Paradise
21.04.2020 22:35
Gözleriňden özüm tapman kösendim,
Iň soňunda boýun aldym ýeňlenmi.
Gursagymy gussa bilen çişirdim
Gursagym däl, gabaklarym ýellendi.

Arzuwlarmy düýne berdim meýletin
Gujak-gujak ahmyr aldym deregne
Ir-giç adamlary ýadadýan eken
Yşkam bolsa, düşüp dursa bir egne.

Gözleriňden özüm tapman kösendim,
Başarmadym ykbalyma baglabam.
Men derdimi aýdym edip aýtdym,
Daglar biler ýüregimde dag baryn.

Deňizleriň tolkunyna bat berdim,
Derdimi paýlaşyp goňras kenara.
Meniň saňa aýdyp bilmän kösenen,
Sözlerimdir- iňňildisi şemalyň.

Gözleriňden özüm tapman kösendim,
Golum salgap, gitdim onsoň düze men.
Kalbymdaky saňa bolan yşkymdyr
Gyzyl güller- ýaşyl sähra ýazylan.

Ýüregime çöküp galdy umydym,
Duýdum kalbyň meniň üçin darlygyn.
Didäňe ýerleşip bilmedim, dünýäm,
Bilmedim, bijämde näme barlygyn...

Aşyr Hanow
40
308
Myhman Maya
22 Aprel 2020
Hehe yene bir asyk yigit tapyldy sen kime asyk boldun
???
22 Aprel 2020
Mähir çeşmesine dönüp gözleriň,
Mähir bilen garaýşyny haladym.
Aýlawsyz, hilesiz sözlän sözleriň
Kalbyma çuň ornaýşyny haladym.
Özüň sada, erbetlik ýok hiç kime,
Ýüregiň küýseýär oňatlyk diňe,
Seň zenan päkligiň ýaraýar maňa,
Dogry bakyp, ýylgyrşyňy haladym.
OrazmyradowMekan
21 Aprel 2020
Duydym kalbyñ meniñ un darlygyn?
Myhman Myhman
21 Aprel 2020
Bilmedim bijamde name barlygyn???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.