Paradise
12.07.2020 01:02
Men şeýle bir öýkelekdim çagakam,
Sähel zady tiz göwnüme alardym.
Hem lälikdim, halaýardym söýseler,
Mähirli sözlere monça bolardym.

Men şeýle bir sabyrsyzdym çagakam,
Garaşmaklyk meniň üçin jezady.
At salardym takat tapman janyma,
Gyssanardym biljek bolup bar zady.

Men şeýle bir garagoldym çagakam,
Bezzatlygy öwrederdim gurjagma.
Garaz, öýüň soltanydym, hanydym,
Ynanmazdym uly bolup biljegme.

Men şeýle bir arzuwçyldym çagakam,
Arzuw bilen süýji uka giderdim.
Bezenerdim uly aýnaň öňünde,
Ululara öýkünmekdi bar derdim.

Men şeýle bir soragçyldym çagakam,
Hyýal atym geçmişime ätletdi.
Bu gün öz gyzymyň beren soragy,
Gulpaklyja çagalygmy ýatlatdy
38
975
мерджен__а
1 Noýabr 2020
Oran gyzykly gosgy ?
Bts
12 Iýul 2020
Menem cagakam ululara oykunmek eken bar ishim?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.