol sözleri gaýtalap gygyranmyşyn. Şol sesi Allatagalanyñ gudraty bilen külli musulman eşidenmiş. Indem...
Hawa, indem Käbä zyýarata gelýänler üç taýpa bolarmyşyn. Bir taýpa, ol Allatagalanyñ eradasy bilen, Ybraýym pygamberiñ çagyranlary. Olar zyýarata gelermişlerem, sag-aman yzlaryna haçlary kabul bolup bararmyşlaram-da, iliñ-günüñ öñünde perişde kimin ýaşap, edil türkmen zamçasy ýaly, ýagşy ysyny iline-gününe bark urduryp, sapagyndan tänip, Hudaýyñ gujagyna gaýyp gidermişin. Beýle adamlaryñ dirikä-de, dünýäden gaýdansoñam ady, abraýy, tutuş ömri iline-gününe ýagşylygyñ tymsaly bolarmyşyn.
Ikinji taýpa bolarmyşyn. Bu taýpa Jebraýyl perişdäniñ sesini eşidip, Hudaýyñ öýüne zyýarata gaýdarmyşyn. Olar sag-aman zyýarat edip, ajal-peýmanasy şu ýerde dolarmyşyn. Munuñ özem bendäniñ ömrüne bir uly zyýapat bolarmyşyn. Çünki Käbede amanadyñy tabşyrmak - jennetiñ ak guşuna öwrülmekmişin.
Üçünji taýpa bolarmyşyn. Ol taýpa adamlar Şeýtanyñ sesini eşidip, Käbeýi-mukarrama zyýarata gelermişin. Olar sag-aman gelermişem, öz iline aman-esen bararmyşam. Emma, hawa, emma olar şeýle bir haramzada, ilden çykan bolarmyşynlar welin, olary görüp Şeýtanyñ özem agzyny açyp-açyp galybirmişin...

Öwezdurdy Nepesowyñ "Kyýamat-magşara çenli" romanyndan, 452 sah.
24
142