Paradise
08.03.2024 10:12
Ýoguny bar eder gerçek ýigitler,
Elinde güldesse, gursakda heser,
Bu gün duşuşyga gelen jübütleñ,
Gymmatja sowgatlar kisesin keser.
Tutuş dünýäñ ýüzi, zenanlañ güni,
Bu gün hakly olar, näme diýseler,
Şem ýaly öçügsi bu pany dünýe,
Şolar bilen ýagty, näme diýsegem.
Siz dünýäñ diregi, siz dünýäñ şany,
Şöhläñizden gamaşsa-da gözümüz,
Siziñ üçin çalynsyn şirin mukam,
Siziñ üçin arşa baksyn ýüzümiz.
Ähliñize bagt bersin Biribar,
Goý ömrüñiz bägüllere meñzesin,
Göwnüñize şatlyk mydam ýar bolup,
Kine, gussa gysyp geçsin kebzesin.
Siziñ bilen geljegimiz dowamat,
Mähir doly, gül ýüzli gül jenanlar,
Ýüzüñizden şatlyk, gülki gitmesin,
Baýramyñyz gutly bolsun ZENANLAR!!!
Baýram Bejidow
29
59
Paradise
04.03.2024 12:14
DURMUŞ WE MEN
Meýilli däl añdan añyrky güýje,
Bärki ulaltma-da eýleýär ezbez.
Besdir maña şu durmuşyñ öz bolşy,
Göwnüm ondan özge ýerde ýerlemez.
Ruhumy owmaç deý owýar ümsümlik,
Eşdilip durmasa köçäniñ gohy.
Ýokdur ýaşamakdan uly wezipe,
Ýokdur ynsan ýaly gudrat ylahy.
Ýalan bolsa, idemezdim syrdaşy,
Şatlyga uçrasam, batsam ýa gama.
Iñ eý görýän zadym eziz ömrümi,
Ykbalymy baglamazdym adama.
Tokunsa ysgyndan gaçar dag-daşlar,
Yhlasyndan ýalkym düşýär mise-de.
Bu ukyp hemmede barka, ynanmañ,
Zehinime adaty däl diýseler.
Adaty däldigi rasdyr sulhumyñ,
Ýanbermez raýyny ýykyp bilmerin.
Söýýänim, duýýanym, ylhamym-durmuş,
Goýnundan uzaga çykyp bilmerin.
Ähli haly bilen derdime emdir,
Taýyn onda hemişelik ga:lmaga.
Ýaşap bilmen ýagşy-ýamanyn görmän,
Golumy uzadyp geçmän pa:lmana.
Keşbi simap bolup siñdi synama,
Ýüregini diñläp, janym howlady.
Kä şahyrlañ Hakdan gelse galamy,
Meniñki durmuşyñ hut öz sowgady.
Sabyr bilen çözdüm sowallaryny,
Kapasada gabamadym bagt guşun.
Hiç ýerde, hiç haçan dalaşgär dälkäm,
Baýragyna eýe boldum durmuşyñ.
Indi kysmatymy özüm ýazýaryn.
23
20
Paradise
02.03.2024 12:28
Ýüregiňizi diňläň!
Baryň huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk.
Darkaşyndan başly – barat duýgulaň
Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk.
Ähli hossarlardan, dosty-ýarlardan
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size.
Öwrüm-öwrüm, aýlaw-aýlaw ýollaryň
Haýsynyň nireden çykarjagyny
Şol aýdar size.
Şol aýdar müşgilleň asan çözgüdin,
Şol aýdar –
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başda ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ýasap,
Dolap ýürek atly düwünçejige
Özündenem birje bölek salandyr –
Ýürekde bolýandyr iň uly hasap.
Iň owadan ýazlar ýürege gelýär,
Iň ýowuz kyýamat gopýar ýürekde.
Ol ymgyr ummanda ýalňyz gämidir –
Jan-jedel bol – yhlas bilen kürekle!
Ýürek tämiz bolsa, ýollar tämizdir.
Ol çäji harpykdan saýlap durandyr.
Diňe gül bedeniň gülgün ganyn däl,
Ykballaryň kültem-kültem ýollaryn
Öz-özünde sazlap, aýlap durandyr.
Ýüregňizi diňläň!
Ýürek – öz dünýäňe ýalňyz gapyňdyr!
Ýüregiňizi diňläň! Syrdaşdyr size,
Size sizden ýakyndyr!
Kakamyrat Rejepow
26
25
Paradise
29.02.2024 23:24
MENI BAHAR OGURLADY
Meni bahar alyp gaçdy,
Özümiň özümi aňmaýan wagtym,
Aglamaly pursatlara düşünmän,
Gülmeli zatlara aglaýan wagtym.
Müýnsüz çaga wagtym,
Alaýaz wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...
Meni bahar alyp gaçdy,
Heniz goşgy-şygyr ýazmaýan wagtym,
Bulutlaryň suratyny çeksemem,
Şindi eger-eger ýagmaýan wagtym,
Sowuk wagtym,
Otsuz ýanmaýan wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...
Meni bahar alyp gaçdy,
Säher bilen guşlaň saýraýan wagty.
Meniň syrly ahwallary aňşyrman,
Birin beýlekiçe saýmaýan wagtym,
Entek harsal wagtym,
Juda ham wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...
...Bir elinde galam, birinde sazy,
Mele saçy örülendi gül bile.
Hem meniň ýitenim bilinmez ýaly,
Maňa öwrüp bir saýrak dil bilbili.
Heniz çaga wagtym, ençe ýyl ozal,
Meni bahar alyp gaçdy...
Ýöne men yzyma dolandymmy, ýok,
Ony bahar bilýär, özüm bilemok.
Çünki şol pursatda, hemem şu mahal
Ýüregimde ýaz meň, kalbymda bahar!
Aýgül Garaýewa
28
48
Paradise
19.02.2024 22:32
DYRMALANAN ÝARA BOLUP GANADYM"
Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük,
Kalby ýere garşy sozdy, ine-de.
Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň
Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de.
Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler,
Düýşler talanyldy, umyt şel açdy.
Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň
Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy.
Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň,
Sekuntlary barmak basyp sanadym.
Setirlere ruhum bilen siňdim-de,
Dyrmalanan ýara bolup ganadym.
Başym sämäp hijriň derdinden ötri,
Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden.
Sözläň, eý betbagt duýgulam,
Öňki
özümi men gözlemeli nireden?
Sapa Hommadow
28
61
Paradise
17.02.2024 00:53
Şu gün joşgunly, çynlakaý
Gülýäniň suratyn çekdim.
Zemin, asman hem parlak Aý,
Derýanyň suratyn çekdim.
Ýeke geçirip ýazyny,
Kalpda çalyp gam sazyny,
Ýer üstünde bir özüni
bilýäniň suratyn çekdim.
Tutýarka söýgiň ýasyny,
Eşidip ýaryň ahyny,
Köp garaşdyryp, ahyry
Gelýäniň suratyn çekdim.
Kitap bezeýär ömrümi,
Durmuşy okap öwrendim.
Ýoly uzyn, köp öwrümli
Dünýäniň suratyn çekdim.
Her kişiniň bardyr deňi —
Bir urýan kalplarnyň heňi.
Geljeginde diňe meni
görýäniň suratyn çekdim
Uzuk Nowruzowa
30
21
Paradise
15.02.2024 22:14
GULPAKLY GYZYM
Gaty görse dodak çöwir,
Saýrar, öýi ýaza öwir,
Islese hamyram ýugy:r
Gulpakly gyzym.
Elleri petir çörekli,
Şeýlesi öýe gerekli,
Kindiwan gyzgyn ýürekli,
Gursakly gyzym.
Juda şirin, gülgün dünýä,
Ol gülse ähli zat gülýä,
Eşdilmedik hüwdi bilýä
Gurjakly gyzym.
Göýä gant deý ak ýaňakly,
Bir-de hoş, bir-de gazaply,
«Iki günde iki aýakly»,
Gulpakly gyzym.
Mahirlije Mahremaýym
31
24
Paradise
14.02.2024 21:15
HER GÜN SÖÝÜŇ...!
Ýoguny bar edip sowgatlyk üçin,
Bir ýigit alyp dur bir desse güli,
Söýgülsini begendirmek isläpdir,
Fewralyñ ondördi ,,söýgüller güni".
Gyradan syn etdim bolýan ahwala,
Däpmi bu, dessurmy pikrime sygman,
Girdim gül dükana gül almak üçin,
Jübümdäki barja pulumy ýygnap.
Şeýle bir begenýän, guş ýaly uçýan,
Söýgümi bir gyza duýdurmak üçin,
Yzyna hiç bir zat hantama-da däl,
Diñe ,,söýýän sözi" diýdirmek üçin.
Sowgady gowşurdym, gyz hem begendi,
Ysyny ysgady, sypalap güli,
Diýdi,, Ýigit asyl bir günlikmidi?,-
Durmuşda söýmek hem söýülmek güni
Baýram Bejidow
28
38
Paradise
31.01.2024 20:44
Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz,
Göreçler göreje bakmanka heniz.
Emma ne döw çaldy.
Bilmedik asla...
Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz.
Aýralykdan öňki ajaýyp günler,
Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa.
Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi
Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa.
Nesibede bolsa duşuşarysam...
Ýollar saňa duşyr.
Duşyr ol, hökman!
Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz,
Görmedik bolarys, gözlere bakman.
Belki, soň ýene-de duşuşarys biz
Bakaryn öýmeli başyňa ýarym.
Öňler otagymda açylmaly gül,
Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn...
Hakyda hoşlaşyk gününde galar,
Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi.
Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher,
emma...
Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi.
Ylham Gurbanalyyew
27
43
Paradise
29.01.2024 23:12
Adam dünýä inýär günleň bir güni,
Iki jahan syry guýlup ýüregne...
Adam dünýä inýär öz-özi bolup,
Başga hiç kim doglup bilmez deregne...
Älem perde-perde açylyp, ynha,
Ýaşaýar öz ömrün, ýol geçýär ynsan...
Bir gün bolsa...
peýmanasyn paýawlap,
Gidýär bu owadan giňiş jahandan.
Ýerne özge biri gidip bilmeýär,
Iň ýakyn hossaram muny başarmaz.
Diýmek, arasynda bu iki pelläň
Çybyk atymyzdan agaç ata çen...
Gül ömri özgäniň boýnuna dakman,
Boýun alyp şatlygyn-u-şatysyn...
Iň uly mertebe kenara ýetmek,
Düşüner çyn bagtyň şerbetin dadan.
Biziň deregmize ýaşap biýr ýaly,
Alla ýaratmandyr artykmaç adam.
Ýaşalmaly günlerimiz biziňki,
Ysgalmaly güllerimiz biziňki.
Ýürekdäki hyjuw nur bolar gözde!
Bizi bizden başga bagtly etjek ýok,
Betbagt etjek ýokdur özüňden özge!
Aýdylmaly sözlermiz bar ýürekde,
Ony başga biri aýdyp bilmeýär.
Bize derek hiç kim bilmändi doglup,
Bize derek hiç kim gaýdyp bilmeýär.
Kakamyrat REJEBOW
28
33