Relax
27.09.2023 20:59

Näme ücin fleşkalaryň ýady bolmalysyndan kem bolýar?


Sizde adaty USB fleşkalar bardyr. Olaryň daşynda şol fleşkaň göwrümi ýazylandyr. Meselem, 2GB, 8GB, 16GB we ş.m. Bularyň göwrüminiň daşynda ýazylandan birneme kici bolýanyna üns beripmidiňiz? Hacanda siz 8GB-lyk fleşkany kompýutere dakanyňyzda onuň doly ýadynyň, 8,00 Gb däl-de 7,81 Gb görkezýändigini bilýäňizmi? Munuň sebäbi näme? Sebäbi, informatika ylmynda 1 kilobaýt 1024 baýta deň hasaplanýar. Emma mikroýatlary öndürýän kompaniýalaryň öz standarty bar. Olar 1 kilobaýty 1000 baýt hasaplaýarlar. Şol sebäpdenem, meselem 8gb-lik fleşka öndürenlerinde, 8000 mb-lik öýjük öndürilýär we ýerleşdirilýär. Netijede, biziň elimizde 8000mb bar. Kompýuter ony informatika standarty boýunca 1024-e bölüp hasaplaýar we 8000/1024=7,81gb görkezýär.

Diýmek,

4gb fleşka=3,90gb,

8gb fleşka=7,81gb,

16gb fleşka=15,6gb,

32gb fleşka=31,2gb,

64gb fleşka=62,5gb.

Ýene bir bellemeli zat, fleşka näce uly göwrümli bolsa, siz şonca köpräk ýat gidirýäňiz. Meselem, 64-lik fleşkada 2gb golaý ýetmeýär.

39
285
senorita
19 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, @Serwi, teswirleriñ gyrasyndaky 3 nokatjyga badyp, şikaýet ediñ pozup berýãr
oras
3 Oktýabr 2023
@Relax, salam, 64 likde 2 gb gitmeyara, 1,47 gb gidyar
Relax
1 Oktýabr 2023
@Serwi, Salam
Relax
28 Sentýabr 2023
@dmoo, @tmyigit76, 👍🏻🙂
tmyigit76
28 Sentýabr 2023
Men şo hakda pikirlenip sebäbini bilmän goýupdym. Inni bildim. ,💯👍
dmoo
28 Sentýabr 2023
Bir zatlar öwrendik👍
Relax
28 Sentýabr 2023
@runia, 🙂👍🏻
runia
27 Sentýabr 2023
Gyzyklanypdym, minnetdar)
maya_ene
27 Sentýabr 2023
@seljukly, tuweleme dowur nahili buwagt yasamazca dallira
maya_ene
27 Sentýabr 2023
@seljukly, gowylyk ozun nicik ballym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.