Paradise
27.03.2020 19:51
Bir dana diýdi, bakyp bir ýigide
Diýjegim bar gulak salsañ öwüde.
Bäş günlik dünýedir, mes bolup ýörme,
Meñzeseñem, daglar gezýän bürgüde.

-" Bir enäniñ gyzyn, hoş söze baglap,
Aldama biderek oýnajak bolsañ.
Her gün göz ýaş bilen, ýüregin daglap,
Gynama, wagt üçin, güýmejek bolsañ.

Ýalan sözläp bal kölüne batyryp,
El göterip, urma ýary iterip.
Soñra arman bilen dañlar ataryp
Soldurma, bir güli söýmejek bolsañ.

Şeýtseler ýararmy seniñ uyaña,
Degseler edepli namys haýaña?
Gorajak bol salkyn berýäñ saýaña,
Öz uýañ ahyna köýmejek bolsañ

Gyzda-da ýürek bar seniñki ýaly,
Ûýtgeşik bagt dilär illeñki ýaly,
Duýsañ, mähir bardyr güliñki ýaly,
Aglatma, mähriñi duýmajak bolsañ.

Il diýýära: Gyzdyr jennet açary
Şonuñ üçin aýap saklañ gyzlary.
Gadryn biliñ, söýüp yaşañ, ynjytmañ!
Çünki olar bagtly etýär bizleri.

Öwezgeli bir aşygy söýüp geç,
Ýar mährine gujagyndan doýup geç.
Çyn söýginiñ barlygyny subut edip,
Bir nusgalyk " Aşyk " adyñ göýup geç...!!!

Öwezgeldi Taganow
69
589
Berdi s ý
27 Mart 2020
???
Princess
27 Mart 2020
?????
Gülhan
27 Mart 2020
Şu adam gaty gowy goşgy düzyäray... Malades Jennet!...??
БОРЕЦ
27 Mart 2020
Bir enanin gyzyn hos soze baglap Aldama biderek oynajak bolsan.
Селби
27 Mart 2020
Prosto super???
БОРЕЦ
27 Mart 2020
1 nji ? menďen
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.