Paradise
08.03.2024 10:12
Ýoguny bar eder gerçek ýigitler,
Elinde güldesse, gursakda heser,
Bu gün duşuşyga gelen jübütleñ,
Gymmatja sowgatlar kisesin keser.

Tutuş dünýäñ ýüzi, zenanlañ güni,
Bu gün hakly olar, näme diýseler,
Şem ýaly öçügsi bu pany dünýe,
Şolar bilen ýagty, näme diýsegem.

Siz dünýäñ diregi, siz dünýäñ şany,
Şöhläñizden gamaşsa-da gözümüz,
Siziñ üçin çalynsyn şirin mukam,
Siziñ üçin arşa baksyn ýüzümiz.

Ähliñize bagt bersin Biribar,
Goý ömrüñiz bägüllere meñzesin,
Göwnüñize şatlyk mydam ýar bolup,
Kine, gussa gysyp geçsin kebzesin.

Siziñ bilen geljegimiz dowamat,
Mähir doly, gül ýüzli gül jenanlar,
Ýüzüñizden şatlyk, gülki gitmesin,
Baýramyñyz gutly bolsun ZENANLAR!!!


Baýram Bejidow
29
59
ilhano_va
8 Mart 2024
@Paradise, gowy Alla şükr. Amin hemmämiziňki owadan bolsun Allajan 🧿
Paradise
8 Mart 2024
@ilhano_va, salam Kowser gowy gowymy özünem sag bol senem baýramyn gutly bolsun hemişe bahar bägülleri ýaly durmusynam owadan bolsun hemişe gulup gez 🤍🌹
ilhano_va
8 Mart 2024
@Paradise, Salam Jennet gowmy yagdaylaryň? Baýramyň gutly bolsun 🌷
Akram_Beshimov
8 Mart 2024
Baýramyňyz bilen👍🏻
Paradise
8 Mart 2024
Öwrenmeliniň mähriban gyzlary gelinleri baýramyňyz gutly bolsun owadan dünýäňiz hemişe bahar bägülleri ýaly owadan bahar howasy ýaly mylaýym bolsun. Ýuzuniz hemişe yylgyryp dursun🤍🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.