Relax
10.07.2023 21:38
IQ urowen barada kiçiräjik maglumatjyk

IQ (Intelligence quotient) ýa-da “aňtaw paýy” diýmekligi aňladyp, bu adamyň pikirlenmek ukybynynyň ölçeg birligidir. Gysgaça aýdylanda, bu adamyň berlen maglumatlardan ýa-da logikasynyň güýjüne daýanyp soraglar jogap bermegini we çaklamalary döredip biljek ukybyny ölçeýär. IQ testlar adamyň diňe bir pikirleniş ukybyny barlaman eýsem, onuň ýatda saklaýşynyň ukubyny hem ölçemegi hem başarýar. Beýle testler adamlaryň çylşyrymly beýni üçin oýunlar bn ukybyny we öň öwrenilen maglumaty nähili çaltlyk bilen gaýtadan ýatlap biliş ukybyny hem anyklaýar.

Ähli okuwçy onuň aňyna seretmezden öwrenip biler. Emma mekdepler käbir okuwçylar özleriniň aň-düşünje geriminiň darlygy ýa-da onuň diňe belli bir ugurdan ösendigi sebäpli kynçylyk çekýärler. Şeýle ýagdaýlarda, IQ testler okuwçylaryň aňtaw ukybyny anyklamakda mugallymlara üçin goldaw berýär. Häzirki döwürde käbir institutdyr uniwersitetler IQ testleri we şolara meňzeş testleri özlerine gowy okuwçylary saýlamak üçin ulanýarlar. Bu testler okuwçylaryň haýsysy ýolbaşçylyk işine laýyk ýa-da haýsysynyň haýsy ugurdan ökdedigini çaklamakda peýdalydyr.

Biriniň IQ testleriniň jogaplaryny okamak örän gyzyklydyr. Köp adamlaryň aýtmaklaryna görä, aňlylyk bu üstünlikli adamlaryň üstünlikli bolmaklarynyň esasy sebäbidir. Adamyň aňyny öwrenýän alym psihologlar bu aýdylan sözleriň dogry däldigini aýdýarlar. IQ testler adamyň belli bir ugurdan; meselem, ylym, inženerçilik ýa-da sungat ugurlarynda abstrakt pikirlenişini çaklamak mümkindir, emma bu adamyň geljekde üstünlikli boljakdygyny çaklamak diýmek däldir. Üýtgeşik üstünlikler dürli zatlara bagly bolmagy mümkindir we şol zatlara maksada ukgynlylyk, höwes, mkasadyň barada dury oýlanmak ukyby, we mümkinçilik. Ondan başgada amatlylyk hem uly ýer turmagy mümkindir.
23
264
aikamm
11 Iýul 2023
Iq faberlic dermanam bar yatkeslik ucinn.
Relax
11 Iýul 2023
@guldesse, adamyn oz IQ anyna bagly ol okuwcy bolsun caga bolsun belli bir adam ucin dal
Relax
11 Iýul 2023
@guldesse, logicni soraglar bar yada suratlar bar sorag jogaply intr žurnalarda kop
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, poka 👋🏻 :)
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, başlamandyr entak
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, gowy edipsin boledei dym bolmasa gdersin dasary))
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, howwo islerem gidipbaty ozii asa yuwash sen nahilii gowmy opshii ishler guyclerr
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, google galeyadan yada moy file dan goy suratyy goyup blmesen post kopsi barlagdan gecya oyden
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, yitin gtdin wara şeydip bolawerii nira barsan sabr icim gysyp gtdii sabrdan menaa))
Relax
10 Iýul 2023
@garlawac_, Salam gowy ozin gowmy Mahrii bamyñeyt sen
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.