Paradise
13.07.2020 22:30
ÝYLGYRYŞ

Şeýle bir söýýärin käbir adamy
Maňa mähir bilen ýylgyran wagty.
Bu ajap häsiýet şatlyk getirer
Kalby rahatlanyp, tapýandyr bagty.

Her gün öýden çykan mahalyňyzda
Ýürek joşgunňyzy duýup ýylgyryň!
Dostuņyzyň elin gysanyňyzda
Ýüzüňize mähir çaýyp ýylgyryň!

Ýylgyryşdan ýadamalyň, armalyň,
Beslän arzuwlarňa ynam nurudyr.
Hormatlap dost-ýary, söýüp armalyň,
Şonda töweregiň dostdan doludyr.

Ýylgyryş ― bu içki dünýäň aýdymy,
Göwräňe kuwwatdyr, işleriň öňe.
Ýylgyrmakdan ýokdur ýürek doýdumy
Ýylgyryşdan beze durmuşy diňe.

Ýylgyryş bu ýaranjaňlyk däl asla,
Bilmeýänleň içi doly armandyr.
Erbetlige garşy ýene bir zat bar,
Ýylgyrmaklyk bu tebigy dermandyr
28
579
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.