Relax
15.09.2023 23:09

Häzirki wagtda 4,2 milliard adamyň sosial mediýany ulanýandygy aýdylýar. Şeýle bolansoň, söýginem sosial mediýada gözlemek gowy wariant ýaly bolup görünýär. Meşhurlar hem şol pikirde bolup, käbirleri sosial mediýada tanyşyp aşyk boldular we hatda gatnaşyklaryny durmuş gurmaga çenli eltdiler. Geliň, bu meşhurlaryň kimlerdigini göreliň...


1. Priýanka Çopra we Nik Jonas


Nik Jonas we Priýanka Çopra söýgini internetde tapyp, durmuşa gurmaga çenli eltdiler. Hindi däp-dessurlaryna we standartlaryna laýyklykda 2 dürli toý etdiler.


Jübütleriň söýgi hekaýasy Jonasyň Çopra Twitterden \"Ýakyn dostlarymyň birnäçesi tanyşmalydygymyzy aýtdy\" diýmegi bilen başlady.


2. Jo Jonas we Sofi Turner


Nik Jonasyň dogany Jo Jonas hem onlaýn usulda söýgüsini tapyp öýlenenlerden biridir. Jo we aýaly \"Game of Thrones\" filminiň ýyldyzy Sofi Turner 2017-nji ýylda adaglandylar we 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda durmuş gurdular.


Bularyň özara dostlary olary tanyşdyrmaga synanyşdylar. Elbetde ilkinji smsi ýazan Jonasdy. Aýaly Turner: \"Instagramda we smslerde biri-birimizi yzarlaýardyk\" diýdi. Häzirki wagtda är-aýalyň Willa atly gyzjagazy bar.


3. Dylan Sprouz we Barbara Palwin


Dylan Sprouz Barbara Palwin barada: \"Meni ilki instagramda yzarlap başlady we men sms ýazdym\" diýdi. Şol wagt Barbaranyň surata düşmek üçin Hytaýa gidenligi sebäpli oňa jogap bermegi üçin 6 aý töweregi wagt gerek boldy.


4. Joel Dommett we Hanna Kuper


Iňlis aktýory Joel Dommett hem aýaly bilen onlaýn tanyşypdy. Bu gezek ilkinji smsi iberen Hanna Kuperdy. Bular 2019-njy ýylda durmuş gurdular.


5. Dua Lipa we Anwar Hadid


2020-nji ýylyň maýynda aýdymçy Dua Lipa Anwar Hadid bilen duşuşyp başlamazdan öňinçä özüne internetden sms ýazandygyny aýtdy. Lipa bilen Hadid öň tanyşan bolsalar-da, Instagramda ýazan smsi sebäpli gatnaşyklaryna başladylar.

24
354
Relax
15 Sentýabr 2023
@medik_, Salam ol sayt bir wagtky meshur sayt bu wagt yapyldy
moonlight
15 Sentýabr 2023
@medik_, indi ýok beýle saýt, ýapyldy
moonlight
15 Sentýabr 2023
2sany bloger hem internetde tanyşyp durmuş gurdy 2-3 ýyllykda
Relax
15 Sentýabr 2023
@mawy, dogry
Relax
15 Sentýabr 2023
@mawy, aha indi tanap ugradyn
Relax
15 Sentýabr 2023
@mawy, Jony dal yone Jolie
Relax
15 Sentýabr 2023
@mawy, şo şo
Relax
15 Sentýabr 2023
@myrataly_, dogry
Relax
15 Sentýabr 2023
@mawy, onda sen dine turk goryan bulan terjime edilen kinolaram bar
myrataly_
15 Sentýabr 2023
@Relax, Onrak bir agzada bardy shul yerde "men ayalymy internetden tapdym " diyipdi,shul mesele barada uzak gurrin bolupdy shon bn yone nici yadyma dushenok. Kopdir yone ozleri bilinmegini isleyan bolmaklary shol sebapdenem bashka sebapler bn tanyshdyk diyanlerem kopdir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.