Relax
16.09.2023 21:57
Täsinlikler dünýäsinden bölekler

1.Dünýäde iň kiçi şäher
Dünýäde iň kiçi şäher Horwatiýaniň çäginde ýerleşýän Hum şäheridir. Şäheriň ilaty 20 adamdyr (deňeşdirip görüň: iň uly şäheriň ilaty 23 milliondan geçýär). Şäher XI asyrda Rim imperiýasynyň şäherleriniň biriniň harabaçalygynda döreýär we şonuň netijesinde Hum şäher derejesini alýar.

2.Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri
Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri Hindistandaky Mawsynram obasydyr. 1985-nji ýylda bu ýere gaty kän ýagyn ýagdy (26000 mm), bu waka hatda Ginnesiň kitabyna-da girizildi. Mawsynramda ýylda ortaça 11862 mm ýagyn ýagýar.

3.Dünýäde iň giň köçe
Dünýäde iň giň köçe Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde ýerleşýän «9-njy iýul şaýoly» («9 July Avenue»)» bolup durýar. Bu köçäniň giňligi 140 metr we uzynlygy 1 kilometrdir. Köçäni kesip geçmek üçin birnäçe minut gerek bolýar, sebäbi köçede birnäçe sany swetofor bar.

4.Sportuň iň peýdaly görnüşi
Sportuň saglyga iň peýdaly görnüşi suwda ýüzmekdir. Suwda ýüzmek adamyň tutuş bedenine, aýratyn-da merkezi nerw ulgamyna peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi dem alyş ulgamyny ösdürýär, ýürek damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar. Oňurgasy gyşyk (şol sanda küýki), arkasynda agyry duýýan we başga-da ençeme oňurga keselli adamlara suwda ýüzmek peýdalydyr. 25 gradus ýyly suwda ýüzülende, bedende madda alyş-çalşygy 60-70% tizleşýär, şonuň üçin suwda ýüzmek horlanmak isleýän adamlara-da peýdalydyr.

5.Dünýäde iň gyşyk bina
Dünýäde iň gyşyk bina Polşanyň Sapote şäherinde gurlandyr. Bu bina 2004-nji ýylda gurulýar we şondan bäri hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 4000 inedördül metr meýdany tutýan binada söwda we dynç alyş merkezi ýerleşdirilendir.
37
334
atakulyyewa_humay
4 Oktýabr 2023
Waauw, daa:ş, gyzykly maglumatlar 👍👍👍
Relax
17 Sentýabr 2023
Salam@zumerr,
Relax
17 Sentýabr 2023
@zumerr, support@owrenmeli.app e-mail hasaba ýaz kömek ederler
Zümerret_
17 Sentýabr 2023
Salam. Gowumyn. Onki hasap bilen girip bolmayamy indi . Men taze hasap acdym wln onkim bilen girip bilmanson ..
işan
16 Sentýabr 2023
👉❤️❤️❤️❤️❤️❤️👈
dowletmyrat1990
16 Sentýabr 2023
👍
Relax
16 Sentýabr 2023
@moonlight, howwa
moonlight
16 Sentýabr 2023
Suratdaky fotoşop ýaly..
talypgyz
16 Sentýabr 2023
Shun yaly maglumatlary kanrak goyawerin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.