Relax
29.09.2023 09:23


Li-Fi tehnologiýasy: Geljegiň internedi


Li-Fi (Light Fidelity) — görünýän ýagtylyk aragatnaşyk (VLC) tehnologiýasyny ulanýan simsiz ulgam tehnologiýasydyr. Li-Fi ýagtylyk arkaly maglumatlary geçirýär we Wi-Fi-den has çaltdyr. Li-Fi maglumatlary 100 Gbps tizliginde geçirip bilýär, bu bolsa ony ýokary tizlikli internet üçin iň gowy çözgüt bolmagyna getirýär. Li-Fi Wi-fiden hem has howpsuz bolup, elektrik energiýasynyň sarp edilişi peseldýär. Wi-Fi elýeterli bolmadyk halatlarda Li-Fi ulanylyp bilner. Mysal üçin, Li-Fi hassahanalarda, fabriklerde we beýleki senagat desgalarynda ulanylyp bilner. Li-Fi mobil enjamlarda hem ulanylyp bilner, bu bolsa ony Wi-Fi-e garanyňda has ugurtapyjy çözgüt edýär.

Li-Fi iňlis alymy Harald Haas tarapyndan oýlanyp tapyldy. Haas ilkinji gezek 2011-nji ýylda Li-Fi-ni işe girizdi. Li-Fi şondan bäri çalt ösýär we dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylýar. Li-Fi geljekde Wi-Fi ornuny eýelejek tehnologiýa hökmünde görülýär.

Li-Fi-niň käbir artykmaçlyklary şulardyr:

• Has çalt: Li-Fi Wi-Fi-den has çalt. Li-Fi maglumatlary 100 Gbps tizliginde geçirip bilýär.
• Has howpsuz: Li-Fi Wi-Fi-den has howpsuzdyr. Li-Fi-de maglumatlar ýagtylyk arkaly geçýär, bu bolsa olary radio tolkunlaryny ulanýan Wi-Fi-e garanyňda häklemegi kynlaşdyrýar.
• Elektrik energiýasynyň az sarp edilişi: Li-Fi Wi-Fi garanyňda energiýa sarp edijiligi pes. Li-Fi Wi-Fi garanyňda az güýç sarp edýän ýagtylyk arkaly maglumatlary geçirýär.

Li-Fi-niň käbir kemçilikleri şulardyr:

• Çäkli aralygyk: Onuň beýleki kabel tehnologiýalaryna garanyňda has çäkli aralygy bar, sebäbi ol ýeňil tolkunlar bilen aragatnaşyk saklaýar.

• Ýagtylyga garaşlylygy: Ýagtylyk çeşmeleriniň elýeterliligine bagly. Günüň ýagtylygynyň ýa-da beýleki yşyklandyryş çeşmeleriniň päsgelçilikleri signalyň hiline täsir edip biler.

• Ugrukdyryjy geçiriji: Alyjy bilen geçirijiniň arasynda dogry sazlaşyk talap edilýär. Bu bolsa mobil enjamlarda baglanşygy çäklendirip bilýär.


Çeşme:

• Haas, H. (2011). "Wireless data from every light bulb." TEDGlobal, Edinburgh, UK.

• https://en.wikipedia.org/wiki/Li-Fi

5
728
Relax
27.09.2023 20:59

Näme ücin fleşkalaryň ýady bolmalysyndan kem bolýar?


Sizde adaty USB fleşkalar bardyr. Olaryň daşynda şol fleşkaň göwrümi ýazylandyr. Meselem, 2GB, 8GB, 16GB we ş.m. Bularyň göwrüminiň daşynda ýazylandan birneme kici bolýanyna üns beripmidiňiz? Hacanda siz 8GB-lyk fleşkany kompýutere dakanyňyzda onuň doly ýadynyň, 8,00 Gb däl-de 7,81 Gb görkezýändigini bilýäňizmi? Munuň sebäbi näme? Sebäbi, informatika ylmynda 1 kilobaýt 1024 baýta deň hasaplanýar. Emma mikroýatlary öndürýän kompaniýalaryň öz standarty bar. Olar 1 kilobaýty 1000 baýt hasaplaýarlar. Şol sebäpdenem, meselem 8gb-lik fleşka öndürenlerinde, 8000 mb-lik öýjük öndürilýär we ýerleşdirilýär. Netijede, biziň elimizde 8000mb bar. Kompýuter ony informatika standarty boýunca 1024-e bölüp hasaplaýar we 8000/1024=7,81gb görkezýär.

Diýmek,

4gb fleşka=3,90gb,

8gb fleşka=7,81gb,

16gb fleşka=15,6gb,

32gb fleşka=31,2gb,

64gb fleşka=62,5gb.

Ýene bir bellemeli zat, fleşka näce uly göwrümli bolsa, siz şonca köpräk ýat gidirýäňiz. Meselem, 64-lik fleşkada 2gb golaý ýetmeýär.

39
285
Relax
23.09.2023 21:45


Türkmenistan taryhyndaky bolup geçen möhüm wakalaryň hronologiýasy(1916-1994ýyllar


Möhüm wakalaryň hronikasy :


1916-njy ýyl: Türkmеnistanda ilkinji halk rеwolýusiýasy.


1917-nji ýylyň 27-nji fеwraly: Orsýеtdе buržuaz-dеmokratik rеwolýusiýasynyň ýеňmеgi wе patyşa häkimiýеtiniň synmagy.


1917-nji ýylyň 25-nji oktýabr - 7-nji noýabr: Orsýеtdе sosialistik rеwolýusiýasynyň ýеňmеgi wе häkimiýеtiň Sowеtlеriň eline gеçmеgi.


1920-nji ýylyň 2-nji fеwraly: Hywa halk rеwolýusiýasynyň ýеňmеgi. Hywa hanlygynyň syndyrylmagy.


1920-nji ýylyň 27-nji aprеli: Horеzim Halk Sowеt Rеspublikasynyň yglan edilmеgi.


1920-nji ýylyň awgusty: Sakarda Buhara emirinе garşy gozgalaň.


1920-nji ýylyň 2-nji sеntýabry: Buhara Halk Sowеt Rеspublikasynyň ýеňmеgi. Buhara emirliginiň syndyrylmagy.


1920-nji ýylyň 6-njy oktýabry – Buhara Halk Sowеt Rеspublikasynyň yglan edilmеgi.


1920-nji ýylyň fеwraly: Türkmеnistanda basmaçylyk herekеtiniň (garždanlyk urşunyň) başlanmagy.


1921-nji ýylyň awgusty: Zakaspi oblastynyň Türkmеn oblastyna öwrülmеgi.


1923-nji ýylyň oktýabry: BHSR-nyň düzüminde Türkmеn awtonom oblastynyň dörеdilmеgi.


1924-nji ýylyň ýanwar-fеwral aýlary: Biriniji Garagum urşy.


1924-nji ýylyň maýy: HSSR-iň düzüminde Türkmеn awtonom oblastynyň dörеdilmеgi.


1924-nji ýylyň 27-nji oktýabry – Türkmеnistan SSR-niň dörеdilmеgi.


1925-nji ýylyň fеwraly: Sowеtlеriň Bütintürkmеn I Uçrеditеl gurlutaýy. TSSR Mеrkеzi Ispolnitеl Komitеtiniň wе Halk Kommisarlar Sowеtiniň düzülmеgi.


– Türkmеnistan Kommunistik (boşеwiklеr) partiýasynyň I Uçreditеl gurlutaýy. Partiýanyň Mеrkеzi Komitеtiniň saýlanmagy.


1925 – 1927-nji ýyllar: Aşgabat wе Mary okruglarynda ýеr-suw rеformasynyň gеçirilmеgi.


1926-njy ýyl: Ilkinji kolhozlaryň pеýda bolmagy.


1927-nji ýyl: Türkmеnistanda mеdеniýеt institutynyň («Türkmеnkult») açylmagy.


1927-nji ýylyň sеntýabry – 1928-nji ýylyň ýanwary: Ikinji Garagum urşy.


1928-nji ýyl – Aşgabatda dokma, ýüpеk fabriklеriniň işе girizilmеgi.


1928 – 1929-njy ýyllar: Arap elipbiýindеn latyn elipbiýinе gеçilmеgi.


1929-njy ýyl: Türkmеn döwlеt drama tеatrynyň açylmagy.


1931 ý. – Aşgabat döwlеt pеdagogik institutynyň açylmagy.


1931 ý. – Üçünji Garagum urşy.


1931 ý. sеntýabr – Türkmеn Oba hojalyk institutynyň işläp başlamagy.


1932 ý. – Türkmеn döwlеt mеdеsina institutynyň açylmagy.


1932 ý. – Düzüminde taryh, dil wе edebiýat bölümlеri bolan Türkmеn ylmy-barlag institunyň dörеdilmеgi.


1940 ý. – Bеrdi Kеrbabaýеwiň «Aýgytly ädim» romanynyň biriniji kitabynyň nеşir edilmеgi.


1941 ý. aprеl – SSSR Ylymlar Akadеmiýasynyň Türkmеnistan filialynyň dörеdilmеgi.


1941 ý. 22 iýun – Bеýik Watançylyk urşunyň başlanmagy.


1943–1944 ýý. – Krasnowodskide nеbti gaýtadan işlеýän zawodyň işе girizilmеgi.


1945 ý. 9 maý – Bеýik Watançylyk urşunyň tamamlanmagy.


1947 1948 ýý. – Çärjew – Goňrat ýolunyň gurulmagy.


1948 ý. 6 oktýabr – Aşgabatda ýеr titrеmеgi.


1950 ý. – Türkmеn döwlеt uniwеrsitеtiniň açylmagy.


1951 ý. – Türkmеnistan SSR Ylymlar Akadеmiýasynyň dörеdilmеgi.


1951 ý. dеkabr – TK(b)P MK-nyň ideologiýa işiniň mеsеlеlеrinе bagyşlanan plеnumy: rеspublikada rеprеssiýanyň täze tolkunynyň ýaýramagy.


1954 ý. – Garagum kanalynyň gurluşygyna başlanmagy.


1956 ý. fеwral-mart – SSKP-niň XX gurlutaýy wе Staliniň Staliniň şahsyýеt kultunyň ýazgarylmagy.


1958 ý. – MTS-lеriň üýtgеdilip gurulmagy.


1958 ý. – «Edebiýat wе sungat» gazеtiniň nеşir edilip başlanmagy.


1958 ý. – Aşgabatda Türkmеn tеlеwidеniýеsiniň işläp başlamagy.


1959 ý. – Aşgabat, Mary, Daşhowuz pеdagogik institutlarynyň ýatyrylmagy – olaryň ornuna Çärjew döwlеt pеdagogik institutynyň dörеdilmеgi.


1960 ý. – Mеrkеzi Garagumda güýçli gaz fontanynyň atylyp çykmagy.


1960 ý. – Aşgabatda nеbit maşyn gurluşygy (Aşnеbitmaş) zawodynyň işе girizilmеgi.


1961–1962 ýý. – Çärjewiň Supеrfosfat zawodynyň ulanylmaga bеrilmеgi.


1962 ý. 12 maý – Garagum kanalynyň Aşgabada gеlmеgi.


1963 ý. – «Şükür bagşy» kinofilminiň ekrana çykmagy


1965 ý. – Guşgy – Hyrat – Gandahar şossе ýolunyň açylmagy.


1966 ý. – Türkmеnistanda ilkinji uly gaz ýatagy Gazojagyň özlеşdirilmеgi.


1973 ý. – Türkmеn topragynda ilkinji gеzеk 1 million tonna pagta hasylynyň ýygnalmagy.


1980 ý. mart – Garabogaz bilеn Kaspi deňziniň arasyny baglanyşdyrýan bogazyň pеtiklеnilmеgi.


1981 ý. – Garagum kanalynyň Gazanjyga ýеtmеgi.


1985 ý. aprеl – SSKP MK-nyň plеnumy wе sowеt jemgiýеtini üýtgеdip gurmaga ugur alynmagy.


1985 ý. dеkabr – TKP MK-nyň býurosynda Baýramaly raýonynyň «Täze ýol» kolhozynda sosial mеsеlеlеriň ýagdaýyna garalmagy;t kolhozçylara mеllеk ýеrlеriniň bеrlip başlanmagy.


1989 ý. awgust – TKP MK-nyň býurosynda «Gorkut Ata» eposyny gadagan etmеk baradaky 1951-nji ýylda kabul edilеn kararynyn ýatyrylmagy.


1989 ý. – Magtymguly jemgiýеtiniň dörеdilmеgi.


1990 ý. maý – Türkmеnistan SSR-niň «Dil hakyndaky» kanunynyň kabul edilmеgi.


1990 ý. 22 awgust – Türkmеnistanyň döwlеt garaşsyzlygy hakyndaky Jarnamanynyň kabul edilmеgi.


1990 ý. 27 oktýabr – S.A.Niýazowyň Türkmеnistanyň Prеzidеnt.


1991 ý. 12 ýanwar – Türkmеnistanda ilkinji gеzеk «Hatyra günüň» bеllеnip gеçilmеgi.


1991 ý. maý – Dünýä Türkmеnlеriniň gumanitar birlеşiginiň dörеdilmеgi. SSSR-iň dargamagy.


1991 ý. awgust – Moskwada döwlеt agdarylyşygynyň bolup gеçmеgi.


1991 ý. 27 oktýabar – Garaşsyz Türkmеnistan dеmokratik- dünýеwi döwlеtiniň jar edilmеgi.


1992 ý. 27 ýanwar – Türkmеnistanyň Goranmak Ministrliginiň dörеdilmеgi.


1992 ý. 2 mart – Türkmеnistanyň Birlеşеn Millеtlеr Guramasynyň agzalygyna kabul edilmеgi.


1992 ý. 18 maý – Türkmеnistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmеgi.


1992 ý., 21 iýun – Garaşsyz Türkmеnistanyň ilkinji Prеzidеntligi-nе Saparmyrat Nyýazowyň ikiniji gеzеk saýlanmagy.


1992 ý., 12 awgust – Türkmеnistanyň Sеrhet goşunlarynyň dörеdilmеgi.


1992 ý. – Türkmеnistanda ilkinji gеzеk «Gurban baýramy» rеsmi suratda baýram edilmеgi.


1992 ý. – Ilkinji gеzеk türkmеn ýaşulularynyň uly toparynyň Mеkgе – Mеdine zyýarata baryp gеlmеgi.


1992 ý. – Tеjen – Sarahys – Maşat dеmir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy.


1992 ý. – Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň dörеdilmеgi.


1992 ý., dеkabr –Türkmеnistanda «10 ýyl Abadançylyk» syýasatynyň öňе sürülmеgi.


1993 ý.– Türkmеnistanda ilatyň gazdan, elеktirik enеrgiýasyndan, suwdan mugut pеýdalanyp başlamagy.


1993 ý., 12 aprеl – Türkmеn elipbiýini kabul etmеk hakynda karar kabul edildi.


1993 ý. – Gazanjyk – Bеndеr Türkmеn (Eýran) dеmir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy.


1993 ý. – Çärjew – Kеrki dеmir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy.


1993 ý. – Tеjende gurnama traktor zawodynyň işе girizilmеgi.


1993 ý., 3 maý – Türkmеnistanda magaryf işgärlеriniň maslahatynda Täze bilim syýasatynyň yglan edilmеgi.


1993 ý., 3 awgust – Türkmеnistanda howa hüjümdеn goranmagyň Milli Güýçlеriniň dörеdilmеgi.


1993 ý., 1 sеntýabr – Aşgabatda Harby institutynyň açylmagy.


1993 ý., sеntýabr – Aşgabatda Transport wе aragatnaşyk institutynyň açylmagy.


1993 ý., 15 oktýabar –Türkmеnistanyň Prеzidеnti Saparmyrat Nyýazowyň taryhçylar bilеn duşuşmagy wе türkmеn taryhyny ýazmak barada möhüm mеsеlеlеriň ara alnyp maslahatlaşylmagy.


1993 ý., 23-30 oktýabr – Türkmеnistanyň amaly-kaşam sungatynyň I fеstiwaly.


1993 ý., 25-26 oktýabr – Türkmеn halkynyň taryhy boýunça Halkara konfеrеsiýanybň gеçirilmеgi.


1993 ý., 27-28 oktýabr – Türkmеnistanyň Garaşsyzlygynyň iki ýyllygynyň dabaraly bеllеnip gеçilmеgi.


1993 ý., 1 noýabr – Türkmеnistanyň öz milli walýutasyna – türkmеn manadyna gеçmеgi.


1993 ý., 24 dеkabr – Aşgabatda Garaşsyz Döwlеtlеriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň baştutanlarynyň duşuşmagy.


1994 ý., 15 ýanwar – Ählihalk rеfеrеndumynyň çözgüdi bilеn Türkmеnistanyn Prеzidеnti Saparmyrat Türkmеnbaşynyň ygtyýarlygynyň nobatdaky saýlawlary gеçirmеzden ikiniji bäşýyllyk möhlеtе uzaldylmagy.


1994 ý., 17 ýanwar – «Milli galkynyş» herеkеtiniň I gurlutaýynyň gеçirilmеgi.


1994 ý., 19 fеwral – Türkmеnistanyň Prеzidеnti Saparmyrat Türkmеnbaşynyň doglan gününiň ýurdymyzda ählihalk baýramy hökmünde bеllеnip gеçilmеgi.


1994 ý., mart – Türkmеngalada egirmе-dokma fabriginiň işе girizilmеgi.

27
101
Relax
22.09.2023 15:29
Saglyk we baýlyk däl-de, şowlulyk diläň. Titanikdäkileriň hemmesi sagdyndy we baýdy, emma diňe şowlular diri galdy.
30
107
Relax
22.09.2023 09:01

Sosýal mediýa


Häzirki wagtda sosial ulgamlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bize dünýädäki millionlarça adam bilen aragatnaşyk gurmaga, durmuşymyzy paýlaşmaga we başgalaryň durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, psihologiki we filosofiki nukdaýnazardan sosýal mediýa, aslynda kimdigimizi däl-de, kim bolmak isleýändigimizi görkezýän ýerimize öwrüldi.



Meşhur filosof Erasmus Rotterdam: "Adam tomaşaçy däl-de, sahnanyň ýaşaýjysy" -diýdi. Bu sözlemi, onlaýn barlygymyz bilen baglanyşdyryp bolar. Sosial mediýa girenimizde, ägirt uly dünýä sahnasynda aktýor bolýarys. Nyşanlary döredýäris, durmuşymyzdan iň gowy pursatlary saýlaýarys we başgalara görkezýäris. Bu, özümizi tanatmak islegimiziň we iň gowy nukdaýnazardan kabul edilmegimiziň bir bölegidir.


Emma mesele, sosial ulgamlardaky bu “gahrymanlaryň” hakyky özümizden uzak bolmagy mümkin. Ýaramaz pursatlary, duýgulary we hatda şahsy kynçylyklary gizläp bileris. Bu, akyl ýagdaýymyza täsir edip biljek kämillik we bagt hyýalyny döredýär.


Sosial mediýa, sosial ulgamymyzy ozal elýeterli bolmadyk çäklere çenli giňeldýär. Dürli ýurtlardan, medeniýetlerden we jemgyýetçilik toparlaryndan bolan adamlaryň durmuşyny öwrenip bileris. Bu gözýetimleriňizi we dünýä düşünişiňizi giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýle-de bolsa, olar hakyky durmuşdaky gatnaşyklarymyzdan has köp tanamaýan adamlarymyzyň durmuşyna has köp gatnaşanymyz üçin, hakyky durmuşdaky ýakynlarymyz bilen aýralyk duýgusyny artdyryp bilerler.


Sosial mediany ulanmak bilen baglanyşykly esasy meseleleriň biri deňeşdirmegiň ýaramaz täsiri. Başgalaryň "kämil" durmuşynyň suratlaryny we ýazgylaryny görenimizde, hökmany suratda özümizi olar bilen deňeşdirip başlaýarys. Bu deňeşdirme göriplik, özüne laýyk däl we hatda depressiýa duýgularyna sebäp bolup biler.


Psihologiki gözlegler, sosial mediýadaky beýlekiler bilen yzygiderli deňeşdirmegiň öz-özümize bolan hormatymyzy peseldip, ýeterlik dälligimize sebäp bolup biljekdigini görkezýär. Onlaýn görýän zatlarymyzyň köplenç süzülýändigini we durmuşyň iň gowy tarapyny görkezmek üçin düzülendigini ýatdan çykarýarys.


Geň tarapdan, sosial media jemgyýetçilik işjeňliginiň hyýalyny döredýän hem bolsa, ýalňyzlyk we izolýasiýa duýgularyny artdyryp biler. Adamlar, wirtual dünýäde köp wagt geçirip, fiziki duşuşyklaryň sanyny we hakyky durmuşdaky täsirleri azaldyp bilerler. Bu , akyl saglygynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler , sebäbi adamlar tebigat boýunça sosial jandarlar we ýakyn gatnaşyklara we goldawa mätäç.


Sosial mediýa endikleriň çeşmesi bolup biler, bu hem akyl saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Habarlary, täzelenmeleri we halanýanlary yzygiderli barlamak stres we alada döredip biler. Sosial mediýa, halanýanlaryň we teswirleriň sany arkaly öz gymmatlygymyzy tassyklaýan ýerimize öwrülip biler, bu bolsa ahyrky netijede aşa aladalara we özüňe hormat goýmazlyga sebäp bolup biler.


Akyl saglygyňyza we ýakyn gatnaşyklaryňyza zyýan bermezden sosial ulgamlary nädip ulanmaly? Ine käbir maslahatlar:


Seresap boluň: Sosial mediýada görýän zatlaryňyzyň köpüsiniň süzülip, iň oňat ýagdaýda goýulyp biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Düşünjäniň duzagyna düşmezlik üçin seresap boluň.

Wirtual we hakyky zatlary bölüň: Onlaýn barlygyňyzy hakyky durmuşyňyzdan aýyrmaga synanyşyň. Hakyky gatnaşyklaryň we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryň ähmiýetini ýatdan çykarmaň.

Wagtyňyza gözegçilik ediň: Sosial ulgamlarda sarp edilýän wagtyň çägini kesgitläň. Bu size tükeniksiz aýlawdan gaça durmaga we durmuşyň has manyly taraplaryna ünsi jemlemäge kömek eder.

Dogruçyl boluň: Hakyky durmuşda bolşy ýaly, onlaýn we aç-açan bolmaga synanyşyň. Bu, beýleki adamlar bilen has dogry we manyly baglanyşyk döretmäge kömek eder.

Sosial mediýa durmuşymyza köp oňyn taraplary getirip biljek güýçli guraldyr, ýöne paýhasly ulanmasak, stresiň we nägileligiň çeşmesine öwrülip biler. Bu wirtual sahnada aňly aktýor boluň, hakyky gatnaşyklaryň ähmiýetini ýadyňyzdan çykarmaň we sosial mediany durmuşyňyzy giňeltmek däl-de, giňeltmek üçin gural hökmünde ulanyň.

39
431
Relax
18.09.2023 12:38
Asudalygy nädip gazanmaly


Bir gezek bir adam şäherdäki goh-galmagaldan halys ýadap,bezgek bolup özüne hiç-hili sessiz,parahat ýer gözlemegi niýet edinipdir. Ol adam şeýle niýet bilen ýanyna azyk we beýleki zerur gerek zatlaryny alyp tokaýa gidipdir. Tokaýyň içinde şu ýeri ýuwaşlyk ses-üýn ýok diýip hasaplan ýerinde düşläpdir. Ol ýer birbada ýuwaş ýaly görünsede biraz wagtdan mör-möjekleň pessaý sesleri we guşlaryň jürküldeýän sesleri,agaçlaryň şahalarynyň şemala galgaýan sesleri ýene ol adamyny binjalyk edip başlapdyr. Ol adam soň ol ýerini taşlap daga gidipdir.3-4 gün iş edinip gözläp bir dagyň gowagyny tapypdyr. Ol adam ýaňy bir ynjalyp rahatlyga gowuşdym diýse,şol ümsümligiň içinden bir ýerde ýere damýan damja suwuň sesi wagt geçdigi saýyn güýçlenýän ýaly bolup ol adamyň ynjalygyny alyp başlapdyr.
Onsaň ol adam ümsümligi ýörüte ses geçirmeýän zatlardan taýýarlanan ýörite otag döredip gazanmasa isleýän ümsümligini gazanyp bilmejegine düşünip şeýle otagyň gurulşugyna başlapdyr.We ýarym ýyl iş edinip,harajat çykaryp ahyrsoňy isleýän otagyny gurnapdyr. Ine asuda otag,hiç zat päsgel bermejek ýaly welin,ine birden "tik-tyk,tik-tyk" edip elindäki goşar sagadynyň sesi gelip başlapdyr. Ol adam gahar-gazaba münip elindäki goşar sagady aýyryp ony diwara zyňyp pytyradyp goýberipdir.
Ana,indi päsel berjek hiç hili ses ýok diýip adam ulydan demini alypdyr welin "tuk-tuk,tuk-tuk" edip onuň öz ýüreginiň urgusynyň sesi kem-kemden batlanýan ýaly bolup ol adamyň bar ynjalygyny alypdyr.

NETIJE : Kalbyň rahatlygy daşky täsirlere bagly däldir. Bar zat öz içimizden çözülmeli—durmuşdaky hemme problemalar we çözgütler özümizden çözülýär. Şol ýeke-täk netijä göz ýetirseňiz siziň durmuşyňyz ep-esli ýeňlär. Siz öz rahatlygyňyzy bozýan ýagdaýlary daşky täsirlerden gözlemän öz durmuşuňyzda zerur adam bolan ÖZÜŇIZ bilen rahatlykda ýaşamany öwrenmekden gözläň !
31
178
Relax
16.09.2023 21:57
Täsinlikler dünýäsinden bölekler

1.Dünýäde iň kiçi şäher
Dünýäde iň kiçi şäher Horwatiýaniň çäginde ýerleşýän Hum şäheridir. Şäheriň ilaty 20 adamdyr (deňeşdirip görüň: iň uly şäheriň ilaty 23 milliondan geçýär). Şäher XI asyrda Rim imperiýasynyň şäherleriniň biriniň harabaçalygynda döreýär we şonuň netijesinde Hum şäher derejesini alýar.

2.Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri
Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri Hindistandaky Mawsynram obasydyr. 1985-nji ýylda bu ýere gaty kän ýagyn ýagdy (26000 mm), bu waka hatda Ginnesiň kitabyna-da girizildi. Mawsynramda ýylda ortaça 11862 mm ýagyn ýagýar.

3.Dünýäde iň giň köçe
Dünýäde iň giň köçe Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde ýerleşýän «9-njy iýul şaýoly» («9 July Avenue»)» bolup durýar. Bu köçäniň giňligi 140 metr we uzynlygy 1 kilometrdir. Köçäni kesip geçmek üçin birnäçe minut gerek bolýar, sebäbi köçede birnäçe sany swetofor bar.

4.Sportuň iň peýdaly görnüşi
Sportuň saglyga iň peýdaly görnüşi suwda ýüzmekdir. Suwda ýüzmek adamyň tutuş bedenine, aýratyn-da merkezi nerw ulgamyna peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi dem alyş ulgamyny ösdürýär, ýürek damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar. Oňurgasy gyşyk (şol sanda küýki), arkasynda agyry duýýan we başga-da ençeme oňurga keselli adamlara suwda ýüzmek peýdalydyr. 25 gradus ýyly suwda ýüzülende, bedende madda alyş-çalşygy 60-70% tizleşýär, şonuň üçin suwda ýüzmek horlanmak isleýän adamlara-da peýdalydyr.

5.Dünýäde iň gyşyk bina
Dünýäde iň gyşyk bina Polşanyň Sapote şäherinde gurlandyr. Bu bina 2004-nji ýylda gurulýar we şondan bäri hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 4000 inedördül metr meýdany tutýan binada söwda we dynç alyş merkezi ýerleşdirilendir.
37
334
Relax
15.09.2023 23:09

Häzirki wagtda 4,2 milliard adamyň sosial mediýany ulanýandygy aýdylýar. Şeýle bolansoň, söýginem sosial mediýada gözlemek gowy wariant ýaly bolup görünýär. Meşhurlar hem şol pikirde bolup, käbirleri sosial mediýada tanyşyp aşyk boldular we hatda gatnaşyklaryny durmuş gurmaga çenli eltdiler. Geliň, bu meşhurlaryň kimlerdigini göreliň...


1. Priýanka Çopra we Nik Jonas


Nik Jonas we Priýanka Çopra söýgini internetde tapyp, durmuşa gurmaga çenli eltdiler. Hindi däp-dessurlaryna we standartlaryna laýyklykda 2 dürli toý etdiler.


Jübütleriň söýgi hekaýasy Jonasyň Çopra Twitterden \"Ýakyn dostlarymyň birnäçesi tanyşmalydygymyzy aýtdy\" diýmegi bilen başlady.


2. Jo Jonas we Sofi Turner


Nik Jonasyň dogany Jo Jonas hem onlaýn usulda söýgüsini tapyp öýlenenlerden biridir. Jo we aýaly \"Game of Thrones\" filminiň ýyldyzy Sofi Turner 2017-nji ýylda adaglandylar we 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda durmuş gurdular.


Bularyň özara dostlary olary tanyşdyrmaga synanyşdylar. Elbetde ilkinji smsi ýazan Jonasdy. Aýaly Turner: \"Instagramda we smslerde biri-birimizi yzarlaýardyk\" diýdi. Häzirki wagtda är-aýalyň Willa atly gyzjagazy bar.


3. Dylan Sprouz we Barbara Palwin


Dylan Sprouz Barbara Palwin barada: \"Meni ilki instagramda yzarlap başlady we men sms ýazdym\" diýdi. Şol wagt Barbaranyň surata düşmek üçin Hytaýa gidenligi sebäpli oňa jogap bermegi üçin 6 aý töweregi wagt gerek boldy.


4. Joel Dommett we Hanna Kuper


Iňlis aktýory Joel Dommett hem aýaly bilen onlaýn tanyşypdy. Bu gezek ilkinji smsi iberen Hanna Kuperdy. Bular 2019-njy ýylda durmuş gurdular.


5. Dua Lipa we Anwar Hadid


2020-nji ýylyň maýynda aýdymçy Dua Lipa Anwar Hadid bilen duşuşyp başlamazdan öňinçä özüne internetden sms ýazandygyny aýtdy. Lipa bilen Hadid öň tanyşan bolsalar-da, Instagramda ýazan smsi sebäpli gatnaşyklaryna başladylar.

24
354
Relax
13.09.2023 21:03

Şweýsariýada agşam 21:00 soňra suwa düşmek gadagan eken hatda düşülen ýagadaýynda oňa köp mukdarda jerime salynýan eken. Şonuň üçin Şweýsariýalylar öz ýurdundan öýlenýän eken. Munyň sebäbide täze öýlenen gyzy şol kanuny bilmän agşam 21:00 soň suwa düşüp köp mukdarda salmaklaryna getirmez ýaly, kanuny bilýän gyzlara öýlenýän ekenler.



Çikago unwersitetiniň alymlarnyň geçiren tejribeleri arkaly aýtmaklarna görä ýer ýüzündäki söýşüp durmuş gurýan maşgalalardan,tanyş üsti bilen ýagny bir birlerni täze tanan ýaş juwanlaryň maşgalalary has pugta bolýarmyşyn.

25
196
Relax
12.09.2023 21:03
Dostlary nädip gazanmaly we adamlara nähili täsir etmeli: Häzirki zaman jemgyýetinde Deýl Karnegi klassiklerinden sapaklar



1936-njy ýylda neşir edilen Deýl Karnegi tarapyndan dostlary nädip gazanmaly we adamlara nähili täsir etmeli, şahsyýet psihologiýasy pudagynda iň täsirli we degişli eserleriň biri bolmagyna galýar. Geçen onýyllyklara garamazdan, bu kitapda görkezilen ýörelgeler we maslahatlar häzirki jemgyýetde aktual bolup galýar. Bu makalada Karnegi esasy pikirlerini gözden geçireris we olaryň ulanylyşynyň biziň döwrümizde nähili peýdaly bolup biljekdigini düşündireris.

1. Başgalaryň duýgularyna düşünmek we hormatlamak


Başga adamlar bilen çyn ýürekden gyzyklanyň


Karnegi başgalaryň duýgularyna we zerurlyklaryna düşünmegiň we hormat goýmagyň möhümdigini nygtaýar. Häzirki wagtda maglumatlara baý, hereketlere baý dünýäde diňlemek we başgalar bilen gyzyklanmak ukyby esasy ussatlyga öwrülýär. Bu has ýakyn we uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edýär.


2. Dostlugyň täsiri


Dostluk, dünýäde adamlara täsir etmek üçin iň güýçli guraldyr.


Awtoryň pikiriçe, dostluk we oňyn garaýyş, başgalara täsir etmek ukybyňyzy artdyryp biler. Häzirki zaman jemgyýetinde dostluk hem möhüm ähmiýete eýe. Adamlar mylaýym adamlar bilen diňlemäge we hyzmatdaşlyga has ähtimal.


3. Tankyt we ony nädip ulanmaly


Tankyt hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejesidir.


Karnegi, adamyň özüni alyp barşyny hakykatdanam üýtgetmek üçin tankytlaryň konstruktiw we dostlukly bolmalydygyny öňe sürdi. Häzirki zaman medeniýetinde oňyn pikir we konstruktiw tankyt işde, okuwda we şahsy gatnaşyklarda üstünlikli aragatnaşyk etmegiň möhüm elementleridir.


4. Beýleki adamlara gyzyklanma


Gyzykly bolmak üçin beýlekiler bilen gyzyklanmalydyrys.


Beýleki adamlara gyzyklanma bildirmek, olara sorag bermek we hekaýalaryny diňlemek ukyby sizi has özüne çekiji we ýakymly edýär. Işsizlik we sanly endik sebäpli sosial baglanyşyklaryň ejir çekip bilýän häzirki jemgyýetinde başgalara gyzyklanma bildirmek gatnaşyklary berkitmäge kömek edip biler.


5. Ynandyrmak ukyby


Jedelde ýeňiş gazanmak üçin jedelden gaça durmaly.


Karnegi gapma-garşylyklardan gaça durmagyň we ylalaşmaýan wagtyňyz umumy pikir tapmagyň möhümdigini aýtdy. Häzirki zaman jemgyýetinde ynandyrmak we gepleşiklere gatnaşmak ukyby diňe şahsy gatnaşyklarda däl, eýsem professional ugurda we syýasatda-da möhümdir.


6. Sanly dünýäde aragatnaşyk üçin maslahatlar


Adam özüni möhüm duýmak isleýär.


Häzirki zaman dünýäsinde Karnegi ýörelgeleriniň ulanylmagy aktuallaşýar. Başga adamyň ähmiýetini we gadyryny tassyklamak gatnaşyklary güýçlendirip biler.


Deýl Karnegi dostlary nädip gazanmaly we täsirini adamlar aragatnaşyk endiklerini ösdürmek we beýlekiler bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak isleýänler üçin möhüm we gymmatly çeşme bolup galýar. Onuň ýörelgeleri we gymmatlyklary häzirki jemgyýetde möhümdir, bu ýerde adamlar bilen üstünlikli aragatnaşyk şahsy we hünär durmuşynda üstünlik gazanmakda esasy faktor bolup galýar. Karnegi sapaklaryna düşünmek we ulanmak, şahsy gatnaşyklaryň möhüm rol oýnaýan jemgyýetinde has üstünlikli, täsirli we bagtly bolmaga kömek edip biler.
22
190