Paradise
07.07.2020 12:25
Köplenç biz: «Sen ulalaňda kim bolmagy arzuw edýärsiň?» diýip, ösüp gelýän ýaş nesle sorag berýäris. Kim lukman, kim bagşy, hatda alym bolmagy öňünde maksat edinýän ynsanlara-da duş gelip gördüm, olar arzuwlaryna görä maksatlaryna-da ýetýärler. Olaryň arasynda ählisi lukman, bagşy ýa-da alym bolup bilmeýänler hem bar. Munuň sebäbi nämedenkä? Öňüňde goýan maksadyňa ýetmegiň syry irginsiz zähmetdemi? Ýa-da şowlulykdamy? Ýa nesibedemi?

Bu hakda jedelleriň soňy ýok. Käbir adamlar aýdar:

— Hemme zat nesibede. Men zähmet çekdim-ä, ahyry soňy bolmady — diýip, öz-özüni ynandyrýarlar. Bu bolsa ahyrky pellehana ýetip gelýärkäň, birki ädim galanda, umytdan eliňi üzmek bolýar. Bu hakda azajyk soňrak durup geçeris.

Göz öňüňize getiriň. Aýdaly, siz entak hiç bir zat ýazylmadyk, arassa bir kitaby eliňize aldyňyz. Ol siziň durmuşyňyz diýeli. Ol, dogrudan-da, arassa kagyzlardan düzülen gatlaryň jemi. Syýa bilen gaýtalanmajak ajaýyp eserleri ýazmak, size bagly bolup durýar ahyryn. Eger siz daýhan bolsaňyz, giden boş meýdanda şu gün bugdaý ekseňiz, elbetde, wagty gelende çörek iýersiňiz.

Durmuşda her bir ynsanda bir uly maksat bolmaly. Her gün bolsa sen kiçijik maksatlary öňüňde goýmaly. Şol kiçijik maksatlar hem seni durmuşyňdaky uly maksadyňa ýetirmeli. Aýdyljak bolýan zat, kiçijik maksatlar diýilýän seniň ykbalyňy gurýan kerpiçler bolmaly, durmuşdaky iň esasy uly maksadyň bolsa seniň arzuw edýän binaňdyr. Seniň gurýan binaň esasy sütüni bolsa maksada okgunlylygyň hem-de özüňe bolan ynamyňdyr. Biraz çylşyrymly bolup biler, belki-de, durmuşda her dürli päsgelçilikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Siz aýdarsyňyz: «Men öz arzuwlarymy durmuşa geçirmek üçin çalyşdym, ýöne eýle boldy, beýle boldy, meniň isleýşim ýaly bolmady》
Men şu ýerde bir mysal getiresim gelýär: «Gadym zamanlarda şäherleriň birinde bir ussat dana adam ýaşapdyr. Onuň şägirtleri hem bar eken. Günleriň birinde olaryň iň zehinlisi pikir edip: «Şeýle sowal barmyka, hatda halypamyzam şol sowala jogap tapyp bilmez ýaly?» — diýip, bagy-bossanlyga girip, gülleriň üstünden bir owadan kebelegi tutup, eliniň aýasynyň arasynda bukup, elini gysypdyr. Kebelek penjeleri bilen şägirdiň (ýigdekçäniň) eliniň aýasyna ýapyşyp, şägirdiň gyjygyny getirýän eken. Ol ýylgyryp, dana ýüzlenip:

— Aýdyň, meniň elimdäki kebelek nähili: dirimi ýa ölümi — diýipdir.

Ol şägirt pugta gysylan aýasynda kebelegi saklap we islendik pursatda öz hakykaty üçin eliniň aýasyny gysmaga taýyn bolup durupdyr.

Şägirdiniň eline seredip, dana şeýle jogap beripdir:

— «Onuň diri ýa öli bolmagy seniň eliňde!» Ýokarda «nesibe hakda biraz soňrak gürrüň ederis» diýip belläpdim. Dogry, durmuşyň öz syrly sandygynda saklaýan jogaplaryny bilmek üçin pikirlenip, pikir dünýäsine çümüp gidýärsiň. Ylalaşýan, nesibe, şowlulyk, galyberse-de, beýleki täsin güýçleri tankyt edip biljek däl. Olaryň barlygyna hiç hili şübhäm ýok. Durmuşda näçe urunsak-da, bolmajak zat hiç bolmaýar eken. Belki-de, şonuň bolmaýanlygy ahyrky netijede bähbidedir. Ýa-da şol kynçylyklardan soňam haýyrly günler garaşýandyr. Belki, şeýle bolmagy bizi bir zatlardan goraýandyr.
46
774
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.