Paradise
30.03.2020 23:25
Zeminiñ alys bir giñişliginde,
Däli deñiz bilen joşly ummanyñ,
Ýan-ýana aksada, asyrlar boýy,
Suwlarynyñ gatylyp, goşulmaýanyn
Eşidemde juda galypdym täsin
Kalbyma dolupdy, bir geñsi täsir.

Durmuş ummanyny gulaşladykça
Ynjyk tolkunlaram ýetirip häsin
Oýlanýan, ol beýle geñem däl eken.
Şunça ýyl , daşyñda ursamda perwaz,
Dälibaş hyýallar sygman gursaga
Sabrym suwa dönüp, yhlasym derýa,
Göwün akabaña akyp dursada
Ýüregiñ yüregme goşulman bilşi
Asyl ummanly deñziñ çenem däl eken....
67
223
Paradise
30.03.2020 00:35
Söýgimiziñ ömri gysga bolsada,
Çyndy ýüreklerde ýakan alawy.
Ýyllaryn geçenin asla duýmadym,
Ählije zat bolan ýalydy ýany.
Pikir etmedik pursadym
Getirip ykbal seni
Durus öñümde duşurdy

Ilki bagtyn, gören gözlem, ümsümje,
Akan gözýaşlaryn senden ýygşyrdy,
Gürrüñlermiz uzak dowam etsedik...
Meñ dünýämden ýene gitdiñ özgäñka
Ýene ýollañ ýetdirenini seçdiñ,
Menem seçdim meñzemeýänin señkä...

Garañky otagda ýoldaşlap şemi,
Ýatlaýan söýgimiz geçmişde gaýnan
Ýanan kalbym ýañy sowap ugrady,
Käşga duşmasadyñ, sen şu gün öýlän.....???
66
360
Paradise
29.03.2020 23:14
Gözüñe ýaş dolup, köñlüñ gam bassa,
Ahli pikirleriñ gurşanda gussa,
Meñ barlygymy unutma herhal,
Edil şol pursatda, meni ýada sal.

Ýürek gyssa, ýer tapmasañ özüñe,
Bu giñ dünýe dar görünse gözüñe,
Aladañ çözmäne bolmasa amal
Ýeterin kömege, meni ýada sal.

Tomus ýatla,
Ýatla ýazda, aýazda,
Ýollaryña altyn düşeýän güýzde.
Ýyllar geçip saçyña gireninde çal,
Meñem saçym çalaranyn, ýada sal.

Dünýeden ir gitsem, aglama asla
Ýadygär suratym bagryña basda,
" Ýanymdan ir gitdiñ" diýmezden ozal
Ýüregiñde diriligim, ýada sal
67
506
Paradise
28.03.2020 16:28
Söýgi hem Aşyklyk (Söýgi)

-Ah, Söýgi! Men şeýle bir sen ýaly bolmagy arzuw edýän!-diýip, buýsanç bilen Aşyklyk gaýtalaýardy. -Sen menden has güýçli.

-Sen meniñ güýjümiñ nämededigni bilýärmiñ?-diýip, Söýgi sorady.

-Sebäbi sen adamlar üçin wajyp bolanlygyñ üçin bolaýmasa.

-Ýok, asla beýle däl-diýip Söýgi uludan demini aldyda Aşyklygyñ başyny sypady- Men bagyşlap bilýärin, ine şolam meni şeýle güýçli edip bilýär.

-Sen Dönükligi bagyşlap bilýäñmi?

-Hawa, bagyşlap bilýän, sebäbi Dönüklik köplenç erbet niýet bilen däl-de bilmezlikden gelýär.

-Sen Biwepalygam bagyşlap bilýäñmi?

-Hawa, Biwepalygam bagyşlap bilýän, sebäbi adam biwepalyk edip dolanýar, ol deñeşdirmäge mümkinçiligi bolup, gowyny saýlaýar.

Sen Ýalany bagyşlap bilýäñmi?

-Ýalan-bu erbetlikleñ kiçisi. Ol köplenç halatda çykalgasyzlykdan, hem-de özüniñ günälidigne akly ýetýänlerde ýa-da birine agyryly etmejek bolýanlarda ýüze çykýar. Bu bolsa gowy alamatlary añlatýar.

-Men-ä beýle pikir edemok, käwagt şeýle bir ýalançy adamlar bolýar.

-Elbetde, olar ýaly adamlaram bar, ýöne olaryñ men bilen hiç-hili baglanşygy ýok, sebäbi olar söýmegi başaranoklar.

-Sen ýene nämeleri bagyşlap bilýäñ?

-Men ýene Gaharjañlygy bagyşlap bilýän, ol tiz geçiji. Gödekligi bagyşlap bilýän, ol Gynanmak bilen bile gelýär. Gynanjyñ bolsa haçan geljegni hiç kim bilenok, ony gözegçilikl hem edip bolanok. Her kim özüçe gynanýar.

-Hmm, ýene?

-Ýene Öýkäni bagyşlap bilýän. Ol Gynanjyñ uly dogany, olar biri-birinden emele gelýärler. Lapykeçligi bagyşlap bilýän, sebäbi ondan soñ ejir gelýär. Ejir çekmek bolsa arassalaýar.

-Ah, Söýgi! Sen hakykatdanam üýtgeşik. Sen hemme zady bagyşlap bilýäñ, men bolsa ilkinji synagda kükürt çöp ýaly bolup öçüp galýan. Men sen ýaly bolup bilmeýänime gynanýan.

-Sen bu ýerde-de ýalñyşýañ. Söýgi hem ähli zady bagyşlap bilenok.

-Ýöne sen edil şu wagtjyk aýtdyñ-ä, ähli zady bagyşlap bilýäniñi.

-Ýok, edil beýle däl. Ähli aýdan zatlarymy men dogrudanam bagyşlap bilýän, bagyşlaýanam. Ýöne durmuşda Söýgiñem bagyşlap bilmejek zady bar. Sebäbi ol duýgulary öldürýär. Gama batyrýar. We ahyrynda Döwülmäge sebäp bolýar. Ol şeýle bir agyry getirýär, hat-da beýik Gudratam ony bejerip bilenok.

Ol daş-töweregiñdäki adamlaryñ durmuşyny zäherleýär we öz içki dünýäñden çykman galmagyña sebäp bolýar. Ol Biwepalykdan, Dönüklikden beter ýaralaýar, Ýalandan hem Öýkeden beter degýär. Sen oña özüñ duşan wagtyñ düşünersiñ.

Aşyklyk, unutma duýgularyñ iñ ganym duşmany- Parhsyzlykdyr. Oña garşy dermanam ýok....


Ýañy okuwda iñlis edebiýatyndan eseri turkmen diline terjime edeninme su setirler mende uly tasir galdyrdy. Sonun ucinem paylaşmak isledim?????
62
536
Paradise
28.03.2020 16:18
MAHAL-MAHAL

Mahal-mahal öz-özüme begenýän,
Ýaşap ýörenime il bile des-deň.
Bilýän, barlygyma begenýän kändir,
Bardyr gynanjaklar dünýeden gitsem.

Mahal-mahal öz-özümden utanýan,
Ýalňyşlarym ýada düşse birgiden.
Ýogsam, tejribesiz täleý ýolumda,
Şolar dälmi, maňa köp zady öwreden

Mahal-mahal öz-özümden ýadyrgap,
Düşnüksiz duýgular gelýär aňyma.
Ýok-ýok, gaşym çytman, görerin merdem,
Alla näme ýazan bolsa alnyma...

Kakamyrat Rejepow
55
332
Paradise
27.03.2020 19:51
Bir dana diýdi, bakyp bir ýigide
Diýjegim bar gulak salsañ öwüde.
Bäş günlik dünýedir, mes bolup ýörme,
Meñzeseñem, daglar gezýän bürgüde.

-" Bir enäniñ gyzyn, hoş söze baglap,
Aldama biderek oýnajak bolsañ.
Her gün göz ýaş bilen, ýüregin daglap,
Gynama, wagt üçin, güýmejek bolsañ.

Ýalan sözläp bal kölüne batyryp,
El göterip, urma ýary iterip.
Soñra arman bilen dañlar ataryp
Soldurma, bir güli söýmejek bolsañ.

Şeýtseler ýararmy seniñ uyaña,
Degseler edepli namys haýaña?
Gorajak bol salkyn berýäñ saýaña,
Öz uýañ ahyna köýmejek bolsañ

Gyzda-da ýürek bar seniñki ýaly,
Ûýtgeşik bagt dilär illeñki ýaly,
Duýsañ, mähir bardyr güliñki ýaly,
Aglatma, mähriñi duýmajak bolsañ.

Il diýýära: Gyzdyr jennet açary
Şonuñ üçin aýap saklañ gyzlary.
Gadryn biliñ, söýüp yaşañ, ynjytmañ!
Çünki olar bagtly etýär bizleri.

Öwezgeli bir aşygy söýüp geç,
Ýar mährine gujagyndan doýup geç.
Çyn söýginiñ barlygyny subut edip,
Bir nusgalyk " Aşyk " adyñ göýup geç...!!!

Öwezgeldi Taganow
69
589
Paradise
27.03.2020 00:54
" Where do I begin "

Where do I begin
To tell the story of how great a love can be
The sweet love story that is older than the sea
The simple truth about the love she brings to me
Where do I start

With her first hello
She gave new meaning to this empty world of mine
There'd never be another love, another time
She came into my life and made the living fine
She fills my heart

She fills my heart with very special things
With angels' songs, with wild imaginings
She fills my soul with so much love
That anywhere I go I'm never lonely
With her around, who could be lonely
I reach for her hand, it's always there

How long does it last
Can love be measured by the hours in a day
I have no answers now but this much I can say
I know I'll need her 'till the stars all burn away
And she'll be there

Şu aýdymy yekeje gezek diñlemegi maslahat beryan ???
65
386
Paradise
Paradise
26.03.2020 23:10
" Söýgi näme? " ýeke däl muñ jogaby, Käte, seni ýatlap ýylgyrşym söýgi. Seniñ ykbalyña ömrümi baglap Ýaradana ýalbarşym söýgi. Il deñinde, menem düşdüm bu derde, Şondan bäri ýalñyz ýaşaýan
Paradise
Paradise
26.03.2020 22:17
Señ bilen Yşgym wysal tapdy seniñ gözleñde, Söýgimiziñ düýbün tutsak señ bilen. Aýralyk diýilýän ajy duýgynyñ Gözlerinden, baky ýitsek señ bilen. Golum degse, saçyñ näzik tarlaryna, Şükür edýäñ, bu
Paradise
25.03.2020 23:26
Eý yşk perişdesi jogap ber maña,
Ne üçin ýene peýkam urdyñ yüregime?
Bes dälmidir öñler yşka köýenim
Başka birin getirdiñle deregne.

Eý yşk serişdesi, aýdaýda " kim ol? "
Ne üçün, ony maña duşurdy pelek?
Gül bagtymy guradarmy saraldyp
Ýa, daşymda bolarmyka jan serek?

Eý yşk perişdesi, aýdaýda maña,
Ol meñ ýürekdäki altyn tagtymmy?
Ol meni söýermi ömrüm ötinçä
Ol bagtymmy ya-da gara bagtymmy?

Aýdaýda, ugrunda solmazym ýaly,
Ýa, men oña garaýanmy kem baha?
Ol düşünýärmika söýgiñ nädigine
Ýa, söýüp ýetdimikä şu çaka?

Aýdaý, ömür ahmyr etmezim ýaly,
Ýa-da tersine çyn söýgiden dönüp gitmezim ýaly.....
66
1 017