Ýaňyja Gün dogdy.
Guşlar oýandy.
Hemişeki ýaly ugradym işe.
Keýpim kök.
Derdim ýok.
– Şu zatlar üçin
Diýýän öz ýanymdan: "Sen uzak ýaşa!"
Gysganman ýylgyrýan bahana tapsam,
Wagt geçdigisaýy sümýän durmuşa.
Meňem öz ornum bar.
– Şu zatlar üçin
Diýýän öz ýanymdan: "Sen uzak ýaşa!"
Hemmelerem bagtly ýaly meň üçin,
Meň bagtymam goşantdyr bu görnüşe.
Yssy mähriň duýýan.
– Şu zatlar üçin
Diýýän öz ýanymdan: "Sen uzak ýaşa!"
Pikirlerim – täsin, sözlerim – täsin,
Ony ýazyp goýsam diýýän dag-daşa.
(Allajana şükür!)
– Şu zatlar üçin,
Käbäm, saňa aýdýan: "Sen uzak ýaşa!!!"
Sapa Hommadow