Adam dünýä inýär günleň bir güni,
Iki jahan syry guýlup ýüregne...
Adam dünýä inýär öz-özi bolup,
Başga hiç kim doglup bilmez deregne...
Älem perde-perde açylyp, ynha,
Ýaşaýar öz ömrün, ýol geçýär ynsan...
Bir gün bolsa...
peýmanasyn paýawlap,
Gidýär bu owadan giňiş jahandan.
Ýerne özge biri gidip bilmeýär,
Iň ýakyn hossaram muny başarmaz.
Diýmek, arasynda bu iki pelläň
Çybyk atymyzdan agaç ata çen...
Gül ömri özgäniň boýnuna dakman,
Boýun alyp şatlygyn-u-şatysyn...
Iň uly mertebe kenara ýetmek,
Düşüner çyn bagtyň şerbetin dadan.
Biziň deregmize ýaşap biýr ýaly,
Alla ýaratmandyr artykmaç adam.
Ýaşalmaly günlerimiz biziňki,
Ysgalmaly güllerimiz biziňki.
Ýürekdäki hyjuw nur bolar gözde!
Bizi bizden başga bagtly etjek ýok,
Betbagt etjek ýokdur özüňden özge!
Aýdylmaly sözlermiz bar ýürekde,
Ony başga biri aýdyp bilmeýär.
Bize derek hiç kim bilmändi doglup,
Bize derek hiç kim gaýdyp bilmeýär.
Kakamyrat REJEBOW