Paradise
19.07.2020 11:31
Häzir biraz özüm dürsänim kem däl,
Bu ahwal düýşümmi ýa-da huşummy?!
Sakynan — dilim däl,
Ýakylan — şem däl,
Geçirip goýberer ýaly duşumdan.
Mejalym ýok, aglamaga ses edip,
Dymmaga-da sabrym ejiz, ýürek — çäk.
Gidip bilmen ähli zady bes edip,
Günler köp bolsa-da, ömür ýeke-täk.
Saklardan giç, gitdi täleý başyna,
Goş ýazdyrdy ganatynda algyryň.
Ýetme ýok asmanda älemgoşara,
Ýanman ýyldyryma, buýman ýagmyra.
Kalbym ýaly sarsan däldir ene ýer,
Tüçjar dymar başymdaky salgyda.
Palçy aýal başyn ýaýkap elener,
Derdim okap aýamdaky ýazgydan.
Bir utuşym — talatmadym umydy,
Gerşi ýükli ýyllaň göçhä-göçünde.
Daşlara ýazyldy ahymyň ady,
Şükür, zeňläp galmandygna içimde
32
274
Paradise
17.07.2020 16:28
Seňem bir gün içiň gysar, görersiň,
Duýarsyň bir zadyň ýetmeýänini.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň
Hemem kem görmersiň geplemäniňi.
Göwnüň isleýäni gözden sowaşyk,
Akyly gözünde jemlenen dünýäm,
Indi gaýdyp duşmajaga duşanňa
Düşünersiň, sen hiç zada düşünmän.
Ajap, aýny wagty on dokuz ýaşyň,
Ýatladýan mahalyň ýuwaň seçegin,
Hakyda basylan möhür hasaplap,
Birin-birin ýatlar bu aň geçeni.
Baslygyp, berçigen arzuwlarymdan
Bir saňa orun bar ýeke serimde.
Sen weli, söýemok diýýäň, geregim,
Ýöne jaň aýlaýaň ýekesiräňde.
Hoş geçen günleriň hatyrasyna
Elenipler hötjetligňi gömersiň.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň,
Seňem bir gün içiň gysar, görersiň.
Myrat GURBANOW
28
305
Paradise
12.07.2020 01:02
Men şeýle bir öýkelekdim çagakam,
Sähel zady tiz göwnüme alardym.
Hem lälikdim, halaýardym söýseler,
Mähirli sözlere monça bolardym.
Men şeýle bir sabyrsyzdym çagakam,
Garaşmaklyk meniň üçin jezady.
At salardym takat tapman janyma,
Gyssanardym biljek bolup bar zady.
Men şeýle bir garagoldym çagakam,
Bezzatlygy öwrederdim gurjagma.
Garaz, öýüň soltanydym, hanydym,
Ynanmazdym uly bolup biljegme.
Men şeýle bir arzuwçyldym çagakam,
Arzuw bilen süýji uka giderdim.
Bezenerdim uly aýnaň öňünde,
Ululara öýkünmekdi bar derdim.
Men şeýle bir soragçyldym çagakam,
Hyýal atym geçmişime ätletdi.
Bu gün öz gyzymyň beren soragy,
Gulpaklyja çagalygmy ýatlatdy
0
38
975
Paradise
09.07.2020 23:10
Eneme ÿazan hatlarymdan
Sen şu mahal penjiräni açdyňmy,
Ýolun yzlap öz bagryňdan öneniň.
Ÿa şu mahal men ýadyňa düşdümmi,
Seni biwagt ynjytdymmy, dönenim?!
Belki, agşam girendirin düýşüňe,
Alnyňda durandyr perişan halym.
Endigime görä geçip gaşyňa,
Içgin-içgin sorandyryn ahwalyň.
Belki, görüp arasynda gülleriň,
Näler begenensiň, hyýalyň päkdir,
Eje, kesel çeýnän näzik elleriň,
Sygyr sagmana-da ysgyny ýokdur.
Şol gaýtalap bolgusyzja hökümin,
Ah, seni garradar, garradar gaty.
Bir tarapdan iňirdisi kakamyň,
Bir tarapdan ogullaryň haýbaty.
Onda karar tapman dertli janyňa,
Meni küýsäp menzilleri aşarsyň.
Men hökman bararyn seniň ýanyňa,
Sen penakär ýyldyzyňa duşarsyň.
Säher çagy penjiräni açdyňmy,
Ýolun yzlap öz bagryňdan öneniň.
Ya şu mahal men ýadyňa düşdümmi,
Seni biwagt ynjytdymmy, dönenim?
Šähribossan Geldimämmedowa
0
39
455
Paradise
07.07.2020 12:25
Köplenç biz: «Sen ulalaňda kim bolmagy arzuw edýärsiň?» diýip, ösüp gelýän ýaş nesle sorag berýäris. Kim lukman, kim bagşy, hatda alym bolmagy öňünde maksat edinýän ynsanlara-da duş gelip gördüm, olar arzuwlaryna görä maksatlaryna-da ýetýärler. Olaryň arasynda ählisi lukman, bagşy ýa-da alym bolup bilmeýänler hem bar. Munuň sebäbi nämedenkä? Öňüňde goýan maksadyňa ýetmegiň syry irginsiz zähmetdemi? Ýa-da şowlulykdamy? Ýa nesibedemi?
Bu hakda jedelleriň soňy ýok. Käbir adamlar aýdar:
— Hemme zat nesibede. Men zähmet çekdim-ä, ahyry soňy bolmady — diýip, öz-özüni ynandyrýarlar. Bu bolsa ahyrky pellehana ýetip gelýärkäň, birki ädim galanda, umytdan eliňi üzmek bolýar. Bu hakda azajyk soňrak durup geçeris.
Göz öňüňize getiriň. Aýdaly, siz entak hiç bir zat ýazylmadyk, arassa bir kitaby eliňize aldyňyz. Ol siziň durmuşyňyz diýeli. Ol, dogrudan-da, arassa kagyzlardan düzülen gatlaryň jemi. Syýa bilen gaýtalanmajak ajaýyp eserleri ýazmak, size bagly bolup durýar ahyryn. Eger siz daýhan bolsaňyz, giden boş meýdanda şu gün bugdaý ekseňiz, elbetde, wagty gelende çörek iýersiňiz.
Durmuşda her bir ynsanda bir uly maksat bolmaly. Her gün bolsa sen kiçijik maksatlary öňüňde goýmaly. Şol kiçijik maksatlar hem seni durmuşyňdaky uly maksadyňa ýetirmeli. Aýdyljak bolýan zat, kiçijik maksatlar diýilýän seniň ykbalyňy gurýan kerpiçler bolmaly, durmuşdaky iň esasy uly maksadyň bolsa seniň arzuw edýän binaňdyr. Seniň gurýan binaň esasy sütüni bolsa maksada okgunlylygyň hem-de özüňe bolan ynamyňdyr. Biraz çylşyrymly bolup biler, belki-de, durmuşda her dürli päsgelçilikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Siz aýdarsyňyz: «Men öz arzuwlarymy durmuşa geçirmek üçin çalyşdym, ýöne eýle boldy, beýle boldy, meniň isleýşim ýaly bolmady》
Men şu ýerde bir mysal getiresim gelýär: «Gadym zamanlarda şäherleriň birinde bir ussat dana adam ýaşapdyr. Onuň şägirtleri hem bar eken. Günleriň birinde olaryň iň zehinlisi pikir edip: «Şeýle sowal barmyka, hatda halypamyzam şol sowala jogap tapyp bilmez ýaly?» — diýip, bagy-bossanlyga girip, gülleriň üstünden bir owadan kebelegi tutup, eliniň aýasynyň arasynda bukup, elini gysypdyr. Kebelek penjeleri bilen şägirdiň (ýigdekçäniň) eliniň aýasyna ýapyşyp, şägirdiň gyjygyny getirýän eken. Ol ýylgyryp, dana ýüzlenip:
— Aýdyň, meniň elimdäki kebelek nähili: dirimi ýa ölümi — diýipdir.
Ol şägirt pugta gysylan aýasynda kebelegi saklap we islendik pursatda öz hakykaty üçin eliniň aýasyny gysmaga taýyn bolup durupdyr.
Şägirdiniň eline seredip, dana şeýle jogap beripdir:
— «Onuň diri ýa öli bolmagy seniň eliňde!» Ýokarda «nesibe hakda biraz soňrak gürrüň ederis» diýip belläpdim. Dogry, durmuşyň öz syrly sandygynda saklaýan jogaplaryny bilmek üçin pikirlenip, pikir dünýäsine çümüp gidýärsiň. Ylalaşýan, nesibe, şowlulyk, galyberse-de, beýleki täsin güýçleri tankyt edip biljek däl. Olaryň barlygyna hiç hili şübhäm ýok. Durmuşda näçe urunsak-da, bolmajak zat hiç bolmaýar eken. Belki-de, şonuň bolmaýanlygy ahyrky netijede bähbidedir. Ýa-da şol kynçylyklardan soňam haýyrly günler garaşýandyr. Belki, şeýle bolmagy bizi bir zatlardan goraýandyr.
0
46
774
Paradise
05.07.2020 22:04
Düýnüm içre hyýallarda azaşyp,
Göýä düýşde gezip ýören ýaly men.
Ýöne neçün gussa batýan azajyk,
Nädip geçdim eýýäm şunça ýoly men?!
Nätjek, ýeller turuzsa-da kän gopgun,
Gör, nirlerden geçip gitdim ümsümje.
Dälirän yşkyma bagş etdim aklym,
Şeýdip kän eglendim dünýäň ünsünde.
Käte bu ýollarda mündüm gazaba,
Käte lagar düşüp, mydarym gitdi.
Yşk ýolunda kän garaba-garaba,
Käte gözden roýy-ruhsarym ýitdi.
Asmanda ak guşlar ýaýyp ganatyn,
Men tarapa kän-kän bakyp geçdiler.
Olaň tanyş seslerini haladym,
Mawy umman içre akyp geçdiler.
Kimlere seýil bi,
kimlere seýran,
Kimsäň kysmatynda yşkyň jepasy.
Men hakynda ýene gürrüňler ýaýran,
Gezsem-de dünýäde juda mysapyr.
36
427
Paradise
03.07.2020 21:26
Bagyşla, gadyrdan!
Bir-birege kine etdik ýene-de,
Indi dünýäñ özem bizden öýkeli.
Ýürekden ýürege ýol çeken söýgiñ
Terpinipdir gursakdaky heýkeli.
Kineli bolsamam, halyñy, ýöne,
Gökden uçan durnalardan soradym.
Gabanýaryn seni özge gözlerden,
Hemem seni öz gözümden goradym.
Hatar gurap, geçip barýar günlerem,
Ýol bolupdyr düýnki inçe ýodalar.
Men-ä seniñ barlygyñda ýaşadym,
Senem meni ýatlaýansyñ käteler.
Uzaklardan sözleşeli ikimiz,
Şemallary çapar edip arada.
Ýöne bolsun gürrüñmiziñ ählisi
Bir biregi bagyşlamak barada.
38
653
Paradise
02.07.2020 21:28
Perwana pursatlaň, ýyndam ýyllaryň,
Aý-günleriň bir-birine ilteşip,
Ömür kerwenimi idip barmasy —
Maňa juda üýtgeşik!
Agyp-dönüp duran däli göwnümiň
Mahal-mahal ähli zatdan çetleşip,
Ýersiz-ýere özün ýalňyz duýmasy —
Maňa juda üýtgeşik!
Ýyndam atlaň beýge bökjek bolanda,
Bat almaga biraz yza süýşmesi —
Kä yza tesmeleň manysy dälmi,
Bu-da juda üýtgeşik!
Açylmadyk syr deý nätanyş günler
Durlar, honha, bosagamdan jyklaşyp.
Olaryň gujagna alňasap barşym —
Maňa juda üýtgeşik!
Gökden düňderilip gaýdýan ýagyyşlaň
Bu baglaryň anbaryna ys goşup,
Begenç gözýaşlarma meňzäp ýagmasy—
Maňa juda üýtgeşik!
Ynha, abşarylyp ýören adamlar,
Erte görseň, gumdur — ýeke üýşmejik.
Garaz, tutuş barlyk, bu uly dünýä
Juda-juda üýtgeşik!
Kakamyrat Rejepow
44
447