Ejemden gelen hat...
Ýylgyrdym, hatyňy okap, onsoňam,
Gözüme dolandyr gözýaşym, gyzym.
Sen aýry ömürli ynsan bolsaňam,
Seň ýaşajak ýaşyň- öz ýaşym, gyzym.
Gijeler golumda göterdim seni,
"Duýsun!" diýip ýüregimiň ýylysyn.
Ýagşy niýetlere atardym seni,
Derdine ýarara iliň- ulusyň.
Tüweleme, çykarmansyň ýadyňdan,
Çaga wagtyň aýdyp beren hüwdülem.
Özüň aýdýaň- arzuw bolýar adamda,
Men seni döretdim arzuwym bilen.
Çagalykdan geçdiň, indi iliňi
Söz bilen däl, yşkyň bilen jadyla.
Bardy- geldi durmuş bükse biliňi,
Birmahalky hüwdim düşsün ýadyňa.
Şatlygyňy paýlaş,
paýlaş gussaňy,
Özüňem ýeňlärsiň, ýeňlärin menem.
Ýaşa, döret gursagyňda besläniň,
Özüňe mynasyp owazyň bilen.
Kömek et başarsaň, juda bolmasa,
Özgeleň göwnüne degmegin, gyzym!
Bar zat gowy bolar Alla goldasa,
Hergiz gara başyň egmegin, gyzym!
Onsoňam, ýalňyşma, ejesi bilen
Gyzyň arasynda bolmaz haklaşyk.
Sag-salamat oka, etjek dilegim:
Allam seni penasynda saklasyn