DOSTUMA
Ýör, deňze gideli,
ýa-da sährada
Ot ýakaly agaçlary üýşürip.
Bilýäň-ä sen, kalba çöken gussany
Bolmaz oturgyç deý gyra süýşürip.
Ot rahatlyk berer ot deý gursaga,
Deňizde tolkun bar derdim deý güýjän.
Bar zady buşluk deý aýdyp gaýdaly,
Rahat asmanynyň astynda gijäň
Biz kän ýerde ýalňyşypdyk,
Ýogsa-da,
Ýalňyşmaýan barmy?! Bormy ýalňyşman?!
Albom gatyndaky suratlar ýaly,
Ähli geçen zatlar ýadyma düşýär.
Günler sabrymyzy synady, soňra
Çagalykdan böwsüp çykdyk ok ýaly.
Sähel zada gülüp ýörjek wagtymyz,
Özümiz saýladyk şeýle ykbaly.
Ýaz gelse, güýzleriň agysyn aglap,
Güýzde geljek ýaza garaşdyk ýördük.
Zyýanly endik deý, gussa imrinip,
Soňra onuň bilen göreşdik ýördük.
Bu zatlar oýun däl, häzir bulary,
Kagyz däl, ýüregmi dilip ýazýaryn.
Gazeta çykarjak goşgularymy
Ejem okar öýdüp, gülüp ýazýaryn.
Göwnün ýykyp bilmän telim ülpediň,
Meýhana-barlara gatnap ýörün men.
Bir gün derdim diňlän tapylar diýip,
Bar zady içimde saklap ýörün men.
Gussam gursagymyň töründe, Ony
gizläp telim suwjuk gülküler bilen.
Diňe hilesini öwrenmek üçin,
Dostlaşdym ençeme tilkiler bilen.
Köne tanyşlarym tilki saýdylar,
Tilki däldigimi bildi tilkiler.
Kän gezek baş alyp gitjek boldum men,
Özümi bagyşlap bilmän ilkiler.
Aýdara gürrüň kän, diňläre gep kän,
Bolmanda, ekeris telim bolsady.
Ýör, deňze gideli, dostum, eglenme,
Ot ýak, ýogsa-da...