Paradise
26.03.2020 23:10
" Söýgi näme? " ýeke däl muñ jogaby,
Käte, seni ýatlap ýylgyrşym söýgi.
Seniñ ykbalyña ömrümi baglap
Ýaradana ýalbarşym söýgi.

Il deñinde, menem düşdüm bu derde,
Şondan bäri ýalñyz ýaşaýan serde.
Göwnüm galan wagty, suwsuz bir ýerde,
Galan, bägüller deý süllerşim söygi.

Ýürekdäki ornuñ ýitirip bilmen,
Aýralygyñ adyn agzamaz dillem
Gabanmaly zatdan gabanyp bilmän,
Gabanmasyz zatdan gabanşym söýgi.

" Ykbal meni ýakdy " diýip oýlardym,
Nesibäm bar eken bagtly ýollarda
Kalbym heserledip, öwüsyän yellerden,
Seniñ adyñ eşidip ýaşaýşym söýgi...
66
760
MaksatŞirow
27 Mart 2020
gowy goagy
Myhman Myhman
27 Mart 2020
Gabanmasyz zatdan gabanshym soygi
Myhman Myhman
27 Mart 2020
Gowja gosgy
Myhman Gozel
27 Mart 2020
Mnm su setrini haladym
Pretty girl
26 Mart 2020
Awtory özüňizmi?
Janita
26 Mart 2020
senin adyn esidip yasaysym soygi...?
Gülhan
26 Mart 2020
Käte, seni yatlap yylgyrşym söygi?...
☆NUR☆
26 Mart 2020
❤❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.