Paradise
24.04.2020 19:18
Erteki

Bilýäňmi, ikimiz şeýle erteki,
Gam laýyna batan başdan aýagna.
Çagalara okap berip bolmajak,
Erteki biz, bizi diňe okanlar,
Ýüreklerniň törlerinde goýarlar.

Biz şeýle erteki- gudratdan azat,
Ajy gözýaş bilen ýuwulan sahna.
Biz şeýle erteki- Leýli-Mejnunyň,
Kalbyna sygmadyk gussasy hakda.

Akyla sygmajak gahrymanam ýok,
Biz ikimiz hem düşnüksiz duýgular.
Mährimiz bar, ýöne “mähribanym” ýok,
Bakyýa çen aýralygy buýrulan.

Başlangyjy-da ýok, ahyry-da ýok,
Güneşi bar, ýöne asla dogmajak.
Bilýäňmi, ikimiz şeýle erteki
Müň däl, million gijelere sygmajak.

Biz kesir, kesirlik yşkyň öňüne,
Böwet bolýan bir düşnüksiz ýol eken.
Bilýäňmi ikimiz şeýle erteki,
Bir bar, soňam hemişelik ýok eken...
44
440
Paradise
24.04.2020 00:13
Geljegi gözleme ertire

Geljegi gözleme ertire bakyp,
Onuň gözlegine şu günden başla!
Ýürek dutarynyň taryna kakyp,
Mukamlary geljegiňe bagyşla!

Haýsy ýoldan gitjegiňi bileňok,
Iki ýoluň sepgidine ýeteňde,
Şatlyk bilen söhbet edip güleňok
Bu durmuşyň hasratyny çekeňde.

Emma şat günleriň hasrat barada
Birjikde oýlanyp,pikir etmersiň!
Şat günleriň biraz başyňy burup,
Kynçylyk tanapyn hergiz çekmersiň.

Eger ynsan şat günlere ýetende
Kynçylylyk çekýäne berse kömegin,
Durmuş ony kyn günlere çekende,
Ýitirmez ol abraýyň gönezligin.

Eger bu Dünýäde şeýle işlere
Yhlas bilen mydam basaýsak gadam,
Şol gadamy basan mert kişilere
Diýmekçi men:olar-iň beýik adam!
45
280
Paradise
23.04.2020 18:53
DOSTUMA

Ýör, deňze gideli,
ýa-da sährada
Ot ýakaly agaçlary üýşürip.
Bilýäň-ä sen, kalba çöken gussany
Bolmaz oturgyç deý gyra süýşürip.

Ot rahatlyk berer ot deý gursaga,
Deňizde tolkun bar derdim deý güýjän.
Bar zady buşluk deý aýdyp gaýdaly,
Rahat asmanynyň astynda gijäň

Biz kän ýerde ýalňyşypdyk,
Ýogsa-da,
Ýalňyşmaýan barmy?! Bormy ýalňyşman?!
Albom gatyndaky suratlar ýaly,
Ähli geçen zatlar ýadyma düşýär.

Günler sabrymyzy synady, soňra
Çagalykdan böwsüp çykdyk ok ýaly.
Sähel zada gülüp ýörjek wagtymyz,
Özümiz saýladyk şeýle ykbaly.

Ýaz gelse, güýzleriň agysyn aglap,
Güýzde geljek ýaza garaşdyk ýördük.
Zyýanly endik deý, gussa imrinip,
Soňra onuň bilen göreşdik ýördük.

Bu zatlar oýun däl, häzir bulary,
Kagyz däl, ýüregmi dilip ýazýaryn.
Gazeta çykarjak goşgularymy
Ejem okar öýdüp, gülüp ýazýaryn.

Göwnün ýykyp bilmän telim ülpediň,
Meýhana-barlara gatnap ýörün men.
Bir gün derdim diňlän tapylar diýip,
Bar zady içimde saklap ýörün men.

Gussam gursagymyň töründe, Ony
gizläp telim suwjuk gülküler bilen.
Diňe hilesini öwrenmek üçin,
Dostlaşdym ençeme tilkiler bilen.

Köne tanyşlarym tilki saýdylar,
Tilki däldigimi bildi tilkiler.
Kän gezek baş alyp gitjek boldum men,
Özümi bagyşlap bilmän ilkiler.

Aýdara gürrüň kän, diňläre gep kän,
Bolmanda, ekeris telim bolsady.
Ýör, deňze gideli, dostum, eglenme,
Ot ýak, ýogsa-da...
41
318
Paradise
23.04.2020 00:17
Ejeme hat

Kalbymdaky mähir senden bolmaly,
Ony birçak hüwdiň bilen guýansyň.
Biribardan etjek dilegleriňem,
Gyzyň täleýine baglap goýansyň.

Gijeler goluňda göterensiň sen,
Özüňden özgäge dözmäniň üçin.
Ejejan, ýolumda kynçylyk ýokdur,
Maňa derek baryn çözläniň üçin.

Edýän işlem aňsat bolup durandyr,
Gowuşansoň edýän dileg- dogalaň.
Wah,ejejan, saňa galsa, berersiň,
Öz paýyňa düşýän ähli sogabam.

Nurana, mähirli ýylgyrşyň bilen,
Gaýgymy-gussamy tirip ýörsüň sen,
"Gyzym daş ýerlerde ýalňyz bolmasyn"
diýip, düýşüme-de girip ýörsüň sen.

Bilmedim, dogrumy ýöreýän ýolum,
Bilmedim, üstünlik golaýmy-daşda.
Bir bilýänim: derhal syzýar ýüregiň,
Eger bardy-geldi mejalym gaçsa.

Kalbymdaky mähir senden peşgeşdir,
Kynçylyksyz ýolum- maňlaýda deriň.
Eje, saňa bergim çenden geçmişdir,
Ýetişmesem näderin?..
37
455
Paradise
22.04.2020 21:08
Çagalykdan ýalňyzlyga imrinipdirin. Dört diwaryň
içinde, gulagymda gulaklyk, telefonda pessejik, gussaly
saz we meniň syýahatym başlaýar. Men sähelçe wagtda
ýer ýüzüne syýahata gidýärin. Meniň hyýallarym islendik
hakyky durmuşdan gyzykly. Meniň hyýallarym hakyky.
Meniň hyýallarym maňa bagt, söýgi, şatlyk berýär. Men hyýallarymyň baky tussagy.
Ýöne, durmuşda hyýallardan çykyp, hakyky durmuşa gadam basmaly ýeri hem bolýar. Ana, şo ýerinde söweş başlaýar. Erk bilen seniň araňdaky darkaş.
Başarsaňyz, hyýaly dünýäden çykyp, hakyky
dünýä bilen ýaşap başlaň. Durmuşy duýuň. Durmuş göz
öňüne getirilip däl-de, eýsem duýulyp başlanda has gözelleşar. Çykyň, dost-ýarlaryňyzy, ýakynlaryňyzy hoş söz bilen garşylaň. Söýüň. Söýüliň. Duýuň...Durmuşynyz
şonda has gözelleşer....
38
287
Paradise
22.04.2020 19:33

Göwünlik

Zeleli ýok,undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.

Kim bilipdir öňden beýle boljagyn,
Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar.
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim
Ahmyryny ýele-göge sowurýar.

Aý,nätjek-dä,pelek işi,gysylma,
Baky däldir munda hiç zat,hasradam.
Bir gün geler,bagt gysdyrar gysymňa
Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.

Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň,
Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen!
Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän,gama boglup gezme sen!
35
315
Paradise
21.04.2020 22:35
Gözleriňden özüm tapman kösendim,
Iň soňunda boýun aldym ýeňlenmi.
Gursagymy gussa bilen çişirdim
Gursagym däl, gabaklarym ýellendi.

Arzuwlarmy düýne berdim meýletin
Gujak-gujak ahmyr aldym deregne
Ir-giç adamlary ýadadýan eken
Yşkam bolsa, düşüp dursa bir egne.

Gözleriňden özüm tapman kösendim,
Başarmadym ykbalyma baglabam.
Men derdimi aýdym edip aýtdym,
Daglar biler ýüregimde dag baryn.

Deňizleriň tolkunyna bat berdim,
Derdimi paýlaşyp goňras kenara.
Meniň saňa aýdyp bilmän kösenen,
Sözlerimdir- iňňildisi şemalyň.

Gözleriňden özüm tapman kösendim,
Golum salgap, gitdim onsoň düze men.
Kalbymdaky saňa bolan yşkymdyr
Gyzyl güller- ýaşyl sähra ýazylan.

Ýüregime çöküp galdy umydym,
Duýdum kalbyň meniň üçin darlygyn.
Didäňe ýerleşip bilmedim, dünýäm,
Bilmedim, bijämde näme barlygyn...

Aşyr Hanow
40
308
Paradise
21.04.2020 17:52
Jañ et

Saralan surata seredip siňe,
Ýatlama çümersiň ýaprak gaçanda.
Köşeşer gidersiň- sen maňa jaň et,
Ýalňyzlyk başyňy tutsa haçanda.

Ýaz gelip, meýdana çykasyň geler,
Içiňi dökmäge asman astynda.
Çagyr meni, ýüregiňi diňle-de,
Gelerin bar bolsam ýeriň üstünde.

Hatyrasy üçin hoş geçen günleň,
Başarsaň, ýüregňe etme ikilik.
Özümi bir ömür bagyşlap bilmen,
Eşitsem gözlerňe gussa çekeniň.

Gaýgyly bolmasyn aýdýan aýdymlaň,
Täleýde şonsuzam ýeterlik gam bar.
Soňky duşuşykda aýdyp gaýdanlam,
Saňa kyn günüňde bolsun howandar.

Gijeler düýş görüp, gorkup oýansaň,
Ynan onuň ýönekeý bir düýşdügne.
Bilýän, kem- kem ýatlamaňam goýarsyň,
Göz ýetirip indi ýanmaň giçdigne.

Barybir, geçmişe seredip siňe,
Başyňy ýaýkama duşdan geçenne.
Açylar gidersiň,
sen maňa jaň et,
Ýalňyzlyk başyňy tutsa haçanda.
38
897
Paradise
21.04.2020 17:51
Ejemden gelen hat...

Ýylgyrdym, hatyňy okap, onsoňam,
Gözüme dolandyr gözýaşym, gyzym.
Sen aýry ömürli ynsan bolsaňam,
Seň ýaşajak ýaşyň- öz ýaşym, gyzym.

Gijeler golumda göterdim seni,
"Duýsun!" diýip ýüregimiň ýylysyn.
Ýagşy niýetlere atardym seni,
Derdine ýarara iliň- ulusyň.

Tüweleme, çykarmansyň ýadyňdan,
Çaga wagtyň aýdyp beren hüwdülem.
Özüň aýdýaň- arzuw bolýar adamda,
Men seni döretdim arzuwym bilen.

Çagalykdan geçdiň, indi iliňi
Söz bilen däl, yşkyň bilen jadyla.
Bardy- geldi durmuş bükse biliňi,
Birmahalky hüwdim düşsün ýadyňa.

Şatlygyňy paýlaş,
paýlaş gussaňy,
Özüňem ýeňlärsiň, ýeňlärin menem.
Ýaşa, döret gursagyňda besläniň,
Özüňe mynasyp owazyň bilen.

Kömek et başarsaň, juda bolmasa,
Özgeleň göwnüne degmegin, gyzym!
Bar zat gowy bolar Alla goldasa,
Hergiz gara başyň egmegin, gyzym!

Onsoňam, ýalňyşma, ejesi bilen
Gyzyň arasynda bolmaz haklaşyk.
Sag-salamat oka, etjek dilegim:
Allam seni penasynda saklasyn
36
258
Paradise
20.04.2020 23:11
Çagalyk

Seredip doýmadym synlap daşyndan,
Jykyrdaşyp, oýnap ýören çagalaň.
Şeýle ysnyşypdyr, birek- birekden,
Aýry gamy, şatlygy-da ýok olaň .

Olar çäksiz bagtly, erkin, şadyýan,
Nur saçylýar töwerege ýüzünden.
Birmahalky çagalygmy gördüm men,
Olaň bagtdan ýanyp duran gözünde.

Şol gussasyz günlerimi küýsedim,
Ýatlamalaň gatlaryny dörüp men.
Hat-da agşam uzyn gije düýşüme
Şirin, eziz çagalygym giripdir.

Ilki kyndyr boýun almak - başyňdan,
Şagalaňly çagalygyň sowlanyn.
Soň köşeşýäň, görüp , ýeriň bireýýäm,
Eýelänne bir kiçijik çaganyñ....
43
441