Relax
10.07.2023 10:02
DÜNÝÄNI ÝAGŞYLYK HALAS EDER!..

Sosial mediýada okapdym, hiç ýadymdan çykanok. Okasañyz, size-de ýiti täsir etjekdigine ynanýaryn: "Simit almak üçin nobata durdum. Nobat diýseñ uzyndy. Meniñ öñümde gyzjagazynyñ elinden tutup duran bir adam durdy.
Köýneginiñ iliklerini bogazyna çenli ildiren adamyñ üst-başy arassady, ýöne könedi.
Aýakgaby-da şeýle, tomusky köwşüñ bireýýäm apgyrdy gidipdi...
Çagasy bilen edýän gürrüñlerine gulak salyp durdum welin, görmedigi görde galana meñzeýär...

* * *

Çagajyk zol-zol "Kakajan, ajykdym. Gezek ýetmedimi?" diýip zarynlaýardy...
Gezek ahyryn olara-da ýetdi. Ol bir simit almakçy boldy. Çagajyk nägile boldy:
- Kaka, meñ kökelisindenem iýesim gelýär…
Kakasy "Gepleme!" diýýän ýaly edip, gaşyny gerdi, "Bolmaz!" diýjek boldy.
Ol maýda pullaryny uzadanda biri ýere düşüp, stolyñ aşagyna düşdi. Görgüli dyzyna çöküp, puluny almaga dyrjaşanda, simitçi:
- Goýsana, dostum, hökman däl! - diýdi.
Gyzjagazyñ kakasy naýynjar ses bilen:
- Başga pulumyz ýog-a, ýetmän galdy. Yrza bol! - diýenden, simitçi:
- Gyra geçip oturyñ, gyzgynjagy bişerem welin, özüm äkelerin - diýdi.
Müşderi kemter pul bermekden utanjyna görkezilen ýere geçip oturdy…

* * *

Şol ikiarada menem simidimi alyp, olaryñ golaýyndaky stola geçip oturdym.
Çaý getirtdim, ýanyna zeýtunam getirip berdiler.
Onýança simitçi hem geldi.
Ol tabaklaryñ içinde hemme zatdan goýuşdyran eken. Gyzjagazyñ islän kökelisinden, simit, böreklisinden, garaz, her dürlüsinden tabagyny dolduryp gelipdir.
Çaý hem gelensoñ, simitçi onuñ ýanyna geçip oturdy.
Men durşum bilen göz-gulaga öwrülip, olary synlaýardym. "Görgüsiýaman, näçe ýyllyk işçi, onsoñ bilendir kim dilegçi, kim aç, bilýärem, ýalñyşanogam!" diýip içimden pikir etdim...
Olar özara gürrüñe başlady, gaýta-gaýta çaý içdiler...
Soñra simitçi az-owlak pul çykadyp, onuñ köýneginiñ jübüsine saldy...
- Ertir gel, işiñe başla! - diýdi.
Men öz ýanymdan "Kysmata seretsene!" diýdim. Müşderiniñ pulumy gaçyrdym diýip gynanan ýeri indi onuñ gazanç etjek dükanyna öwrüldi duruberdi!
Ataly-gyz turup gidensoñ, men simitçä golaýlaşyp:
- Başlyk, seni gutlaýaryn - diýdim. - Hiç hili utandyrman ataly-gyzyñ garnyny doýurdyñ. Hiç kime görkezmän jübüsine pul saldyñ. Ýagşylyk şular ýaly edilmeli. Alla razy bolsun, siziñ ýalylaryñ sanyny köpeltsin, nähili gowy adam ekeniñ!
Simitçi:
- Sag bol! - diýdi. - Oña aýdyp durmadym, ýöne ol meniñ başlangyç mekdepde bile okan ýoldaşym! Men ony tanadym, emma ol meni tanamady! Ertir gelensoñ aýdaryn oña muny. Häzir aýtsam, utanyp-ýygrylyp, işe gelmez diýip aýtmadym. Biz orta mekdepde döwlet okuwynda okasak, kakasy ony ýörite kolležde okadýardy. Uçursyz baý maşgalanyñ çagasydy. Hemmämiz oña höwes ederdik. Näme bolupdyr, bilemok? Durmuşda bi, nähilidigiñ esasy zat däl, nähili boljagyñ esasy zat. Hernä içindäki adamkärçiligi ýaşasyn!
Bilýän adamlar nähili bagtly...
Dünýäni içindäki adamkärçiligi ýaşadýan ýagşy adamlar halas eder...

Ugur DÜNDAR.
30
118
psiholog
11 Iýul 2023
Soz tapamok.... Gowy adamlaryn beylekilere edyan kicijik komegini beyan etmek ucin durli dillerde okan tom tom kitaplarymyn sozleri azlyk edyar. Minnetdar bize bu duygyny yasadanyn üçin
wolf
10 Iýul 2023
Okap durkam nädip ýylgyranymy duyman galdym, dasyndan özum seylebir begendim ☺👍
okayjy
10 Iýul 2023
Bir hekaýa bar... Bir gün aşhanada naha bişirip duran aýal gyzyna : - Bar gyzym goñşylardan duz sorap gaýt, duzymyz gutarypdyr. Gyzjagaz muña geñ galýar we : - Eje, biziñ ýerzeminimizde duz bara. Men ony düýn gördim. Aýal : Bilýän gyzym, bizde duz bar. Ýöne biziñ goñşylarmyz bizden biraz pesiräk ýaşaýar. Olar köplenç bizden zat sorap gelýärler, biz bolsa elimizden gelen kömegi etýäs. Olar kösenen wagty bize arkaýyn gelip bilmegi üçin bizem arasynda olardan bir zatlar soramagmyz gerek...
lavinya_
10 Iýul 2023
Gaty gowy
maral
10 Iýul 2023
Manylyy 👍🏻👍🏻👍🏻
Relax
10 Iýul 2023
@guldesse, 🙂
laszer
10 Iýul 2023
+
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.