Paradise
15.09.2020 18:56
Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet,
Indi iýjek bolup bir düwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň düwüm minnet.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden,
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym,
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýene gaýtalaýan,gaýtalarynam,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşa höwesim artaýar öýtsem,
Artýan zat diňeje ýaman päl eken.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken,
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken Kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim,
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym "Oýnajak däl!" diýerdim.

Çyndanam ulalmak añsat däl eken
Saýañdakam beýle kyndyr öýtmedim,
"Name üçin ulalasyn gelyär?"diýilende,
Bu arzuwymyn agyrdygyny aytmadyn

Awtory:Kerim Hallyýew
41
242
Paradise
12.09.2020 22:29
ULLAKAN ÝÜREKLER

Ullakan ýürekler,
Urup ýör entek.
Älem deý giň olar, ýumruk deý kiçi.
Döz gelip bilmändir kynçylyklara,
Kalby kiçi bolan ullakan kişi.

Ullakan ýürekler,
Urup ýör entek,
Şol ýürekler, ah gerekli ýürekler.
Ilkinji şolardan dörändir belki,
Ejizlere berlen gizlin kömekler.

Ýöne uly ýürekleri her ynsan
Göterip başarmaz.
Kiçeler ýürek.
Şonuň üçin ýer ýüzünde dörändir,
Betpygyllar, erbetlikler biderek.

Ýüregiň ulumy bilmeklik üçin,
Pulsyň ölçenilmez, düşülmez rentgen.
Bir maslahat soraň, geňeşiň, hökman
Uly jogap geler uly ýürekden.

...Hergün bu wepasyz ýeriň üstünde,
Müňlerçe toý bolýar, müňlerçe-de ýas.
Biz ullakan ýürek bilen aslynda,
Gülkä gülüp bilýäs,
Aga çydaýas.
40
210
Paradise
05.09.2020 19:38
Yşka düşmekligem sogapmyş, sogap!
Öýkelär, öňünde etmesem togap,
Men muňa entegem tapamok jogap,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýansa, gara bagry topraga oýka!
Bize kyn günde-de bolar ol arka,
Munuň üçin menden etmesin öýke,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýiter gider - duýgyňyzy ýaşyrmaň,
Ýöne ony hetdindenem aşyrmaň,
Meniň tylla başymy bir çaşyrmaň!
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýaşaň siz, ýaşamak höwesi bilen!
Adamzat gözeldir haýasy bilen,
Alňasap, çigrejik howasy bilen,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Gözüm ýaşdan dolýar, bilsedim diňip!
Ýürek ýanyp durka, bolmaýar dymyp,
Sary ýapraklaryň ahwalyn duýup,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.
44
238
Paradise
22.08.2020 01:37
Agyr günlerde-de ýeňil ýaşadym,
Bahyllyk etmedim ynsan ömrümde.
Büdüredim, käte ýykyldym, galdym,
Kine götermedim ejiz göwnümde.

Ötünç soranlaryň ötüp günäsin,
Olar üçin dileg etdim Alladan.
Ýaradan hemmäni bagyşlaýarka,
Men kim onsoň?! Bu dünýä bir bäş günlük
"Myhman" ismi bilen gelen bir adam.

Ynamsyz ýaşamak mümkinmi näme?!
Ýagşylaryň bardygyna ynandym.
Ýykylamda, tenim degip topraga
Maňa Allaň ýardygyna ynandym.

Bilmän gelipdirin şu çaka çenli,
Bahasyny bu owadan jahanyň.
Şükür, ykbalyma baglap ylhamym
Her gün garşylaýan saba-säherim.

Gursagyma atyp kine haltasyn,
Oňa agram salyp, ýaşaryn nädip?
Daragtymda näçe ýaprak bar meniň,
Ýaňy ýigrim birden başladym gädip.
36
55
Paradise
05.08.2020 12:28
Ýaňyja Gün dogdy.
Guşlar oýandy.
Hemişeki ýaly ugradym işe.
Keýpim kök.
Derdim ýok.
– Şu zatlar üçin
Diýýän öz ýanymdan: "Sen uzak ýaşa!"

Gysganman ýylgyrýan bahana tapsam,
Wagt geçdigisaýy sümýän durmuşa.
Meňem öz ornum bar.
– Şu zatlar üçin
Diýýän öz ýanymdan: "Sen uzak ýaşa!"

Hemmelerem bagtly ýaly meň üçin,
Meň bagtymam goşantdyr bu görnüşe.
Yssy mähriň duýýan.
– Şu zatlar üçin
Diýýän öz ýanymdan: "Sen uzak ýaşa!"

Pikirlerim – täsin, sözlerim – täsin,
Ony ýazyp goýsam diýýän dag-daşa.
(Allajana şükür!)
– Şu zatlar üçin,
Käbäm, saňa aýdýan: "Sen uzak ýaşa!!!"

Sapa Hommadow
48
78
Paradise
31.07.2020 13:46
Dañ atyp,gun cykar,
Çabaty bişip ys cykar,
Molla gelip kuran cykar,
Ruhlar gelip şat bolar.
Gysganma sadakany
Şukur et azda käni.
Bu dunye bilseñ pany,
O dunyänem oylan hany.
Gyzma sen bu dunyäge,
Sogap yagdyr her yana.
Bararsyn jennet baga.
Mukaddes gurban ayatlarynyz
Mubarek bolup "Edyän niyetlerñiz kabul bolsun!"
Gurban baýramyñyz kabul bolsun
34
180
Paradise
30.07.2020 21:07
Gurban baýramynyz kabul bilsyn edyan doga dilegleriniz beyik biribaryn dergahinde hasyl bolsyn
33
130
Paradise
28.07.2020 00:55
Geçip barýan ýaşlygym,
Başym saňa gurbandyr.
Heser tapan joşgunym,
Bäri-bärde durmandyr.

Ýaşaýyşa gönezlik,
Çar tarapyň gözellik,
Dünýe kime hezillik,
Kimselere armandyr.

Çykyp belent daglyga,
Ylgamadym salgyma,
Ýyly sözler kalbyma,
Aýdym bolup ornandyr.

Bu kalbyň durulygy,
Ömrüň ölçeg birligi,
Mün şükür, mekirligi,
Ykbal maňa bermändir.

Aryp daňyn atyrýan,
Günün ylgyp ötürýäň,
Ah, näm etseň göterýän,
Ne ajaýyp zamandyr.

Arkada ýük urulan,
Dünýe şeýle gurulan,
Kän däl bize berilen,
Bäş günlüjek döwrandyr.
34
282
Paradise
24.07.2020 16:31
Oýun öýdüp gezipdirin dünýäni,
Ýüze örtüp oýunçynyñ nikabyn.
Bu gün tehna özüm oýa gark bolyp,
Dörjek boldym durmuş seniñ kitabyñ.
~~~
Yürek ýukalara kyn eken durmuş,
Kalby ejizlere ondanam beter.
Nesip etmese-de bagt ikilenç,
Ýyly sözüñ güýji ömrüñe ýeter.
~~~
Haýyr däl sogabyn yzyndan yglap,
Käte büdräp-büdräp ýykylaýýañam.
Gün dogmadyk göwünlere çolaşyp,
Kä odun deregne ýakylaýýañam.
~~~
Özümçe kesbiñe düşünen bolyp,
Göwnüme köp zady saýdym owunjak.
Ýöne《oýunbaza》özüñ ekeniñ,
Señ eliñde men ekenim oyunjak....
40
419
Paradise
21.07.2020 14:20
Diýselerem:"Bagtly bormuş,
Meñzän gyzlar kakasyna",
Bil baglaman bu ykbalyñ,
"Arzuw"-atly wadasyna,
Gol uzatman zowky-sapañ,
Şerap doly badasyna,
Öwretdiñ sen kaýyllygy,
Bu durmuşyñ kadasyna.
Ine,şeýdip ýollansyñ sen,
Bizi durmuş ýodasyna.
Ýöne,welin,Iller bize
diýmäwersin:
"Wah,çekmändir kakasyna".
Çünki,
Dury suw deý,kalba tarap,
Sen hemişe aka-aka,
Şamçyragym pentleriñden,
Kalbymyzy ýaka-ýaka,
Her ädimde ädimlerme,
Yhlas bilen baka-baka,
Dogry durmuş ýodasyndan,
Dogdugymdan şu güne çen,
Azaşdyrman alyp gelen,
Ýolbeledim sensiñ kaka.
46
1 286